11:24 Kair köçelerinde lakyrdaýan kalýanyñ we ajy kofäniñ nobelli ýazyjysy: Nejip Mahfuz | |
KAIR KÖÇELERINDE LAKYRDAÝAN KALÝANYÑ we AJY KOFÄNIÑ NOBELLI YAZYJYSY: NEJIP MAHFUZ
Edebi makalalar
Ömrüniñ ahyryna çenli Kairden çykyp görmedik Mahfuz 1988-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp görüldi, emma ol baýragy almaga-da gitmedi. Mahfuz 1994-nji ýylda söýgüli Kairiniñ köçelerinde hülgentleriñ pyçakly hüjümine uçrady Iñlisler rus howpuna garşy birinji gezek Müsüre aýak basanlarynda, olary şondan soñ bu ýerden gider öýdýän ýokdy. Birnäçe ýyllaryñ dowamynda iñlisleriñ Müsürde ýola goýan ýaramaz häkimiýeti 1914-nji ýylda turan jahan urşunda başga many-mazmuna eýe boldy. Iñlisler şol wagta çenli Müsüri Hindistanyñ howpsuzlygy üçin daýanç nokady hasaplaýardylar, emma uruşyñ başlamagy bilen birlikde 100 müñe golaý müsürli ýaş ýigit iñlisleriñ hasabyna uruşdyrylmak üçin frontdan fronta entedildi. Iñlisleriñ zor bilen gulluga alan müsürli ýaşlarynyñ aglaba bölegi front meýdanlarynda wepat boldy, galan ep-esli bölegi ýokanç kesellere ýolugyp gyryldy. Az sanly diri dolanyp gelenleri bolsa, alan ýaralary sebäpli maýyp-müjrüp ýagdaýdady. Müsürli ýerli halk ne osmanly döwründe, ne ýarym garaşsyz paşalar döwründe bular genoside uçramandylar. Her bir öýe diýen ýaly uruş ody düşüpdi, bu bolsa iñlislere garşy gazaply ýigrenç döredipdi. 1919-njy ýyla gelinende, müsürliler Parižde geçirilen Ýaraşyk konferensiýasynda ABŞ-nyñ Prezidenti Wilsonyñ jar eden konsepsiýalaryndan gylawlanyp, garaşsyzlyk pikirini orta atyp başladylar. Sad Zaglul Şol döwüriñ içinde müsür halkynyñ hak-hukuklaryny öñe sürmäge synanyşan Sad Zaglulyñ Malta sürgüne ugradylmagy ony halk arasynda adybelli gahrymana öwrüpdir. Barha möwç alýan iñlis duşmanlygynyñ üstüne benzin sepelänem Müsür Komissarlygynyñ komissary general Rejinald Uingeýt boldy. General Rejinald Uingeýt Geleñsiz ýolbaşçydygy görnüp duran Uingeýt müsürliler bilen parahatçylykly gepleşik geçirmegiñ ähli kanallaryny petikläp, meseläni ýarag bilen çözmegi makul bildi. Onuñ bu bolşy iñlislere garşy gozgalañ hereketini ulaldypdy. Beýleki bir ýandan çagalary ölen, ärleri tussah edilen müsürli aýallar az wagtyñ dowamynda rewolýusiýanyñ simwolyna öwrüldiler. Olaryñ iñlis matalaryndan edilen egin-eşiklerden ýüz öwürmegi sebitde iñlis agalygyna urulan ilkinji ykdysady zarba boldy. Iñlisler muña garşy köpçülikleýin tutha-tutluklary geçirip başlady we halkyñ üstüne ok ýagdyrmakdan çekinmedi. Kairde islendik pursat öýleriñ üstüne dökülýärdiler, müsürli aýal-gyzlar we erkekler tussag edilýärdi. Iñlisler ele salan adamlaryny erbet gynaýardylar, bulam halkyñ ýigrenjini has-da ulaldýardy. 1919-njy ýylda başlan Müsür Rewolýusiýasy 1922-nji ýylda Garaşsyzlyk bilen tamamlandy. Bolup geçýän ähli ber-başagaýlygy ýakyndan synlap ýören kiçijik çagalaryñ birem Nejip Mahfuzdy. Nejip Mahfuz / Fotosurat: Yslam ensiklopediýasy 1911-nji ýylyñ 11-nji dekabrynda dünýä inen kiçijik Mahfuz indi çaga ýaşda galmajak derejede köp sanly tragiki wakalara şaýatlyk edipdi. Romanlarynda ussatlyk bilen suratlandyrylan müsürli aýal-gyzlaryñ iñlis esgerleri tarapyndan ýerde süýrelişi we onuñ gözünde hemmesi gahryman bolan müsürli ýigitleriñ iñlis esgerleriniñ öñüne salnyp gitsegelmeze äkidilmegi Mahfuzyñ elinden diñe çagalygyny almandy, şol bir wagtyñ özünde epilepsiýa keseliniñ penjesine-de düşüripdi. • Bilimi we döredijilik ýoly Mahfuz sowatly maşgalada önüp-ösüpdi we maşgalanyñ eý görýän çagasydy, ol çagalygynyñ geçen öýüni şeýle gürrüñ berýär: "Ömrümiñ ilkinji ýyllaryny, çagalyk ýyllaryny ýatlar bolsam, Jemaliýýedäki ýarym boş öýümiz ýadyma düşýär. Menden öñ dört gyz, iki oglan bolup, biri-biriniñ yzyndan alty doganym dünýä inipdir. Soñra dokuz ýyllap ejem çaga dogurmandyr. Soñ men doglupdyryn. Bäş ýaşyma gelenimde bolsa, meniñ bilen körpe jigimiñ arasynda on bäş ýaş tapawudy bardy. Bir uýamdan başga uýalarymyñ hemmesi durmuşa çykdy. Durmuşa çykmadyk uýam bilen baglanyşykly öýde bolan zatlaryñ birem ýadyma düşenok. Iki agamam öýlendi. Niri harby mekdebe okuwa girdi we işi bilen baglanyşykly Sudana gitdi. Ine, şular sebäpli öýde diñe ene-atam ýadyma düşýär. Bulardan başga myhman-mediwandan, kakamyñ doganyndan, doganoglan uýamdan we daşardan gelen birtopar adamlardan başga çagalygymyñ geçen öýünde durmuşymyza giren başga adam ýadyma düşmeýär. Hamana, ähli çagalygym öýüñ ýeke dikrary bolup geçen ýalydy". (Jemal el-Gitani, Nejip Mahfuz Ýetezekker, Darul-Mesira) Mahfuzy ene-atasy medisina ýa-da inženerçilik ugrundan okatmak islese-de, onyñ filosofiýany saýlamagy garaşylmadyk hereketdi, çünki matematikadan gowy bilýän Mahfuzyñ sosial ylymlar bilen arasy o diýen öwerlik däldi. Ol filosofiýadan okuwyny tamamlandan soñ çeper edebiýata we kitaplara uly gyzyklanma bildirip başlady. Mahfuz kakasy bilen arasynda okamak hakda geçen gürrüñi şeýle beýan edýär: "Bilnişi ýaly, wagt - nagt puldyr. Uniwersiteti tamamlap döwlet işgäri bolup işläp ýörkäm, şindizem talyp ýaly öýde işleýärdim. Bu ýagdaý kakamyñ ünsüni çekdi we maña şeýle diýdi: "Seni, hamana okuwyñy gutarmadyk ýaly gije-gündiz sapaklaryña taýýarlanyp durkañ görýärin. Saña doktorlyk dissertasiýasyny gorajak bolýarsyñyzmy diýsem, ýok diýýärsiñ. Sen onda nämüçin özüñi gynaýarsyñ?" Köp işleýändigim kakamy alada goýýardy. Wagtyñ çäklidigini bilýärdim. Edebiýat, bilim, taryh boýunça okasym, saz diñläsim, şol bir wagtyñ özünde ýazasym gelýärdi". (Jemal el-Gitani, Nejip Mahfuz Ýetezekker, Darul-Mesira) Az wagtdan soñ okamak we hususanam ýazmak Mahfuzyñ durmuşynda iñ uly maksada öwrüldi. Mahfuz aýratynam ýazmaga bolan höwesini şeýle beýan edipdir: "Ýazmak - adamyñ iýip-içme islegi ýaly garşysyna çykyp bolmaýan islegidir. Size "nämüçin iýip-içýärsiñ?" diýlende, "Siwilizasiýa gurmak üçin" diýibem jogap berip bilersiñiz. Emma aslynda siz ajyganyñyzda garnyñyzy doýurmak üçin iýip-içýänsiñiz. Munuñ özi ýönekeýje taryhy esas. Nämüçin iýip-içýänimi bilýärin, ýöne nämüçin ýazýanymy onçakly anyk bilemok. Meniñ pikirimçe, ýazmak - käbir näbelli närseleri kanagatlandyrmak üçin ýüz dönderip bolmaýan islegdir. Ýazmak bu islegiñ täsiri astynda okap, göwnüme ýatan käbir zatlaryma öýkünmegiñ bir görnüşidi. Ol detektiw hekaýalar ýa-da Taha Hüseýniñ "el-Eýýamy", "el-Menfalûtî'nin el-èAberâty" bolubam biler. Mundan soñ şol isleg haýsydyr bir öýkünmä ýykgyn etmezden özbaşdak täsirlenen ýa-da gören zadymy beýan etmek üçin ýazmaga iterdi. Wagtyñ geçmegi bilen bu islegi güýçlendiren ww ýalñyşlyklary ýok eden başga sebäplerem goşuldy". (Nebil Ferej, Nejib Mahfuz Haýatuhu we Edebuhu, el-Heýetul-Mısriýýetul-Amme lil-Kitab) • Patyşa Farugyñ tagdan düşürilmegi Nejip Mahfuzyñ döredijilik durmuşynda eline galam almaga sebäp bolan üýtgeşme 1919-njy ýylyñ rewolýusiýasyna şaýatlyk etmegidi. Emma syýasy üýtgeşmeler bu gezek Mahfuzyñ galamy taşlamagyna sebäp bolupdy. Mahfuz 1952-nji ýylyñ 23-nji iýulynda bolup geçen "Azat ofiserler" agdarlyşygyndan soñ galamyny taşlap, bir gyra çekildi. Müsüriñ prezidenti Muhammet Nejip we "Azat ofiserler" hereketi joşgunly halk köpçüliginiñ arasynda, 1952-nji ýylyñ 23-nji oktýabr rewolýusiýasyny gutlaýar / Fotosurat: AFP General Muhammet Nejibiñ ýolbaşçylygynda hereket eden "Azat ofiserleriñ" içinde geljekki ýyllarda Müsüriñ taryhyna girjek Enwer Sedat, Jemal Abdynasyr ýaly ofiserlerem bardy. Agdarlyşyga gatnaşyjylar köpçüligiñ dykgatyna ýetiren jarnamasy bilen Farugyñ tagtdan el çekmegini talap edýärdiler: "Müsüriñ we Sudanyñ mäligi Faruk I. Biz elmydama halkyñ we ýurduñ bagtyýarlygyny, beýgelmegini isleýäris. Biz Farugyñ tagtdan agdarylmagyny makuk bildik. Farugyñ ýerine onuñ ogly Ahmet Fuady patyşa saýladyk. Kararymyzy Mejlisiñ başlygy Aly Said paşanyñ dykgatyna ýetirýäris". Patyşa Faruk döwletiñ agdarylyşygynyñ yzyndan maşgalasyny alyp ýurtdan çykýar. Tagta ýañy bir ýaşan Ahmet Fuat II geçirilipdir. Mahfuz bolup geçýän bütin bu üýtgeşmeleri ýakyndan synlapdyr we ýurduny gaýgy edip gynanypdyr. Harby režim respublika formasyna geçip, konstitusiýany yglan edenem bolsa, Müsürde hiç zat öñküsi ýaly bolmandyr. Bolýan üýtgeşmelere ugurdaşlykda ýedi ýyllyk dymyşlyga giren Mahfuz "Es-Sülasiýýe" atly ajaýyp eseri bilen döredijilige täzeden dolanyp gelipdir. Mahfuzyñ döredijiligi iñ öndümli günlerini başdan geçirip ýörkä, gorkunç betbagtçylyk duýdansyz ýüze çykýar duruberýär. Radiolaryny sypdyrman diñleýän müsürliler birdenkä harby gullukçylaryñ edýän heýjanly çykyşlary bilen haýrana galdylar. Aýdyşlaryndan, 1967-nji ýylyñ 5-nji iýunynda herekete geçen müsür goşuny ullakan ýeñiş gazanypdy we ysraýyl goşunyny ýok etmegiñ bäri ýanyna gelipdi. Edermen müsür esgerleriniñ Tel-Awiwe girmegi indi daşda däldi, emma az wagtdan soñ müsürliler duýduryjy partlamalary edip, depelerinden uçuşýan ysraýyl istrebitellerini görenlerinde hakykatyñ radioda aýdylyşy ýaly däldigine düşündi. Ysraýylly uçarlar islendik strategiki nokady eliniñ aýasy ýalu bilýärdi we ýok edýärdi. Ysraýyl uçarlary ýekeje ýalñyşynda tas Müsüriñ Harby-howa güýçlerini tutuşlygyna ýok edipdi. Soñ-soñlar mälim bolşy ýaly, ysraýyl goşuny birnäçe ýyllap bu operasiýanyñ meýilnamasynyñ üstünde işlän eken we olar munuñ netijesini gazanypdylar. Nejip Mahfuz ýurdunyñ bu agyr ýeñlişi zerarly uly lapykeçlige uçrapdyr we gaýtadan galamyny taşlap, täze dymyşlyk döwrüne giripdir. • Nobel baýragy we eserleri Nejip Mahfuzyñ hekaýalarynda we romanlarynda müsür halky Kair köçeleri we däp-dessurlar ähli reallygy bilen özüne ýer tapypdyr. Ýönekeý müsürliniñ kyssasy bütin Müsüriñ reallygy hakdaky iñ esasy detallaryny okyjynyñ dykgatyna ýetirýär. "el-MEJNUNE" eserinde sebäbi anyklanmadyk dawa-jenjel arkaly Mahfuz arasynda ýaşap ýören jemgyýetiniñ haotik ýagdaýyny ussatlyk bilen ýañsylýar we muny okaýan her bir müsürliniñ görüp ýören ýagdaýyny derñemegini isleýär: "Massiwde hem-ä düýpli sebäplerden ötri, hemem boş ýere dawalar turýar. Gije-gündiziñ dowamynda hapa-paýyş söz eşidilmeýän ýa-da ýarty kerpijiñ howada uçmaýan wagty ýok. Dawanyñ turan ýerinde bolan, ony eşiden, gören her kim dawa goşulýar. Garpyşyk soñabaka gyzyşýar. Her dürli sowuk we ýaralaýjy ýaraglar ulanylýar. Degişli polisiýa bölümine habar barýança iki sagada golaý wagt geçýär. Howpsuzlyk güýçleri gelende massiw ölüler we ýaralylar bilen doludyr. Ýaralanman galan ýeke adam ýokdur. Şeýle-de dawada bir ýa iki agzasyny ýitirmedik hojalygam ýokdur. Polisiýa güýcleri wakany aýdyñlaşdyrmak üçin iş geçirip başlaýar. Dawany kimiñ näme sebäpli turzandygyny anyklamaga synanyşarlar. Wakany gözi bilen gören bir aýal Ajeli ar almaga ant içip ylgap barýarka görendigini aýdae. Emma Ajel kimiñ aryny almak üçin ylgap barýandygyny-da bilmeli bolýar. Şol ýerde duran adamlar Ajeliñ dogany Hathut üçin janyny howp astyna atan bolmagynyñ mümkindigini aýdarlar. Emma Hathut hem öldürilendir. Hathutyñ duşmanlarynyñ Menadiliniñ adamlary bolmagynyñ ahmaldygyny çaklarlar, emma olaram öldürilendir. Dawanyñ gurbamlaryndan heniz jan bermänkä gürläp biläýjeklerinden sorarlar. Kimdir biri dawada tanyşlarynyñ birini görendigini we oña goşulandygyny, ýöne nämüçin goşulandygyny bilmeýändigini aýdar. Ýene biri dawanyñ Ajremi bilen Menadiliñ arasynda bolandygyny we Menadiliniñ adamlaryna goşulandygyny aýdar. Üçünji biri dawany gören badyna oña goşulma meýlini ýeñip bilmändigi üçin goşulandygyny aýdar. Dördünji biri dawalaşanlaryñ arasynda duşmanlarynyñ birini görendigini we oña topulandygyny aýdar. Netijede bütin bu aýdylanlaryñ barsyndan dawanyñ döreýiş sebäbi bilen baglanyşykly suwytly maglumat alyp bolmaýar. Has soñra bir aýal Ajeli Kalellini öldürende görendigini aýdar. Ýene biri Ajeli-de Dakleniñ öldürendigini aýdar. Derñew işini alyp barýan poliseýleriñ ünsi Kalellä gönüger. Onuñ Zeýn atly doganynyñ bardygyny anyklarlar we ony taparlar. Ýöne olam ir bilen noýba satmak üçin çykandygyny, Ajeliñ dogany Hathutyñam özi bilen bile gelendigini we hemişe edişleri ýaly şol günem boş wagtlarynda göreş tutandyklaryny, emma Hathutyñ şonda essi aýylyp ýere ýykylandygyny, ol özüne gelýänçä ýüzüne suw serpendigini we şondan soñ Hathutyñ massiwe gidendigini aýdar. Polisiýa häzirem wakany aýdyñlaşdyryp bilmän ýörendir..." Ömrüniñ ahyryna çenli Kairden çykyp görmedik Mahfuz 1988-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp görüldi, emma ol baýragy almaga-da gitmedi. Eger Kairden çyksa, ähli jadyly güýjüni ýitirjekdigine ynanýan Mahfuz 1994-nji ýylda söýgüli Kairiniñ köçelerinde hülgentleriñ pyçakly hüjümine uçrady. Bu waka ýazyjynyñ döredijiligindäki üçünji we iñ soñky dymyşlyk döwrüni başlan hadysa boldy. Otuza golaý romany we san-sajaksyz hekaýalary bilen zamanabap Müsür döwleti taryhynyñ her sahypasyna şaýatlyk edýän Nejip Mahfuz 2006-njy ýylyñ 30-njy awgustynda tegelek 95 ýaşynda bakyýete göç etdi. Onuñ eserlerini ýazan Kairiñ kofehanalary we kalýan çekilýän ýerler dünýäniñ çar künjünden gelýän çeper edebiýat muşdaklarynyñ iñ gelim-gidimli ýerleriniñ biridir. Mahfuzyñ setirlerindäki ajy kofäniñ, burugsaýan tüssäniñ we kalýanyñ ýakymly ysynyñ yzyny yzarlamagam okyjylaryny Kairiñ köçelerine alyp barmaga ýeterlik bolýar. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Ýekşenbe, 30.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |