00:14 Kakañdyr | |
KAKAŇDYR
Goşgular
Durmuş hatardan doly, Öwreder, görkezer ýoly, Erte ýykylmazyň ýaly, Goramaýan kakaňdyr. Ýeňişiňde: -Bah... -diýdi, Ýykylaňda: -Ah... -diýdi, Gatnaşykda bähbidi, Aramaýan kakaňdyr. Her bir zatlar azaply, Her bir zatlar hasaply, Bu durmuşda gazaply, Daramaýan kakaňdyr. Agrasdyr sataşaňda, Suw berer ataşyňda, Gahara tutaşaňda, Köremeýän kakaňdyr. Mertlik pederden, meger, Gaýrat ýüregi ýeňer, Halyň teň bolsa eger, Soramaýan kakaňdyr. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||