14:04 Kämillik ýolunda | |
KÄMILLIK ÝOLUNDA
Goşgular
![]() Barha uzap barýan uly ýollarda Bilmez ýaly kämilligiň serhedin, Olar meni şaha kimin döwdüler, A men bolsa polat kimin berkedim. Ýörän çagym topragyma daýandym, Ýykylamda bolsa badaşdy ýürek... Hawa-da, bug bolup galmagyň üçin Ilki ot üstünde gaýnamak gerek. Däli derýalaryň akymy ýaly Ýürek damarynda aksa-da al gan, Meger özbaşyna jansyz göwredir, Kämillik ýoluna ýetmedik ynsan. Ömrüm ahyrlasa, mazar daşyma Ýazaryn ömrümiň iň soňky bendin: Olar meni öldi diýip gömdüler, A men bolsa indi-indi direldim. 09.11.2018 | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |