12:53 Kapolar | |
KAPOLAR
Publisistika
Ölüm ýassygynda ýatan Iwan Turgenew L.Tolstoýa ýalbaryp şeýle hat ýazypdy: “Döredijiligiñiziñ iñ öndümli ýyllaryny dünýä üçin hiç hili many añlatmaýan dini häkimiýetiñ güýjüne sarp etmäñ, edebiýata dolanyñ, siziñ zehiniñiz şunda…” Türkiýede soñky 11 ýylda dinçi häkimiýetiñ güýji üçin galam oýnadýan köp sanly žurnalistimiz bar. Şindi bulara näme diýip näme aýtmaly? Nähili garşylyk bermeli? Şuny anyk bilýärin... Taryh - her dürli yñdarma zorluklara boýun egenlere garşy ýowuz daraýar. Men ýene-de boýun egen ýazyjylary ikä bölýärin. Biri... Güýç, wezipe, şan-şöhrat, pul, bähbit üçin hiç zatdan gaýtmaýan, bulara ýetip bilmek we bulary elinde saklamak üçin hemme zada kaýyl gelýän, munuñ üçin öñündäki herkesi depgiläp geçen, söýgi, dostluk, wepa, minnetdarlyk ýaly zatlary bilmeýän, diñe özüni bilýän yñdarmalar… Ýagny, “Kapolar.” ■ Biziñ "kapolarymyz" Nämedir, kimdir bu “kapolar” bilýärsiñizmi? Nasistler (nemes faşistleri) konslagerlere toplaýan bendileriniñ arasyndan özlerine hyznat edäýjek adamlary saýlap alýan ekenler. Bulara "Kapo" diýipdirler. Emma “Kapo” konslagerler bilenem çäklenenokdy, Gitler 1933-nji ýylda häkimiýetini perçinländen soñ jöhitleri belli-belli raýonlarda-gettolarda toplamaga başlady, olara gözegçilik eder ýalam bir jöhidi belledi. Ýagny, nasistler bilen işleşýän jöhidi. Olara “Kapo” diýilýärdi... Ýagny, kapolary ýönekeý bir dönük hasaplap geçäýmek bolmaz: olar zalym şeýtanyñ eteginden ogşap ähli mukaddeslikleri satan "ruhy taýdan bendi" kişilerdir. Biziñ nukdaýnazarymyzdan mesepe şu: “Kapo” diñe ýazuw-bozuwdan baş çykarýan biri däl, ol gurulan hapa döwräniñ içinde meýletin giren banditçilikli toparyñ agzasy. Görnetin we bilkastlaýyn şekilde informasiýa bulam-bujarlygyny döredýän psiholok uruş jansyzy. Mysal üçin: "Odatv" operasiýasynyñ başlamagyna sebäp hökmünde görkezilen polisiýanyñ maglumatnamasy bar. Maglumatnamada aýdylyşyna görä, "Haliçde ýaşaýn simonlar" kitabyny Hanefi Awjy däl-de, men ýazanmyşym! Maglumatnama bu aýyplamasyny metbugatda çap edilen otuz iki makalama salgylanyp öñe sürdi. Kim bu kişiler? Alper Görmüş, Ýigit Bulut, Rasim Ozan Kütahýaly, Önder Aýtaç… Besdir. Aslynda olar meniñ bu kitabyñ meñki däldigini gaty gowy bilýärdiler. Olaryñ düýp maksady jemgyýetçiligi "Odatv" operasiýasyna taýýarlamakdy. Yzyndanam polisiýa bu ýokarda agzalan otuz iki makalany subutnama hökmünde görkezip, bizi türmä dykdy. Ýagny, bu peläketler žurnalist däl, hakyky kapodylar. Döwür üýtgedi. Bugün olar Hanefi Awjyny we onuñ agzalan kitabyny öwüp, ýere-göge degirenoklar! Hawa, nasistler adamzat taryhyñ iñ ýowuz zalymlygyny amala aşyranda "kapolardan" peýdalandy we jöhitler muny hiç wagt ýatdan çykarmady. Ýeri... "Siliwri konslagerine" atylan ýüzlerçe kişi ýaramazlygyñ ww bigaýratlygyñ simwolyna öwrülen biziñ kapolarymyzy ýatdan çykararmyka? Olar suduñ öñüne kellelerini ýalañaçlap jogap bererlermikä?.. ■ Žurnalistleriñ soraga çekilmegi Häkimiýetiñ yñdarma oýunbazlygyny görmän, gaýtam her dürli gözboýagçylyklara ýazgylary bilen arka çykýan ikinji topar ýazyjylar bar. Olaryñ jezasy nähili bolmaly? Bular düýn arkasynda durulan premýer-ministr Erdogan babatynda uly lapykeçlige düşdüler. Ýeri, “ýalñyşlaryna düşündiler” diýip, “kabul” edip bilerismi? Ýogsam, olary-da “jogapkärçilige çekmelimi”? Türkiýe juda ýowuz syýasy synagdan geçýär. Şonuñ üçin şindi ýazjaklarym “bolan zatlary ýuwmarlaýar” diýip köp kişiniñ garşylygyny alybam biler. Emma men “pikir ýalñyşlygynyñ” diñe şeýle “jogapkärçilige çekilmeginiñ” tarapdary. Muña Fransiýadan mysal bereýin: Moris Barres durnuksyz häsiýetli dönükleriñ biridi!.. Ol 1918-nji ýylda "Dada manifestini" çap etdi. Dadaizm - däp bolan ýörelgelere we estetiki lezzete garşy, bir tarapdanam hem dil, hem ahlak taýdan ýa-da her dürli jemgyýetçilik düzgünine garşy täze akymyñ adydy. Marsel Dýuşanyñ pissuary, Fransis Pikabianyñ biýziñ (холст) üstüne syýa (mürekkep) dökmegi ýaly işler dadaizmiñ önümidi. Breton, Aragon ýaly dadaistleri (has soñragyñ sýurrealistleri) täsiri astyna alan hut şu Moris Barresdi! “Azat Adam” we “Berenikanyñ bagy” ýaly jemgyýetçilik gurluşynyñ nogsanlyklaryny orta çykarýan, dowam edýän düzgüni gazaply tankyr edýän we hatda topalaña çagyrýan kitaplary ýazdy. Nämeleri ýazanokdy: “ – Durmuş ýoluna agzyna paýyş sözler alman girýän ýaşlar barada kän bir gowy pikirim ýok. – Ýigrimi ýaşda köp zady inkär etmek - öndümliligiñ görkezijisidir.” Birdenem: Ýaşlygynda köp zada garşy çykan, anarhist, sosialist, ateist Moris Barres orta ýaşa geldi welin, ugruny üýtgedip, konformist boldy duruberdi. Bulam az bolýan ýaly "Dreýfus" dawasynda yzagalak pikirlileriñ-dinçileriñ hataryna geçdi. "Watanperwerler" bileleşigini gurup, intellektuallara garşy söweş yglan etdi. Dadaistler, ine, hut şu Moris Barresi gaýybana jogapkärçilige çekmek üçin sud mejlisini geçirdi. Sud mejlisiniñ başlygy A.Breton, iki kömekçisi T.Frenkel, F.Dewal dagylardy. Prokuraturanyñ wekili bolsa R.Dessaignesdi. Ikiýüzli Moris Barresiñ aklawjy wekili bolup L.Aragon çykyş etdi. Sud mejlisiniñ näme karara gelendigini ýazyp durjak däl, ýalñyş düşünilip bilner. Hawa... Men diñe şular ýaly “etiki” sud mejlisleriniñ bolmagyny arzuwlaýaryn. Aslynda muny çyn ýürekden isleýäris… ■ Kamýu bilen Sartryñ çekişmesi Käşgä... Şeýle çekişmeleri gurap bilsedik: Alber Kamýu bilen Sartr Fransiýanyñ nemes faşistlerine garşy goranýan günlerinde tanyşdy. Dostlaşdylar. Umumy pikirleri kändi: faşistik basybalyjylara garşy göreşmek ýaly... Ikinji jahan urşunyñ tamamlanmagyndan soñ azat-edijilik göreşi-de öz-özünden ýatdy we olar aýry-aýry syýasy pozisiýany eýelediler. Kamýu Sartryñ işçiler synpyna tankydy nukdaýnazary bolmadyk badyhowa çemeleşme bilen garaýandygyny aýtsa, Sartr hem öz gezeginde Kamýunyñ içi boş demokratik şygarlar bilen Günbatar imperializmini goldaýandygyny aýtdy. Kamýu bilen Sartryñ arasyndaky çekişme diñe ellinji ýyllaryñ Fransiýasynda däl, eýsem dünýä intelligensiýasynyñ arasynda-da seslenme döretdi. Bu barada jikme-jik maglumatlara girip durjak däl. ABŞ-nyñ görnükli çepçi syýasatçylaryndan Stiwen Bronneriñ ýazan "Kamýu. Bir ahlakçynyñ portreti" kitabyny okanyñda fransuz intelligensiýasynyñ özara çekişmelerine haýran galmazlyk mümkin däl. (Kamýu we Sartryñ döwründäki çekişmeler üçin aýratynam Simona de Bouwaryñ “Mandarinlerini” hökman okañ.) Bizde bolsa çekişme - hakykaty gözlemekden we tapmakdan ötri, öç almak maksady bilen guralýar. Aslynda... iñ soñky karary hemişe taryhyñ belent sudy berýär… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.01.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |