22:50 Karnawalyñ dowamy | |
KARNAWALYŇ DOWAMY
Edebi makalalar
“Karnawal” sözüniň meniň aňyma ornaşmagyna ellinji ýyllaryň ortasynda ekranlara çykan, belli režisýor Eldar Rýazanowyň “Karnawal gijesi” atly filmi hemaýat beripdi. Soňra studentlik ýyllarym uniwersitetde täze ýyl baýramçylygy bilen bagly geçirilýän karnawallara tomaşa ederdik. Ýüzlerine maska tutunyp, eginlerine gündelik durmuşda geýnilmeýän ýiti reňk kostýumlar geýnen ýigitleriň-gyzlaryň şowhun bilen tans edişlerini synlap durşuma, bu tomaşanyň gelip çykyşy düýp manysy hakynda oýlanjagam bolmandyryn. Beýlekilerem oýlanandyr öýdemok. Eger, ateizmden sapak berýän mugallymlar karnawalyň gelip çykyşyny biläýen bolsadylar walla, ýerli partiýa komitetlerine ylgardylar, agyzlaryny köpürjikledip, onuň dini ynançlardan dörän zatdygyny düşündirerdiler. Komitetdäkilerem, meseläniň anygyna ýetjek bolup oturman bada-bat gadaganlyk möhürini basardylar. Türkmen däpleri babatda hem şeýle edilýärdi. “Dünýä halklarynyň mifleri” ensiklopediýada karnawalyň Ýewropa halklarynda ylmy garaýyşlardan öň dörän ynançlar esasynda, gyşy ugratmak bilen baglylykda geçirlendigi aýdylýar. “Karnawal” sözüniň kult manysy bar, ol latynça “tekerli gämi” diýmek. Ony bürünç asyrlarda Marduk hem Dionis hudaýlar bilen bagly rituallarda ulanypdyrlar. Orta asyrlarda, ondan soňky döwürde baýramçylyklarda Karnawalyň garantgasyny arabalarda aýlapdyrlar. Halk etimologiýasyna salgylanyp aýtmaly bolsa, “karnawalyň” düýp sözi latyn elipbiýinde “saç”-“et” diýmek, karnawale “et iýýän” manyda. Gyş bilen ýazyň sepgidinde geçirilýän baýramçylygyň häsiýeti göz öňünde tutulsa, bu aňlatmanyň tötänden döremändigine düşünse bolar. Örän şagalaňly geçirilýän baýramçylykda saçaklaryň naz-nygmaty juda bol bolupdyr. Karnawalyň garantgasynyň çişik bolmagy-da symyşlamagyň hetden aşandygynyň alamatydyr. Italýanlar karnawalyň garantgasy hökmünde çal saç gojanyň şekilini goýupdyrlar. Bu şekil möhleti gutaran gyşyň aňlatmasydyr, ol ölýär orny ýaza berýär Orta asyrlarda karnawalyň däbinde masgarabazlaryň patyşasyny saýlamak düzgüni ýola goýulýar. Bu düzgüniň köküni rimiň gul eýeçilik döwürlerinden gözlese bolar. J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda rim hudaýy Saturnyň ady bilen baglylykda giçirilýän baýramçylyk barada gyzykly maglumatlar getirilipdir. Rim halkynyň ynanjyna görä, Saturn ýer sürmäge hem ekin ekmäge hökümini ýöreden hudaý bolupdyr. Ol uzak geçmişde zeminde ýaşapdyr, italýan döwletine baştutanlyk edipdir, adalatlylygy hem rehimdarlygy bilen şöhratlanypdyr. Ol dagynyk taýpalary birleşdirip, olary kanun bilen ýaşamaga imrikdiripdir, toprak bejerip, ekin ekmegi öwredipdir. Onuň häkimlik döwri ertekilere häsiýetli Altyn asyra öwrülipdir, diňe asudalyk, rowaçlyk, abadanlyk ýol alypdyr. Adamlara hususy gulçulyk, hususy eýeçilik diýen düşünjeler ýat bolupdyr, emläge deň eýelik edipdirler. Ahyry bir gün rehimdar, adyl hudaý, patyşalaryň patyşasy diýlen saturnyň zemindäki ýoly tamamlanýar, başga dünýä geçýär. Adamlar onuň ýagty ýadygärligini belentde tutmaga endik edýärler, Italiýanyň baýyrlarynda, depelerinde onuň hormatyna ýadygärlikler, ybadathanalar gurýarlar. Döwürleriň aýlanmagy bilen şerçileriň gabahat emelleri, bet işleri haýyryň ýüzüne gara tegmillerini basýar, Saturndan galan ýagşy ýatlamalaryň üstüni gara tegmil örtýär. Onuň ybadathanalarynda gabahatlygyň gurbany bolanlaryň gany dökülýär. Altyn asyr unudylýar. Saturndan galan ajaýyp ýatlamalaryň ornuny ol hakdaky gabahat toslamalar eýeleýär. Rim kalendary boýunça ýylyň soňky aýynda, dekabrda Saturnyň adalatly häkimliginiň şanyna geçirilýän baýramçylyk soňra tüýsüni, mazmunyny üýtgedip, haramlygyň, uýat gylyklaryň, masgarabazlygyň, ahlaksyzlygyň dabaralanýan pursaty hökmünde bellenip başlanýar. Neşeden içgiden, jelepçilik meýillerinden halys serhoş bolan mähelle göz-gülban ýagdaýda köçelere çykýar. Dekabryň 17-sinden 23-i aralygynda Rimiň köçeleri meslikden başy aýlanýan, duýgusyna erk edip bilmeýän adamlaryň mesgenine öwrülýär. Şol günleriň erkinligi aýratynam gullaryň hoşuna ýakýar. Şol günler gullar bilen gul eýeleriniň arasyndaky parh ýitýär. Gul öz eýesi bilen bir saçagyň başynda oturyp iýmäge, içip serhoş bolmaga, erkinligiň heziliniň birdem tagamyny datmaga hukuk alýar. Gündelik hunabany, ten jezasyny, türmäni, kemsitmeleri biraz wagt unudýar. Munuň üstesine-de, gul bilen hojaýyn ornuny çalyşýar, hojaýyn guluna hyzmat edýär. Rollary çalyşmagyň bu oýny sahnany barha giňeldýär, her öý kiçijik döwlete öwrülýär, gullar döwletiň ýokary emeldarlarynyň kürsüsini eýelemek bilen özlerine ýaramly kanunlary çykarýarlar. Saturna häsiýetli bolan adalatly häkimlige ymtylyp, olar azat, erkin raýatlaryň gatnaşmaklarynda, bije atmak bilen ýalan patyşany saýlap, gul köňüllerine teselli berýärler. Bijesi patyşalyga düşen adam degişip, ýomak atyp, öz raýatlaryna gülküli permanlar bermäge başlaýar. Birine şerap garmagy, ikinjisine ýykylýança şerap içmegi, aýdym aýtmagy üçünjisine, dördünjisine özüne gargamagy, bäşinjisine ýene bir zat etmegi buýurýar. Biziň zamanymyzda birnäçe güne çekýän karnawal dabaralary Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň köçelerinde geçirilýär. Dogrudanam, soňky asyrlaryň dowamynda karnawal deňligiň, erkinligiň simwolyna öwrüldi. Geçmişde türkmenler karnawaldan habarly bolupdyrlar, ondan täsirlenipdirler diýip, aýtmaga mende esas ýok, ýöne ikinji bir ýagdaýa ünsüňizi çekip biljek. Forma taýdan üýtgeşikligine garamazdan, mazmunyna görä karnawalyň ruhuna gabatlaşýan oýunlar türkmenlerde-de bolupdyr. Mysal hökmünde “Patyşa-wezir”, “Han-han” diýen oýunlary alsa bolar. Etnografçy alym A.Jykyýewiň maglumatlaryna salgylanyp aýtsak, bu oýunlar esasan tekeleriň, mürçelileriň, änewlileriň, nohurlylaryň arasynda meşhurluk gazanypdyr. Olar jahyllaryň ýygnanşygynda oýnalmak bi- len, personažlary saýlamagyň iki düzgüni: bije ýa-da aşyk atmak usuly ulanylypdyr. “Patyşa-wezir” oýnunda aşyk atmak bilen saýlanan patyşa, wezir, jenaýatkär, jebir çeken adam (garalawjy) öz wezipelerine, tutumlaryna laýyklykda bellenen orunlarynda oturýarlar. Jenaýatkäriň üstünden sud başlanýar. Patyşanyň tagtynda garyp oglanyň, jenaýatkäriň ornunda han, beg, ýa-da baý oglunyň oturmagy-da ähtimal Oýnuň düzgünine hemmeler boýun bolaýmaly. Oýnuň berýän hukuklary degişmäniň, gülkiniň ýüze çykmagyna, oýnuň gyzykly bir tomaşa öwrülmegine ýardam edýär. Patyşanyň adalatly bolmalydygy onuň hökümdarlyk etmegini, özünden aşakdakylaryň üstünden gülmek meýillerini gadagan edenok. Patyşa patyşa bolýar. Çyn bolsun, oýun bolsun, ol öz artykmaýlygyny görkezip bilýär. Jenaýatçynyň dat gününe! Jebir çeken adam oňa nähili günäni ýükläýin diýse hakly, ýöne olary esaslandyrjak bolmaly. Garalawjy zehinli, dilewar bolsa, oňa çeperçilik başarnygyny görkezmäge doly mümkinçilik berilýär. Jenaýatçy ýüklenýän günäni boýun almaly, garalawja gaýtawul berdigiçe onuň günäsi artýar. Indi jenaýatçynyň ornunda oturanyň beg, baý ogludygyny, garalawjynyň bolsa, gara bokurdagy üçin olaryň hyzmatyny edýän pukara ýigitdigini göz öňüne getiriň!.. Tomaşa görse bolar! Adalatly patyşanyň çykaran hökümini ýerine ýetirmeli bolanda gatnaşýanlaryň sany has artýar. Jenaýatkäri göterip suwa zyňýarlar. Maskasyz, kostýumsyz diýäýmeseň karnawal kemi ýok! Ýokarda rim halkynyň ynanjyna görä Saturn hudaýynyň döwründe ertekilere häsiýetli Altyn asyr bolupdyr, soňra adamlar ony gabahatlyga öwrüpdirler, ony unudypdyrlar diýdik. Türkmenlerde Saturn hudaýy bolmadyk hem bolsa, oňa derek Saparmyrat Türkmenbaşy XXI asyry türkmeniň altyn asyry diýip yglan etdi. Altyn asyr diýlen düşünjäniň özüne çekijiligine haýran galaýmaly. Ol adamzadyň gapdalyndan aýrylman gelýär. Hytaýyň “Dao dä szin” ýagny, “Haýyr işe barýan ýol” hakynda diýen gadymy kitabynda (biziň eýýämimizden öňki VI asyryň aýagy) adamlaryň ýaşaýyş durmuşyna degişli ýowuz netijä gelinýär. Dünýäniň gorkulydygy, hakykatyň adama duşmandygy aýdylýar. Bagtyýarlyk, rowaçlyk, sazlaşyk geçmişde, ýitirlen altyn asyrda bolupdyr diýilýär. Gadymy dünýäniň halklarynyň ählisi diýen ýaly şol altyn asyry arzuwlap geçipdirler. Analitik psihologiýany esaslandyryjy şweýsar alymy Karl Gustaw Ýung “Arhetip we simwol” diýen belli kitabynda kommunistik dünýä degişli beýik mif hakynda ýazýar. Ol mif mukaddes saýylýan arhetip görnüşli Altyn asyrdyr. Ol eşretiň, bolçulygyň asyrydyr. Ol tutuş adamzady içine alýan çagalar bagy ýalydyr, ony adalatly hem dana serdar dolandyrmaly diýen ynanja gol ýapylýar. Taryhda Altyn asyry jar eden häkimler az bolmandyr. Şolaryň biri hakynda ýazyjy D.Merežkowskiniň “Direlen hudaýlar. Leonardo da Winçi” diýen taryhy romanynda örän gyzykly sahypalar bar. 1947-nji ýylda, täze ýyl güni Milanyň häkimi Moro XVI asyry Italiýanyň Altyn asyry diýip yglan edýär, köşkde şagalaňly dabara gurmakçy bolýar. Ýetmezlikde ýaşaýan uly maşgaladan pula alnan oglanjygyň endamyna altyn çaýyp, ony ajaýyp asyryň simwolyna öwürmekçi bolýarlar, emma bu dabaranyň soňy pajyga bilen gutarýar. Häkimiň aýaly ölýär, reňkden zäherlenen oglan bolsa, hudožnik Leonardo da-Winçiniň elinde jan berýär. Soňra Milany fransuz goşuny eýeleýär, Altyn asyr unudylýar. XXI asyrda Türkmenistanda Altyn asyryň jar edilmegini geň görüp oturmaly däl, diňe bu gyzykly oýun bize giç ýetdi diýmeli. Şu ýerde dana pikiri aýtmak ýerlikli bolar: mifleşdirilen taryh ideologiýanyň bir bölegidir. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |