10:46 Käşgä ýazmadyk bolsadyñ... | |
KÄŞGÄ ÝAZMADYK BOLSADYÑ...
Maliýe we ykdysadyýet
Dollar nämüçin 10 lira deñleşdi? Soragyñ jogaby soñky kyrk ýylyñ mälim ykdysady kesgitlemeleri bilen düşündirilýär. Şeýle-de bolsa bular bizi kanagatlandyryp bilenok. Ortada gaýa ýok-gopuz ýok, uruş ýok, ullakan heläkçilik ýok. Emma walýuta welin ýokarlanyp, durar ýerde duranok… Bir düşündirişim bar: AKP-niñ özüni nämäniñ ýykýandygyny bilýändir öýdemok... AKP-niñ ýigrimi ýyllyk häkimiýeti döwründe nämäniñ hötdesinden gelmändigini bilýändir öýdemok... AKP-niñ şu günki gün bolup geçýän maliýe krizisiniñ düýbünde nämäniñ durandygyna degişli tapawutlylygy özgerdendir öýdemok. Hawa... ýigrimi ýyllyk yslamçy häkimiýet astynda ýaşaýan öz partiýadaşlary bilen birlikde halk köpçüligi nädip walýuta spekulýatory boldy? Köpçülik nädip walýutadan "bäş manat" peýda gazanmagyñ kül-külüne düşdi? Aslynda bu ýagdaý bize fundamental adamkärçilik gymmatlyklarynyñ ne hallara düşendigini görkezýär. Ýa-da şeýle soraýyn: walýutadan gazanan "bäş-üç manat puluny" näme etjekkä? Gürrüñi elipbiýiñ "a" harpyndan başlap düşündirmäge synanşaýyn: Erbakanyñ guran partiýalarynyñ atlary: nizam (nyzam), selamet (salamat), refah (bolçulyk), fazilet, saadet (sagadat). Erdoganyñ guran partiýasynyñ ady - adalat we galkynma boldy. Erbakan partiýasyna “refah” (ykdysady bol-elinlik -t.b.) adyny berse, bulardan bölünen topar nämüçin “galkynma” adyny saýlap aldy? “Galkynma, refaha açılan ýol” saýýarsyñyz! Ýok, beýle däl. Bol-elinligiñ sap maddy zatlar bilen baglanşygy ýok. Ýagşy adamyñ ýa-da adamlaryñ borçlaryny we jogapkärçiliklerini amala aşyrmakda adyl jemgyýetçilik sistemasyny gurmak maksatlydyr. Erbakan partiýasynyñ atlaryny şu maksat bilen saýlap aldymy? Jedelleşmek gerek... Meñ bilýänim: Biziñ häkimiýetlerimiz soñky kyrk ýyl bäri ulaldyp aýdanymyzda (şol bir dermanlaryñ ýazylan resepti bilen) meselelere çözgüy tapmaga synanyşdy. Häkimiýete gelen bilen gideniñ hiç bir tarapdan tapawutly ýerini görmediler. Ki: • BEGENÝÄN TOPBAK Dollaryñ 10 lira çykmagynyñ syry Erdoganyñ partiýasynyñ adynda saklanýar... Bu jadyly söz soñky kyrk ýylda ykdysadyýeti we syýasaty ýesir aldy: Galkynyş-ösüş! Häkimiýete 2002-nji ýylda gelen AKP-niñ birinji nobatda eden işi - özünden öñki partiýalar ýaly ykdysady ösüş boldy. Muny amala aşyrmak üçin näme etdi: sarp edijiligiñ güýçlenmegi! Başgalary ýaly pikir etdiler: çykdajylar azalsa şereketler batar, işsizlik artar we ş.m. Bazaryñ durnuklygy-stagflýasiýa, ýaşaýşyñ gymmatlygy-inflýasiýa, ykdysady ösüşiñ negatiw peselişi-resesiýa bilen yzygiderli gorkuzyldy! Halas boluşyñ ýoly kyrk ýyl bäri şol bir zat boldy: sarp edijiligiñ artmagy... Munuñ üçin güýji ýoklara-da nähili kreditler berilmedimi näme? Mediýa dili bilen aýdanda dolanşyk (borsa) real ykdysasyýetiñ jan damary boldy. Ykdysadyýeti diñe maliýä baglap goýdular. "Dat, bazara bir zat bolmasyn!" Şeýlelikde, kredit-kömek ykdysadyýetiñ gysyjy güýjüne öwrüldi. AKP neoliberalizmiñ "ösüş motory" şaryndan başga çäre gözlemedi - halas bolmagyñ ýoluny IMF-Derwiş reseptinden gözledi... Şeýdibem... "Ruhy gymmatlyklary beýgelderis" diýip häkimiýete gelen AKP kopiýalaýjy ykdysady garaýyş bilen ýurdy uçuruma, adamlary ruhy çöküşlige iterdi. Ýogsam bolmasa."Daşy sada, içi baý" uhrewi (ahyret, o dünýä bilen baglanyşykly -t.b.) maksatdy. Bu bolsa eýe bolnan metalaryñ-mallaryñ mukdary bilen boljak zat däldi. AKP sarp edijiligiñ zyýanly ýaşaýyş terzinden-"keselinden" gutulyp, jemgyýetçilik bol-elinligi döredip biljek sistemany gurup bilmedi - gurmak islemedi. Berk garşy gitmelere derek öñki düzgüne eýerdi. "Bäş köpük" gazanmak üçin dollaryñ 10 lira deñleşmegine begenýän topbak şeýdip ýüze çykdy! • SARP EDIŞ MEDENIÝETI AKP-niñ dollaryñ nyrhynyñ galmagyna begenýän adamlara gaharlanmaga haky ýok, bu düzgüni onuñ özi döretdi. Her kesiñ şarañlap duran köşkde, añrybaş binada oturasy gelýär. Her kesiñ uçara, awtoulaga eýe bolasy gelýär. Her kesiñ "Hermes-Gucci" çemodanyny göteresi gelýär. Metanyñ adam ýa-da adamlar üçin näme gymmaty bar? Jahana hiç kim sarp etmek hyjuwy bilen gelmeýär, emma şeýle bir jemgyýetçilik durmuşy boýnuna dakylýar welin, sarp ediş harytlary simwoliki aragatnaşygyñ diline öwrüldi! Sarp edilen her bir metany ýaşaýşyñ many-maksadyna - sosial statusyna-şahsyýetine öwürdiler! Şeýdibem: Adam arzuwlaýan sosial durmuşynda tapawutlanmak, halanmak, dahyllylyk, at-abraý üçin sarp edijilik serişdelerini her edip-hesip edip üpjün edesi gelýär. Sebäbi ol bular ýaly jemgyýetde işiñe, ýaşaýan jaýyña, sürýän awtoulagyña, geýýän egin-eşigiñdir dakýan galstugyña, göterýän kredit kartyña we ş.m-lere görä sylanýanyñy gowy bilýär. Ýagdaý şeýle bolsa... Sosial statusyny ýitirmekden gorkýan adama ýurduñ ykdysadyýetiniñ bildirýän ýeri barmy? Dollar nämüçin 10 lira boldy? Hiç "ýokarky akyl" diýen ýaly gümp-samp zatlary gözlejek bolmañ, döredilen sarp ediji synpyñ bolşy bu... Neoliberalizmiñ miwesi AKP-ylymly yslam eken zadyny orýar. Dilinde zol magnawy durmuş bolan AKP özünde döreden maddy durmuşyna ýeñilýär. Näme diýýärdi Erdogan: "ykdysadyýetiñ kitabyny ýazdym!" Ýazman geç!.. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |