08:59 Kastronyñ gyzy | |
KASTRONYÑ GYZY
1997-nji ýylda Kuba gitdim. Atatürküñ Gawanadaky býustyny diken toparyñ düzümindedim.
Sowet Soýuzynyñ dargamagyndan soñ Kubada ykdysady krizis bardy.
Amerikan embargosy astyndaky ýurtda, meselem, ýangyç ýеtmеzçiligi bardy we şonuñ üçinem daýhanlar ýeri künde bilen sürýärdi!).
(Iki ýyldan soñ Hugo Çawes Wenesuelada häkimiýet başynda geldi we kuba ykdysadyýeti düzelmäge başlady).
Atatürküñ Gawanadaky býusty
Gawananyñ köçelerinde aýlanyp ýörkäm oglan-gyz çagajyklaryñ woleýbol oýnap ýörendikleri ünsümi çekipdi.
Şol kynçylykly ýyllarda Kubada zenanlaryñ woleýbol boýunça milli ýygyndy toparynyñ şemaly öwüsýärdi. Olar 1996-njy ýylyñ Atlanta Olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolupdylar.
Şeýle-de, 1992-nji ýylyñ Barselona, 2000-nji ýylyñ Sidneý Olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp boldular. 1989-njy, 1991-nji, 1995-nji, 1999-njy ýyllarda-da Dünýä kubogyny aldylar...
Köçede top oýnap ýören gyzlar şu üstünliklere ýetdimikä diýip pikir etmäñ.
* * *
1959-njy ýylda Kuba rewolýusiýasynyñ serdary Fidel Kastro şeýle diýdi:
- Ýurdumyzda sport baýlaryñ däl-de, halkyñ hak-hukugy bolar.
MRU-nyñ goldawyndaky Doñuzlar aýlagyndaky okkupasiýanyñ masgaralaýjy ýeñliş bilen soñlanan 1961-nji ýylda Kubada Sport, Bedenterbiýe we Rekreasiýa instituty (INDER) guruldy.
Sport merkezli syýasat köpçülikleýin häsiýete eýe boldy: munuñ özi tutuş halkyñ peýdaly maşklara gatnaşmalydygyny añladýardy.
Mysal üçin:
Kuba jemgyýetinde sport we bedenterbiýe çaga heniz 45 günlük bäbejikkä başlaýar.
Enelere çaganyñ synasynyñ işlemegi we ony sagdyn saklamak üçin bogunlaryna massaž etmek öwredildi. Çagalara fiziki oýunlary oýnamak maslahat berildi.
Kubadaky başlangyç we orta bilim berýän mekdeplerde bedenterbiýe sapagy girizildi. Sportyñ bäş görnüşi - atletika, basketbol, beýsbol, gimnastika, woleýbol öwredilýärdi.
Kubadaky mekdepler 1963-nji ýylda döredilen Ýaşlaryñ Olimpiada maksatnamasyna gatnaşýar. Orta bilim berýän mekdepleriñ köpüsi diñe toparlarynyñ bolan sport ugurlarynda ýaryşýar.
Sportyñ belli bir ugrunda tapawutlanan okuwçylar Ýaşlaryñ tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. Bu ýerde hünärmenler çagalaryñ ukyp-başarnyklaryny görüp-synlap, olary öz tapawutlanýan sport ugurlaryna niýetlenen mekdeplere saýlap alýarlar. Meselem: çagalar ýurduñ Ýaşlyk adasyndaky ýatymlaýyn sport mekdebinde (Osmanly sport tekgeleri ýaly) okap, sport bilen meşgullanýar. Çagalar her ýekşenbede gaýyk bilen ýüzüp ada barýar we her anna güni dolanyp gelýär...
Mahlasy:
* * *
Global mediýanyñ (esasanam biziñ habar beriş serişdelerimiziñ) Kuba bolan ýigrenji kiparlajaga meñzänok. Bular hökümetiñ sportsmenlere daşary ýurda gitmezligi üçin basyş edilýändigini ýazýar. Ýogsam bolmasa:
Kuba sportunda professionallyk ýok. Ýagny, sport bilen meşgullanmak mugt!..
Sportsmenleriñ daşary ýurda gitmegine-de hiç hili päsgelçilik ýok. Häzir dünýäniñ elli bäş ýurdunda kubaly tälimçiler we sportsmenler çykyş edýär.
Bärde Kuba diñe ýetişdirende eden işleri üçin sportsmenleriñ transferlerinden uly paý alýar. Özem alan puluny ýene ertiriñ ýyldyz sportsmenlerini ýetişdirmek üçin edilýän işlere sarp edýär. Döwlete pul beresi gelmeýän kubaly käbir sportsmenler baran ýurtlaryndan "gaçybatalga" alýar. Ýagny, bar mesele pulda!
Şeýle mysal bereýin: kubaly zenan woleýbolçylar dünýä çempiony ýa-da Olimpiýa oýunlarynyñ ýeñijisi bolanlarynda bary-ýogy 300 dollar sylag alýar!
Mýunhende, Montrealda, Moskwada geçirilen olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolan boksýor T.Stewenson Günbatardan gelen transfer tekliplerinden nämüçin ýüz öwrendigini şeýle düşündirdi:
- Meni söýýän sekiz million adamyñ ýanynda bir million dollar nämedir?
Ýagny:
Kubanyñ woleýbol boýunça zenanlar milli ýygyndy toparynyñ şemalynyñ öwüsýän döwründe dünýä inen we türk raýatlygyna geçen Melissa Wargasyñ adynyñ agzalýan ýerinde Kubany garalaýan matlaplaýyn propogandalara şu göz bilenem seredip görüñ...
Soner ÝALÇYN.
"SÖZCÜ" gazeti, 07.09.2023.
Sport we turizm
| |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |