10:49 Käte ýaşlygyma sähra giderdim | |
KÄTE ÝAŞLYGYMA SÄHRA GIDERDIM...
Goşgular
![]() Käte ýaşlygyma sähra giderdim, Özümiň ýönekeý “planym” bilen. Salkyn ýellerine döşümi gerdim, Oňmadym güneşde ýylanym bilen. Arzuwçyldym, arzuwlarym balykdy, Arman teşne çölde gurap galypdy, Elbetde, baryna däldim ýazykly, Salgym köl däl, dynman ylganyň bilen. Atam diýdi “Hoştap bolarlar oglum, Eliň açyk bolsun, seriňde gowluk, Büdüräni görseň, ýoluňdan sowlup, Äkit menzillere özýanyň bilen”. Enem diýdi “Hakyňa jür borlar köşek, Ýagşy niýet rowaç alar, ýol aşar, Biabraý bolan ýok umytly ýaşap, Bir gün duza müň gün salamy bilen”. Melul boldum, özüm hasaplap asy. Delil boldum, goldap ýagşy yhlasy, Zelil göwnüm alyslaryň telwasy Arzuwa ýugrulan gün-aýym bilen. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |