10:29 Ömür menzilleri | |
ÖMÜR MENZILLERI
Edebi makalalar
Durmuşda şeýle adamlar bolýar – asyl olaryň işleýşine seredip doýup bolmaýar. Siz eli pilli ýer agdaryp duran daýhany gördüňizmi? Bili mäkäm guşalgydyr, gasyn düşen maňlaýynda burçak-burçak der seçelenip durandyr. Onuň pilini urup, howlukman agdaryp barşyny görüp, gözüňiz dokunar. Piliniň gumhanasy her gezekde Gün nuruna lowurdap gider. Elinden pilini alyp işleseň özüňem şeýdip biläýjek ýalysyň, ýöne bu gaty bir beýle hem däldir. Her bir işiň tilsimi, ebeteýi bar. Ýaňky ýaly ýagdaý diňe öz edýän işinden lezzet alyp bilýän, käriniň abyny-tabyny bir kemsiz ele alyp, hünärini sungat derejesine çenli ýetirip bilen adamlarda bolýar. Biziň gahrymanymyz hem şeýle adamlaryň hilinden. Oňa Toýly Kerimi diýýärler. Bu at Türkmenistanda uludan-kiçä hemmelere mälimdir. Onuň sungat derejesine göterilen suratlary ýurdumyzda çykýan gazet-žurnallarda yzygiderli gabat gelýär. Onuň suratlary täsin çözgütleri, tebigyly bilen özüne çekýär we ýatda galýar. Güler ýüzli, daýanykly, nurana bu adam bilen ýüzbe-ýüz bolmankam hem gaýybana tanyşdym. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Durdy Haldurdy türkmen intelligensiýasy, aýratyn-da sungat, edebiýat bilen dahylly adamlar hakda gürrüň bermegi halaýardy. Şol zatlaryň içinde gaýnap-bişendigi üçin olar baradaky hakykaty jikme-jik bilýärdi. Bir gezek Kerimileriň maşgalasy hakda söz açdy: “Bularyň aňyrsy kemally, keramatly ýerlerden. Kerimberdi işan öz döwrüniň dili senaly ulamasy, wagtynda agzyna aňkardan, diýseň sowatly adam bolan. Ol arap-pars dillerini suwara bilipdir. Dini edebiýatlardan başga-da Gündogar edebiýatynyň naýbaşy eserlerini okapdyr, medrese açypdyr, oglan okadyp, iline bitelik edipdir. Onuň agtygyna Şemsetdin diýýärdiler. Ilkinji türkmen intelligentleriniň biri. Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow ilkinji dramalaryny ýazyp ýörkä ol “Aýjemal”, “Nowruz gijesi” atly dramany ýazýar. Ol drama sahnalaşdyrylyp, köpçülige görkezilýär. Fronta gidip, bir aýagyny aldyryp gelen, durmuşyň ýowuz-ýowuz şarpygyny dadan, tas ýigrimi ýyla basalykly “Sowet edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory bolup işlän Däde hal (Berdi Kerbabaýewden başlap, tutuş türkmen intelligensiýasy oňa şeýle diýip ýüzlenýärdi) otuzynjy ýyllar barada söhbet edende, agyr gussa batyp, uludan demini alardy. “Olar türkmen intelligentleriniň güli, ýüzüniň tuwagy, gözüniň nurudy. (Goja şahyr “olar” diýip otuzynjy ýyllarda görgi-ýamany görkezilen Berdi Kerbabaýewi, Garaja Burunowy, Beki, Kakajan Berdiýewleri, Şemsetdin Kerimini… göz öňünde tutýardy). Baý hunaba ýuwutdyrandyrlar-a”. …Gaty köp ýyllar biregne redaktorlyk eden Dörtguly Balakaýew gazetiň hilini has-da gowulandyrmak, okyjynyň göwnünden nädeňde turup boljagy hakynda janygyp gürleýärdi. Şonda gazet sahypasyndaky berilýän suratlar barada-da durup geçdi. “Surat ynandyryjy bolmaly, «Dur hany, surata düşüreýin” diýlip alnan ýaly däl-de, durmuşdaky ýaly sada, tebigy bolmaly. Onuň üçin suratçynyň yhlasy, döredijilikli işlemegi gerek. Toýly Keriminiň bir suraty aljak bolup agaja çykyp ýöreninem bilýän…» Bir gezek Toýly aga bilen döredijilik saparynda boldum – diýip, bir žurnalist gürrüň berdi. – Baran ýerimiz hezzet-hormat edip, myhman aldy. Gadyr bilen ýazylan naz-nygmaty bol desterhanyň başynda ondan-mundan söhbet edip otyrdyk. Gapydan etli-ganly, kellesi sugry bagana telpekli kişi girdi. Salam berme nire, zat nire, derrew saçagyň başynda çökdi. Salym geçip-geçmänkä-de, petekesini gaýşardyp, temegini göge tutup, hondan bärsi bolup, söze başlady: Hä, žurnalistler diýseňizläň, menem ýazyp-pozýan. “Edepnama” diýip kitap ýazdym. Hä diýmän peçada berjek. Toýly aganyň bu adama pisindi oturmandygy, onuň özüni tekepbir alyp barşynyň maňzyna batmandygyny aňýardym. Toýly aga ýüz görüp, gapyrga syrýan adam däl. Ol: “Inim, edep hakda kitap ýazýanyň-a ýagşy. Ýöne özüňem edepli boljak bolmaly. Öýe gireňde, öýüň, saçagyň hatyrasyny saklap, öýdäki adamlaryň hatyrasyny saklap, salam bermeli” diýdi. Häki bögenjik ýaly çişip oturan adamyň mazasy bolmady. Gümmi-sümmi etdi-de, turmak bilen boldy. Toýly aga bilen ýüzbe-ýüz bolýançam şu “informasiýalary” bilýärdim. Onuň düşüren sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň suratyny hezil edip synlaýardym. Gazetlerde häli-şindi “Toýly Keriminiň arhiwinden” diýen ýazgylar peýda bolýardy. Toýly Kerimi “owal arygyň akýan” ýerinde, atly-abraýly maşgalada dünýä inýär, çagalygy, ýaşlygy meňki bolsun diýip höwes eder ýaly däl. Kakasy Şemsetdin Kerimi talantynyň taplanyp ugran mahaly, ýaňy bir durmuşy, gözmonjugy ýaly çagalaryny söýmeli pursady ýalan töhmetleriň pidasy bolýar. Durmuş özüniň ýazylmadyk kanunlary bilen adamlary ähli zatlara mejbur edýärdi. Çekik ýaly doganlar arkadagyndan, bilimli-sowatly, agy-garany seljerýän, gursagy il-güne bitelik etmek hyjuwyndan doly märiban pederlerinden jyda düşýärler. Bu ýitgi, durmuşyň duýdansyz şarpygy doganlara agyr degýär. Ýöne durmuş weli dowam edýärdi. Köki asyrlaryň jümmüşine uzaýan berdaşly nesil daragty düýbi-teýkary bilen gurap galyp biljek däldi. Olaryň damarlarynda öz il-gününi, güneşli Türkmenistany janu-dilden söýen türkmen intelligentiniň gany aýlanýardy. Olaryň goşa çyrag kimin ýanýan didelerinde pederleriniň nury egsilmedik gözleriniň şuglasy bardy, gursaklarynda terligine gül kibi solan, maýsa dek parçalanan, gap bilinden üzülen umytlarynyň dowamy bardy. Üç ýigit üçüsi üç ýerden ers-mers bolup ýetişdiler. Atalarynyň kesbini dowam etdirýärler. Guwanç Kerimi sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory boldy. Begenç Kerimi döwlet işlerinde işledi, uzak ýyllar “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory bolup işledi. Toýly aga öz söýgüli laboratoriýasynda ähli işlerini tamamlap, wagtal-wagtal oýa batýar. Şonda ömür menzilleri, ýollar, pursatlar kerwen ýaly göz öňünden geçýär. Ýaňy murty taban ýetginjekkä dogany Guwanç ony opera we balet teatryna işe äkidipdi. Uzynrak, görmegeý, bir iş buýrulsa etmäge ilgezik ýetginjek hemmeleriň göwnünden turdy. Kardebalet bolup tans edýär. Şol ýyllar, indiberi gaýdyp gelmäwersin, çagalara 300, teatrda işleýänlere bolsa 600 gram çörek berlerdi. Şol gahatlyk ýyllarynda, elbetde, bu az zat däldi. Näme üçindir, bu kärinden göwni suw içmedi. Nähilidir, bir täsin, has gyzykly zada atygsap duran göwnüni kanagatlandyrýan bir käri küýseýärdi. Adam diýeniň gyzykly zat, eýläk urunmaly, beýläk urunmaly, ahyry özüni tapmaly. Şonda weli iş bar. Ilkinji suraty alany düýş ýaly ýadyna düşýär. Kurskide goşun gullugynda. Soňra durmuş öwrümleri, ýollar, menziller, pursatlar, tanyş, nätanyş ýüzler… Ol entek on üç ýaşyndaka uruş turýar. Ol öz müňlerçe ýaşytdaşlary ýlay juwanlygyň, ýaşlygynyň ter arzuw-hyýallaryny urşa “ogurladýar”. Dürli kärlerde işleýär. Şofýor, terjimeçi… ahyrynda-da öz söýgüli käri fotohabarçylyk. Bu hünäriň gyzyklylygyna imrinen, türkmen fotosungatynyň ilkinji wekilleri Mahmud Tagiýewiç Guseýnowdan, Semýon Woroninden, Walentin Wasilýewiç Duninden görelde almagy ýüregine düwen Toýly ömür boýy bu hünäre wepaly bolup galýar. “Mydam taýýar” gazetinde, ozalky “Türkmenformda” işledi. Onuň suratlary ýurdumyzda, goňşy respublikalarda guralýan şeýle-de halkara sergilerine gatnaşyp, oňat orunlara mynasyp boldy. Egni ezýaka köýneklije, başy tahýaly, taýharyň üstünde taýagyny aýlap barýan horoşaja türkmen oglanjygy, gyzaryp ýaşyp barýan şapak, Köpetdagyň gül-pürçek bolan gözellige baý etegi, düýe sürüleri, çilimini burugsadyp oturan ýazyjy, pallap oturan gyzjagaz, türkmen giňişliginiň gözellikleri – bu Toýly Keriminiň döredijiligi, ömrüni, bar yhlasyny we ylhamyny bagyş eden sungaty. Toýly Kerimi sungat, edebiýat, medeniýet işgärlerini surata düşurmegi halaýar. Onuň fotoobýektiwinde türkmen medeniýetine bitelik eden ägirtleriň ýüzlerçesi bar. Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Aýhan Hajyýew, Weli Muhadow, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Guwanç Kerimi, Mämmetdurdy Annagurdow, Çary Nurymow,… Ol Kerim Gurbannepesowyň ömrüne degişli köp suratlar alypdyr. Şahyr dünýäni unudyp, beýik Pyragynyň alnynda goşgy okaýar, şahyr agyr oýa çümüpdir, şahyr ajaýyp eserlerini döreden jana-jan kabinetinde nämedir bir zatlara gümra bolupdyr. Garaz, ajaýyp söz ussadynyň ömür pursatlary. Ýeri gelende, bir zady aýtmak zerur. Toýly aganyň düşüren suratlaryny bir ýere jemläp, fotoalbom edip çykaryp boljak. Aýdaly “Şahyr Kerim Gurbannepesow”, “Türkmen sungatynyň ägirtleri”, “Tebigat täsinlikleri”, “Mekdep durmuşy” ýaly atlar bilen fotoalbomlar çykarylsa, olaryň kitap dükanlarynyň tekjelerinde çaň basyp ýatmajagy belli zat. Bu türkmen sungatyna, edebiýatyna, mahlasy türkmen durmuşyna hormat goýýan adamlar üçin tapylgysyz sowgat. Foto sungatymyz üçin bolsa bitelik bolardy. Janypkeş žurnalist ümmülmez Watanymyzy ädimläp geçdi, der döküp işleýän zähmet adamlarynyň arasynda boldy, fotoreportažlar taýýarlady. Ol bahry-Hazaryň balykçysyny, tallymerjenli çopany, ýolötenli mugallymy, tagtaly pagtaçyny, nebitdagly nebitçini, gyzylarbatly halyçyny, aşgabatly balerinany… surata düşürdi. Hindistanyň beýik ogly Jawaharlal Neru we onuň gyzy Indira Gandi bilen ýüzbe-ýüz bolan pursady hakynda depderiniň şöhlezar sahypasy bolup ýatda galdy. Ynsan ömri pursatlardan ybarat. Tebigatda akylyňy haýran edýän, soň hiç mahal gaýtalanmajak pursatlar bolýar. Öz işiniň ussady Toýly Kerimi şol täsin, göreniňde haýran edýän pursatlary gözleýär, tapýar, surata düşürýär, şol ajaýyp pursatlaryň “ömrüni uzaldýar”. Bu uly zat. Şeýle şadyýan, ýadamany-ýaltanmany bilmeýän, jahyl ýaly ýeňil gopýan adam ýetmiş ýaşady diýseň kim ynanar. Ýöne aýdymda aýdylyşy ýaly, Toýly aga, “Biz seni gutlaly, mübärekläli”. Ylaýym döwletiňiz yrylmasyn, gözüňiziň nury öçmesin, umyt közüňiz hemişe köräp dursun. Ömrüňizi bagyş edip, “bir kämile gol berip”, kemal tapan käriňizi dowam etdirip, täze-täze işler bilen okyjylarymyzy begendirip durmak nesip etsin! Bu siziň ýyllarboýy zähmet çeken mähriban gazetiňiz bolan “Mugallymlar gazetiniň” baş redaktoryndan başlap, şu gazete dahylly bolan ählimiziň arzuwymyz. Bu umyt-arzuwlara Siziň döredijiligiňize sarpa goýýan müňlerçe adamlaryň hem goşuljakdygy ikuçsuzdyr. Ömrüň nesillere, bize görelde, Görküň, durkuň, syratyňam halypa! «Berekella!» diýip bakýar görenler, Seň düşüren suratyňa, halypa! Kiçi göwün, öz işiniň ussady, Ile belli Toýly Kerimi ady. Badysaba kimin batlansyn badyň, Güýç goşulsyn gaýratyňa, halypa! Owal akan ýerden akan aryk sen, Kerimli pederden pata alyp sen, Abraý alyp, şöhratlanyp ýörüp sen, Şek ýetirmän ymmatyňa halypa! Halypalar hakda ýazýar galamyň, Köpräk ýaz, alkyş bolar alanyň, Ýadama, işläber çermäp bilegiň, Düşüp wagtyň gymmatyna halypa! Kerim, Beki Seýtek, Gara Seýitli, Aýhan Hajy… daglar deýin beýikdi, Olaryň suratyn gören söýüpdi, Il guwanar hormatyňa, halypa! Ulug, wäşi, ynsanperwer, ägirt sen, Bulaň bary bolup bilýäň nädip sen, Daşyň gallap, hoş söz aýdýar şägirtleň, Atlan bagtyň Gyratyna, halypa! Gurbandurdy ORAZOW. # 11-nji makala, kitabyň soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |