19:46 Ýere gaçan ýyldyrym deý... | |
Ýere gaçan ýyldyrym deý
Goşgular
Ýoda egrelip ýatsa-da. Ötegçi, geňirgenme sen, Çalmara eltip saklasa. Sowul, çopanlaň çalmary Sähraň ýumşak aýasydyr. Gelenleri gülüp garşy Almak olaň adatydyr. Çoluk çöp atsa, çölge bor, Çopan don atsa, kölge bor. Saňa dem-dynjyň almaga Ýatdan çykmaz düşelge bor. Geleniňe monça bolar, Lasyrdar durar taňkasy. Ýanyňda-da omça bolar, Eşdiler durar jaň sesi. Taýýardyr owmaç, jejene, Çopanlar däldir kejeňek. Daşyndan ýadaw ýalydyr. (Gepläp bilenok diýmeseň. Itlerem adam ýalydyr). Ýüregi – dilde diýdigi, Diregi – dilli tüýdügi Hem egri taýagy bilen. Kalplary altyndan gapy Bil, hiç kesiň ýokdur haky, Açmagy aýagy bilen. Sähra – asman, güli – ýyldyz, Asman – sähra, ýyldyzy – gül. Ýerli ýerden göz gypyşyp. Ýyldyzlar başlar oýnuna. Şundan şagalaňly däldir, Ýer ýüzüniň hiç toýy-da, Çopana meýlis halaldyr. Bir çümmük göwni bar olaň, Ýüreginem orta goýar Tapan-tupanyn – baýlygyn. Ojar oduna meýmiräp, Irkilseň daňdana golaý Örter üstüňe oýlugyn. | |
|
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |