14:35 Atalaň goşarna meňzeş ojarlaň... | |
Atalaň goşarna meňzeş ojarlaň,
Goşgular
Arasynda kän çekipdim näziňi. Ýyllar goltugynda gizläp äkitdi, Ömrümiziň şol eşretli ýazyny. Ýagmyr ýuwan zülpleriňi öpüpdim, Ýumşaklykda ýuwalardan köp gowy. Buýsanjymyz peşmek deýin düýrledi, Ýaşlygmyzyň tomusynyň epgegi. Gül seň gülýakaňa meňzäp dogardy, Şapak gyzarardy misli keteniň. Gara gözleriňden bagtym gözläpdim, Seniň bagtyň özgäň gözünde ekeni. Sähra gelip baryn saldym ýadyma, Ownuk duýgulardan sabadyp seri. Gara gözleriňe bakyp ýalbarýan, Anha-da seň bilen duşuşan ýerim. At ýalmanly alaňlaryň üstünden, Bile basan yzymyzy gözledim. ...Sazaklaryň saýasynda irkilen Çagalygmy oýarmaga dözmedim. | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |