12:48 Türkmen sözüniň dürleri | |
TÜRKMEN SÖZÜNIŇ DÜRLERI
Edebi makalalar
Ýeriň ýüzünde wagtyň, agyr-agyr heňňamlaryň, gerdişleriň şatysyna döz gelip bilýän söz ýaly başga bir gudrat barmyka?! Gök ummanlar bugaryp-bugaryp galýar, sary sähralara öwrülýär. Beýik-beýik binalar synýar. Hanasyna sygman çarpynýan tereň derýalar “wagty ýetse, gurap ýer dek bolýar”. Älemiň ýalaňaç ýüregine meňzäp duran belent-belent daglar gara ýeriň ýüregine bata-bata ýer bilen deňleşýär galyberýär. Iň uzak ýaşaýan çynar müň ýyl ýaşaýar. Söz weli galýar – bakylygyň hemrasy. Asyrlaryň jümmüşinden goja Gerodotyň pähimli pyşyrdysy eşidilýär. Gomeriň ähli dillerde ýaňlanýan setirleri ony şu günlerem aramyzda ýaşadyp ýör. Ýusup janyň “Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol” diýen sözi asyrlar boýy nesilleri watançylygyň iň bir nurana nusgasynda terbiýeläp geldi. Balasagunlynyň “Bagtly edýän ylmy” sözüň ýaşamaga ukyplydygynyň göreldesidir. Gündogar sözüniň öçmejek Günleri, Aýlary, Ýyldyzlary – Nyzamy, Firdöwsi, Jamy, Nowaýy, Hafyz, Hakany, Nesimi, Magtymguly ýaly genileriň pähim nury ynsan köňülleriniň üstünden şöhle saçýar, dünýäniň garaňkylyklaryny röwşen edýär. Adamlara dünýäniň ýollary bilen azaşman gitmäge ýardam edýär. Ähli sungatlaryň gözbaşynda Söz durýar. Rafaeliň, Mikelanjelonyň, Salwador Daliniň, Yzzat Gylyjowyň portretleri sözleýär. “Bethoweniň betbagtlygy – adamzadyň bagtydyr” diýdirip bilen nemes kompozitorynyň eserleri sözüň adamzady tebigatyň kanunalaýyklygy, ilkidurmuş päkizeligi, köňül gözelligi, ýürek tämizligi bilen ýaşamaga çagyrýan näzik, ähli dillerde gepleýän adamlar üçin düşnükli ýaňlanmasydyr. Türkmen halk sazlary kalbyňy lerzana getirýän, iniňi jümşüldedýän, ata-babalarymyzdan bize miras galan iň gowy sözlerdir. Haýsy türkmen romany, powesti, poemasy, kinosy, dramasy Magtymgulynyň gam-gussa bilen püre-pürlenen, ruhy göreşler içinde kemala gelen kämilligi, ýaşlygy, söýgüsi, kysmaty dogrusynda Nury Halmämmedowyň Magtymguly simfoniýasyndan gowy gürrüň berip bildi, şöhlelendirmegi başardy. Söz ynsanyň içki dünýäsindäki Gündür. Adamyň ruhy dünýäsindäki giňişlikdir. Dünýäniň şatlygy gowy sözlere daýanýar. Ýaman söz zerarly näçe adamlaryň täleýi ters geldikä?! Ýalan söz näçe dostlugy bulaşdyryp, näçe dogany dogana duşman etdikä?! Onuň güýjüni kim türkmenler ýaly göwnejaý aýdyp biler: “Ýagşy söz ýylany hininden çykarar”. Ömrüni türkmen sözüniň dabaralanmagyna bagyş eden Pyragy «Ajy söz ýanynda zähri köp ýylan çakaýsa-da, çybyn çakança bolmaz» diýip ýazypdy. Söze sarpa goýmalydygy, onuň çem gelen ýerde aýdyp ýörmeli zat däl-de, juda-juda mukaddes zatlygy barada “Ýa lal otur, ýa dür saçgyl”, “Magtymguly, diliň sakla, habar soralmagan ýerde” diýip wesýet edipdi. Eý, älemiň nury Söz, seniň gudratyňa-güýjüňe, ylhamyňa, ýardamyňa haýran men, bendi men, maýyl men, gowy sözleriň adamlara täsir edip biljek söz tapmagyň natuwany men. Siz nähili beýik. Siz nähili näzik, lezzetli, ezýetli… Siz bilen ýaşamak nähili hezil. Siz bilen işer şowly, ýollar rowana, baharlar tereň, ýürek aramly. Beýik sözleriň haýrany men. “Bir ah ursam älem ýanar oduma”. Bary-ýogy on bir bogun. Ynsan başyna düşen gaýgy-muşakgaty, yşk-heseri nädip şundan zyýada aýdyp bolar. Kaýys aşyk bolýar, oduň daşyndaky perwana ýaly elewreýär, pelesaň kakýar. Oda – yşkyň oduna özüni uraýsam – diýýär. Leýli – onuň gaýgy-gamlarynyň gözbaşy. Onsuz dünýä dagyň jebir gowagy ýaly sowuk hem garaňky, gorkunç hem tenha. Dünýäniň gyz-gelninden birem razy däl. Onuň zülpüniň birje taryny dünýe malyna çalyşjak däl. Aýralyk, pygan, telbelik, ýalňyzlyk, sary sähralar, keýikler, kepderiler, şirler, daglar. Käbe daşy. Leýliniň didary, Leýliniň wysaly… Bu sýužet juda gadymy. Bu sýužet ýüzlerçe şahyrlar tarapyndan işlenip, dünýäniň ýollary bilen ileri gezip başlady. Öz söýgiň, idealyň özüňe iň mukaddes zat saýýan zadyň üçin ömrüňi gurban bermegiň nusgasy bolmak bilen haýran galdyrdy. Köýen söýginiň, söýgüliň üçin köňül hesretini, jiger jebrini çekmegiň synmaz simwolyna öwrüldi. Magtymguly bary-ýogy iki setirde aklyňy haýran edýän ussatlyk bilen dessanlardyr poemalarda beýan edilen bu heseri beýik kämillige çykardy. “Güýjüm bardyr kyrk ýyllap ders bererge Mejnuna”. Şahyryň sözi onuň ruhunyň nähili derejede güýçlüdigini alamatlandyrýar. “Gargyşym daglary mum dek ereder, pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym” diýmek üçin nähili ruhy güýjüň, pygamber gaýratynyň gerekdigi düşnüklidir. “Sen aman bol bu dünýede”. Halk aýdymyndan alnan şu setirden gowy birine alkyş dileg edip bolarmy?! Nähili ýumşak. Her sözde gör näçe mähir bar. XV asyrda ýaşan Şems atly şahyr Hudaý hakdaky goşgusynda şeýle ajaýyp setiri refren edip alypdyr: “Senden özge kimim bar?!” Mämmetweli Kemine “Synsa köňül, seýik bolmaz” diýip ýazypdyr. Bu setirde türkmen halkynyň arasynda öňden ýörgünli bolan “Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez” diýen nakyla ugurdaş many bar. Nähili oňat aýdylan. Ezber zergäriň elinden çykan kümüş gülýaka meňzeýär. Aşyk Nepes zenan gözelligini wasp etmekde dünýä genileriniň hiç birinden kem däl bolsa gerek. “Öz ýüzüň şöhlesine, belki özüň hem ýana sen”. Nähili ajaýyp. Güneşe gark bolup ýatan sährada ýalyny ykjadyp, hezil edip çar ýana çagyp ýören taýçanak ýalydyr. Dünýä edebiýatynda ulanylan ähli şowly meňzetmeleri bir ýere ýygnap kitap edip çykarsaň, Annagylyç Mätäjiniň “Gola düşüp ekdi bolgan boz keýikniň balasy” diýen setiri, megerem, iň görnükli ýeri eýelärdi. Söýgüsi üçin ýazgarylan Annagül ters täleýi, garyplyk zerarly ýedi ýadyň içinde alaçsyz galýar, takdyryna ten berýär. Şonuň üçin bolşuny mysal getiren meňzetmämizden gowy nädip aýtjak. Beýikdir gadymdan galan bina ýaly kalbyňy hesret duýgulary bilen doldurýandyr. Kitaplar içinde bir kitap okadym. Bir gezek, on gezek, ýüz gezek… Goşgularyň gözelliginden ganmadym, teşneligimi gandyrdym, ruhum täzelendi, göwnüm galkyndy, gaýgysyz çagalygym ýadyma düşdi. Arzuwlaryň gujagyna düşdüm. Ata atlandym, gylyç syrdym, ganymy gaýgyrmadym, ejizi goldadym, diýdimzoryň, haramylaryň ebşitläp ýakasyndan tutdum. Çaýlardan aşdym, daglara haýbat atdym, bedewimi segretdim, ganymyň gepine gidip, dostumdan juda düşdüm, şelaýyna gulak gabardyp, ganatymdan aýryldym, meý içdim, mes boldum, namalar gaçyrdym, göreşdim, sähralarda agnadym, agladym, aldandym… Türkmen ruhy üçin ter bulak bolup hyzmat eden “Görogly”. Sen türkmen sözüniň näzikliginiň, bakylygynyň, gudratlylygynyň mizemez, ykrar edilen beýik nusgasysyň. Seniň bulagyňdan dadan ýanýan ýürekler teselli tapar, göwün küýsegini kanagatlandyrar. Seniň şöhläňe üşän synalar ýylar. Doňan ýürekleriň buzy erär. Seniň tenekär howaňdan dem alanlar hoş bolar. Bagtyň sallançagynda üwreler. Onuň hüwdüsi nuranadyr, kuýaşlydyr. Türkmen Güni ýaly şöhlezardyr. Wagt-wagt bu galyň hem göze geliwli, göze ýakymly, maşgala mukaddesligine öwrülen, garyp atamdan miras galan kitabyň saralan sahabyny emaý bilen sypalaýaryn, edil mähriban enemiň gar ýaly saçlaryny sypaşym ýaly, körpe oglumyň ýumşak saçjagazyny sypaşym ýaly sypalaýaryn. Şeýtmek mende nähilidir bir ýakymly gussa çaýylan duýgulary oýarýar, göwnümi tämizleýär. Adama bary-ýogy bir gezek miýesser edýän ýaşaýyş diýlen zadyň juda-juda gysgadygyna, ömrüň ilkinji gar ýaly süýjüdigine aňryýany bilen düşünýän ýaly bolýaryn. Waraklap başlaýaryn. Görogly beg kyrk ýigidine sargyt edýär: “Özüm ölsem, ruhum goldar sizleri”. Adam ölýär, ýöne onuň ruhy ýaşaýar, nesilleri goldaýar. Nähili beýik, nähili dabaraly. Türkmen topragynda biten ägirt uly çynar ýalydyr. Kä pille durmuş öweý ene ýaly ýowuz şarpyk dadyrýar. Şum habar kalbymy daglady, dili senaly pederimden jyda düşdüm, bir depik gum atmaga ýetişmedim. Şonda “Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden, Peder bize miras goýmuş bu derdi” diýen sözler ýaňlanyp giden ýaly boldy, derdimi paýlaşdy, kyn günde ýalňyz goýmady. Ynsan ömri çasly derýalar deýin akyp barýar, sary sähranyň ýelleri ýaly geçip barýar, toýnuk gurap barýan durmalaryň hatary kibi geçip barýar. Hiç bir güýje wagty saklamak başartmaz. Adam wagt-wagt şapaklar ýaşyp, iňrikler garalanda, bihuda geçiren minutlary, ýaşlyk pasly hakynda iňkise gidýär, ölçerip-dökýär. Şol boş geçirilen pursatlaryň indi ömür-ömürem yzyna gaýdyp gelmejekdigi hakynda gama batýar. Şonda Gurbannazar Ezizowyň “Ýaşlyk” barada ýazylan şu setirleri köne dostum ýaly kömege gelýär. Men ony boş gijelere paýladym. Men ony boş gündizlere paýladym. Ine, bir gün uly döwletden galan Köpüklermi gussa bilen sanadym. Wasiliý Makarowiç Şukşin: “A.S. Puşkiniň “Glagolom žgi serdsa lýudeý” diýen sözi iň beýik rus sözleriniň biridir” diýip ýazypdyr. Türkmen dilinde beýik-beýik sözler sanardan kän. Söz älemine syýahat ediň! Diwanalaryň, külliýatlaryň, namalaryň gatlaryny açyň! Magtymgulyny, Zelilini, Seýdini, Mätäjini… okaň, olaryň söz ýaýlalaryna seýrana çykyň, ýakymlydyr, eşretlidir, erteki ýaly ajaýypdyr. Şahyrlar söz behişdiniň sahawatly ryzwanlarydyr. Halk döredijiliginiň şirin owazyna gulak goýuň! Heziller edinersiňiz: “Daş okladym guşlara, Ganaty kümüşlere…” – diýen setirlerden öwüşgin kalbyňyza çaýylar. “Ejem bilen kakamyň orak oran meýdany” diýen setirler Sizi biparh goýmaz. “Dosta barýan ýolda yzym bar meniň” diýip, ýollara rowana bolup barýan Garajaoglany görersiňiz, “Söýle, bilbiljigim, söýle” diýip oturan Ýunusa sataşarsyňyz. “Seniň derdiň köpdür, meniň hasratym, ikimizde galdy arman, Garagöz” diýen aşygyň halyna gyýlarsyňyz. “Wepadar üçin aglaryn” diýýän Seneme, “Gelmez, Leýli – Mejnun diýip” pygan çekýän Kaýsa duşarsyňyz. “Ölümden-de gaty kişi minneti” diýen Zelili bilen pikirdeş bolarsyňyz. “Armanda goýmagyl, ýa Züljelalym” diýen nalyş-mynajata haýran galarsyňyz. Juda kän täsinlikleriň, gudratlaryň, köňül akabalarynyň, pähim guýularynyň, duýgy bulaklarynyň, söz çemenzarlyklarynyň üstünden bararsyňyz. Bu bolsa siziň ömrüňiziň iň ajaýyp pursatlary bolar. Gurbandurdy ORAZOW. # 8-nji makala. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |