23:03 Küýze | |
KÜÝZE
Edebi makalalar
Küýze ýürek bagryňy dilip barýan mukam çalýardy. Onda iniňi düýrükdirýän awuly aýazyň gamkeş heňine meňzeş agynyň sesi bardy… ýumruk ýaly küýzejikde beýle ahy-pyganlar nädip ýerleşip bildikä? Bu bir küýze däl-de, jepa baryny gören betbagt derwüşiň ýüregi ýaly gam bilen, hyýal bilen doludy. Köwsarlap, ganat gerip aýlanýan ýel ody ölçerşi ýaly, onuňam derdini köredýärdi. Küýzäniň elewreýän, eňreýän derdi möwç alýardy. Ýel bolsa aýlanyp-dolanyp gižželeýärdi, ýumruk ýaly küýzäniň derdine nebsi agyrandan-a geçen, heşelle kakýan ýalydy. Küýze zaryndan-zaryn mukam çalýardy. Onuň owazynda Ömürzaýa ýyldyzynyň gamgyn hem perişan öçügsi şuglasy, baldagynyň halys ysgyny giden çymda biten ýalňyz benewşäniň iň soňky owsunyşy, ajalyň girisine düşen, gana boýalan keýik owlagynyň natuwan bakyşy, delmuryşy bar ýalydy. Ir tänen ýapraklaryň pyşyrdysy, ir giden durnalaryň ýelekleriniň sesi, öz ýüregini ýazyp ýören şahyryň soňlanmadyk şygrynyň jiger paralaýjy iňňildisi – bularyň barysy bir ýere jemlenene meňzeşdi. Megerem, ol özüni dünýä getiren, köpi gören, janypkeş ussanyň gödeksi hem tagaşyksyz ellerini ýatlandyr. Onuň özüni eýlänindäki aýdan gamgyn, agy gatyşykly, minnetden doly, gussaly aýdymy küýzäniň ýadynda galandyr. Indem şony gaýtalamakdan lezzet alýandyr. Derdinmegiň özem lezzet bolaýmasyn?! Gussalaryny aýdyp-diýende, onuň howsalaly kalby köşeşýändir. Ýagmyrdan soňky sähranyň bolşy ýaly, aram tapýandyr. Birdenem ol dillendi: «Kuwwatly Ýel, meni bir pursat öz günüme goý! Meniň öz derdim bilen derdinişesim, ýeke galasym gelýär. Ýüwrük, Ýel, meni bir sellem gussa çekmäge goýaý-da, Ýel!». Ýeliň küýzä nebsi agyrdy. Düşbi ýel ýanyny ýere berdi. Sessiz-selemsiz süýndi-de ýatyberdi. Bar zat tersine boldy. Küýze hezil edinjekdi. Öz derdi bilen derdinişjekdi. Bolmady. Ýel ýatdy weli, onuň mukamlary gutardy oturyberdi. «Sergezdan Ýel, Bir gezejik öwsäý-dä, derdim bilen derdinişeýin-dä, dertdeş Ýel!». Gurbandurdy ORAZOW. # 10-njy makala. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |