12:06 Hijran-Halkasy / söýgi soneti | |
HIJRAN-HALKASY
Poemalar
1. Saňa aýdasym gelýä… Şelpesin ýel öpen tuduň astynda. Aýly gijelerde ýalňyz galýanym. Näme hakda oýlanýanym aslynda. Saňa aýdasym gelýä… Syrly gijelerde uky bermedik Duýgularmyň terdigini, päkdigin Biýaradan jyklap ýatan terne deý. Gözbaşyny görejinden getirýän. Yşk şemaly ýüregimi ýelpeýä. Özge gyza rowa görmedik sözüm. Saňa aýdasym gelýä… 2. Ýalňyzlykda arasynda agaçlaň. Bagtyňa ýokmasyn reňki saçlaň, Bir saňa, bir saňa syrymy açsam, Bagyşla! Söýeýin ýyllaryň dört pasly bilen. Söýenmi ýyllaryň dört pasly biler. Ynamyňy ödäp bilmesem eger. Bagyşla! Güneş bulutly gün gijigip dogar. Ýa seň sähra meňzeş ýaglygyň ezen. Ýaz ýagmyry bolup bilmesem eger, Bagyşla! Seniň sadalygňa, ýönekeýligňe, Eşrediň serhedi elwan köýnegňe, Ýakaňdaky bir enaýy nagşyňa, Ýaglygyňy geňsi edip daňşyňa Aşyk bolanymy bagyşla! 3. Söýgi – gala, girmesi kyn, gireňsoň, Çykmasy asyl-ha mümkin bolmadyk. Söýgini gören ýok ýeriň ýüzünde Hem ýok oň elinde misgin bolmadyk. 4. Söýgi baradaky janly düşünje – Gözleň mawy güýzüň gijesi kibi. Gül ýalak, gülälek gyrmyzy lebiň Ýatladýar ýaşaýşyň süýjüdigini. Şol lebiňde bal däl, dirilik suwy, Çeşmäniň tolkuny – saçlaryň towy, Saçlaň gije, ýöne ýyldyzlary ýok. Saçlaň uzyn tomus – gündizleri dek. Hatda öpmäge-de dözüp bolmajak Ýaňaklaryň ömrüň ilki garymy?! Seni görüp durkam göresim gelýär, Ýalňyzlykda kim diňlesin zarymy?! Durkuň bilen tebigata meňzeş sen, Meňzeş sen ýyllaryň dört gül paslyna. Galam alyp, gije-gündiz synanşsam. Gorkýan ömrüm ýetmez öýdüp waspyňa. 5. Ýaňy-ýaňylaram çagadyk, Serçeler deý bagdan çar ýana dagan. Biz ýyllary batbörek deý galgadyp, Soň ýigit ýetişdik murtlary taban. Ýaňy-ýaňylaram çagadyk, Geçip ýyldyrym deý ýyllaň duşundan. Ýollar kibi çar tarapa dagadyk, Çykdyk ala gözli gyzlaň düýşünden. 6. Bu ömürde kän zatlary ýitirdim, Maňlaýy sypjyrlan çagalygym meň. Gözden ýitdi depeleriň üstünde Ýyllar tutdy gitdi kirli ýeňinden. Bu ömürde kän zatlary ýitirdim, Bendi bolup gözelleriň gowsuna. Ýaşlygym bir gyzyň gözünde galdy, Siňdi saçlarynda tylla tolkuna. 7. Şol gije şeýlebir ýyldyrym çakdy, Bize bagtyň nämedigni ýatladyp, Biz şol tüni unutmazlyga hakly, Ýyllar gidibersin suw deý batlanyp. Şol gije şeýlebir ýyldyrym çakdy, Asman ýazyň ýasyn tutup aglady. Gögüň al gylyjy gynyndan çykdy, Gussasyn ýaşmak deý syryp daglaryň. Şol gije şeýlebir ýyldyrym çakdy, Geljek has oňat göründi geçenden. Şol gije sen maňa ýylgyryp bakdyň Dünýäň gyňyr gyzlarynyň içinden. 8. Görnügi gül, goşa göwsi – goşa Gün, Perýady persala pygan perişdäm. Eý, sen, zemindäki älemgoşarym, Eý, sen, asmandaky nyýazy-rişdäm. Gülberi gam, gözýaş – bulutlar ýaly, Kalbymda ýazdyrdy kerwen ýüküni. Eý, sen, şamu-säher unutmaýanym, Eý, sen, ruhumyň mermer sütüni. Başym bela, paýym goýup pajyga, Çeşmimden ýaş bolup akan jigerim. Eý, sen, dirilikde hötjet, ajy gam, Eý, sen, ýoklugymda bitjek dilegim. 9. Sen dymýaň, ondan bäri ýyl geçdi, Sen meni eýläniň bäri Mejnunyň. Men seni söýmedim ahyr bilgeşli, Men seni söýmedim ahyr mejbury. Zeýrenme, bu yşka sataşanyňa Hemem yşkyň ataşyndan eýmenme. Söýülmek gyzlara uly bagtdyr, A ýigitler üçin bir gez beýgelme. Neçüýn güýz güli deý barýarsyň solup, Hem neçüýn söýgime ynam edeňok?! Söýgiň nämedigni, güýjüni onuň Düşündirmez hiç şahyr, hiç pedagog. Gelseň gussalary sowrup bir ýana, Ömrüme berilseň ykbal göterlip, Meniň çöken göwnüm galkyndyrmana Seniň tämiz ýylgyryşlaň ýeterlik. 10. Öwrülme geçmişe sen, Baýdak bolup pasyrda. Söýüp ýetişenim sen, Tutuş çärýek asyrda. Gidip ýok hyýala sen, Syr berme özgelere. Gözleriň pyýala seň – Bakmasyn özge ýere. Seň gözleriň nury kän, Özge gyzlaň gözünden. Sen ýitäýseň, dirikäm Giderin ýer ýüzünden. Neçüýn gözleň gülenok, Gözi ýaşaran dilber. Meň ömrüme girenok, Sensiz ýaşalan günler. 11. Dokuz pelegiň biri men, Müň pelegiň biri sensiň. Seň hijriň bilen diri men, Çarhypelek nury sensiň. Uçuradyp jepalara, Köňlümi deňäp şalara, Sözümiň baky galarna, Ebedi diregi sensiň. Bil baglaýyp dendanyma, Syraryn gaflat perdäni men, Bu yklymyň merdany men, Ýedi yklym hüýri sensiň. Söýgi synsa, ömür tamam, Bolma jenneti hantama. Gözleň sowal, sözleň doga, Bakylygyň dini sensiň. 12. Kösänok häli, Yhlasyň depämde pelesaň kakýar. Kömelek ýaly Seň sähra kalbyňda güberçeklärin, Ýazlaň guraklygna bakman. Kebelek ýaly Bar bela-beterden gutaryn başym, Seň ýanýan ýüregňe özümi oklap. 13. Men ýyldyrym bolup çakyp bilmedim Hem gürläp bilmedim asman mysaly. Säher penjiräňiz kakyp bilmedim, Bolup şat baharyň sergin şemaly. Ünsüňi özüme baglap bilmedim, Älemgoşar kibi öwsüp al-ýaşyl. Ýok, men bulut bolup aglap bilmedim, Uzynly gun syrykdyryp gözýaşym. Gün bolup dogmadym, gar deý ýaňagyň Eräp giderinden eýledim heder. Şeýle bagta rowa görseň oňaryn, Lebleriňden ýaşaýşyma tagam ber. Söýdüm seni, çekdim söýgiň ahyny, Aýdym aýtdym, şowsuzmy ýa şowlumy?! Az görme, ezizim, etdim ahyry Elinden gelýänin adam oglunyň. 14. Ýyllar geçer gider, sen düşünersiň. Solanda ýürege meňzeş ýapraklar, Güýzde baglar bilen deň düşünersiň. Kalbyň geçen günler sary imriger Ýaşlyk ýagtylykdyr, siňer iňrige, Örter töweregi tüm, düşünersiň. Gözýaşyňy goşup ýazyň ýagşyna, Söýgüli sözleriň bolar “Bagyşla!” Ezizim, hiç düşünmäniň ýagşydyr, Soň düşünenden. 15. Köňül gam laýa batsa, Uz basyp, gelip assa. Kalba salyp dabara, Hallarymdan habar al. Diý: “Serden dabanňa çen, Söýenmi gabanma sen” Başga dermanym ýokdur, Şeýdeňde aýňalmasam. 16. Wysalym – suw, tolkunlar, ýowuz daş kenarmy sen?! Ala gözleriň – peýkam, jigerme çenärmi sen?! Sen ömrümiň ýaz güni, sen mukaddes baýlygym, Ýazgyn ýaýla ýaglygyň, parç bolan sonarmy sen?! Lebi köz, saçy sünbül, salam söýgiňe müň gün. Agartdyň saçym, süňňüm, şoň bilen oňarmy sen?! Göwräm içimde demim, köňül içre melhemim, Tüm dünýäde ak şemim, üflesem sönermi sen?! Müňkür sen bagtym saýsam, ýyldyrym kibi synsam, Ýyldyzyň kibi süýnsem, şonda ynanarmy sen?! 17. “Meni unut!” diýýäň. Meni nämelere eýleýäň mejbur. Seni unutmaga, nerkes göz dünýäm, Maňa ýaşlygymy unutmak zerur. “Meni unut!” diýýäň. Mümkinmi näme?! Seniň bagtyň ysy gelýän ýanyňdan, Taýýar men geljege siňip gitmäge. “Meni unut!” diýýäň, birçak taýýardyň Ýatda däl, ýanymda galmaga, dilber. Sen – güýz, baglaň ýapragynda saralan, Zeminiň üstünde şat geçen günlem. Serhoş bolup yşkyň paýapylyndan, Suwa däl, seň täleýiňe ýykylyp, Sen bir altyn gazyk, söýgi zynjyrna Baglanan men, hiç bilemok çekilip. Diýýäň: “Ýyllar eli ýeňil tebipdir, Seniň ähli dertleriňe em eder”. Dogry. Ýöne galaryn men tebipsiz Seni undup bilmän soňky deme deň. 18. Men gaýdyp gelmerin seniň ýanyňa, Mümkin däl zat ýokdur ýeriň ýüzünde. Seni söýen keşbim galsyn gözüňde Hem düzen aýdymlam seniň şanyňa. Men seniň ýanyňa gelmerin gaýdyp, Tukatlyk derdinden edip howatyr. Gijäni agladyp ýörenden şeýdip, Unudany unudanyň gowy ahyr. Men senin ýanyňa gaýdyp gelmerin, Bilýän, başarnygym eýlemez kemter. Seniň ýatlamasy geçen günleriň Köýen yhlasymyň üstünden elter. 19. Göwnüne degilen gowy gyz ýaly, Bu gün asmanyňam gül ýüzi soluk. Ýürek gyýýar bulduň geçip barýany, Seň gidişiň gaýtalanmasy bolup. Söýgimiziň ýalňyz şaýady Şatut. Söýgimizi gören, gürrüňmiz diňlän. Bu gün ýalňyzlygmy görüp aglady, Gussasyn gursagna sygdyryp bilmän. Tylla ýüzügiň deý ýiten söýgimiz, Aýralygyň barmagynda gyşlady, …Bize şol güzeriň ýanna garaşýan Ýalaňaç Aý özün suwa taşlady. 20. Ýagyş! Artdyr adamlaryň şat ýylgyrmasyn, Özlerini bagtly saýan mahaly. Ýuw, guşlaryň bagda şirin nagmasyn Hem ýaşaýşy ýada salýan bahary. Ýuw gyzlaryň ýelden ýumşak zülpüni, Badyhowalygny belent arçalaň. Birsydyrgyn petişligi, dür kibi Damjalaryň bilen owrat, parçala! Ne gözel bu baglar, monjuk dakynsa, Ýag, çagalaň öýe gaçanna bakma! Aýdym aýt, geçegçi ömrüm hakynda, Aýdym aýt, aýdym aýt söýgi hakynda, Ýöne heşelle kakma! 21. Ellerimiz gider, gül bor Watanda, Aýaklarmyz gider, galar köteller. Serlerimiz gider, galar matallar. Gözlermizden gözýetim, Ýüregmiziň ezýeti, Dilleň namysy galar. Bulut ýagar nur bolup, Ýerde lälesi galar. Derýa gutar bugaryp, Guran hanasy galar. Eziz, aýt, ahyry, Ahmyr-ahymy, Köýen yşkymyzyň Nämesi galar?! 22. Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň. Goşgulamda gözleň balkyldanokmy?! Duýgym inçe dälmi billeriň ýaly, Seň ýüpek saçlaryň gül ysy ýokmy?! Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň, Eşdeňokmy ýüregimiň ahyny. Goşgularym maňa meňzemeýärmi, Goşgularym meniň özüm ahyry. Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň, Eý, didämden uçan dilber gara ber! Seň bilen durulan ýekeje pursat, Sensiz geçjek tutuş ömre barabar. Pukara bosagaň guly bolaýyn, Müň bizar men aýralygyň tagtyndan. Men seni ýitirip şahyr bolaryn, Gora meni şahyr bolmak bagtyndan. 23. Aýralyk baky degil duşuşarys. Aýralyk baky degis, Aýralyk baky. Aýralyk… Söýgim halasgär däl muşakgatlardan. Söýgim halasgär däl. Söýgim halasgär. Söýgim… 24. Barybir, şapaklar gyzarar gülgün, Käridir, baglarda saýraýar bilbil. Sary Gün asmanda dogup-ýaşar bil, Gaýtalanar ýazlaň gelmesi, aşyk! Gam göwnüňe şatlyk eçiler läle. Daşary çyk, göwnüň açylar ýalak. Sähralarda bark urupdyr gülälek, Parç bolupdyr ýazlaň selmesi, aşyk! Ykbal daragtyndan ýaprak tändimi, Neçüýn ýaş köňlüňde hesret kändigi, Seniň üçin tüm zyndana döndümi, Illeň dünýä saýan dünýesi, aşyk! Gamlardan özüňi sakla hatyrjem, Namart öýüň törün küýsär, batyr – jeň, Yşkyň keşbin görermişin batyl hem, Azalmasyn roýuň gülmesi, aşyk! Niçiksi dert seniň kalbyňa eňen, Gussa ýürek ezer, ömrüňi kemer. Seniň ýumruk ýaly şumbagt eneň, Bolmaz-a syryňy bilmese aşyk! 25. Eý, ak derek, baldyry ak, süňňi ak, Sen juda owadan aýyň yşgyna. Şemal huzuryňa seni soraglap, Gelipdir, düşüpdir seniň yşkyňa. Maksat tutup saňa sary, Içki syryn ýaňadandan, Diýmäge gelipdir ol. Kürekläp yşkyň heserin, Waraklap yşkyň eserin, Diwana bolupdyr ol. Aý şaýatdyr gülüp bakan Böwsüp buldy, tüni birýan. Şemal saňa syryn ýaýdy Hem aglady hünübirýan. Söýdi şemal daňa çenli, Başyňy yrap ýatmady. Gitdi, dagy neýlesin ol, Yhlasa myrat tapmady. Ol saňa ýazlardan posa getirdi, Gar ysyn getirdi daglardan aşyp. Sen-ä söýülende söýmedik melek, Ol söýüp söýdürip bilmedik aşyk. Indem ýalňyz galan natuwan ýaly, Ýüregimi gyýym-gyýym edýärsiň. Sen jandan söýeniň gözýaşy bolan Tekepbir gözele çalym edýärsiň. 26. Men geldim, çünki men gelmän bilmedim. A sen neçüýn gelenimi sorama. Ýüregimiň gürsüldisin diňleseň, Sen jogap taparsyň şeýle soraga. Men geldim, derdime eýledim alaç. Bulutlar aglansoň, gülenseň ýazlar. Ýatlamanyň oky gelensoň çawup, Edaly bir-birne çakyşyp çawuş. Seni ýada salyp bilensoň gyzlar. Düýşler gamgyn aýralygyň serhedin Bozansoň, uzakdan gelen ok bolup, Geldim tukatlygy edip ýaraty, Yzda aglaý-aglaý galdy ýekelik. Men geldim, tapmadym ebeteýini, Ak bagtymy çal kül üste çökermäň. Garagymda lemmer-lemmer gussam bar, Ýüregimde gatbar-gatbar çoh arman. …Neçüýn gelenimi sorama, dilber, Düşünäý ahyry sesiň çykarman! 27. Bagtdan ýaňa täleý bizi, Sähra sary getiripdir. Güýzüň egsilmez derdinden Sähra sary getiripdir. Men şol sähraň bendiwany, Sähra çalymdaş durmuşa. Ýollar meniň merdiwanym, Gitsem, dyrmyşa-dyrmyşa. Men ýaşaýşyň bendiwany, Ajal meniň gözlegimde. Gözleginden çykmaz many, Gizlensem ýar gözlerinde. 28. Ýaýla, Ýazlag, Ýazylganlyk. Ýaşlyk ýar, ýagşylyk ýaran Ýagşy ýarlaň ýazgydyna Ýagty ýazlar ýazylgandyr. 29. Gün gülýakaň, Gül-gül ýakaň. Danlak – keteniň, Çägäniň ziresi çöşlän zülpüňdir. Gözleň – garaňkylyk, giden ümsümlik. Asmanda ýyldyzlar – seren gurduňdyr, Üzlen hünjiň – meniň derdim emesmi?! Altyn düýşleň – meň egsilen derdimdir Meniň ömrüm seň ýüregňe deňeçdir. Lebiň – ak çägede yzy maralyň, Ömürylla bozmaz ony gaýdyr ýel. Seni dünýäň ebedilik aýdymna, Müdimilik setir edip ýazaryn. Asmanym sen, ýatdyr saňa ikilik, Saça zere owşan zerewşanym sen. Sähra – dünýäň söýgi hakda pikiri, Çymda biten ýalnyz benewşämsiň. 30. Ak bedew deý ak depeleň gerşinde Al Günüň üzeňňä galyp barşynda Aýdym aýdyp lallaň yhlasy bilen, Körleň gözi bilen dünýä seredip, Men seni gözledim, ýola ugradym. Asmanyň kölgesi, asyklaň ahy Gijeler ak ýyzldyzlardan ugur edip. Men seni gözledim paýu-pyýada, Gündiz tüssä gitdim, gijeler oda. Ýaşlygmyň çygryndan, elwan geljegmiň Sonar ýaýlasyndan gözledim seni, Gyzgyn gözýaşlara dözmedim seni, Dözmedim tümlerde gama batjagňa. Saçlaryňda ak daňlaryň atjagna. Men seni gözledim paýu-pyýada, Gündiz tüssä gitdim, gijeler oda. Bulduň aňyrsynda galan ýyldyzym. Sen çykdyň, çakdyň sen bolup ýyldyrym. Gam laýy bolsa-da guşaklygymdan Tapdym seni, her hal, bagtly ekenik Ýyllaň aýralykdyr muşakgatyndan. Men seni gözledim paýu-pyýada, Gündiz tüssä gitdim, gijeler oda. Ah, ýöne sen meni gözlemänsiň, ýar. Ýollary saçlaň deý çözlemänsiň, ýar. Aýt, nämeden ejap etdiň, üýşendiň. Meni gözlemäniň gowy bolupdyr. Ýogsa ýollarymyz çapraz düşerdi. Men seni gözledim paýu-pyýada, Gündiz tüssä gitdim, gijeler oda. 31. Bilýärdim men saňa sataşjagymy, Duýjagymy gar elleriň ýylysyn, Gözüňden düşjegni yşk ataşlarnyň Gözünden düşjegmi iliň-ulusyň. Bilýärdiň goşjagňy saçlaň örümin Port-port bolan tanapyna ömrümiň, Men ters gitsem kert-kert ýolundan dünýäň Sen mert durup, pert-pert berip salgymy, Ýakyp taşlajagyň Gün gözleň bilen Ers-mers bolan gam gülüni kalbymyň. Täleý takal okap tükezzibana Tutanda, dünýäniň hoş sözün aýdyp, Bilýärdim, ştlygmy tükellemäge Uçan ýaşlygyňy berjegiň gaýdyp. Agaç deý gurasam… ynanýardym men Ragbat boljagyn medet yzgaryň, Oýarjagyň ýaprak pyşyrdyň bilen Meň juda gulagy agyr ykbalym. …Bilmändirin öwüp arşa götersem, Uzakda boljagyň elim ýeterden, Düwün-düwün derdiň düýbüne çöküp. Köýen köňlüň durjagyny ganjaryp, …Ýoldugyňy jümle jahany söküp, Seň özüňe ýetip bilmän galjagyň. 32. Yşkdan agdyryp eňkimi, Gülmäne goýmarsyň sen. Solduryp gül reňkimi, Elwana goýmarsyň sen. Yşk oduna ýanan çydar, Gözleň – goşa ýanan çyrag. Köpi gören ýalançyda, Perwana goýmarsyň sen. Goşa gözleň – goşa däri, Gutulmagyň nedir täri? Lukmanyň destine, däri– Dermana goýmarsyň sen. Zyňyp gamyň ujalyna, Tekge bolup keç ölüme, Nädeýin öz ajalyma, Ölmäne goýmarsyň sen. 33. Abraýym sen meniň, Sen meniň ýaşlygym, ýar! Ýyllar zeper bermesin – Galawer ýaşlygyňa! Yhlaslarym sen meniň – Gözleri şöhlezarym! Gijigip gelen bagtym, Ömrüme şöhle çaýyp. Süýnseň, dogmaz ýyldyzym, Ynanýan örän bek men. Saňa ýöräp, ýyldyza Bolmadym ýören dek men. Jennet düýşlem sen meniň, Görüp ýörün oraşan. Seň baryňda köşge deň Horoşaja oraçam. Goý, Gün deý ýanyp dursun Başlaryňda al öýme. Arzuwlarym sen meniň Sygarmykaň täleýme?! 34. Sen hasratly seda, gussaly aýdym, Gözüňden ýaş dökmän aýdyp bolmajak, Sen, sen, sen, ýaşlygym kakabaşlygym – Aglanyň bilenem gaýdyp gelmejek. Sen – güýz, baglaň ýapragynda saralan, Zeminiň üstünde şat geçen günlem. Sen meň aýdylmadyk aýdymym dälsiň, Sen meň soňlanmadyk aýdymym, dilber! Sen – özüňe juda çalymdaş bir gyz, Ýiti gözi bilen jigerim boýlan. Zemine syr bolup ýapylan gije, Şemal şamu-säher saçlarym oýnan. Sen – duýgy kalbymyň pynhan gatynda, Gazaply ýatlama tupanly-gaýly. Ykrar edilmedik hakykatym – sen, Sen – ret edilen ilkinji söýgim. 35. Güýz sen, ilki söýgim bolman bilsediň, Her ýyl gussa bolup gelmeziň ýaly. Sen gözgyny – şol gözeliň gül sesi Hem çaňňalak çümen elleri ýaly. Ykbalymdy, jyrk sarydy saçlary, Ik ýalydy el degmedik billeri. Ýygralygyň girdabyna gark bolan, Tümlükde ýitiren güýzkeşp dilberim! Oň gözleri gijäň ýaly mawudy. Yssy tapdym uzakdaky odundan. Ara düşdi gyş hem garyň awusy, Ol bolsa güýz bolup galdy ýadymda. 36. Sen gidersiň… menem galaryn, her-hal, Biriniň gözlerne bolarsyň maýyl. Men saňa diňe bir ýaşlygymy däl, Tutuş ömrüm sowgat bermäge taýyn. Sen gidersiň… özgelere hiçdirem, Meň weli kalbymda gar ýagyp başlar. Sen diňe meni däl, undup bilmejek, Ilkinji söýgiňem gidersiň taşlap. Sen gidersiň… ýatlamaklyk kyn düşer, Ýatlamazlyk kyn bor şonça ýüz esse, Sen gitmeseň bagtly bolaryn, dilber! Bilemok nähili boljagyn gitseň?! 37. Aý gara buluda girip barýardy, Bile durduk aşagynda şatuduň. Bagtdan gözleriň balkyldaýardy, Men özümi giň älemde şa duýdum. Keşde saçlaryňy çözläp bilmezdi, Ýaz eli eline darak alsa-da, Inçejik ýodadan saňa barýardym, Ýodaň ýagyrnysy ýara bolsa-da. Ilkinji posany berip öwezne, Ilkinji söýgimi alyp giden ýar. (Indi üýtgeme ýok bu gylygma) Sen düýşde görüp bolýan bagtyýar, Oýanyp aglaýan betbagtlygyma. …Şo günleri unutma ýok, şo günler Gözleriňi söýmän bilmeýşim ýaly. Men-ä ýaňy murty taban ýigitdim, Sen ýetişen gyzdyň ýaňagy hally. 38. Çytma göz-gaşlaryňy Goşgulamda öwenim. Aýa gözýaşlaryňy – Hiç zat dolmaz öwezin! Wysalyňda niçezar Waspyň sygman sözlerme, Kaddyň sygman gözlerme, Ýaşadym men nije ýaz. Sen bagtymyň boýçusy – Şoňa taňryýalkasyn. Men – seniň gözýaşlaryň – Maňlaýyňa ir gasyn. Ýowuz durmuşyň käri Şeýle-de bolýar köplenç. Aýala – öýüň täri, Erkek adama – eklenç. Guwan al-al güllere, Düşün päkize gülkä. Aýa geljek günlere – Gözýaş seniň özüňk-ä! Häzir ýürek bilen aň Söweş gurýar manysyz. Sözüm ýürek bilen aň – Gözlerimden many syz! Bu zatlar soň bilinýär, Şatlyklardan aýňalyp, Ömürden soň – ölüm bar, Söýgüden soň – aýralyk. 39. Aglama, dünýäm, aglama! Goja dünýäň derdi çökder. Ol, barybir, bize dözer, Ol, barybir, bizden ökde. Aglama, dünýäm, aglama! Aglaňda dünýäniň derdi Egsilýän bolsa, bu çaka dert gar dek erär giderdi. Aglama, dünýäm, aglama! Neçüýn ýaşyň akdyra sen. Bize ýeke kysmat galýar, Bermek galýar takdyra ten. Aglama, dünýäm, aglama! Jepalarda diýme “Kyn-ow!”. Dünýä iň ýowuz derdini Adamlarda edýär synag. Aglama, dünýäm, aglama! Hiç-ä oňa dat edeniň. Aglaňda dünýe şat bolsa, Ony türkmen eneleri Şu wagta çen şat ederdi. Aglama, dünýäm, aglama, Bizem şatlanmana hakly. Kim tapdy ýitiren bagtyn, Kim agtaran bagtyn tapdy?! 40. Gözel gyzlar, menem birçak siz ýaly Lebleri köz ýaly bir gyzy söýdüm. Bu onuň şanyna hasrat bilen, Gam bilen ýazylan iň soňky aýdym. Onuň düşbi, meşhur gözleri mydam Kän gözlerden maňa gülüp bakardy. Meniň mejbur, mejnun gözlerim mydam Boýy baýdak, aý dek gyzlaň içinden, Lebi oýmak, gaýmak gyzlaň içinden, Märekeden ony gözläp tapardy. Gaýyp boldum yşkyň howasy bilen Bu dünýeden dem salym. Jadylady yşkyň dogasy bilen Leblerine dem salyp. Ýumşakdy gije saçlary, Gündiz ýaly ýagtydy. Gözün gamaşdyryp şowa täleýmiň Seljertmedi bagtymy. Ak alkymy – ak ýaşlygym, Onuň gar deý süýji lebi – Meniň süýji ýatlamalam, Undulmaz, gaýdyp gelermi?! Gara saçy – gara bagtym, Gara gözi – gara gam. Gyýma gaşy – kösemäge Ulanan täk ýaragy. Şat gülküden galan gamly ýylgyryş Baş söýgüden galan ýalňyz posa deý, Jübimde galanda gara şaýylam, Gerdenine tylla saçy ýaýylan Sygan aýalyna pal atdyrdym men. Şeýdip, öz apgyrdy giden bagtymy Bejertdim men, oňa nal kakdyrdym hem. Ýatlamalam dama-dama tükense, Dilämok iňrigiň garalaryny. Ol kesewi kibi, demir tiken deý, Gorsaýar, gozgaýar ýaralarymy. Ýygralykda artdy ýene bir gümmez, Ine, baş söýgimden ybarat şular. Şatlygymyň gölegçisi şo günler. …Gelerine garaşyp zyýaratçylaň Sak müjewür kibi otyryn indem. 41. Ýazgarma aýralyk ýelin, Günä gözleme özgeden. Ykbal duşurardam weli, Seni özüme dözmedim. 42. Birçak saňa sowgat bogulan çemen Dur öýüň töründe şu günlere çen. Seniň lebleriňe meňzeş çemende Şol günleň yzy galypdyr Hem onda Seň utanjaňlygyň, meň ýygralygmyň Ysy galypdyr. 43. Gögeledim, sataşdyň Sen, sen dünýäň manysy, Yzlaý-yzlaý ýadaýyp, Seni saçyp bilmedim. Ummanlarda çat açdy, Çökdi yşkyň gämisi Hoş gal, wysal gämisi, Hoş gal, wysal adasy, Seni açyp bilmedim. 44. Saňa şu suratym ýadygär galsyn, Bilip bolmaz, günleň bir güni birden Ýalňyzlyk öňünde bolsaň mejalsyz, Gussaly gözlerme seredip bir dem, Duýarsyň şat ýaşlygmyň sowlanny, Diýersiň “Nähili gowy oglandy”. 45. Düşünmezlik eken, çagalyk eken, Ilki söýgimize “agalyk” eden. Ýygralyk eken. Şolaryň bary bilen, Sensiz geçirlen günleň Ahydyr zary bilen, Sen meni bagyşla, ýar. Men seni bagyşlaýan. Bizi duşurmadyk gijelermizi, Ýatlasam, ýatmasam gijelerine, Aý aglap bakar. Şolaryň bary bilen, Sensiz geçirlen aýlaň Ýagmyrdyr gary bilen, Sen meni unutma, ýar. Men seni unutmaýan. Bilmedik biz bagtyň nirde uklanyn. Ýyllar bizi aýra salan ykbalyn, Bar syryn açar Şolaryň bary bilen, Sensiz geçirlen ömrüň Ysgyn mydary bilen, Ýalňyz galsaň, agla, ýar! Menem käte aglaýan. 46. Güýz güli ýalydyň sen, Güýz güni ýalydyň sen. Gerdeniňde saçlaryň Güýz ýeli ýalydy seň. (Gökde agladyp Aýy, Suw roýuňda hudaýyň Durlanyp dur didary). Gaşlaň yşkyň ganatydy, Ruhumy arşa göterdi. Gözleň gamdy, bolarmy heý, Dertleriň şondan beteri. Bulançakdyr tereň derýa, Çyn söýgi gaýgydyr, gamdyr. Seni bendesine dözüp, Gudraty güýçlem ýalňyşandyr. Seniň beren betbagtlygňy Çalyşman özgäň bagtyna. Ölümreň saçlaň tümlügniň Ýanynda şöhle, ýagty nä?! Çyn söýgi aýralyk eken, Merdana bol, Döz synaglaň kynyna. Seniň derdiň meniň kalbyma çöker, meň gözýaşym seň didäňden syrygar. 47. Durmuş çylşyrymlydyr Pikir edişiňden has. Dostuň ýanynda ýat bar, Toýuň gapdalynda ýas. Bilip bolmaz, Durmuş nämeler eder, Seniň kalbyň tämiz, Mämeleriň ter, Bilýärmiň, Söýginiň ody barlygyn Hem howrunyň Öçmejegni hiç haçan. Ýyllar köýen söýgiň Ýadygärligiň – Tükenmez dertleriň Üstüni açar. Yşkymy gözläp keşbiňden, Keşbimi gözläp çeşmiňden, Belalaryň beteriniň Ötüginden öterin men. Ýollar wysala ýetirmez, Düýşde saňa ýeterin men. 48. Söýgi – köňülleriň Güni. Söýginiň derdem datlydyr. Söýgä aýralyk – oda ýel. Söýgini ýitirseň gelmez. Söýgüde utulýan ýokdur. Söýgüden gutulan ýokdur. 49. Säherde ýaradandan, Baharda ýagmyrdan Dilegim sensiň. Dyrmalap ýaralarmy, Gyýym-gyýym edip, Dilenim sensiň. Içki dünýämiň al Güni, Aýlanagan, Çarhy-pelegim sensiň. Ýüzi – perişdäň ýüregi. Dünýäsi, hudaýpisint Melegim sensiň. 50. Dünýäde iň gamgyn odam, Söýgi atly beladandyr. Dünýäde iň ýalňyz adam, Söýgüsin ýitren adamdyr. 51. Özi ýalan dünýäde, Çyny gözläp kösendim. Özi ýanan dünýäde Ýanmajak, Tenmejek Sönmejek bolup, Seni gözläp kösendim. Etmedik günälermiň, Gamlarynyň lemmeriniň, Tümleriniň içinde, Güni gözläp kösendim. Bu bimany dünýäde Weli gözläp kösendim. 52. Gaýyp bolan leglegim, Hasratlara eýlenen, Dideýi zarym meniň. Ýalňyzlyk suraty sen. Sähranyň şorasy dek, Täleýi şorum meniň. Aý ýüzünde üç köz bar – Bir lebdir iki göz bar, Roýy nurum meniň. Ýekelik basmarlasa, Ýek ýerde, asmanda-da, Kaýda kararym meniň?! Yşkyň ody dälmi şu, Aldyr, akdyr, mämişi Ýürekde narym meniň. 53. Seni gülkä-de dözmedim, Nädip ýaşa dözüp bildiň?! Seni toýa-da dözmedim, Nädip ýasa dözüp bildiň?! Sen syr kibi aýanymdyň, Nädip paşa dözüp bildiň?! Seni güle-de dözmedim, Nädip daşa dözüp bildiň?! Gaýga, aýralyga, aga – Näçe zada dözüp bildiň?! “Ýakynym sen” diýip nädip, Ýedi ýada ýada dözüp bildiň?! 54. Yşk ody durdy köräp, Dideleriň gylawyndan, Alawyndan, ezizim. Maraldyň gitsem sorap, Türkmenleriň awlagyndan, Ýaýlasyndan, ezizim. Näm üçin ýüzüň sowuk, Ala dagyň bulagyndan, Buzlaryndan ezizim. Bilmedim seni gorap, Özgeleriň aldawyndan, Allaryndan ezizim. 55. Ýüregimi perişde deý goraglan, Kalbymyň permandyr şasymysyň sen?! Gijeleriň ýyldyzlarna – soragna, Ýalňyzlygyň berýän häsimisiň sen?! Asmanymda durna, sähramda jeren, Ganatly gülüm sen, ýöreýän çemen. Ilkinji söýgimiň ýürege daman, Didesinde katra ýaşymysyň sen?! Bir gün, ýaraty guş gökde pel-pelläp, Gamgyn bosagaňa, ýykylar ýerläp, Şol meniň söýgimdir, tanarsyň elläp, Şol guşuň alnynda asymysyň sen?! Üýşüp dünýäň ähli masgarabazam, Aglaýan ýüregme bermezler aram. Sönmez, dünýäň ähli derýasy az bor, Ýüregmiň öçmejek odumysyň sen?! Roýuň – asmanda Günüň halkasy, Aý aýlanar, bolup gamgyn halkasy. (Saňa şoň üçinem taňryýalkasyn!) Söýgimiň hakyda – ýadymysyň sen?! Gussam tüsse bolsa, tutar älemi, Tümlükmi ýa bize yşkdan galany, Durkuň söýgi mazarynyň älemi, Ýazanda ýaşlygyň ýasymysyň sen?! 56. Girmerin men, maňa berilen ömrüň Gözýaşyn döküp gutarman, Armanyn çekip gutarman. Ykbalymyň ýollarynyň Baryny söküp gutarman. Gitmerin men, däli deňizde ýüzüp, Derýada akman, Seniň gözýaşyňdan bir monjuk düzüp, Dünýäň boýnuna dakman. Gitmerin men, goýup jennet ýurdumy, Söýgimiň perişan halyny eşdip, Aýralyk ýolundan haly ýüwürdip, Salmazymdan ozal bazara yşkyň. Gitmerin men, titrek-ýaprak ýüregmiň, Ähli pyşyrdysyn diňlemeseň sen. Ýowuz kysmat düşäýmese bijäme, Men gitmerin, umydym kän, kän tamam. Dünýäň o çetinde aşyk biçäre, Sözlerimi okap, söýgimden tanar. Men gitmerin, aýny ýaşda delmuryp, Öz ilimiň zybanynda görk bolman. Ýakan otlaryňa özümi urup, Seniň gaýnag gözýaşlarňa gark bolman. Men gitmerin ýaşap, ýadap, ýorulman, Uluglaň içinde görünmän göze, Gaty başym suwa, daşa urulman, Ömrümi öwürmän setire, söze. (Uly söze toba) bolman ikindi, Duşmanlarmy aljyratman gitmerin. Olaryň men hakda ýalan pikirni, Mäjum-mäjum mynjyratman gitmerin. Gitmerin men, dünýäň düýbünde aýdan – diýen sözüm arşda bomasa mälim. Gitmerin men, ýolda ýeňilip gaýdan, Söýgüdigne göz ýetirmän hudaýyň. 57. Sen menden baky gitmersiň, ýaň bolup dolanar sen, Al şapak kimin saralyp, tüm bolup dolanar sen. Gündizler ykbal bolup, gijeler ahwal bolup, Mana düşüp, dile düşmez güň bolup dolanar sen. Keşbim gözläp özgelerden, sen gam çekip, özge ýerde Sen düýpgöter özgerer-de, geň bolup dolanar sen. Baky däl yşnak, höwes, seri berk, ykbaly pes, Geleni gelmäni des-deň bolup dolanar sen. Men özümden daşlaşaryn, eý ömürlik baş goşanym, Wagtlaýyn hoşlaşanym, kim bolup dolanar sen?! 58. Belki men seni taparyn Dünýäniň ajap bagynda – Aňyrsynda gözýetimiň, Boýundan çasly akaryň. Ýa dünýäň ajal dagynda – Arasyndan ezýetimiň. Belki, men seni taparyn Ýollara azap getirmän, Ýürege ýetirmän arman, Sepinden set müň matalyň. Seni golaýma getirmän, Seniň golaýňa barman. Belki, men seni taparyn, “Ilden yrak ýat ülkede”. Saýasyndan gam agajyň, Ýeňip ýollaryň hataryn. Aralyga ýas düşse-de, Belki, kabul bolar hajym. Belki, men seni taparyn, Aňyrsyndan gözýetimiň. Paýym düşmedik bossanym, Demim düşmedik dessanym, Hiç bir zada dözmedigim. Belki men seni taparyn Tapmajagma göz ýetirip… Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |