08:16 Kellebaşaýak | |
KELLEBAŞAÝAK
Medisina
Geçen ýyl amerikan metbugatynyñ üns merkezinde dümew bardy. Kesele gözegçilik etmek we öñüni alyş merkeziniñ (CDC) mälim eden görkezijilerine görä, dümew 2017-2017-nji ýyllarda 80 müñe golaý adamyñ ölmegine getirdi. Bu soñky otuz ýylyñ iñ ýokary görkezijisidi. Ondan öñ iñ ýokary görkeziji 56 müñdi. Geçen dümew möwsüminde bolsa 61 müñ adam öldi. Dünýädäki ölümleriñ umumy sany näçeräkkä? Anyk bilýän ýok. Çak boýunça "1-1,5 million aralyk". ABŞ-da dümewden ölümler artyberensoñ, “sebäpleriñ” üstünde durulmaga başlandy. Mysal üçin… Orta çykan hakykatlardan biri şu boldy: Dümew waksinalarynyñ täsiri 47%. Emma mutasiýa geçirýän wirus sebäpli täsir ediş 9%-de galyp, bütin möwsümiñ dowamynda waksinanyñ esasy täsir ediş ugry 29% bolup galdy! Ölenleriñ arasynda waksinasiýa (привывка) etdirenlerem bardy. Segsen müñ adamyñ dümewden ölen ýylynda ABŞ-da 145 million adam waksinasiýa etdiripdi! Waksinasiýanyñ dümewiñ öñüne doly böwet bolup bilmeýşi ýaly dem alyş ýollaryndaky infeksion howpy 4,4 esse artdyrýandygy-da belli boldy! Professor Maýkl T.Osterholm - ABŞ-da biohowpsuzlyk we ýokanç keseller boýunça hünärmen. Ýokanç keseller boýunça ylmy-barlag we syýasat merkezi (CIDRAP) guramasyna degişli "Dümew barlaglary we gözegçilik merkezleriniñ (CEIRS) müdiri. Ol şeýle diýýär: "– Waksinany aşa köp mazamladyk we çişirdik. Aslynda ol mazamlanyşy ýaly gorap bilenok. Hemmesi söwda-satuw oýunlary, halkyñ gözüni boýama işi". Gepi süýndürip durjak däl. Çekişmeler peýdaly bir netijäni orta çykardy: Kellebaşaýak! ■ ESASY GÜRRÜÑE GOŞMAÇA Professor Janan Karataýyñ koronawirusdan goranmak üçin kellebaşaýak iýmegii ündemegi gyzgyn seslenme döretdi. Kellebaşaýak sosial medýada “keýik muhabbetine” döndi. Belli bir gatlak “näme üçindir” hötjetligine tutup professor Karataýa düşünesi gelenok! Halypanyñ aýtmak isleýän zady - immunitet goragynyñ güýçlendirilmegi. ABŞ-da "kellebaşaýak" iýmek baradaky maslahat boýunça şübhesiz ironiýa etdim! Emma. Aýdylanlar meñzeşdi: “ - Dümewe garşy immunitet goragyñyzy güýçlendiriñ!” Professor Karataý ABŞ-daky käbir kärdeşleriniñ sözüni gaýtalaýar: " - Immunitet goragyñyzyñ güýçlendirilmegi üçin kelem, turp, baldyrkök, sarymsak, sogan, şugundyr, ýumurtga we kellebaşaýak ýaly önümleri iýiñ…" Şeýle-de: Dümewden ölýänleriñ sany artyp başlady welin, ABŞ-da immunitet goragyny nämeleriñ peseldýändigini-de ünsi çekdiler: industrial taýýar önümler, dermanlar we ş.m-ler. Mesele şu: Immunutet goragynyñ öýjükleriniñ 70%-niñ içegelerdedigini bilýärsiñizmi? Içegelerdäki peýdaly bakteriýalar-probiotikler näçe köp bolsa, näçe dürli-dürli bolsa, şonça-da immunutet goragyñyz güýçli bolar. Bir tarapdan tertipsiz iýmitlenme, bilmän ulanylan dermanlar sebäpli dost bakteriýalar zyýan çekýär, netijede immunitet goragyñyz güýçsüzleşýär we bedeniñiz diñe dümewe däl, her dürli keseli kabul edip almaga açyk ýagdaýa gelýär... Şeýle-de bolsa kapitalistik medisina garaýşy “waksinadan” başga söz eşdesi gelenok! ■ AT ÄÝNEGI Sferalaýyn derman şereketleriniñ “goldawy bilen” kapitalistik medisinany götergileýän “ylmy-populýar” žurnallary çykarýanlar koronawirus arkaly halky gorkuzmagy özlerine maksat edindiler: “ - Waksinasiýa etdirmändikleri üçin ýüz ýyl mundan öñ ispan dümewinden 50-100 million adam ölenmiş!” Ölmän galanlar näme onda? Hawa, ölenler kän boldy, beýlekiler näme üçin ölmedi? Sebäbi, biriniñ immunitet goragy pesdi, beýleki biriniñki bolsa ýokarydy! Meseläni waksinasiýa etdirmändikleriniñ üsti bilen analiz etmek göz-görtele ynsapsyzlyk dälmi eýsem? Koronawirusdan garrylaryñ we hroniki keselleri barlaryñ has köp ölmesi-de hut olaryñ immunitet goraglarynyñ pesliginden gelip çykýar. Şuny aýratyn nygtap geçesim gelýär: Kapitalistik medisina garaýşy adamlary netijä garaşly hala düşürip goýdy. Ýogsam bolmasa, medisina düşünjesinde ilki nobatda näsaglykdan öñki saglyk ýagdaýyña ünsli bolmakdyr. ("Saglygyñ gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun" diýen dana pähime eýerip... -t.b.) Ýagny, maksat - keselletmezlikdir. Kapitalizm sizi gorkuzyp, meselem wiruslar meselesinde “Wah, şonuñ waksinasy tapylaýsady...” diýen pikire baglaýar. Waksina tapylsyn, kimiñ oña garşylygy bar. Emma industrial iýmitlerden tä howanyñ hapalanmagyna çenli bolan ähli zyýanly tebigy täsirleriñ immunitet goragyna urýan weýran ediji zarbalarynyñ üstünde-de durulsa gowy bolmazmy? "Dile geldi - bile geldi", ýeri gelende aýdyp geçeýin; kimdir birileri meniñ “tamamlaýjy medisina” düşünjesine arka çykyp, waksina duşmançylygyny ýöredýändigimi aýdýarlar. Gülkünç. "A" harpyndan şermende, bilýän zatlary ýok. Tamamlaýjy medisinanyñ özenini “meñzeş - meñzeşi bejerer” düşünjesi düzýär: “Bir adamy näsag eden zat ony sagaltmaga-da ukyplydyr!” Ýagny, waksinada eýerilýän düzgün! Emma tapawutlanýan ýeri şunda: “ - Her bedeniñ tapawudy seljerilmezden ilaty uçdantutma waksinasiýa etmek iññän howpludyr…” Esasy gürrüñimize dolanyp geleliñ. Netijede: “Koronawirusyñ waksinasy tapylmasa men näme ederkäm?” diýip, ýas tutup ýörmäñ, immunitet goragyñyzy güýçlendirmäge çalşyñ! Ýogsam, her dümew möwsüminde şol bir gorkyny ýüregiñize salar durarlar… Soner ÝALÇYN. 28.02.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|