KERIM AGANY ÝATLAP...
Bir gezek Kerim agalarda otyrkam, täze gelen gazet-žurnallara ýüzleýje göz gezdirdim-de, okara zat ýok hasaplap, olary ýene-de ýerinde goýdum. Şahyryň ýüzi çytyldy:
– Näme okara zat tapmadyňmy? – diýdi-de, “Komsomolskaýa prawda” gazetini elime tutdurdy:
– Men ýuwnup gelýänçäm, 4-nji sahypasyny başdan-aýaga çenli oka, soňundanam okan zadyňy gürrüň ber.
Seretsem, şol sahypada “Jokonda bilen duşuşyk” atly makala bar eken. Onda dünýä meşhur suratkeş Leonardo da Winçiniň ölmez-ýitmez eseriniň Moskwa getirilişi, onuň döreýşi... hakda gürrüň berilýärdi. Suratkeşiň bu meşhur eseriniň adyny ozal kem-käs eşiden bolsam-da, ruhy garyplygym zerarly oňa üns bermändirin.
Makalany demimi alman okap, “Be!” diýenimi özümem duýman galypdyryn. Soň görüp otursam, Kerim aga diňe çeper edebiýat bilen däl-de, sungatyň ähli görnüşi bilen-de içgin gyzyklanýan ekeni...
Şahyr bir gezek iki ullakan depderçäni meniň öňüme atdy. Men aňk bolup galypdyryn. Iki derderçäniň içi-de keşde ýaly hatdan püre-pürdi. Şahyr XV asyrdan başlap, tä şu günki güne çenli dünýä meşhur suratkeşleriň taryhyny, olaryň iň ajaýyp eserleri hakyndaky pikirlerini ýaltanman, şol depderçelere geçiripdir. Ol ýönekeý ýazgylara däl-de, uly bir poema meňzeýärdi. Dünýäniň žiwopis eserlerini öwrenmek üçin diňe şol iki depderçäni okap çykmak hem ýeterlik hasap etdim.
Şahyr bolmak üçin çeper edebiýatdan başga-da, näçe-näçe zatlary öwrenmelidigini men şonda ýene-de bir gezek bilip galdym.
Kerim aga bir ýere gidip gelse, mümkin boldugyndan, dostlarynyň adyny tutup, kitap, galam, otkrytka, galstuk, nyşanjyk ýaly sadaja sowgatlary gowşuryp, göwünlerini awlaýardy. Maňa N.Saryhanowyň, R.Seýidowyň, Ş.Petefiniň, W.G.Korolenkonyň bir tomluk kitaplaryny, şeýle hem S.Demidowyň “Türkmen öwlatlary” diýen kitabyny Kerim aga sowgat edipdi. Kitaphanamdaky Mikelanželo hakdaky “Titan” atly kitaby okamaga alyp, “soň bir gün gülüp ýatlarsyň” diýip, degşip-gülşüp, öz kitabymy özüme goluny çekip “ýadygärlik” beripdi.
Menem halypama kitap ýa-da şoňa meňzeş bir zatjagaz sowgat edäýmesem, başga sowgat edere ýagdaýym ýokdy, ol menden, asla hiç kimden zat hantama däldi. Ýöne menem mahal-mahal “saçaga saçak gaýtarasym” gelýärdi. Gepiň gysgasy, dürli ýyllarda ussadyma R.Gamzatowyň iki tomlugyny, F.Wiontyň goşgular kitabyny, Ý. Ýewtuşenkonyň bir tomlugyny, A.Twardowskiniň, Ý.Bondarýewiň, W.Brýusowyň... publisistik kitaplaryny, “Puşkiniň dostlary” atly tomlugy sowgat berip, ony begendirenim ýadyma düşýär. Bir sapar hem “Petrarkany” eltdim. Şonda ol çaga ýaly begenip, kitabyň eýlesine-beýlesine, sahypalaryna çalt göz gezdirip, kitap tekjeleriniň biriniň öňünde goýup, ol kitabyň ýüzüni bärik öwürdi-de:
– Bu gün Daşgynyň sowgady
Petrarka! Petrarka!
Gör, bakaly, Kerimlerde
Ol nähili oturarka?! –
– diýip, gülüp gönendi.
Men onuň täze rifmasyna haýran galyp gutlapdym. Kerim aganyň ululygyny, ussatlygyny, ýitiligini şunuň ýaly garaşylmadyk pursatlarda, köplenç göräýmäge kiçijik zatlarda duýýardym.
***
Kerim aga şeýle diýdi:
“...Ilki düşünilmän, sada ýazylýar, soň düşnüksiz, çylşyrymly ýazylýar, ondan soň bolsa, düşünilip sada ýazylýar. Düşünilip, sada ýazylan goşgular ýaşar...”
***
“...On bir bogunly setiriň içinde on bir müň sany öwüşgin, reňk bar...”
***
“...Gowy ýazyp öwrenseň –gowy ýazarsyň, ýöne goşgy barha kyn düşer...”
***
“...Bir bendi göwnüme jaýlaman, ikinji bende geçemok...”
***
“...Klassyky (nusgawy) formada kapyýanyň ýörite gözlenendigi bildirilmeli däldir. Bildirse – goşgynyň gowşaklygy. Kapyýa mazmundan gelip çykmalydyr...”
***
“...Ýazyp oturan eseri awtoryň özüni hem terbiýeleýär, ýöne awtor tebigy zehinli bolmaly...”
***
“...Poeziýada şahyry ösdürmegiň ýollary bolýar. Ýörite öwgi hem, ýörite döwgi hem, ikisem zyýanlydyr. Gabady gelende hersinden azajyk. Döwgi köpräk bolsa, kem däl...”
***
“...Poeziýa öz başlangyjyny içki güýçli urgudan, sarsgyndan alyp gaýdýan bolmaly. Şahyr soň-soňlaram ýagşy-ýamana, haýyr-şere gatyşyp, durmuş tarapyndan “urlup” durulmaly.
***
“...Goşgy ýazýarkam, okyjy barada pikir edemok. Okyjynyň goşgymy halajagy ýa-da halamajagy hakynda oýlanmaýaryn. Diňe goşgyny gelşi ýaly kagyza geçirmegiň aladasyny edýärin...”
***
“...Adamlaryň arassa, halal, dogruçyl wagty poeziýa gerek, tämizlik bolan ýerde poeziýa bolan zerurlyk ýüze çykýar. Ähli gürrüň pul, zat hakda barýarka, poeziýa ikinji derejeli bolýar. Poeziýany kemsitmek – günädir...”
***
“...Daşgyn, sen köplenç Gündogar poeziýasyna ýykgyn etjek bolýaň. Bu erbet däl, ýöne Gündogar poeziýasyna Ýewropa poeziýasyny “goşup” ýazsaň, has oňat bolar...”
***
“...Goşgyňda aýtjak bolýan pikiriň, mazmunyň ýaly görünýänçä, göz öňüne gelýänçä işle! Özüm-ä şeýdýän. Şahyr – suratkeş bolmaly. Onsoňam, goşgyny her gün ýazmaly dälmikän öýdýän. Içiň, ýüregiň dolanda ýazylsa, goşgy gider oturar...”
***
“...Döredijilige ýaňy baş goşan ýyllarymda ýoldaşlarymyň biri: “Gapyny içinden gulplap işle, biri sorap geläýse-de öýdäkilere “ýok” diýdir, her gelen bilen gümür-ýamyr edip otursaň, eden işiň bolmaz” diýdi. Menem şeýlemişin diýip, bir gezek, onuň maslahatyna eýerdim. Ýaňy stoluň başyna geçipdim, şo mahalam biriniň meni soraýandygyny, tabşyryşym ýaly, çagalaryň hem: “Kakamyz ýok, bir ýere gitdi” diýenlerini içerde oturan ýerimden eşitdim. Hany, onsoň, ýazybilseň ýaz-da?! Galdym bir alada. “Näme üçin geldikä?”, “Gyssaglymyka?” diýip, uzyn günläp, öz-özüme sorag berdim oturdym. Şeýdibem, tutuş bir günüm biderek geçdi. Şodurda-şodur gaýdyp beýden däldirin. Beýle häsiýet ganyňda bolmasa, bolmajak eken.”
***
“...Sahy aga bilen Magtymgully Garlyýew. Şu iki bagşynyň aýdymyndan hiç haçan doýup bilemok. Olaryň aýdymlarynyň ruhuny men öz ruhuma golaý görýän. Şonuň üçinem bolsa bilemok, bu iki bagşy aýdanda, men işimi goýup diňleýän. Bular meniň üçin beýik bagşylar, bular şol beýikligine-de galsa gerek.
Sahy Jepbarowyň Magtymgulynyň sözlerine “Dogdy asamanyň Zöhresi...” diýip, başlanýan goşgusyna “Bu gün” diýen aýdymyny, “Jelil” diýen aýdymyny, “Sataşdym”, “Baga seýle”... ýaly aýdymlaryny, Çuwal bagşynyňam “Derdiňden”, “Daglara”, “Ýandym”, “Näzliniň” ýaly aýdymlaryny uzyn gün oturyp diňlemäge taýyn.
Bagtyma, Sahy aga bilen dostlaşmak nesip etdi. Çuwal bagşy Sahy aganyň dosty ekeni. Sahy aganyň dostlary – meniňem dostlarymdy. Gabat gelşen bolsam, Magtymguly Garlyýew bilen hem edil Sahy aga bilen dostlaşyşym ýaly dostlaşyp, gatnaşardym...”
Hudaýberdi DIWANGULYÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Ýatlamalar