10:02 Kerwenbaşynyñ çarkandakly ýoly | |
KERWENBAŞYNYŇ ÇARKANDAKLY ÝOLY
Edebi makalalar
Türkmen edebiýatynyň mysalynda dünýä derejesinde gürrüň edilende Berdi Kerbabaýewiň ady M.Şolohow, A.Korneýçuk, M.Rylskiý, A.Unit, W.Latis, M.Auezow, S.Aýni, M.Ibragimow... ýaly onlarça söz ussatlarynyň ady bilen deň tutuldy. Görnükli rus şahyry Alekseý Surkow Berdi Kerbabaýew hakda şeýle ýazdy: «Berdi Kerbabaýewiň çuň mazmunly, adamkärçilikli, durmuşy söýüjiligi öwredişi, geljege okgunly döredijiligi tutuşlygy bilen onuň şahsy häsiýetine – durmuş söýüjilik, irmez-armaz, kuwwaty egsilmez ýaş ýüreklilik, biziň joşgunly durmuşymyzdan täzäni ýadawsyz gözleýjilik häsiýetine öwrüldi». Görnükli özbek ýazyjysy Askat Muhtar bolsa «Berdi Kerbabaýew – türkmen halkynyň ruhy taýdan ägirt uly ösüşiniň aýgytly ädimi» diýdi. Elbetde, Berdi aga hakda dünýäniň parasatly adamlarynyň aýdan zatlary bir ýa iki däl. Onuň egsilmez zehinine, belent adamkärçiligine çuňňur sarpa goýulýardy. Berdi Kerbabaýewiň «Aýsoltan» powesti dünýäniň 30 dilinden gowragyna, «Aýgytly ädim» romany bolsa 20-ä golaý dile terjime edilip, dünýä ýüzüne ýaýrady. Biz şu ýazgymyzda onuň döredijiligi hakda, ussatlygy hakda, ýa bolmasa, onuň derejeleri hakda däl-de, onuň geçen uzak ömür ýoly hakda birki agyz aýtmakçy. Bu ýol örän-örän güzaply bolupdy. Üç gezek türmede oturyp, şan-şöhratynyň ýetjek derejesine ýetip ýören wagtlary hem dürli ýanalmalara sezewar edilen, tutuş ellinji ýyllar Berdi aganyň niçik sabyr-takatly, çydamly, kanagatly, kynçylyklaryň öňünde ýaýaplaman ýaşandygyna göz ýetirýäris. 1974-nji ýylda bolsa, Berdi aganyň ýaş toýy mynasybetli gazet makalasyny ýazan professor Mäti Kösäýewiň soňky ömrüniň nähili pajygaly bolandygyny bilmeýän ýokdur. Professoryň «Turan aksakaly» Berdi Kerbabaýew bolsa töhmet labyry atylan öz dostuna hemaýatyny ýetirip bilmän amanadyny tabşyrypdy. Türkmeniň adyny arşa göteren Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyny hem belläp bilmändigimiz ýadyňa düşende ýüregiň gyýylyp gidýär. Indi bolsa täze Galkynyşlar zamanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öz tagallasy bilen öz ägirtlerimiz hakynda buýsanyp gürrüň etmäge, olara guwanmaga bize giň ýok açyldy. Munuň üçin biz hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarys. Dogrudanam, halkyň halan ogly türkmen edebiýatynyň kerwenbaşy Berdi Kerbabaýewiň ömrüniň çarkandakly ýoly hakynda gürrüň etmäge, ýazmaga zat az däl. Ine-de, Berdi Kerbabaýewiň öýüni (şol wagt Berdi aga Garagum köçesiniň 3-nji jaýynda ýaşaýan eken) dökmek hem-de ony tussag etmek üçin 1932-nji ýylyň 18-nji maýynda GPU-nyň işgäri Gudanowa berlen 7-nji belgili order biziň elimizde. Tussag edilen Berdi Kerbabaýewe 1932-nji ýylyň 5-nji dekabrynda sorag edilendäki protokola ser salalyň. Şonda biz onuň nähili betpygyllara ýöňkelip türmä basylandygyny göz ýetireris! Berdi Kerbabaýewiň düşündirişinden: « – 54-nji maddanyň 2-nji bölümi we 54-nji maddanyň 4-nji bölümi boýunça men özümi günäkär saýamok we maňa ýöňkelýän punktlary inkär edýän. 1. Ne Türkmenistanda, ne-de başga ýerde men haýsydyr bir kontrewolýusiýa guramada gurmadym. Türkmenistanda kontrewolýusion guramanyň sanyndan habarym ýok. Mundan öňki soraglarda men Türkmenistanda maňa belli aýry-aýry adamlaryň milletçilikli işleri barasynda giňişleýin görkezme beripdim. Tejendäki «Dokuzlyk» atly söwda kompaniýasynyň hiç hili syýasy iş bilen meşgullanmandygyny tassyklaýaryn. 2. Men özümiň türkmen ylmy-edebi jemgyýetine aktiw gatnaşandygymy tassyklamak bilen, onuň öz öňünde hiç bir hili kontrewolýosion maksat goýmandygyny aýdyp bilerin. Ýöne jemgyýetiň milletçilikli häsiýetden ugur alandygyny weli boýun alýan. Olam jemgyýetiň agzalygyna adamlaryň sosial gelip çykyşyna garamazdan, kabul edilmegi sebäp boldy. Şonuň netijesinde-de jemgyýetiň hatarynda sosial ýat elementleriň köplügi emele geldi. Şeýle hem jemgyýet sosial ähmiýetiň doly seljermän, köne türkmen şahyrlarynyň eserlerini ýygnap, olary neşir etdi. 3. Türkmen intelligensiýasynyň ýokarky gatlagynyň meniň gatnaşan söhbetdeşliklerim hakda ozal görkezme beripdim. Bularyň kontrewolýusion-milletçilikli agzalarynyň maslahaty bolandygyny inkär edýärin. 4. 1926-njy ýylda Bakuwda geçirilen türkologik gurultaýyndan gaýdyp gelen delegasiýalaryň azaşyk toparyň öňünde doklad bilen çykyş edendigimi ýa-da azerbaýjanly we beýleki milletçiler bilen bolan gürrüňçilikler hakda aýdan zatlarym ýadyma düşenok. Magaryf işgärleriniň 1928-nji ýylyň başynda bolan gurultaýy döwründe men Leningradda okaýardym. 1930-njy ýylda Aşgabatda Türkmenkultuň ylmy konferensiýasy geçen wagtlarynda men onuň işine gatnaşdym, ýöne kontrewolýusion-milletçilikli häsiýetdäki gürrüňleriň hiç birisine-de gatnaşamok. 5. 1927-nji ýyla çenli döwürde («Tokmak», «Türkmenistan») meniň edebiýat işimde ideologiki ýalňyşlyklar boldy. Men olaryň köpüsini soň düzetdim, bular meniň gündelik işimde bolupdy. Edebiýat işimde men hiç bir kontrewolýusion – milletçilikli guramanyň hiç hili tabşyrygyny alamok we olary ýerine ýetiremok. 6. Antisowet wagzy, aýratynam ýaragly gozgalaň hakdaky wagzy hiç haçan alyp barmandym. 7. Men Tejende hiç hili jemgyýetdir guramany ne özbaşdak özüm ýa-da Burunow bilen döredemok. 8. Antisowet guramasy ýa-da antisowet maksatlar üçin hiç haçan hiç hili serişde ýygnamok. Ýöne bir gezek öz öňki mugallymym Kemal Nogaý üçin (tatar adamsy) zerur wagty 60-70 manat pul ýygnadym. Başga hiç hili görkezme berip biljek däl». Kontrewolýusion guramada duranlygy üçin aýyplanýan Berdi Kerbabaýew bilen Garaja Burunow 1934-nji ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň adyna özleriniň ýalňyşandyklaryny boýun alyp günäleriniň geçilmegini sorap hat ýazypdyrlar. Hat gazet-žurnallaryň hemmesinde çap edilipdir. Olaryň günäsi geçilse-de geçilýär welin, Garaja Burunow türmeden ömürlik maýyp bolup gelipdir. Ol tä ömrüniň soňky gününe çenli şol ýowuz otuz ikinji ýylyň jezasyny çekipdir. Ýeri gelende aýtsam, toslanyp tapylan kontrewolýusion gurama diýilýän «Türkmen azatlygy» guramasy bilen baglanyşykly şo wagt köp adam jenaýata çekilýär. Guramanyň ýolbaşçylarynyň biri hasap edilen Bekgi Berdiýew 1932-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda ele salynýar. B.Berdiýew 1897-nji ýylda Maryda, öz ýazyşyna görä «gurply maşgalada doglupdyr». Guramanyň işine gatnaşandyklary üçin onuň özi, dogany Kakajan we kakalary Emir aga... garaz, 34 adam jenaýat işine çekilipdir. Şo sanda Berdi aga-da. Adamlar agyr horluklara döz gelip bilmän, etmedik zatlaryny etdim diýmäge mejbur edilipdir. Bekgi Berdiýew 1926-njy ýylyň başlarynda Bakuwda geçirilen türkologlaryň birinji gurultaýyna gatnaşan güýçli dilçidi. 1925–31-nji ýyllarda «Türkmenleriň taryhynyň oçerkleri», «Türkmençe-rusça sözlügi» ýaly işlerini ýazypdyr. Ol golýazmalar indi nirede? Alla bilsin! Men ozal ýatdan çykarylmaly däl bu adamyň ömür ýoly, keç ykbaly hakynda öz wagtynda göwrümli makala ýazypdym. Haçanda ýazyjy Hydyr Derýaýew otuz ýedinji ýylyň oktýabrynda milletçi hökmünde ýygnalyp, ýigrimi ýyla dolaý sürgünlikde bolanda-da, onuň basylmasyna Bekgi Berdiýew bilen gatnaşykda bolmagy sebäp bolupdyr. Hawa, indi Berdi agaly gürrüňe dolanalyň. Berdi aga otuz ikinji ýylda tussag edilende sülçä düşündirişinde özüniň 1927-nji ýyla çenli döwürde, ýagny «Tokmak» žurnalynda, «Türkmenistan» gazetinde işlän döwründe özüniň edebiýat işinde ideologiki ýalňyşlyklaryň bolandygyny, soň olary düzedendigini ýazypdyr. Eýsem-de onuň basylmagyna, buržuaz milletçi adyna eýe bolmagyna bahana bolan o delilnama nämeden ybaratdy. Bu barada ussat ýazyjy edebiýatçy alymlarymyz, meniň hem hormatly mugallymym Bäşim Şamyradow bilen ömrüniň ahyrky ýyllarynda gürrüňdeş bolanda şeýle diýen ekeni: Berdi aga bilen Garaja Burunow obadan gelip, şäherde kireýine bir otagda bile ýaşaýan ekenler. Bir gün agşam işden soň dynç almak üçin şäheriň seýil bagyna çykyp, aýlanyp ýörkäler, serhoş bir adam bulara ýoknasyzyny sürtüp başlapdyr: «Häý, türkmenler, size gyz satýar diýýärler. Ine, pul. Hany, bize-de bir gyzyňyzy oklasaňyz-la. Men...» diýeninden ony şol ýerde ara alýarlar. Milisiýa saklaýar. Şo ýerde gezelenç edip ýören Gaýgysyz Atabaýew ýazyjylary tanap, olary köşeşdiripdir. «Siz türkmenlere gyz satýar diýýärsiňiz weli, özüňiz her gijede satýaňyz» – bu «goşgy setirleri» edil şol günüň ertesi «Türkmenistan» gazetiniň birnäçe sanynda gazetiň adynyň hem ýokarsynda ýerleşdirilip, çap edilýär. Wagtyň geçmegi bilen bolsa bu setirler olary «buržuaz – milletçilikde» aýyplamagyň bir delili bolup, derňew organlarynyň eline düşýär. Berdi aganyň öz gürrüňlerinden çen tutanyňda, onuň bir wagtlar ýazan bu goşgusyndaky liriki gahrymanynyň dilinden aýdylan «şerabyň gyzylyny ýok etsen-äý, agyndan getir» diýen ýaly setirlerden hem soň-soňlaram, ters many çykarjak bolup «azara galypdyrlar». Berdi Kerbabaýew Bäşim Şamyradowa beren gürrüňinde: «Meniň pederlerim barada alty adam ýarym-ýalta, ýalan-ýaşyryk maglumat beripdir. Ýöne men onda köp zady inkär etdim. Soň Daşkende iberdiler. O ýerde görkezen görgülerini Hudaý ynsan balasyna görkezmesin. Şonda-da men köp zady boýun almadym...» diýipdir. Bäşim Şamyradow «Men onuň beren gürrüňleriniň ýazgylarynyň esasy bölegini XX asyr ahyr bolýança ile ýaýmajakdygyma bu uly ýazyjynyň öňünde ant içenim üçin, şol ýyllaryň edebiýatçylaryna bu aýry-aýry şahslara degişli gaty gyzykly zady aýtmakdan saklanýan» diýipdi. Arman, indi ussat edebiýatçy alymyň özi-de indi aýatda däl. Bäşim Şamyradowa Berdi aganyň beren gyzykly maglumatlary ýitip gitmezdä hernä! Otuzynjy ýyllaryň başynda «buržuaz-milletçi» ýarlygy ýelmenen Berdi aga otuz ýedinji ýylda ýene-de «halk duşmany» hökmünde tussag edilipdir. Öz öýleriniň dökülişi barada maňa 1997-nji ýylda Berdi aganyň uly ogly, şo wagt ýetmiş ýedi ýaşly, bilologiýa ylymlarynyň kandidaty Baky aga bilen söhbetdeş bolmak miýesser edipdi: – 1937-nji ýylyň, ýalňyşmasam, iýun aýydy. Biz şo wagtky Garagum köçesinde ýaşaýardyk. Ýaşulyny gijäniň içinde äkitdiler. Kakam gitmänkä: «Aýgytly ädimiň» golýazmalaryny saklajak boluň» diýip berk tabşyrypdy. Bizem ertir ir bilen golýazmalary we ýene-de birki sany kitaby hala doladyk-da howluda, çukur gazyp, şoňa gömdük. Biz onuň golýazmasyny şeýdip sakladyk. Ol Arhangelsk oblastynyň Karganol diýen ýerinde bolupdyr. «Pul iberiň!» diýip ýazypdyr. Biz hem tokga gandyň uluragyny alyp, pyçak bilen gowja deşip, içine puly togalap salyp, soň gyrasyny ýelmäp, çyranyň ýagtysynda seredip, görünmez ýaly edip, pul iberdik. Özi biler ýaly hatda «Gandyň ulusy ýaman süýjüdir» diýip ýazdyk. Ýaşuly bilipdir. «Aýdyşyňyz ýaly, gandyň uluragy süýji eken. Eger ugruny tapsaňyz, şeýdip süýjüň uluragyny iberiň» diýip, bize jogap berdi... 1939-njy ýylyň 1-nji dekabrynda türmeden boşap gelip B. Kerbabaýew ýene-de bütin düýrmegi bilen döredijilik işine berlipdir. «Aýgytly ädimi» neşire taýýarlapdyr. Öňde bolsa jebir-jepasy birjigem kem däl görgüler ýatyrdy. Eger-de bu hakda azda-kände gürrüň edilmese, onda bu beýik adamyň şahsy edermenligini hiç wagt hem göz ýetirip bilmejekdigimiz hakdyr. Wakalar şeýledi. Klassyk şahyrymyz Keminäniň ýubileýini geçirmeklige işjeň gatnaşýardy (hatda oňa bu işi üçin baýrak hem berlipdir – A. Ç.). Muňa käbir ýazyjylar görübilmezçilik hem edipdir. Ýazyjylaryň ikinji gurultaýyna guramaçylyk işiniň gowşakdygyny aýdyp «Туркменская искра» gazetinde tankydy makala ýazypdyr. Muňa-da nägilelik bildirenler tapylypdyr. «Dostlar» atly çagalar edebiýatynyň ýygyndysyny taýýarlapdyr. Iki sany çagalar üçin goşgular kitabyny neşir etdiripdir, mekdep ýaşly çagalar üçin «Üç nesil» atly poemasyny ýazyp gutarypdyr. Türkmen teatry üçin bir pýesany gutaryp, başga pýesalar ýazmaga girişipdir. Saz teatry üçin libretto ýazmagyny dowam etdirip, Ýanka Kupaladan, Nowaýydan terjimeler edipdir. Garaz, ýazyjy elini gowşuryp oturmandyr. Bu-da birnäçeler-de bahylçylyk duýgusyny has-da gyzdyran bolmaly. Könäni çöşlemek maksady bilenem däl-de, şo döwrüň edebi prosesiniň ýagdaýyna azda-kände göz ýetirmek maksady bilen şu aşakdaky ýazgyny mysal getirmegi göwnemakul bildik. Ilkinji türkmen tankytçylarynyň biri Mämmetdurdy Annagurdow «Çeper eserler nähili döreýär» atly kitabynda B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» kitabynyň ýazyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyşy hakynda ýazýar. Şeýle ýygnak 1940-njy ýylyň 5-nji we 10-njy noýabrynda geçirilipdir. Ine, şol maslahatyň gysgaça görnüşi şeýleräk: «Kitap çeperçilik taýdan örän emelsiz ýazylypdyr...» «Romanda hiç hili položitel pikir ýok. Romany okyja hödürlemeli däl ekeni we hödürlemeli däl». «Roman ideýa-çeperçilik taýdan zyýanly». «Roman partiýalaýyn däl, syýasy taýdan durnuksyz». «Eziz han 16-njy ýylyň gozgalaňynyň hereketlendirijisi, merkezi figurasy edilip görkezilipdir... Awtoryň indiki kitapda Ezizi erbet şekilde görkezmek isleýärin diýmegi gülkünç zat...» «... Aýgytly ädim» roman däl, ýöne ol etnografiýa. Onuň çeper eser hökmünde çeperçilik ähmiýeti ýok, ters, zyýanly täsir ýetirip biler». «Roman syýasy taýdan durnuksyz». «... Roman ähli tekstiniň bolaýsa 25 prosentini edebiýat hasap etmek bolar. Galany edebiýat jähtden derde ýaramaýar». «Kitap halky söýmezden ýazylypdyr. Beýle kitaplar bize gerek däl». «Romanda göreş musulmanlaryň ruslara garşy göreşi hökmünde görkezilipdir». «Çykyş edenleriň hemmesiniň diýen ýaly pikiri bir we kitaby ýatyrmagy haýyş etmeklige syrygýar. Menem şeýle etmek zerur diýip hasap edýärin...» «Gahrymanlarda hiç hili rewolýusion zat we öňde baryjy ideýa ýok...» «Men «Aýgytly ädim» kitabyny sowet okyjysyna hödürlemeli däl eken diýen ýoldaşlaryň pikirini doly suratda makullaýaryn...» Romanyň maslahatyndan soň, işi aýdyňlaşdyrmak üçin partiýanyň Merkezi Komitetiniň býurosy 1940-njy ýylyň 21-nji noýabrynda A. Geldiýewden, Ş. Batyrowdan, M. Söýünowdan, T. Berdiýewden, M. Annagurdowdan ybarat komissiýa döretmegi, roman barada dogry netije çykarmagy şolara tabşyrypdyr. Wakalaryň janly şaýady Mämmetdurdy Annagurdow bilen munuň nähili bolup geçenligi hakda geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynda söhbetdeş bolanym ýadymda. Işim «Edebiýat we sungat» gazetinde bolansoň, M. Annagurdow mahal-mahal redaksiýa gelip, geçenden-geljekden gürrüň berýärdi. Ony sagatlap diňleseň-de ýadatmaýardy. Ol gürrüňler peýdalydy, döwür, adamlar hakdaky düşünjäni artdyrýardy. Şol gürrüňdeşlikleriň birinde ol H. Derýaýewiň ýigrimi ýyla golaý tussaglykdan soň gelip, «Ykbal» romanyny çap etdirip bilmän horlanyp ýörşüni, Mämmetdurdy aganyň Merkezi Komitete, onuň sekretary Nurjemal Durdyýewanyň ýanyna barşy, onuň hemaýaty boýunça kitabyň neşir edilişi hakyndaky gürrüňlerini men soň N. Durdyýewanyň ömür ýoly hakdaky taryhy oçerkimde-de ulanypdym. Mämmetdurdy Annagurdowyň bu babatda şeýle diýipdi: – Kyrkynjy ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň ikinji gurultaýy geçirildi. Şoňa gabatlap hem Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyny çap edipdik. Roman türkmen ýazyjylarynyň arasynda uly jedel döredi. Gynansak-da, ýazyjylaryň ählisi romanyň neşir edilmegine garşy çykyş etdiler. Partiýanyň Merkezi Komiteti haýdan-haý komissiýa döredi. Şol komissiýa partiýanyň Merkezi Kimotetiniň sekretary Gurban Permanow, magaryf halk komissary Tagan Berdiýew, sungat işleri baradaky uprawleniýäniň başlygy Şaja Batyrow, men hemem başga-da birnäçe adam girýärdi. Partiýanyň Merkezi Komitetiniň ikinji sekretary Allaberdi Berdiýew hem şol roman baradaky meselede uly rol oýnady. Ol: «Ýoldaş Fonin (partiýanyň Merkezi Kimotetiniň birinji sekretary – A.Ç.) komissiýanyň işi bilen içgin gyzyklanýar. Bu işe siziň obýektiw garamagyňyzy haýyş edýär» diýip aýdýardy. Komissiýanyň eden işi barada biz Merkezi Komitetiň býoru mežlisinde hasabat berdik. Elbetde, mežlisde romanyň çykarylmagyna garşy bolan býuro agzalary (has takygy, Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary Aýtguly Geldiýew) hem boldy. Şonda mežlisiň ahyrynda ýoldaş Foniniň aýdan sözleri häzirem ýadyma düşüp dur. Ol şonda: «Men ýagdaýa belet. Ýöne men türkmen dilini bilemok. Emma muňa garamazdan, ýoldaşlar bu hakda meni doly habardar etdiler. Olar şu mesele bilen meşgul boldular. Olara men sagbolsun aýdýaryn. Ýoldaş Kerbabaýewiň hem komissiýanyň agzalarynyň eden düýpli kemçiliklerini düzetmegi gerek. Geljekde bolsa romanyň yzyny dowam etmeli. Onsoňam, ony rus diline terjime etdirmek gerek. Wah, rus dilinde bolsa, menem okasam gowy boljak» diýdi. Býuro mežlisine Berdi Kerbabaýewiň özi hem gatnaşýardy. Ol Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň aýdan mährem sözlerine bozulman oturyp bilmedi... Biziň «Aýgytly ädimli» wakalara gös-göni gatnaşan Mämmetdurdy aga bilen, şo wakalar dogrusynda gürrüň eden döwrümiz roman hakdaky Merkezi Komitetiň kararlarydyr gaýry resmi kagyzlary arhiwiň ýedi gulpunyň aňyrsyndady. Dokumentleri görmek, tanyşmak gaýry adamlara gadagan edilipdi. Eýsem-de bolsa, azatlyga çykarylan dokumentler nämeler hakda gürrüň berýärdi? Haçanda Berdi Kerbabaýewiň üstüne gara bulut abananda hakyky gardaş howandarlygyny eden rus ýazyjysy G.A.Sannikowy ýatlamak lazym diýip düşünýäris. Çünki bu ýaşuly rus ýazyjysynyň kellesini etegine salyp, türkmeniň abraýly ýazyjysyny ýerliksiz kemsidilmelerden goramagy özüniň ynsan borjy hasaplapdyr. Ýogsam-da bolsa, ol ellinji ýyllarda türkmen edebiýatynda dörän bir topar «bulam-bujarlyga» garşy göreşmek we türkmen edebiýatçylaryny «dogry ýola» gönükdirmek üçin Moskwadan Aşgabada SSSR Ýazyjylar Soýuzy tarapyndan ýörite iberilipdi. Şol ýörite iberilenleriň arasynda SSSR Ylymlar akademiýasynyň wekilleri filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Kononow bilen taryh ylymlarynyň doktory, professor Raimow hem bardy. 1952-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 20-nji apreline çenli ol Aşgabatda komandirowkada bolupdyr. Bolýan işlere ol başga göz bilen garapdyr we meseläni jikme-jik öwrenip, gelen netijesi barada «Soňy nähili bolarka?» diýip gorkman, zat etmän TK(b)P MK-a hat ýazypdyr. Onuň garaýyşlaryndan nägile MK şikaýat edip, onuň üstünden BK(b)P MK-nyň ikinji sekretary G.Malenkowa arz edipdirler. Hatda görkezilişine görä Sannikow «Türkmenistan Ýazyjylar soýuzyna kömek bermekden geçen, gaýtam, partiýa hataryndan çykarylan buržuaz-milletçiler O. Abdalowy, B. Garryýewi, M. Kösäýewi goldapdyr. Merkezi Komitetiň B. Kerbabaýew bilen baglanyşykly kabul eden kararyna müňkürlik bildirip, B. Kerbabaýewiň nähak yzarlanýandygy hakda iş görüpdir». (Hat 1952-nji ýylyň 10-njy maýynda ýazylypdyr). Bu hatyň ýazylmagyna sebäp bolan zadyň Sannikowyň Berdi Kerbabaýewiň döredijiligine, aýratynam onuň «Aýgytly ädim» romanyna sagdynlyk bilen ser salmagy bolupdyr. Ol öz pikirini hem TKP Merkezi Komitetine hat üsti bilen beýan edipdir. «Aýgytly ädim» bilen baglanyşykly 1940-njy ýylda partiýanyň Merkezi Komitetiniň býurosynyň kararynda görkezilen kemçilikleri düzetmändigi üçin ýazyja 1952-nji ýylyň fewral aýynda berlen partiýa käýinjiniň esassyzdygy hakda ýazyp, Sannikow 1940-nji ýylda heniz partiýa agzasy dälkä-de, ýazyjynyň partiýanyň görkezen kemçilikleriniň üstünde ymykly oturyp işländigini ýerlikli delillendirýär. Ýazyjynyň Stalin baýragyna mynasyp bolan eserleri – «Aýgytly ädimi» hem-de «Aýsoltanyň» töwereginde dörän esassyz gyk-baklaryň özüne düşnüksizdigini, ýazyjynyň geçen ýyl döreden türkmençe adynyň «Syrly depe», rusça terjimesinde «Türkmen poemasy» atlandyrylan Nebitdag hakyndaky eseriniň heniz metbugatda çap edilmänkä, «Известия» gazetinde tankyt edilmeginiň ýazgarmagyna respublikanyň partiýa guramasynyň ýolbaşçylary biparh garap bilmejekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Sannikow partiýanyň Merkezi Komitetine ýazan hatynda diňe bir Berdi aganyň, ýa-da bolmasa, «Gorkut ataçylary» goramak bilen çäklenmän, türkmen edebiýatynyň aýry-aýry wekilleriniň goşgularynyň «degene gözüm menden däl» diýlen garaýyşdan ugur alnandygyny tekrarlamak bilen, onuň teýiniň boşdugyny ýazýar we şeýle oýlanyşyksyz hereketiň edebiýatyň ösmegi üçin örän howpludygyny aýdýar. Rus ýazyjysynyň bu aýdanlarynyň jany bardy. J. Ilmyradowyň «Türkmenistanym», G. Gurbansähedowyň «Türkmensiň», R.Seýidowyň «Awçy, atma jereni», M. Seýidowyň, K. Gurbannepesowyň käbir goşgularynyň, G. Seýitliýew bilen G. Muhtarowyň pýesalarynyň ýaramazdygy, zyýanlydygy hakda agyz dolduryp ýerli metbugatda gürrüň edilmeginiň hiç kimiň peýdasyna däldigini G. Sannikow ilkinji bolup ýazypdy. «Gorkut ata» eposynyň zyýanlydygy, ony neşire taýýarlaýan «buržuaz-milletçileri» paş ediji uly ýygnak bolýar. Şonda çykyş edenleriň arasynda «gorkutataçylary» gorap ýaş edebiýatçy Rahman Rejebow çykyş edipdi. Bu günki gün bolsa üstünden «gadagan» grifi aýrylandan soň rus ýazyjysy G. Sannikowyň mertlik bilen bigünä adamlaryň goragynda durandygyna göz ýetirdik. Munuň üçin biz türkmen edebiýatçylary oňa minnetdar bolmalydyrys. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Türkmenistan komsomolynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup işlän Ýusup Öwezow maňa Berdi aga hakda şeýle gürrüň beripdi: – 1942-nji ýylyň martynda komsomolyň başlangyjy bilen fronta sowgat üçin kyrk bir wagon zat ýygnadyk. Delegasiýanyň hatarynda Türkmenistanyň Ýokary Söwetiniň Prezidiumynyň başlygy Allaberdi Berdiýew, onuň kömekçisi, Berdi Kerbabaýew, Aman Gulmämmedow, tikinçi Şeker Babaýewa, kolhoz başlygy Gurban Gapurow, Sakarçäge raýispolkomynyň başlygy Gurbanowa, Türkmen TAG-dan bir habarçy... jemi on bir adam. Delegasiýanyň ýolbaşçysy Allaberdi Berdiýew biziň bilen Daşkentde aýrylyşdy. Ol Moskwada geçjek sessiýa gatnaşmaly eken. Indi wagonlaryň garamaty meniň boýnumdady. Wagonlarda zaýa boljak zatlar köp bolansoň, men buz bilen üpjün etmeklerini haýyş edip, telegramma yzyna telegramma ibermeli bolýardym. Eşelon estakada gelýär weli, «Buz çekmäge işçi güýji ýok» diýýärler. Men şonda: «Oglanlar, geliň, özümiz çekeliň» diýýärin. Şeýdip buz çekýäs hemmämiz. Berdi aga Gurban Gapur bilen buz daşaýar. Berdi aga oňa degýä. Wagonyň üstüne çykmaly bolanda Berdi aga öňde, Gurban yzdan gelýär. Düşmeli bolanda ol Gurbany öňe salýa-da, yzyndan agram salýar. Bahym ýere düşürýär. Moskwa çenli on alty gije-gündiz ýol ýöremeli bolduk. Moskwada ýedilenji ýa-da sekizlenji gün, gije sagat ikide meni çagyryp äkitdiler. Barsam Allaberdi Berdiýew: «Daňdan sen Leningrada ugramaly. Ýöne ýanyňa-da bir adam alyp bilýäň» diýdi. Indi men otuz dört wagon bilen Leningrada gitmeli. Soň, ýene bir söhbetdeşligimizde Ýusup aga Berdi Kerbabaýew bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň beripdi. Ýanym bilen kimi äkitmeli? Berdi aga-ha: «Wagondan münüp-düşmek maňa agyr bor» diýdi. Dogrudanam bu oňa agyrdy. Biz Aman Gulmämmet bilen Leningrada gitmeli bolduk...» Ýusup Öwezowyň ýatlamasyndan: – 1952-nji ýylda Türkmenistan Kommunistik Partiýasynyň nobatdaky gurultaýy geçmelidi. Men şo döwür partiýanyň Merkezi Komitetiň sekretarlarynyň biridim. Gurultaýyň guramaçylyk taraplaryny maňa tabşyrdylar. Menem şo wagt syrkaw. Gurultaýyň öňüsyrasy kurorda gidip geleýin diýip, Soça gitdim. Wraçlar şol ýerini salgy berdiler. Gaýtam o ýerde gün-günden horlanyp başladym. Men soň görüp otursam, Soça däl-de, Kislowodskä gitmeli ekenim. Şo wagy Soçide Berdi Kerbabaýew hem dynç alýan ekeni. Ol Stalin adyndaky sanatoride bolýardy. Gaýdanymyzda Berdi aga ikimiz Gruziýanyň üsti bilen gaýtdyk. Batuma çenli gämä mündik. Batumide obkomdan maşyn alyp, Soçi şäherine geldik. Şäherkomyň sekretary bizi öz maşyny bilen Tbilisä äkitdi. Tbilisä barýan ugrumyzda Msehetä hem sowlup gördük. Berdi aga gaty zor adamdy. Şo döwürde oňa azaram berjek boldular. Elli ikinji ýylda Londonyň gazetleriniň birinde Berdi Kerbabaýew hakynda habar çap edilýär. Habar türkmen ýazyjysynyň ozal iňlislere satylandygy hakda ýazylypdyr. Bu habary Müsüriň bir gazeti hem göçürip çap edýär. Şo gazetler bize gelip gowuşdy. Moskwadanam «Eger respublika üçin gerek bolsa, degmäň» diýip ýazypdyrlar. Biz seredip gördük, maslahat etdik. Kerbabaýewiň Türkmenistan üçin bitiren işiniň agramy gaty uly. Aslynda-da bu prowakasiýa üçin edilen zat. Munuň ýazylmagynyň başga bir sebäbi hem bar. Eger meselä ýeňil seretseň, onda ol dogrudanam şeýledir diýdirýär. Berdi aga Eziz hanyň mürzesi bolan. Ele düşenlerinde-de ikisi bile düşýärler. «Dünýäň ýagdaýy bulaşyk, sen bir gelip gitseň, maslahat etsek» diýip, iňlisler Güljemal hanyň adyndan Eziz hana hat ýazýarlar. «Oň ýaly bolsa, gidip gelsek gowy» diýip, Tejenden wagon alyp, Eziz han bilen Berdi Kerbabaýew, dokuz sany goragçysy şoňa münüp, ýola düşýärler. Başga adam ýok ýanlarynda. Agşam sagat on birlere wagonlary otlyň yzyna dakýarlar. Takyrda bir kiçijik stansiýa bar, şoňa ýetmänkä Eziziň münüp barýan wagonlary otludan aýrylýar. Şo stansiýa çenli öz badyň bilen gidibermeli onsoň. Adamlaram ýatyr. Stansiýa baransoňlar iňlislerdir ak gwardiýaçylar Eziz hanyň goragçylaryny ýaragsyzlandyryp, kowup goýberýärler. Soň Eziz hanyň küpesine girip, ýaraglaryny alýarlar-da: «Turuň, geljek ýeriňize gelip ýetdiňiz» diýýärler. Olary başga otla tirkäp, Aşgabada getirýärler. Aşgabatda-da bir aý türmede ýatyrýarlar. Soň Eziz hany Baku tarapyna äkidýärler. Berdi Kerbabany bolsa hossarlary gelip, türmeçilerden satyn alýarlar. «Ele düşmez ýaly, gumuň içi bilen git» diýibem tabşyrýarlar. Berdi aga şolaryň diýenini edip gumuň içi bilen gidýär. Ýöne şu zatlar hakynda Berdi aga partiýa girende öz terjimehalynda görkezmän ekeni. Men şuny Berdi aganyň öz dilinden eşitdim. Berdi Kerbabaly meseläni biz o sapar dört gezek ara alyp maslahatlaşdyk. Bolsa-da Berdi agany uly howpdan alyp galmak başartdy... Geçen aşyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow bilen bir gürrüňçilikde ol maňa şeýle gürrüň beripdi (şo döwürde G.Gurbansähedow ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolup işlän ekeni. Pespublikanyň ýolbaşçysy Suhan Babaýew Berdi agaly mesele garalandy. Moskwanyň pikirini biljek bolup meni dört gezek o ýerik iberdi. Soňky gezek ýüreklerine düşendir-dä, «Nätseňiz şony ediň. Eger gerekdir diýseňiz, ulanyň – diýip goýberdiler. Men gelip, muny bolşy ýaly edip aýtdym. Şondan soň ony tussag etmek hakdaky gürrüň ýatdy. Eýsem-de bolsa, şo wagtlar Gurbandurdy aganyň öz başyndan hem apat inipdi. Ol «Türkmensiň» diýen goşgusy üçin gaty berk ýanalypdy. Öz döwründe goşgyny bagşy Orazgulyýew aýdym edip aýdypdyr. Geçen asyryň togsan birinji ýylynyň başynda, ýogalmazyndan birnäçe wagt öň Gurbandurdy aga meniň işleýän, o wagt radioda işleýärdim, gelip «Şol aýdymyň ýazgysyny tapyp bolmazmyka? Belki radionyň «fondunda saklanyp galandyr» diýip haýyş edipdi. Oňa derek men Gurbandurdy aga bagşy Ökdürowyň aýdymlary ýazgy edilen kassetany sowgat beripdim. Çünki men onuň bu bagşa uly sarpa goýýandygyny bilýärdim. Aradan togsan ýyla golaý wagt geçen bu waka dogrusynda Berdi aganyň 87 ýaşynda aradan çykan ogly, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Baky Kerbabaýewiň ýatlamasy şeýle. Muny hem Baky aga kakasynyň öz dilinden eşidipdir. Berdi aga oňa şeýle gürrüň beren ekeni: – Men Eziz hanyň kätibi hem mürzesidim. Bir gezek eşalona münüp, Aşgabada gelmelidik. Teplowozyň yzyndaky wagonyň birinjisinde Eziz han, ikinjisinde men, ýokarkysynda dilmajy, onsoň janpenasy. Beýle ýanlarynda-da birküç sany ohrannigi. Yzda-da goşuny. Duşakdan geçendemi-nämemi maşinist gelip: «Çekenok. Agyr bolýar. Yzyndan tolkaç tirkemäge rugsat ediň» diýip sorady. Olam: «Bolýa» diýdi. Gije gelýäs. Birden oýansam, otly köp wagt bäri durman gelýär. «Näme bolduka?» diýip, turup hajathana barýan. Aýna açyk eken. Yzyma seretsem, yzda bizden başga bir wagonam ýok. Menem nätjegimi bilmän, ýene-de yzyma baryp, horjuny alyp geldim hajathana. Eziz hanyň ähli kagyzlaryny ýyrtyp-ýyrtyp oňa taşladym. Horjunyň ikinji gözünde pul bardy. Gyzyl pul. Ýüz müň manat. Pulam ýyrtjak boldum weli, «Puluň adama zyýan beren ýeri ýokdur» diýdim. Gelip, Eziz hany oýatman, ýerimdejik ýatdym. Daňdan Aşgabada gelenimizde aýnalardan naýza bary gezelip dur. Gymyldara ýer goýmadylar. Eziz han turanda iki sany mauzeri bardy, bada-bat atjak boldy-da durdy: «Hä, ýigitler, siz ýaş bolýasyňyz. Siziň ömrüňize men galmaýyn... Ýogsam birkisin-ä alaryn» diýdi. Soň ol iki mauzerinem goýdy. Onsoň biziň herimiz bir adamlyk kamera saldylar. Meni alanlarynda horjunymda ýüz müň manat pul bardy. «Pri nýom imel sto tysýaç» diýip ýazdylar. Meni halas eden şol pul boldy. On-on bäş günden soň meniň ýanyma türmäniň işgärleri gelip, «Siz günäm ýok diýýärsiňiz. Günäň ýoklugy hakda hat getirip berermisiňiz?» diýdiler. Ahyry bir aý bolansoň türmäniň başlygy geldi: «Siz şeý diýipsiňiz. Sizi boşadyp goýbersem, şol haty getirersiňizmi?» diýdi. «Getirerin» diýip, boýun aldym. «Onda puluňyzy goýýaňyz. Şu taýda dursun. Gidip hat getiriň. Onsoň puluňyzy bereris» diýip, meni çykardylar. Aşgabatdan Mara pyýada diýen ýaly bardym. Köp wagt eglenmän «Eziz han Aşgabatda atylypdyr» – diýip, kakamyň aýdany ýadymda. Kakam «Eziz han bilen tutulanda 1 aý, 32-nji ýylda tutulanda 20 aý, 37-nji ýylda basylanda 30 aý oturdym» diýip aýdýardy. Öz aýdyşyna görä, «Eziz han hakdaky ilki ýazanymy bir ýere toplasam, özi bir tom bolmaly» diýýärdi. Ýazyjy Kakaly Berdiýewiň ýatlamasyndan: «Aslyýetinde, ýaşuly: «Pylan zady şeýtdim» diýmeýärdi. Hemişe: «Şeýdiläýse nähili borka?» diýip, eýýäm karara gelen meselesinde-de töweregindäkilere sala salýardy. Onuň il bähbidine bitiren işiniň hetdi-hasaby ýokdy. Men onuň ýazyjylygynyň daşyndan bitirýän işiniň gürrüňini edýän. Şäherde ýaşaýyş jaýy gerekli-de, ýokary okuw jaýyna girjegem, kolhoz-sowhoza traktor aljagam onuň hemaýatyna mätäçdir. Onsoň, olam dürli edaralara ýüz tutup, il-günüň ýumşuny başardygyndan bitirýärdi. Bir gezek onuň obadan iberilen haty okap, ýylgyryp oturan wagtyna gabat geldim. – Siz-ä maşyn edindiňiz-de, bergi-borçdan dyndyňyz. Muňa näme diýsemkäm. Berdi aganyň maşynly gürrüňiniň emmasy bardy. Ellinji ýyllarda häzirki ýaly maşyn «keseli» ýokdy. Ulag edinýän az-azdy. Biz üç-dört žurnalist bolup, maşyn nobatyna ýazyldyk weli, ol haýdan-haý geläýdi. Meniň ýaşulydan karz pul alyp gaýdaryma mähetdel, yzym bilen ýene bir dostum barypdyr-da: – Berdi aga, maşyn geldi welin, pulumyz ýetenok – diýipdir. – Näçeräk gerek borka? – Aý, syryp-süpürip, birki müň manad-a ýygnadyk. Bahasam ýigrimi müň-dä. Berdi aga murtuna elini ýetirip, çyny bilen aýdypdyr: – Onda, sen ýöne maşyn äber diýäý-dä. Ikisi-de hezil edip güşlüpdirler. Ýaşuly onuň möhümini bitirip goýberipdir. Hiç birimizem mähetdel bolman ertesi göni işimizi bitirdik. Edil myhmanparazlygy ýaly Berdi aganyň ýoldaşa, dost-ýara hemişe eli açykdy. Ençeme ýyllaryň dowamynda bile tirkeşen adamlar onuň sahylygyna beletdiler. Ýaşulynyň parasatlylygyna haýran galaýmalydy. Işde-de, öýde-de, gezelençde-de, her hili ýagdaýa duçar bolanda-da – ýekeje gezegem onuň hemleli geplänine duşmadyk. Biçak käýemeli pursatlaram asuda gepläp, düşündirýärdi... Indi bu günki gün öz meşhur eserleri bilen ady dünýä ýaýran Berdi Kerbabaýewiň çylşyrymly geçen ömri taryha öwrüldi. Beýik ýazyjy, beýik adam hakynda gürrüň berip biljek adamlar şu günki günem az däl. Olaryň biri öz döwründe aga-ini gatnaşygyny eden halypa ýazyjymyz Atajan Tagandyr. Şol gatnaşyklar barada ýazyjy Atajan Tagan okyjylara köp gürrüň berdi. Onuň ussat hakdaky ýatlamalar kitabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýöne gürrüňimiz Berdi aganyň ömrüniň haý-haýly pursatlary hakynda bolansoň, onuň öz döwürdeşlerine ýüzlenmegi makul bildik. Öz ömri hem indi taryha öwrülen görnükli alym, hiç zada berimsiz öz ajaýyp ýatlamalaryny goýup giden Mämmetdurdy Annagurdow Berdi aga bilen dostlukly gatnaşykda bolupdy. Ol ussadyň «Aýgytly ädimini» howply belalardan alyp galanlaryň biridi diýsek ýalňyşmarys. Ýüz görmezek bu adam Berdi aganyň döredijilik üstünliklerine az guwanmandy, säwliklerine bolsa az gynanmandy. Mämmetdurdy aganyň ussat hakda aýdanlary ýürekdendi: «Kerbabaýew mert adamdy. Onuň başyndan geçen hupbat hem azaplar, sütemdir ýanamalar, horluklar, zorluklar, töhmetdir yzarlamalar näçe diýseň bolan. Bu bela-beterler her kişiniň çekip-çydajak zady däl. Onuň juda çylşyrymly durmuş ýoly diňe bir göwnüçökgünlige, tükeniksiz zeýrenje ädip durman, bütinleý sähnelige, terkidünýälige-de sebäp bolup bilerdi. Ýöne welin meniň tanyşyma görä, onda ýaňky alamatlaryň hiç biri-de duýulmaýardy. Gaýtam ynamly, optimistik, durmuşa joşgunly hyjuw mesaňa bildirip durardy. Özi baradaky adalatsyzlyklaryň, yzarlamalaryň, hatda jezalaryň rewolýusiýadan soňky, sowet sistemasy döwründe hem az bolmandygyna garamazdan, ol iki gezek, 1932-nji ýylyň 18-nji martyndan 1934-nji ýylyň 31-nji noýabryna çenli, 1937-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 1939-njy ýylyň 1-nji dekabryna çenli tussaglykda boldy. Onuň häkimlerden zeýrenenine ýekeje gezegem duş gelmedim. Dogry, aýry-aýry wezipeli adamlaryň nädogry hereketlerini ýazgaryp, gürrüň ederdi, öz eserlerinde şol aç ýalylaryň ýaramaz obrazyny dörederdi». Türkmenistan ýazyjylarynyň 1934-nji ýylda bolan birinji gurultaýyna gatnaşanlaryň aýtmaklaryna görä, Kerbabaýew gurultaýda sözlände aglanmyşyn. Ol, dogrudanam, şeýle bolupdyr, şol fakt giň köpçülige-de ýaýrapdyr. Ýöne Kerbabaýewiň şol gurultaýda aglamagyny, hamsygmagyny, onuň ýeneki jezadan gorkup, şonuň öňüni almak, janyny gutarmak üçin eden zady däl-de, özüniň ýüregi bilen ýapyşan çeper döredijilik zähmeti netijesinde emele gelip biljek eserleriň ykbaly barada çuň tolgunmagynyň netijesi bolmaly. Onuň şondan soňky ömri şeýle pikiriň dogrudygyny doly suratda tassyklady... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |