15:44 Keýik awy | |
KEÝIK AWY
Maliýe we ykdysadyýet
Atatürke ýiti täsirini ýetiren akyldarlaryñ arasynda osmanly medeniýetinde-de ýiti yzlary goýan Žan-Žak Russo bardy. Ol ýok bolup gitmezligiñ göreşi berlen azat-edijilik urşy ýyllarynda Russodan okan kitaplarynyñ käbir sahypalarynyñ gyrasyna "möhüm" ýa-da "gymmatly" diýen ýaly bellikleri galdyrdy. Russo deñligiñ-ekwiwalentiñ, halk agalygynyñ tarapyny tutup, jemgyýetçi pikiri öñe sürýärdi. 1754-nji ýyl. Russo "Adamlaryñ arasyndaky deñsizligiñ gözbaşy we esaslary hakda" kitabyny ýazdy. Etiki-moral deñsizligiñ düýp sebäbiniñ hususy eýeçilikdigini nygtady. Sosial hyzmatdaşlygyñ gymmatyny görkezmek üçin oýun teoriýasyny ýazdy: Keýik awy! Bir topar awçy keýik tutjak bolýarmyş we onuñ hemişe bir ýoldan gatnaýandygyny görüpdirler. Awçylaryñ hemmesi birden topulsa, keýigi tutup we deñ paýlaşyp iýip bilýärler. Emma... Bilinseler ýa-da bilelikde hereket etmeseler, keýik gaçyp, hemmesi birden aç galmaklary-da daşda däl. Awçylar saklanýar, garaşýar. Bir sagat geçýär, iki, üç, dört sagat geçýär. Bir gün geçýär. Keýik günde şol ýoldan geçmezligem mümkin, ýöne awçylar onuñ geçjegine ynanýar. Emma... ýoly sypdyrman garaşyp oturan awçylar añyrdan bir towşanyñ gelýänini görýärler. Awçylaryñ biri öñe okdurylsa, ol towşany öldürip, bir özi iýip bilýär. Eger şeýtse, keýik üçin gurlan duzagam biderek bolýar, beýleki awçylar aç galýar! Atatürk nämäni saýlady? • “TOWŞANYÑ” YZYNDA A siz? "Keýigiñmi" ýa "towşanyñ" yzyna düşersiñiz? Bu "oýun teoriýasynda" haýsy tarapa geçmekçi: diñe özüñiziñ halas bolmagynymy ýa-da hyzmatdaşlygy öz içine alýan jemgyýetçilik halas boluşy saýlap alýarsyñyz? Ýa-da şeýle soraýyn: dollar-euro alýanlar "keýikmi" ýa "towşan" tutmagyñ ugrunda gezýär? "Towşany" girdejili görüp, hyzmatdaşlygy bozan awçy edýän hereketiniñ beýleki awçylaryñ aç galmagyna sebäp bolýandygyna añ edenokmyka? Ýeke sözde walýutçikleri aýyplaýandyr öýtmäñ. Adamyñ geljek kararyny kesgitleýän dürli faktorlar bar: optimizm-pessimizm ýaly... Toparda pessimizm bolsa, umumy maksat öz ýerini şahsy bähbitlere berýär. Awçy başgalarynyñam öz hereketini gaýtalajagyny pikir eden pursatyndan başlap şeýtanyñ a:lyna gitdigi! Ynha... Russonyñ allegoriýasynyñ-simwoliki tymsalynyñ düýp manysy şu: Eger bir iş köpçülik bolup edilse, üstünlik gazanmak üçin her birimiziñ köpçüligiñ ugruna görä işlänimiz ýeterlik däl, beýleki ählimiziñem şeýtjegine ynanmagy gerek. Hawa, awçylar keýigi bileleşip awlajaklaryna ynansalar, ünslerini şuña berip, ahyrky maksatlaryna ýetip bilýärler. Emma ortada nähilidir bir çöküşlik - pessimism bar bolsa, köpçülikleýin maksat hiç kimiñ piñine bolmaz. Näme diýmek isleýärin? • ERDOGAN DÜŞÜNENOK AKP-Erdoganyñ düýp meselesi şu: Bir özüñiz göterimi aşak düşüreniñiz bilen işleri düzedip bilmersiñiz. Göterim pese düşüşligi mälim edilen wagty käte şuña adamlar alaçsyz bir hemle hökmünde garap, kabul edip alyjylary (girişimci, предприниматель) pessimizme iterip biler. Bu bolsa "keýikden" el çekip, towşanyñ yzyna düşülmegine sebäp bolýar. Türkiýede başymyzdan geçýänem edil şu: maliýe bazary agdar-düñder boldy! AKP-Erdoganyñ ynanýan "ykdysady teoriýasyny" durmuşa geçirjek wagty, ilki jemgyýetde optimistik howany döretmelidi. Bar bolan howply, zyýanly, hapa atmosferanyñ üstüne düýpli üýtgeşmeleri bolan ädimler ädilende muña häkimiýetiñ çäresizligi hökmünde baha berildi we pessimizmiñ giñden ýaýramagy bilen birlikde garaşylýanyñ doly tersine boldy. Erdoganyñ her aýdan sözünden soñ ykdysadyýetiñ adaty gurluşyna hiç bir babatda uýgun däl görnüşde nyrhlaryñ görlüp-eşdilmedik derejede galmagynyñ sebäbi şu... Erdogan halktan gopdy... Onuñ öz saýlawçysynyñam häkimiýete bil baglasy gelmän "towşanyñ" yzyna düşüp başlandygyna - dollar basyp goýýandygyna düşünenok. Erdogan üýtgäp durýan wakalary bilme, kabul etme we aýyl-saýyl etme ukyby bolan artykmaçlygyny ýitirene meñzeýär. Başgalara dowamly haýbat atyp ýören Erdogan üýtgäp, ýurtda optimistik howany döretmese, krizisden çykmak mümkin däl. Çünki bu meseläniñ añyrsynda ynam ýaly psihologik sebäpler bar. Hökümetiñ ýagdaýy şeýleräk... A bizler näme etmeli? A oppozisiýa näme etmeli? Ýangynyñ üstüne benzinli bedre bilen gitmelimi? Ýurtdaky ody tutaşdyrmak kime peýda gazandyrýar? Beýtmäñ. Ýangyny söndürmek gerek. Hiç kim içki instinkti bilen hereket edip az wagtlaýyn bäş-üç köpük peýda gazanmak hantamaçylygy bilen ýurdy gorpuñ gyrasyna äkidýänlere şärikdeşlik etmesin! Bu ýöne bir gury gep däl: gürrüñ watan hakda barýar... Eger atatürkçi bolsak, başymyzdan gitmän oturan häkimiýete seretmän, raýdaşlyk we dost-doganlyk ruhuny janlandyrmaly hem-de ýurdumyza eýe çykmaly. Atatürk kimin "keýigiñ" yzyna düşmeli... Žan-Žak Russo şeýle diýen eken: "Eýelik edýän pulumyz azatlygyñ, yzyndan ylgaýan pulumyz gulçulygyñ serişdesidir." Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |