05:05 Kim faşist? | |
KIM FAŞIST?
Publisistika
1938-nji ýyl. Gitler Sudet raýonyny basyp alyp, Çehoslowakiýa garşy hemle urdy. Yzyndan Awstriýany basyp aldy. 1939-njy ýyl. Gitler 23-nji ýanwarda nemes parlamenti Reýhstagda sözlän sözünde jöhitleriñ tepbedini okajakdygyny aýtdy. Ýewropada uruş atmosferasy döredi. 1939-njy ýylyñ 20-nji fewralynda ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäheriniñ Medison-skwer-garden raýonynda müñlerçe adamyñ gatnaşmagynda miting geçirildi. Mitinge gatnaşyjylaryñ ellerinde amerikan we nasist baýdaklary bardy. Edilen çykyşlarda "Jorj Waşington diri bolsa, Gitler bilen dostlaşardy" diýildi. Amerikan taryhynyñ iñ uly mitinginj geçiren gurama-da 1936-njy ýylyñ 19-njy martynda gurlan ABŞ-daky nasistik topardy: Nemes-amerikan bileleşigi ýa-da Nemes-amerikan federasiýasy... Başlygy-da Germaniýada doglan amerikan raýaty, öñki ofiser Fris Ýulius Kundy. Ol Gitler bilen gönüden-göni duşuşyp bilýän adamdy. Merkezi Nýu-Ýorkdaky bu faşistik gurama Pensilwaniýa we Nýu-Jersi ýaly ştatlarda hasam täsirlidi. Elbetde, simwoly-baýdagy gamaly haçlydy... Elbetde, çepçidi we jöhit duşmançylygyny edýärdi. Kemp-Nordlend, Kemp-Sigfrid, Grafton, Kemp-Hindenburg, Sellerswill, Kemp-Haýland, Doýçe Horst Kountri Klab, Kemp-Bergwald ýaly ABŞ-da birtopar ýarym harbylaşdyrylan türgenleşik lagerleri bardy. Mysal üçin, Nýu-Jersidäki Kemp-Nordlend lageri 204 gektardy we jynsparaz "Ku-Kluks-Klan" toparynyñam goldaw beren köpçülikleýin çykyşlaryna on müñ adam gatnaşdy! Diñe munuñ bilenem gutaranok: • BEÝLEKI TOPARLAR Şol wagt ABŞ-da ýeke faşistik gurama ýokdy. - Meselem, öñki žurnalist Uilýam Dadli Pelli tarapyndan 1933-nji ýylda Demirgazyk Karolina ştatynyñ Aşwilli şäherinde gurlan "Kümüş legion" ("Kümüşsöw köýnekliler"/"Серебряные рубашки"/"Silver Legion of America"/"Серебряный легион Америки") bardy. Paramilitar-ýarym harby faşistik gurama Gitleriñ "Kofe reñkli köýneklilerini", Mussolininiñ "Gara köýneklilerini" nemuna edindi. Gurama ABŞ-ny jöhit kommunistlerden azat etmäge ant içdi. – Meselem, din adamy Jerald Laýman Kenmet Smit 1942-nji ýylda Missuri ştatynyñ Sent-Luis şäherinde antisemitism "Hristian-nasionalistleriñ haçly ýörişi" ("Christian Nationalist Crusade"/«Крестовый поход националистов-христиан») atly faşistij guramasyny gurdy. Gurama diñe jöhitlere, çepçilere däl, eýsem jaz saz sungatyna-da duşmançylykly garaýyşdady! – Meselem, Peder Çarlz Kofliniñ Nýu-Ýorkda guran faşistik "Hristian fronty" guramasy bardy… – Meselem, Demirgazyk Amerikanyñ Faşistler soýuzy (FLNA) bardy. Faşistik italyan-amerikan toparlary üçin bu howandar gurama 1924-nji ýylda guruldy. Italiýada faşizmiñ möwjemegi bilen birlikde, ABŞ-daky italýan-amerikan jemyyýetlerinde Mussolininiñ edişi ýaly "Döwüş klublary" ligasy ("Fasci italiani di battletimento") döredilip başlandy. Şular ýaly kyrkdan agdyk klub bardy... Diñe Ikinji jahan urşundan öñem däl, uruşdan soñam ABŞ-da faşistik guramalar döredilmäge dowam etdi. –Meselem, öñki harby gullukçy G.Linkoln Rokwell tarapyndan Wirjiniýa ştatynyñ Arlington şäherinde gurlan Amerikan nasistik partiýasy (ANP) şolaryñ biridi. Uzatmaýyn. Bularyñ barsy jynsparazdy. Gamaly haç nyşanly paradlary, mitingleri geçirdiler. Çepçileri we jöhitleri aýyl-saýyl etjek bolup durmadylar, göýä bularyñ içine şeýtan giren ýalydy! • HÄZIREM GOLDAÝAR Wagtym bolsa, "ABŞ-nyñ faşist ýüzi" atly kitap ýazasym gelýär. Başyna-da "Gara guty" kitabymda agzalan "Rokfeller fondunyñ" Germaniýadaky we ABŞ-daky faşistik jynsparaz institutlara goýan ummasyz maýa goýumlaryny goýardym. Rokfeller fondy adamlaryñ genetiki taýdan gözegçilikde saklanyp we aýyklanyp, adam jynsynyñ gowulandyrylmagyna-ýewgeniki işlere uly goldaw berdi. Ýagny, nasistler, Gitler bir günde orta çykan zat däl!.. Şunça zady agzap oturmagymyñ sebäbi bar. Soñky döwürlerde, aýratynam Ukraina-Russiýa urşunyñ başlamagy bilen şeýleräk gara propaganda dillerde gaýmalaýar: - Putin faşist! Russiýa faşist! Ýeri, kim antifaşist onda? ABŞ-myş! Onuñ Ukrainadaky eli ýaragly faşistik (harby lybaslarynda we baýdaklarynda nasistik simwollary ulanýan) Azow batalýonynyñ hereketlerini görmezlige salynýar. Şol neonasistler 2014-nji ýyldaky Maýdan wakalaryndan bäri Krymda, Donbasda müñlerçe adamyñ ölüminden we müñlerçe adamyñ öýünden-ilinden jyda düşürilmeginden jogapkär dälmi näme? Guramsny esaslandyryjy Andreý Bleskiniñ aýdan şu sözüni ýatjak çykaryp bolarmy: “- Ukrainanyñ döwlet derejesindäki düýp maksady - jöhitleriñ dolandyrýan pes adamlaryna (Untermenschen) garşy dünýäniñ ähli akýagyz milletlerine iñ soñky haçly ýörişinde öñbaşçylyk etmekdir." Munuñ ABŞ-daky faşistik guramalardan näme parhy bar? ABŞ nasistik guramalaryny goldaýan garañky ýüzi ýaly şu faşistlere beren goldawlarynyñ aýan bolmagyny islänok. Hawa, Gitlere düýn beren goldawyny bilmegiñizi islemeýşi ýaly, şu günki günem bulary bilmegiñizi islänok. Şuny ýagşy biliñ ki: jöhit W.Zelenskini Ukrainanyñ başyna oturmagyñ maksady-da, faşistleriñ eden gyrgynçylygynyñ üstüni örtmekdir... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |