09:54 Kim nasionalist? | |
KIM NASIONALIST?
Publisistika
Bu gezek gürrüñsiz... referendum barada ýazmakçy... Düýpgöter başga penjireden seretmekçi... Oña ses beren "nasionalistleri" ("milliýetçileri") düşündirmekçi! Ilki şulary belläp geçmekçi... Beýik taryhçymyz M.Fuat Köprüliniñ kesgitlemesi: "– Iññän regulýar hökümet sistemasyny kemala getiren türk imperiýasy XV asyrda Ýewropanyñ iñ absolýut döwlet gurluşyny döredipdir we bu režimiñ Ýewropadaky ilkinji nusgasy bolup hyzmat edipdir. – Türkleriñ täze eýýamyñ Ýewropasyna absolýut döwlet režiminiñ ilkinji nusgasyny bermeleri türklerde jemgyýetçilik hukugynyñ we syýasy medeniýetiniñ yzygiderli kämilleşmeginiñ görnetin öñdedigini görkezýär. Köprüliniñ makalasynyñ sözbaşysy şeýle: “Yslam jemgyýetçilik hukugyndan aýry türk jemgyýetçilik hukugy ýokmy?” Soragda aýratyn many bardy: – Ol ýewropaly taryhçylaryñ “türkleriñ hukugy yslam hukugyndan ybarat” diýýändiklerine gahary gelýärdi. – Ol ýewropaly taryhçylaryñ "türkler Stambuly eýelänlerinden soñ Wizantiýanyñ köpsanly jemgyýetçilik ulgamlaryny bire-bir nusgalap aldylar" diýmelerine jany ýanýardy. Şeýle garşylygy Halil Inaljyk ýaly başga-da belli taryhçylarymyz beripdi. Türkler on asyr bäri yslam dünýäsiniñ aýrylmaz bölegidir. Emma... Yslamdan öñem türkler we türkleriñ döwlet ýörelgesi, hukugy, kada-kanuny bardy! Jahan imperatory Çingiz han nesillerine şeýle pent edipdi: "Dünýäniñ häkimiýeti eliñizde saklajak bolsañyz Ýasamyza gyşarnyksyz eýeriñ!" Türk döwlet ýörelgesiniñ özeninde ahlak, adalat we agzybirlik esas alynýar. Ynha... Türkmenler Orta Aziýadan şeýlekin döwlet düşünjesi, edara ediş-dolandyryş däpleri bilen Anadola geldi. Şonuñ üçinem... Mälikşadan Fatih Mämmede çenli... seljuklylar we osmanlylar şerigatdan has kämil hukuk kadalaryny emele getirdiler. Aradan ýüzlerçe ýyl geçdi... Bugünki gün… türk döwlet ýörelgesini aýak astyna alýan referendumlaryñ biri bilen garşyma-garşy geldik. Takdyryñ oýnuna serediñ: munuñ başyny çekenleriñ biriniñ ady-da “Döwlet!” ■ "Eý, hökümdar!" "Kutadgu bilig"… müñ ýaşy sermelän kitap... Türk ýazuw taryhynyñ iñ uly ýazuw ýadygärligi... Garahanly kowumdaşymyz Ýusup Has Hajybyñ XI asyrda ýazan eseri... Eser döwlet bolmagyñ esaslaryny öz içine alýar. Ýol görkezýär... Hökümdara ýol-ýörelge salgy berýär. "Eý, hökümdar!" diýip seslenýär. – “Kanuny dogru ýöretmäge we halky goramaga borçlusyñ.” – “Zulum ýurdy egsilder. Zalymyñ zulmy birnäçe köşgi harap eder we ahyrynda öz soñuny-da getirer.” – “Hökümdaryñ dili we sözi süýji bolmaly, özüni hoşgylawly görkezmeli. Sözüne sadyk bolmaly. Duýgulary bilen däl-de akly bilen hereket etmelidir.” Kitap döwlet işgärine, jemgyýetçilik işgärine we halk köpçüligine ahlak-terbiýe taglymatyny berýär. – “Syýasat ahlakdan aýrylmaz.” – “Esasy mesele - hökümdaryñ şahsy ahlak artykmaçlyklaryndadyr. Hökümdar ynsaply, mylaýym we geçirimli häsiýetli bolsa, adyl hökümet gurmak kyn däl.” Kitabyñ mazmunyny adalat düzýär: – “Halkyñ biynjalyklygy we nägileligi döwleti howpa düşürer, hökümdar mundan mümkingadar gaça durmalydyr, bu bolsa diñe adyl bolmak bilen mümkindir.” – “Halkyñ üstünden zulmy gidermek, güýçliniñ ejizi ezmegine maý bermezlik, halkyñ janynyñ we mal-mülküniñ howpsuzlygyny üpjün etmek adalatly hökümetiñ bar ýerinde mümkündir.” – “Häkimiýet adalata gönüden-göni baglydyr.” "Kutadgu bilig"… Kitapda çäklendirilmedik ygtyýarlygyñ adalat düşünjesini duşaklajakdygy ýazylýar. Ýurdy geñeş esasynda dolandyrmagyñ gerekdigi ýañzydylýar. "Ýokary diwanyñ"-mejlisiñ-ýerine ýetiriji häkimiýetiñ ähmiýetinu nygtaýar. Hökümdaryñ tarapgöý bolmaly däldigini aýdýar. 16-njy apreldäki referendumda Ýusup Has Hajybyñ kime ses berjegi belli gerek? Ýeri... Özüni ýüzlerçe ýyllyk türk döwlet ýörelgesiniñ mirasdüşeri saýýan dost, sen nädip "ýok" diýip bileñok? ■ Töräni bozanlar 716-njy ýylda dikilen Tonýukuk ýazgysy… 732-nji ýylda dikilen Kültegin ýazgysy… 735-nji ýylda dikilen Bilge kagan ýazgysy… Ýagny… türk dili-elipbiýi, türk taryhy, türk edebiýaty, türk sungaty we türk döwlet ýörelgesi hakynda gymmatly maglumatlary berýän "Orhon ýazgylarynyñ" özenini kaganlaryñ wesýeti düzýär. "Üstüni gök basmasa, astynda ýer ýarylmasa türk milletini, il-ýurduny, töresini kim bozup biler". Töre (törü) - jemgyýetçilik-syýasy düzgüne agalyk edýän hukuk. Töre - hökümdary özüne baglaýan obýektiw hukuk namasy. Türk döwlet ýörelgesinde töräniñ şugadar möhüm bolmagynyñ sebäbi, boýlaryñ, tire-taýpalaryñ arasyndaky bolup biläýjek oñşuksyzlygyñ hukuga esaslanyp öñüni almakdyr. Bilge kagan döwletiniñ güýç-kuwwatyny, gudratyny gürrüñ berende "şular ýaly gazanylan, berkarar edilen ýurdumyz, törämiz" bar diýip öwünýär. Ýazgylarda düzgün-tertibi nämeleriñ bozýandygy jikme-jik sanalyp geçilýär: – Türkler kesekileriñ syýasatynyñ alyna giden wagtynda… – Döwletiñ jogapkär wezipelerinde sowatsyz we işini oñarmaýan işgärler oturdylanda… – Halk köpçüliginde nägilelik dörände… – Saýry medeniýetiñ türk jebisligini zäherläp, hamyrmaýasy sozular ýaly edende, we ş.m. ýagdaýlarda "düzgün-tertip" hereket etmez ýaly hala gelýär we döwlet çökýär. Uzatmaýyn… "Orhon ýazgylaryndan" Çingiz hanyñ "Koko debterine" ("Gök depder") çenli türk döwlet ýörelgesi nesilden nesle respublikamyza çenli dowam etdi. Şindi… 16-njy aprelde geçiriljek referendum arkalu "kimdir birileri" ýüzlerçe ýyllyk döwlet ýörelgesine çomak sokýar. Özüni "nasionalist" saýýan biriniñ oña oñyn ses bermegine düşünmekde kynçylyk çekýärin. Bahçeli gullugumy bu? Gaty gelşiksiz. "Kutadgu biligde" şeýle diýilýär: "Adam - akyl-paýhas bilen beýgelýär, bilgi bilen ulalýar we her ikisi bilen ygtybarlylyk gazanýar." Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.04.2017 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |