09:50 Kim nirde... / mini-kyssajyk | |
KIM NIRDE…
Hekaýalar
Aýaly dogumly. Çydamlam. Ýöne, durmuş-da. Arasynda sene-mene üçin bahana-da tapylaýýar. Gorjabaşy kim boldy? Bellisi ýok, ýöne, bir gün sözleri azaşdy. Günäkärem, çaky çak bolsa, erkekçe dogrujasyndan gelmäge syrty çatsa-ha, erkek bolmaly. Ýöne, şeýle seretseň welin, durmuşda hemme zada, hemişe-de aýal günäkär-ä. Şo sebäpden, bu gezegem aýyp şoňa ýöňkeldi. Nämüçin? Owal-a, ýasalan süňk-saňk özeni egri. Gapyrga. Oňam çepinden. Galyberse-de, şonuň şü hemişeki nemeligi bolmadyk bolsady, onda, şumat şumatlara çenlem, bi adamzat ähli, iýmän-içmän, hajathana gatnaman... garaz, hiç hili azar-bizarsyzja, hemme zat “oll onklýuziw” düzgündäki, ýedi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyldyzly myhmanhanalara-da poh iýdirýän, ýaman erbet ýerde, agaýana döwran sürüp ýörmeli. Garaz, gepiň kelte ýeri, erkek ýene erkekligini edip, gopan gohda, “ganym gadyrdanyny” günäledi. Olam, hemiş-ä beýlebir neme-de däldi weli, şu sapar-a nämüçindir nemetmedi. Halys degnasyna degdimi nämemi... Onsoň, jala-jala edip, nemesleriň “maşinengewer” diýýän, okseçer “wunderwaflýasyndan”, çar ýana gülle paýradýan ýaly, ýitiden-ýiti sözleri, ýetişibildiginden suňşuryp-seçmäge başlady: -Öldüm-u-u, öldüm-ä, men pahyr, şü tünegiň ojagyna odun, tamdyryna kesewi, unitazyna suw boly-y-y-ýp! Şunça ýyl, şu başyna ýumrulmyş hütdügi adam etjek boly-y-y-ýp, dowzahyň ýalnyna çirkizilýän dek, çawlana-çawlana ýaşapjyklar öldüm-ä... Erkek, ilk-ä bir, manadüşmez mönlük bilen, göýä: “My:ňa nämmolup ýatyr-aý, bi pille?” diýýän dek, höwrüniň “walaleýlatasyny”, geňirgenip synlady. Soňam, birki sekuntlyk böwrüne diň salyp durdy-durdy-da, şondan ibaly gep tapmadymy nämemi, hüňürdedi: -Bizem, sen dowzahda çirkizilip çawlanýarkaň, jennetde hüýr-perileriň müşki-anbar bark urýan goltugyny ysgap ýatamzok. Sen nirde bolsaň, şo taýdadyk... ...garaz, gepiň keltesi, her niçigem bolsa, assa-ýuwaş düşünişdiler. Kim nirde boldy... Kim häzir nirede... Dogrudanam, kim nirdekä?! | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||