15:31 Kimiñ agzy bu? | |
KIMIÑ AGZY BU?
Publisistika
"Biziñ mähellämiziñ" (çepçiler) mediýasyna çenli şol bir zady gaýtalaýar: "- Nigeriýada döwlet agdarlyşygy bolup geçdi... - Nigeriýada hunta guruldy". Bu kimiñ agzy? Fransiýa-Günbatar kolonializmine garşy garaşsyzlyk baýdagyny asmana galdyranlara çepçi mediýa hem "agdarlyşykçy", "hunta" tagmasyny ýapyşdyrmaga synanyşýan bolsa, biz kime näme düşündirip bileris? Mustapa Kemal we onuñ harby egindeşleri-de "agdarlyşyk" etdimi onda? Neoliberalizm soñky kyrk ýyl bäri özüniñ edenini "reñkli rewolýusiýa"-raýat jemgyýetçilik hereketi hasaplap, garşysyna edilenleri huntaçylykda aýyplaýar. Düşünje bulam-bujarlygyny döredýärler. Imperializme garşy döş gerip orta çykanlara dogry düşünmek gerek. Bir zady ýadyñyza salmaga rugsat beriñ: * * * Häzir Afrikanyñ 22 ýurdunda döwlet dili fransuz dili. Şeýle-de döwlet dili bolmasa hem gepleşik dilinde, resminamalarda fransuz dilini ulanýan Alžir, Marokko, Tunis ýaly ýurtlar bar... Fransiýanyñ öñki koloniýasy bolan 14 afrika ýurdundan şindizem "koloniýa salgydy" alýandygyny bilýärsiñizmi? Bu ýurtlaryñ ýyllyk girdejileriniñ 85%-i her ýyl Fransiýanyñ Merkezi bankynda jemlenýär. Galan 15%-i ykdysadyýetlerini dolandyrjak bolup çytralýan on dört ýurt tebigy taýdan maliýe kösençligini başdan geçirse, Fransiýanyñ Merkezi bankyna goýlan öz pullaryndan karz alýar! Ýöne bulam çäkli, Fransiýa beren pullaryndan köp bolanda 20%-e golaý karz alyp bilýärler! Çad, Senegal, Jibuti, Gabon, Iwor adalary ýaly Afrikanyñ çar künjünde Fransiýanyñ nämüçin harby bazalary bardyr öýdýärsiñiz? Dilujundaky "kolonial döwür" gutardy, bu "gutaryşyñ" añyrsynda Fransiýa Afrika ýurtlaryna 26 gezek harby operasiýa gurnady! Indem Nigere harby operasiýa gurnamaga taýynlanýar. ABŞ araçy bolan bolýar... Gaty añrygam gidip oturmalyñ, birküç ýylyñ dowamynda bolup geçenlere ser salalyñ: Malide 2013-nji ýylda Bilal Şerifiñ öñbaşçylygynda tuaregler aýaga galyp, Azawad döwletini guran badyna, Fransiýa harby operasiýa geçirdi... Şol ýyl Merkezi Afrika Respublikasynda aglaba bölegi musulmanlardan bolan "Seleka ýaranlygy" häkimiýet başyna gelenden, Fransiýa harby operasiýa geçirdi. Sanasañ sanap oturmaly. Olar "biz Afrikany eksplutatirlemäge dowam edeliñ, bähbitlerimize garşy çykýan biri häkimiýet başyna gelse, garşysyna çykalyñ!" diýýär. Hernä kolonialistleriñ aýdany hemişe bolup duranok. Fransiýa soñky gezek Burkina Fasoda islän netijesini almady, şu ýyl goşun bölümlerini ýurtdan çykarmaga mejbur boldy. Afrika oýanýar. 60-njy ýyllarda bolşy ýaly garaşsyzlyk baýdaklaryny ýene "alyñ ala meýdanynda" pasyrdadyp ugradylar, ikinji garaşsyzlyk göreşi döwri gelip ýetdi... * * * Niger Afrika materiginde 1 million 267 müñ km² meýdany tutýar. Fransiýanyñ Nigerde ulanýan fransuzça şygary şudy: “Fraternite, Travail, Progress” (Doganlyk, Iş, Ösüş). Nijeme ýyllar şular ýaly ýalan bilen geçdi... Niger BMG-nyñ Ösüş indeksinde iñ yzky hatarlarda ýer alýar we 2020-nji ýylyj maglumatnamasyna görä 189 ýurduñ arasynda iñ soñky ýerde durýar... Käbir gyzykly maglumatlary üstüne goşaýyn: Ilatynyñ 70%-den gowragy 30 ýaşyñ astynda we aglaba bölegi işsiz... 23 millionlyk ýurtda sowat derejesi 28%... (Aýal-gyzlarda 15%). Aýal başyna 7,2 dogurma derejesi bilen Afrikada birinji ýerde. Çaga ölümi müñde 117 bilen dünýäde bäşinji ýerde durýar. Adam ömrüniñ ortaça uzaklygy 52 ýyl. Nigerde agyz suwy üpjünçiligi 45%, ýagny her iki adamdan biri içmäge suw tapanok... Haýsysyny sanaýyn? Ýurtdaky esasanam uran jöwheriniñ ýataklary bularyñ barsynyñ sebäbi... Kolonialistlere garşy döş gerip orta çykanlara garşy gidip bolarmy? Nämäniñ agdarlyşygynyñ gürrüñini edýärsiñiz... Nämäniñ huntasyndan söz açýarsyñyz. Afrika-Niger açlyk bilen göreşýär. "Neoliberalizmiñ modasy geçdi" diýilýän imperializm, kolonializm ýene bir gezek garaşsyzlyk hereketleriniñ nyşanasynda. Afrikanyñ ýaş syýasy liderleri Mustapa Kemal ýaly taryh münberine çykýar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.08.2023 ý. | |
|