10:24 Kimiñ bilen bile, kime garşy? | |
KIMIÑ BILEN BILE, KIME GARŞY?
Publisistika
Dogu Perinçek 81 ýaşynda… 60 ýyl bäri syýasatyñ içinde, sosialist... Legal we legal däl göreşleri alyp bardy, bäş partiýa gurdy. Jemi 15 ýyl türmede ýatdy... Perinçegiñ soñky döwür Erdoğan-Bahçeliniñ "Jumhur" ýaranlygyny goldamagyna öz "mähellesinde" nägilelik bildirýänler bar: "dönük ekeniñ", "gorkduñ", "näçe pul aldyñ" ýaly nämeleri diýenoklar... Ýogsam bolmasa: Perinçegiñ pozisiýasy türk sosializminiñ 56 ýyl bäri üns merkezinde: Türkiýäniñ Kommunistik partiýasyndan Mihri Belliniñ “E.Tüfekçi” tahallusy bilen "Yön" ("Ugur") žurnalynyñ 1966-njy ýylyñ 5-nji awgustyndaky sanynda çykan "Demokratik rewolýusiýa: Kimiñ bilen bile, kime garşy" atly makalasynda täze düşünje orta atyldy: Milli Demokratik Rewolýusiýa (MDR)… Soñra bu makala giñeldilip, "Türk Solu" ("Türk sosializmi") žurnalynyñ 1968-nji ýylyñ 19-njy noýabryndaky goşmaça sanynda çap edildi. Soñky üýtgeşmeler bilen makala 1970-nji ýylyñ aprel aýynda "Aydınlık" ("Aýdyñlyk") neşirýatynda kitap görnüşinde çykdy. MDR-çiler ilkibaşda pikirlerini "Yön" žurnalynda çykartmak bilen birlikde, soñ-soñlar öz žurnallaryny-da çykardylar: "Türk Solu", "Aydınlık Sosyalist Dergi", "İşçi-Köylü", "Proleter Devrimci Aydınlık"… Öñe sürýän ideýalary nämedi? Milli Demokratik Rewolýusiýa - imperializme bakna bolup galan yzagalak ýurtda imperialistik sistemadan arany açmak bilen bir hatarda feodal eksplutasiýa formalaryny-da soñlandyryp, döwlet garaşsyzlygyny maksat edinýän sosializmiñ şertlerini döredip bilmekdi... Gödegräk aýdanymda şeýle: Esasy maksatda kapitalizmi, feodalizmi, imperializmi, imperializmiñ hyzmatdaşlaryny, daşara garaşlylygy, importçy global boýna dakylşygy ýykmak bar. Sosialistik rewolýusiýa ýakynlaşmagyñ ilkinji menzili şu tapgyrdan geçýärdi. Mihri Belliniñ pikiriçe, klassyky sosialistik edebiýatda ulanylýan "buržuaz demokratik rewolýusiýa" şu günüñ şertlerine gabat gelenokdy. Buržuaziýa indi rewolýusion kwalifikasiýasyny ýitiripdi. Imperializm stadiýasyna girmezden öñ buržuaziýa feodal düzgüne garşy söweşende progressiw kwalifikasiýadady. Emma imperializm eýýamynda buržuaziýa bu kwalifikasiýasyny ýitirip, eksplutasiýanyñ serişdesine öwrülipdi. Şeýle bolýan bolsa: Rewolýusion güýçler feodal synpyñ ýarany bolan imperializme we onuñ hyzmatdaş kapitalyna garşy göreşi antiimperialistik hamyrmaýasy bolan hem-de garaşsyzlygyn maksat edinýänler bilen gurlan ýaranlyk bilen bile alyp barmalydy. Mihri Belliniñ pikiriçe, Mustapa Kemalyñ öñbaşçylygyndaky kemalistik rewolýusiýa Türkiýede ownuk-buržuaz radikalizminiñ milli rewolýusion düşünjesini añladýardy. Emma bu rewolýusiýa soñ eroziýa aralaşdyryldy. Eýse... täze milli azat-ediş rewolýusiýasyny amala aşyrmak üçin kimler bilen ýaranlyk etmelidi? Bu sowal adyndaky "milli" sözünden belli: Demokratik rewolýusiýa barýan ýolda "milli" aýratynlygy bolmadyk aýakçy-komprador buržuaziýa bilen feodal baý-kulaklardan başga döwlete dahylly ähli synplar we gatlaklar bilen ýaranlyk edilmelidi. Jemläp aýdanymda: Perinçegiñ syýasy pozisiýasy düýn şular ýalydy. Şu gün şondan üýtgeşikmi? Perinçek, (DKTR, Siriýa, Yrak, Eýran, Azerbaýjan, Russiýa, Gündogar Ortaýer deñzi we başgalar) milli daşary syýasatyñ tarapynda durýarmy? Perinçek imperialistleriñ aýakçysy PKK-dir FETÖ garşy gerek? Perinçek beoliberalizme, globallaşmaga, importçy daşarky baknalyga garşy gerek? Perinçek feodallaşan baý-kulaklara, ketdelere, şyhlara garşy gerek? Perinçek doly garaşsyzlygy goldaýar gerek? feodaliteye/ ağalara, şıhlara karşı değil mi? Ol kemalizmiñ rewolýusion gurluşy baradaky şonça kitaby nämüçin ýazýar? Şeýle bolýan bolsa: Ýarym asyr bäri ideologik pozisiýasyndan gyşarman gelen Perinçek Erdoganyñ ýanyna gitdimi ýa Erdogan soñky ýyllarda Perinçegiñ pozisiýasyna golaýlaşdy? Periçek Bahçeliniñ ýanyna gitdimi ýa-da Bahçeli Perinçegiñ pozisiýasyna golaýlaşdy? Gürrüñsiz, munuñ özi ýüz göterim bileleşmegi añlatmaýar, bu ýöne bir ýaranlyk. Çekişmeleri şular ýaly ideologik sferada etsek gowy bolmazmy? Mesele halap-halamazlyk ýaly duýguçyl çemeleşme däl. Perinçege garşy çykyp bilersiñiz, ýöne muny diñe teoretiki bilim bilen amala aşyrmak mümkin. Aslynda kimleriñ ideologik taýdan saga gyşarandygy aýratyn gürrüñiñ temasy welin, bolýa-da... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |