18:46 Kimiñ eli? | |
KIMIÑ ELI?
Maliýe we ykdysadyýet
Erdogan erbet, Ali Babajan gowy, şeýlemi? Erdogan erbet, Mehmet Şimşek gowy, şeýlemi? Hiç birem zadyñ alnyndan däl... Añyrsyny bergä ýaplan dilujy bolçulygy kim dakdy bu ýurduñ boýnuna? Biziñ bilen şol bir pereulogda barýan Braziliýa, Günorta Afrika, Indoneziýa ýaly ýurtlar daşardan gelýän pula (paç salmak ýaly) kapital gözegçiligini edýärkä, AKP hökümeti äwmezeklik edip, ykdysadyýeti ymsyndyrmaga dowam etdi! Netije - ýene uly hasap boşlugy (дефицит текущего счета)... Netije - ýene maliýe krizisi... Netije - ýene ýurduñ baýlyklarynyñ eksplutatirlenmegi... Netije - ýene halkyñ garyplaşmagy... Besdir. Bu kyrk ýyllyk humarhana ykdysadyýetinden oppozisiýanyñam ýüz öwürmegi gerek. Geçmişiñ şowsuzlyklaryny zol-zol dörjäp oturmagyñ deregine "nämäni, nädip" gurmagyñ gerekdiginiñ üstünde jedelleşmegi teklip edýärin! Emma. Oppozision partiýalar ýöwsel: döwletiñ ösüşdäki roluny-hemaýatçy döwlet faktoryny agzamaýar. Kyrk ýyllyk Waşington konsensusy bolan “ýeke-täk tipli” neoliberalizme garşy ýürekli gaýtawul bermäge bogny ysanok: Gaýtam "Günbatar näme diýerkä?" diýýär! Eýse. Günbatarda 2008-nji ýylyñ krizisinden soñ howa üýtgedi: neoliberal tarap şuny diýmäge başlady: - Döwlet bazara eýelik etsin. - Döwlet krizisde täsirli rol oýnasyn. Emma. Biraz demlerini dürsänsoñ şuny çekişmä açdylar: - Döwlet eýeçiliginiñ maksady nähili bolmaly? - Çäreler haýsy şertlerde, haçana çenli we nähili galyplarda geçirilmeli? Bu sözleriñ kody şu: - Döwlet baýlary halas etsin we ýene öz çüñküne çekilip otursyn! Bahanalary-da taýýar: garyp-gasara esewan edýän ykdysady sistema, sosial adalat ýurdy batyrar! Bu sözleriñ kody şu: Ýagny, “ömürlik garyplyk” sistemasy dowam etsin… Diýjek bolýanym: • ÝOLUMYZ BELLI Kyrk ýyl bäri birmeñzeş sözler bilen sözlenen, birmeñzeş zeýrençleri indiden beýläk bir gapdala zyñalyñ: Dürli ykdysady mekdepleriñ krizis boýunça orta goýan sebäp-netije gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşalyñ. Emma şeýdäýenoklar. Ýurduñ - okuw meýilnamasynyñ jebir çekeni - çepçi ykdysatçysy-da ykdysadyýetiniñ bir bütewi zatdygyny ýatdan çykaryp, sa:p maliýe hakda gürläp, prosent düşürmegi erbet görkezýär. Çünki ykdysadyýeti Erdoganyñ adyny orta salmazdan jedelleşip bilenok. "Dat! Tribunalara ters gelýän bir zat aýdyp, erdogançy görünäýmäýin!" diýýär. Ýagny, düşünje gözýetimimizi şolar ýaly derejede daraltdyk... Sosial mediýa ýeñildik. Düýn teleprogramma ykdysatçylary bardy, indi sosial mediýa ykdysatçylary bar! Ýeri: populizme boýun egmäge dowam edibermelimikäk? Ýok. Biz galkyndyryjy merkezi bankçylygyñ tarapyny tutmaly. Biz hemaýatçy-telekeçilik döwlet sistemasynyñ tarapyny tutmaly. Biz garyp halkymyzyñ hak-hukugynyñ tarapyny tutmaly. Biz milli kapitalymyzy goramaly. Biz Atatürküñ ýolundan ýöremeli. "Erdogan eýle" ýa "beýle" bolandygy üçin däl-de, biziñ ýolumyz elmydama şu bolandygy üçin şeýtmeli. Boş goh-galmagallara ýol bermeli däldiris! Hemmeleriñ iñ peýdaly çykjak ugry - şahsy bähbidi dek ýurduñ umumy bähbitlerini-de göz öñüne tutmagyndadyr. Bize umumy bähbidimiz üçin jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyny, jebisligi üpjün edip biljek - işini göwnejaý ýetirjek öñdebaryjy döwlet derwaýys. "Döwlet elini bazardan çeksin. "Göze görünmeýän eliñ" özi bazary ýola goýar diýýän boş gürrüñ ýurdumyzy şu güne düşürdii. Azat-edijilik urşuna gatnaşan, respublikamyzy berkarar edip ýalkymyny jahana ýaýan kadrlarymyzyñ idealizmine mätäçlik duýýarys... • TUSSAG DILEMMASY Bizi ýoldan çykarmaklaryna idin bermäliñ. Sosial ylymlarda gowy bilinýän “tussag dilemmasy” atly strategik oýun teoriýasy bar: Iki aýyplanýan derñew prosesiniñ çäginde polisiýa tarapyndan tussag astyna alynýar. Ikisem şol bir hüjrä gabalýar we şeýle şert goýulýar: - Aýyplanýanlardan biri beýlekisiniñ garşysyna görkezme berse, beýlekem hiç zat aýtmasa, onuñ ýüzüne duran jogapkärçilikden sypdyrylýar. Dymmagy saýlap alanam 10 ýyl azatlykdan mahrum edilýär! - Ikisi-de biri-birleriniñ garşysyna görkezme berse, hersi aýry 5 ýyl azatlykdan mahrum edilme jezasy garaşýar. - Ikisi-de dymsa, hersine 1 ýyl türme tussaglygy bar. Siz nähili özüñizi alyp barardyñyz? Dymyp oñararsyñyzmy? Dymmak erkeklik ýaly bolup görünýändir, emma beýleki aýyplanýan siziñ garşyñyza görkezme berse 10 ýyl jeza alýarsyñyz. Ýa-da: Sizem onuñ ýüzüne dursañyz 5 ýyl türmede oturmaly bolýarsyñyz. Uzatmaýyn: Bu oýun teoriýasy hemişe oýunçylar arkaly gürrüñ berildi. Polisiýadyr döwletiñ özüni alyp baryşyna-da seljerme geçirmek gerekmikä diýýärin! Döwlet elinde anyk deliller bolmazdan, iki sany güman edilýäni "dönüklik", "rehimsizlik" ýaly aýyplamalar bilen garalap, adamçylygyñ çygryndan çykarmaga çytraşýar! Edil öz adamlaryny bazara pida berişi ýaly... Ýagny barha artýan işsizlik, ýokarlanýan inflýasiýa, düşýän girdeji paýynyñ adalatsyz paýlanşygy, gözegçiliksiz globallaşma we ş.m.-leriñ garşysynda garawsyz galdyrylan ýurtdaşlarymyzyñ ahwaly ýaly ýagdaý: Iýiñ, gemriñ biri-biriñizi... Wagşy kapitalizmiñ diñe öz peýdasyny bilýän "göze görünmeýän" eli şudur. Jemgyýetçilik halas boluşlygy üçin indiden beýläk "döwletiñ eliniñ" gürrüñini etmelidiris. Ewolýusiýaçy alym Pýotr Kropotkiniñ subut edişi ýaly tebigatda diri galanlar - hyzmatdaşlygy, birek-birege ýardamy ikitaraplaýyn gurnap başaranlardyr! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 22.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |