12:29 Kimiñ penjiresi? | |
KIMIÑ PENJIRESI?
Maliýe we ykdysadyýet
Taryhy çekiç ýazýarmy ýa gürzi? Taryhy ezilenleriñ, garamaýaklaryñ, zähmetkeş güýçleriñ ýazmaýandyg-a hak. Ýurdumyzda bilmek, öwrenmek üçin diñe agyz dalaşylýar, gep sanaşylýar. Kim has gepe çeper bolsa, şonuñ sözüne ynanylýar! Hakykatyñ däl, duýguçyl kabul etmäniñ (восприятие) agalyk sürýän döwründen geçýäris: Rowaýatçy taryh! Soñky günlerde "palestinalylar ýer satdy-satmady" çekişmesi bar. Emma nämüçindir hiç kimse "Tanzimat" döwrüniñ jedelli meselesi - 1858-nji ýylda çykarylan "Ýer hakyndaky kanunnamasyndan" söz açanok? Geliñ, elmydama gözden sypdyrylýan taryhy faktlar bilen ýüzleşeliñ... Modern kapitalizmiñ düýbüni tutujy Adam Smit 1776-njy ýylda şeýle analiz berdi: "Osmanlyda söwda kese ýerli söwdagärleriñ peýdasyna deñsiz-taýsyz esasda ösýär, bu ýagdaý onuñ diñe özüne zyýan eder..." Şeýle kesgitlemäni diñe Adam Smit berenok, Marksdan Engelse çenli köp sanly akyldar şol pikiri paýlaşdy: "Osmanly - daş-töweregindäki ýyrtyjylara ýakymly ys saçýan karbongidratly öli atdan başga zat däl". * * * Ýewropalylaryñ osmanly söwdasynda agalyk sürüp başlamagynyñ iki düýpli sebäbi bar: - Senagat rewolýusiýasy bilen ykdysady taýdan öñegidişlikde Osmanlydan atgaýtarym öñe geçmegi; - Ýewropaly söwdagärlere artykmaç hukuklar, ýeñillikler we olaryñ peýdasyna dowamly üýtgeşmeler girizilip durlan kapitulýasiýalar... Ýerli söwdagärleriñ, milli kapitalyñ nädip ýok edilendigine iki mysal bereýin: Ýewropaly söwdagärler import önümleri üçin 3% gümrük pajyny tölese, ýerli söwdagärler 7-10% paç töleýärdi. Özem başga ýerden getirilen harytlar üçin diñe bir gezekde paç alynýan bolsa, ýerli harytlar her gümrük nokadyndan geçende telim gezek paç tölemeli bolýardy! ("Bir ýurt özüne nädip beýle ýamanlygy edip bilýärkä?" diýmäñ, nijeme ýyl geçenden soñ Türkiýäniñ birtaraply Ýewropa Gümrük bileleşigine girmeginiñ şundan hiç hili tapawudy ýok!) Diñe paýtagt Stambul däl, Kair, Şam, Bagdat, Beýrut ýaly Osmanlynyñ arap şäherleri-de import önümlere gark edildi. Zawod önümçiligine garşy bäs edip bilmedik el önümçiliginde işleýän ýerli telekeçiler bankrota batdy. (Mysal üçin, diñe 1840-1850-nji ýyllarda Angliýadan import edilen harytlar üç esse artdy, şondan soñam artdy). Import harytlaryñ artmagy netijesinde ýerli önümçiligiñ peselmegi yzly-yzyna edilen daşarky bergä-de sebäp boldy. Wagtyñ geçmegi bilen Osmanly girdejileriniñ 60-70%-ni daşarky bergilerine geçirdi. Ýewropalylar bizden aljak pullary üçin ikinji maliýe ministrligini ("Duýunu Umumiýe") gurdular. (“Çökertme” ýaly aýdymlar nirden dörändir öýdýärsiñiz?) Osmanly çökdügisaýy, ýewropaly kapitalistler bank, demirýol, port, magdan känlerini, ýer satyn alma ýaly ýeñillikleri edinmegi artdyrdylar... * * * Import garaşlylyk... Dowamly artýan daşarky bergiler (maliýe bendiligi)... Elden giderilen ýerler... Munuñ agyr ykdysady ýüki osmanly zähmetkeşleriniñ arkasyna ýüklendi. "Tanzimat"-"Gülhana" "modernizmi" ýalany bilen täze ykdysady üýtgeşmeler üçin birgiden kanunlar çykaryldy. Ine... sözde hususy eýeçiligiñ güýje girizilmegi üçin 1858-nji ýylda çykarylan "Ýer hakyndaky kanunnanamasynyñam" düýp maksady ýeri paja baglamakdy! Jikme-jikliklere girip durjak däl, daýhan görgüli paç tölemejek bolup ýeri galp atlar bilen hasaba aldyrdy. Şeýdibem satmaga mejbur boldy: Ýewropalylar ilkibaşda Osmanlynyñ ekerançyluk önümlerini ele salmak üçin 1868-nji ýylda özlerine ýer satmagy kanunylaşdyrýan kanuny çykartdy: "Istimlak nyzamnamasy"! (Istimlak - hususy eýeçilige degişli gozgalmaýan emlägiñ döwletiñ ýa-da başga bir ýuridiki tarapyñ eýeçiligine geçirilmegi -t.b.) Bu kanun arkaly jöhitler on ýylyñ dowamynda kyrk müñ gektar ýer satyn aldy. Otuz üç koloniýa (posýolok) guruldy. (Diñe şol sebitden däl, meselem, Izmiriñ ýerleriniñem üçden birini eýelediler!) "Ýer satypdyr" diýip, palestin daýhanyny kemsitjek bolmagyñ ýa-da "satmandyr" diýip, gahrymanlaşdyrjak bolmagyñ hiç hili manysy ýok. Ilki şol geçen döwrüñ içinde agyrlaşdyrylan we halka salynan agyr salgytlary bilmeli. Kapitalizmiñ imperialistik stadiýa nädip gelendigine osmanly toptaklary iñ gowy mysal. Ykdysady-syýasy analizleri öz içine almaýan taryh ýalñyş taryhdyr. Munuñ üçin taryha agalyk ediji synpyñ däl-de, zähmetkeş halkyñ "penjiresinden" seretmeli... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |