08:06 "Kir güni - agyr gün" | |
“KIR GÜNI – AGYR GÜN”
Edebi makalalar
Öňinçä Ezraýylyň gürrüňini edeliň. A.Öräýewiň “Adat” kitabyndan mysal: “Bendäge ölüm gelse, Ezraýyl onuň janyna hyrydar bolup: “Ylah-a, bendäň panydan bakyýa sapar edende, janyny imany bilen alaýynmy?” diýende, kime iman sagadaty miýesser bolar we kim iman baýlygyndan mahrum bolup, betbagtlyga we zyýana ebedilik giriftar bolar... Ajal ynsana bagş edilen ruhuň-janyň bedenden, ýagny jismi-jesetden örküni üzüji güýç bolup, dinleriň düşündirişine görä oňa Ezraýyl atly perişde erk edýärmiş. Kähalatda ajala Ezraýylyň sinonimi diýip düşünilýär. Türkmenlerde: “Ajal gelmese ölüm ýok, ajal gelse salym ýok” diýilýär." Dini rowaýatda Alla dört perişdesini çagyryp, olara buýrulýan wezipäni aýdypdyr. Ezraýyla bendelerimiň janyny almagy saňa tabşyrýan diýende perişdäniň saçy çüw-ak bolaýypdyr. “Gorkut atada” Däli Domrul Ezraýyl bilen dikleşýär. Ezraýyl Domrulyň gözüne al-ganatly, ak sakgally goja bolup görünýär. Däli Domrul Ezraýyla garap gygyrdy: “Sen ne haýbatly goja sen, gapyçylar seni görmedi, çawuşlar seni duýmady, meniň görer gözüm görmez boldy, ellerim ysmaz boldy, meniň janym joşa geldi, altyn käsäm elimden gaçdy, agzymyň içi buz kibi boldy, süňklerim toz kibi boldy. Eý, sakgallyja akja goja, gözjagazy çöňňe goja, ne haýbatly goja sen, diýgil maňa!” diýdi. Soň ol Ezraýyl bilen jeň gurýar, ýeňilýär. Ezraýylyň arkasynda Biribar dur. Musulman rowaýatlary bilen bagly türkmen dilinde çykarylan gysga sözlükde şeýle ýazylýar: “Rowaýata görä, Ezraýyl başda adaty perişde bolýar, emma ol dogumlylyk görkezip, adamy ýaratmak üçin palçygy goparyp almagy başarýar. Munuň üçinem ol jan alyjy bolýar. Ol äpet uly: köp ganatly, dört ýüzli, endamy ýaşaýanlaryň sanyna gabat gelýän gözlerden we dillerden ybaratmyş. Ezraýyl adamlaryň ykbalyny bilip, ýöne her bir adamyň ölmeli pursatyny bilmeýär. Şol pursat gelip ýetende, Allanyň tagtynyň ýanynda ösüp oturan agaçdan şol kazasy dolan adamyň ady ýazylan ýaprak aşak gaçýar. Mundan soňra Ezraýyl kyrk günüň dowamynda adamyň jany bilen tenini biri-birinden daşlaşdyrýar. Ol sap, dindar adamlaryň janyny teninden ýuwaşlyk bilen çykarsa, imansyzlaryňkyny gödek güýç bilen çykarýar. Musanyň we käbir adamlaryň edişi ýaly, adam Ezraýyla garşylyk görkezip bilýär, emma ahyrky netijede Ezraýyl my- dama ýeňiji bolup çykýar. W.Basylow “Yslamda keramatlylaryň kulty” diýen kitabynda bir rowaýat getirýär. Men şol rowaýaty “Ýagmyr ýagdyr, soltanym!” atly miniatýurada getiripdim, şoňa seredip bilersiňiz. Bu taýda, gep Burkudyň-da Ezraýyl bilen darkaş gurýanlygynda, hatda onuň çüý- şesini döwüp, alnan janlary boşadýar. Ezraýyl Alla arz etmäge mej- bur bolýar. Alla-da: “Burkut bir däli-diwana ahyry, gulak asaýmaly ekeniň-dä. Ýedi jan bilen sypanyňa şükür et, hernä, özüňe zat bolmandyr” diýýär. Ýeri, bu iki mysala näme diýip näme aýdarsyň! Bular Allanyň eradasyna, onuň perişdesine ýüklän wezipesiniň keramatdygyna şübhe etmekden dörän närse bolmasyn? Burkut diwananyň kultyny döre- den ynançlaryň, “Gorkut ata” eposyndan alnan mysalyň yslam eýýamyndan öňki zamana degişlidigini göz öňünde tutuljak bolsa, şüb- häniň bolup biljekdigini aradan aýryp bolmaz. Asyl “Ezraýyl” sözi nireden gelip çykdyka? diýersiňiz. Bu sowala jogap bermekden ötri, “Mif we simwol” kitabynda getirlen delillere ýüzlenmegi ýerlikli bilýärin. Iudeýleriň (ýewreýleriň) däp-düşünjesine görä, Azael-hudaýyň garşysyna baş göteren perişdedir. Azhi, Azi-eýran arylarynyň keramatly kitaby “Awestada” üç kelleli ýylan. Ol bir mahal dünýäni dolandyranam bolsa, soňra dag gaýasyna çüýlenip goýlupdyr. Hristianlaryň ynanjynda Yesse-legendar patyşa Dawidiň (Dawut pyga ber) hemem Iisus Hristosyň (Isa pygamber) mifiki ata-babasy. Yesse diýen at issi bilen bagly, “ýagtylyk” diýen manyny aňladýar. Iudeýler ýedi şemdany Ýesse daragty diýip atlandyrýarlar. Osetin (alan) eposynda Aza-ölüleriň ýurdunda bitýän agaç. Şumerlerde Nin-Azu, ýagny, “beýik Azu” ýerasty hudaýlaryň biri bolmak bilen, ol “jenap hekim” diýen lakamy göteripdir. Ýewreýlerde Aza, Asa diýmegem “tebip, hekim” manyny berýär. Öküz Zemin hudaýynyň obrazynda gelýär, hudaýyň başga bir obrazy-da geçidir. Şonuň üçinem gurban berilýän hudaýa ýewreýlerde Azazel diýilýär. Häzirki zaman ýewreýleriň dili bolan iwritde “Azazel-e git” diýmek “şeýtanyň ýanyna jähennem bol” diýmekdir. Neolit zamanyndaky dini ynanja görä, geçi Zemin hudaýyny hem-de jähennemiň hudaýyny aňladypdyr. Araplaryň rowaýatlarynda ölümiň ruhuna Azzael diýip at beripdirler. Görüň, bir sözüň gelip çykyşynda näçe diniň, näçe halkyň dahylly ýeri bar ekeni! Şundan soň ýokarda getirilen iki mysalyň döremegini geň geň görüp oturmaly dälmikä diýýärin. Ezraýyl bilen bagly türkmenlerde belli bir günler bolupdyr, olara “Kir güni”, “Agyr gün” diýlipdir, olar hakda häzirki nesillerimiz hiç zat bilenok diýsek öte geçmeris. Men bular barada söz açmazdan ozal, iki çeşmede beýan edilen däp-dessury siziň dykgatyňyza ýetirmegi zerur tapdym. Olaryň “Kir güni”, “Agyr gün” bilen gös-göni baglanyşygynyň bardygyny soňra özüňiz görersiňiz. Birinji çeşme J.Frezeriň “Altyn şaha” kitaby. Ýewropa halklarynyň bir näçesinde Ajalyň simwoly bilen bagly däpler Bawariýanyň, Bogemiýanyň, Morawiýanyň mysalynda beýan edilýär. Eger türkmenlerde Ajal bilen Ezraýylyň manydaşdygyny göz öňünde tutsak, oňa Ezraýylyň simwoly diýse-de bolar, ýöne biz bu kitapda ýazylyşy ýaly alalyň. Morawiýanyň nemes ilatly obalarynda Ajalyň garantgasyny sypaldan ýasaýarlar, oňa sütükli telpek, gaýyş balak geýdirýärler. Soňra ýigitler, gyzlar garantgany syrygyň ujuna göterip, ekin meýdanlaryna alyp çykýarlar, aýdyma gygyrýarlar. Aýdymda Ajaly jähenneme äkidýändiklerini, öýlere eziz Tomusy getirýändiklerini, Maýyň hem gülleriň boljakdygyny aýdýarlar. Bellenilen ýerde garantgany dikip, onuň töwereginde tans edýärler, birdenem hemmeler garantga topulyp, ony bölek-bölek edip taşlaýarlar, soňra bölekleri üýşürip ýakýarlar, oduň töwereginde ýene tans edýärler. Şeýdip Ajalyň tepbedini okaýarlar. Ajalyň garantgasynyň öňünde aýylganç gorky duýulýandygyny bir zatdan bilse bolýar. Sileziýada Ajaly jähenneme zyňmaga gidenler gaýdyşyn güýçleriniň baryndan ylgaýarlar, yzlaryndan kowýan Ajala ýetdirmejek bolýarlar. Eger, kimem bolsa biri büdüräp ýykylaýsa, ol adam ýylyň dowamynda ölmeli, Ajalyň eline düşdi hasap edilýär. E.Taýloryň “Ilkidurmuş medeniýeti” diýen kitabynda-da ölüm, ajal bilen bagly ynançlaryň has syrly taraplaryna üns berilýär, olar ruh bilen baglylykda inçeden yzarlanýar. Meselem, iňlislere mahsus yryma görä, Iwan gijesini ýatman geçirýänler indiki ýyl öljekleriň ruhy sulbasyny görüp bilýärler. Öljekleriň ruhlary olaryň bedenini taşlap gaýdypdyrlar. Olar ruhany bilen bile gelip, ybadathananyň gapysyny kakýarlar. Edil şu pursat ruhany juda biynjalyk ýatan bolmaly, sebäbi onuň ruhy-da bedenden çykyp gaýdan bolmaly. Bu pursat ybadathana ýygnanan köpçülik juda eserdeň bolmalydyr. Eger olardan biri uklap galaýan bolsa, wagtynda oýarylmasa, onuň-da ruhy sulbasy ölmelileriň arasyna goşulýar. Siz ýygnananlaryň uklamaly däldigine, uklan adamyň ýylyň dowamynda ölmelileriň hataryna girjekdigine aýratyn üns beriň, sebäbi bu şert türkmenleriň “Agyr gününde-de” bar. Ýehudylaryň dininde Ýom-Kipur atlandyrylýan bir däp bar. Ony her ýylyň 26-njy sentýabrynda baýram hökmünde bel- leýärler. Şol gün hudaý her adamyň geçen ýyldaky etmişlerine seredýär, ondan netije çykarýar. Eger günä iş eden bolsaň, toba etmeli, şol halatda hudaý tarapyndan günäň geçiläýmegi-de ähtimal. Ýom-Kipur gününde dini berhizi örän berk tutmak talap edilýär. Indi “Kir güni”, “Agyr gün” hakynda. Dogrusy, men türkmenlerde beýle günleriň bardygyndan bihabardym. Meniň önüp-ösen ýerimde, Mary sebitlerinde bu hakda gürrüň edilmezdi, ýogsa çagalykda göreniň, eşideniň hakydadan aňsat çykmaýar. Togsanynjy ýyllaryň başynda etnografçy Ýomut han Garaş oglunyň “Kir güni” we “Agyr gün” atly makalasyna gabat geldim. Ony oktýabr rewolýusiýasyndan öňki Rus geografiýa jemgyýetiniň Türküstan bölüminiň habarlarynyň on ýedinji tomunda çap edipdirler. Rus dilinde ýazylan makaladaky esasy faktlary öz dilimden beýan etsem, öňi bilen, bu baýramçylyk diňe türkmenlerde bellenilýär diýlip ýazylandygyny aýtmak gerek. Onuň ady Meret aýt, Meret baýramy hem diýilýär. Meret-kamary hasabyndaky sekizinji aýyň ady. Meret aýynyň on dördünde Meret baýramy bellenilýär, oňa “Agyr gün” diýen at berilipdir. Türkmenleriň ynanjyna görä, bu gün her adam geçen ýylky ömri üçin hasabat bermeli hem-de öňdäki ýylyň najatyny görmeli. Perişdeler aýratyn bir hasabat depderini ýöredýärler, şoňa bir ýylyň dowamynda kazasy doldy diýlen bendeleriň atlary ýazylýar. On dördüne geçilýän gije Ezraýylyň beýemçili- ginde perişdeleriň topary kitap boýunça kimiň ölenini, kimiň galanyny barlaýarlar. Şol bir mahalda-da öňdäki ýylda janyny tabşyrmalylaryň atlaryny düzýärler. Bu hasabat pursaty adamlaryň howsalasyny artdyrýar, her kim takdyr çözgüdinde perişdelerden rehim-şepagada garaşýar, oňyn çözgüde ýardam bermekden ötri, elden gelenini edýärler. Bu gije perişdeleriň gurnamaklarynda saýlaw geçirilýär. Ähli kişiniň janyny-ruhyny päsgelçiliklerden geçirip, iki zady kesgitleýärler. Birinji, geçen ýylky ölmelileriň düzüminden kim galypdyr? Ikinji, öňdäki ýylda ölmelileriň düzümini tükellemeli. Eger päsgelçilikden geçirlende kimiň jany-ruhy ýykylaýsa, işiniň gaýtdygy, ol ölmelileriň hataryna girýär. Geçen ýylky düzüme girenlerde hiç hili umyt bolmaly däl, olar hökman ýykylaýmaly, olar şol gijäniň özünde amanadyny tabşyrýarlar. Päsgelçilikden aman-esen geçenler ýene bir ýyl, ýagny indiki synag pursatyna çenli ýaşamaga puryja alýarlar. Türkmenleriň ynanjyna görä, juda näumyt bolup oturmaly däl, ykbal çözgüdiňe özüň hem ýardam edip bilersiň. Aýratynam gara- söýmezlere, husytlara, tumaýaklara, ýeke öýlülere, doň ýüreklere gaýrata galyp, işeňňirlik görkezmek zerurdyr. Ýaman gylyklar üçin olaryň Ezraýylyň taýýarlajak sanawyna düşäýmekleri gaty ähtimaldyr. Şonuň üçinem olar sogap işlere baş urmaly. Garyp-gasara sadaka berseler, öňki etmişleri üçin toba etseler perişdeleriň gözüne ilmekleri mümkindir. Synag gijesi ýeke galmak, ýeke ýatmak hatarlydyr. Ýeke ýatanlaryň ukudaka amanadyny tabşyraýmaklary bolup biljek zatdyr. Umuman, saýlaw-synag gijesini iňňän taýýarlykly, mertebäňi belent tu- tup garşylamak maslahat berilýär. Taýýarlyk işleri esasan, meret aýynyň on üçünji gününe düşýär. Bu gün “Kir güni” diýip atlandyrylýar. Adamlar irden hapadan, kirden saplanmagyň aladasy bilen oýanýarlar. Her kim öýüniň töweregini syryp-süpürip tertibe getirýär, mal ýataklaryny ardýar, içeriniň goşlaryny çykaryp, kakmalysyny kakýar, ýuwmalysyny ýuwýar. Geýim-gejimde kirlisi galmaly däl Saç-sakgalyňy syryp, timar berip, ehdam janyňy tämizlemeli. Edýän işinden her kimiň göwni jaý bolmaly. Adam oglunyň berjek bahasy hasaba alynmaýar. Hasaba aljak Ezraýyl perişde hiç kimiň gözüne görnenok, özi welin, hemmeleri görýär, eşidýär. Al ganatlaryny pel-pelledip yçup ýörşüne depeden seredýär. Ony aldamak asla mümkin däl. Ol Ezraýyl, ol hudaýyň baş perişdeleriniň biri! Ol seniň kalbyňdakyny bilýär! Ýewropa halklaryna mahsus däplerde türkmenlerdäki däp bilen meňzeşligiň bardygy meni geň galdyranok. Siwilizlenen halklara mahsus bolan medeni, ruhy gymmatlyklaryň gadymy alamatlaryny öz senedimizde, sungatymyzda görýändigimiziň faktlaryny men ýazgylarymyň dowamynda, gör, näçe öwre mysal getirýän. Emma olary belläp geçmek işiň başlangyjydyr, hakyky ylmy derňewleriň geçirilmegi zerurdyr. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |