KÖÇÄMIZDÄKI ÇYRA
Näme üçin deputat saýlawy dört ýyldan bir gezek bolmalymyş diýip, köçämiziñ adamlary nägile bolýarlar. Aslynda deputatlar bolmanda näme, dünýä ýykylaýar öýdýäñizmi? Kimde-kim şolarsyz mydar edip bolmaz diýäýse, gaty ýalñyşýamyka diýýän. Olar biziñ diregimiz, daşymyzyñ galasydyr öýdäýseñiz, hut işiñiz gaýdar. Haçan şeýle bolupmyş?
Deputatyñ biziñ köçämize gelenini gören adam barmy, heý? Ýokdur! Bardy-geldi biri-ýarymy azaşyp-tozaşyp düşäýenem bolsa, gaýdyp yzyny tapan däldir. Sebäbi onuñ bu ýerden yzyna çykyp bilmejegine ynanýan. Maşynlar hem, tramwaýlar hem, eşek arabalar hem milt edip bilmez. Bar, olar-a, olar eken, gäwmişler näme, şolar hem geçip bilmez. Batga sorup barýar. Hergiz ýadyñyzda bolsun: biziñ köçämizden geçiji bolaýmañ! Jübi sagadyñyz bolsa, şonam öýüñizde goýup gaýdyñ. Ýogsam şolam hökman döwler! Sagatsyzja galarsyñyz.
Bu uly şäherde şeýle köçäniñ bardygyny progressiw pikirli adamlaryñ biri göräýse, onuñ akyl käsesiniñ hökman şo bada çym-pytrak boljagyna ynanýan. Şonuñ üçinem şo hili adamlaryñ biziñ köçämizi bilmänine şükür.
Ýöne nätjek-dä, bu köçeden özümiz, şunuñ ugrunda ýaşaýan adamlaryñ barysy ýöremeli bolýar. Gyzlar dabanyna agaç kakylan sandal geýip, dünýäni piñine alman takyrdaşyp, çagalar hem aýak ýalañaç şapyrdaşyp ýörler. Etjek alajyñ ýok, ýene öz köçäñ, nirä gaçyp gitjek?!
"O-how, mundan gelip çykd-ow, köçämiziñ adamlary gel-gel indi döwletiñ işine burunlaryny sokýarmy?! Saýlaw dört ýyldan bir gezek geçirilýär" diýip nägile bolan bolýarlar. Gör-ä sen bulary.
Emma men olara munyñyz bolmaýar, akylly boluñ, siz kim diýýän. Siz, heý, saýlawyñ nämedigini bir bilýäñizmi diýýän.
Wah, olara gep düşündirip bolýarmy! Ömrem düşündirmersiñiz. Asyl düşünjek hem bolmazlar. Elbetde, olaryñky hak. Olaryñka hem diýer ýaly däl. Sebäbi sygryñ, gäwmişiñ milt edip bilmeýän köçesinden olar säginmän geçýärler. Bir ýa iki günem däl, ýyllar boýy.
- Ýeri bolýa diýeli. Onda dört ýyldan däl-de, sekiz ýyldan bir gezek saýlaw geçirsinlermi? - diýdim.
- Ýok! Bahym-bahymdan geçirsinler! - diýdiler.
- Iki ýyldan bir gezekmi? - diýdim.
- Ýok, han ogul, onyñ karam bolýar! Her gün agşam iñrik garalansoñ saýlaw geçirilsin!..
- Oý-ho-o - diýip, uludan demimi aldym. - Görýän weli, köçämiziñ bar adamlarynyñ kellesi üýtgäp ýör öýdýän, her gün agşamam bir saýlaw bolarmy?
Üýtgeşik köçämiz bar: ähliñizem ite bir sümek bergili. Ählimizem özbaşymyza öýümiz ýok, şol sebäplem gün berse, bizi kowjak, jaýyndan çykarjak. Başga niýetleri ýok. Çyksak, nirä gideli? Algyly adamlar hem ýüregimize düşdi. Dañ atandan gapymyzy kakmaga başlaýarlar. Süýt, suw, çörek satýanlaryñ pyçagyndan, galamyndan, hekinden ýaña gapylarymyzyñ daş ýüzi görer dagy eder ýaly däl, çyzym-çyzym. Bergimizi gapymyza ýazýarlar.
Dañam atýar welin, rysgal gözlegine çykýas. Çala özüñi goýberseñ, basgylap gitjekler. Tüýs, merdiñ meýdany. Birine bergiñi bermeli, ýene birinden karz pul dilemeli, ýetişäýseñ, zor boldugyñ.
Günorta bilen ikindi namazynyñ aralygynda ejelerem öz işine başlaýar: gaharlaryny çagalaryndan çykarýarlar. Soñ hem çagalar başlaýar: tä garañky düşýänçä biri-birini ýepbekleýärler.
Gybatlara, myş-myşlara ýanan soganyñ ysy garylyp-gatylýar. Şonda-da aýallaryñ dawa-jenjeli ýatmaýar. Olara tutuş gije-de haram, sebäbi dañ agarýança ärlerini çeýnemeli, ähli ýygnan awularyny şolara pürkmeli.
Ýeriñ ýüzünde uruş-gykylyk gutaranmyş. Gutarsa gutarybersin. Biziñ köçämizde welin, ol, enşalla, entek-entekler paýawlamasa gerek.
Gepiñ keltesi, agam, ýañky aýdyşym ýaly, gam-gussadan, ahy-pygandan ýaña uly iliñ huşy başyndan göçdi, dälilik hetdine ýetdi. Onsoñ, nädeýin, çök düşüp, olara ýalbarýan, akylyna aýlajak bolýan:
- Eý, doganlar, günde-günde-de bir saýlaw borlarmy? - diýýän.
Wah, seredip otursak, belañ körügi başga zatda eken; köçämiziñ çüñkünde bir çyra dur. Ýok, ýok. Ýalan sözlemäýin, ýalan sözlemek gowy däl. Köçämiziñ çüñkünde çyra ýok-da ady bar, onuñ ne aýnasy, ne daşy, ne çüýşesi bar. Gepiñ küle ýeri, onda çyrada bolaýmaly zatlaryñ birem ýok. Ýalñyz demir sütüni bar. Ýöne, her näme-de bolsa, şu köçäniñ ugrundakylaryñ ählisi oña çyra diýýär, şoña endik edipdiris.
Bu çyranyñ ýananyny henize çenli gören adam ýok. Bu demir sütüniñem owadanlyk üçin goýlan bolmagy ahmal. Ýöne ol çagalara-ha güýmenje bolýar. Garga gonýar, çagalaram peýkamlary bilen şolary awlaýar. Wah, görgüli gargalara nebsim agyrýar!
Onda, ýeri, bu çyrany kim dikdikä? Ynsanperweriñ biriniñ işimikä ýa? Ýa haýyr-sogap edýän guramalar goýaýdylarmyka? Döwlet-ä däldir-dä hernä? Hökümetmikä? Ýerli häkimiýet edarasynyñ eli bar bolaýmasyn? Hiç bilýän jemende ýok. Haçan, näme üçin goýlupdyr? Ýeri, şu zatlary bilmek zerurmy eýsem?
Ýöne, köpi geçip, azy galan garrylarymyz gaty ir wagt Soltan Reşit tagta çykan döwürleri şu çyranyñ ýananyny görüpdik diýýäler. Konstitusiýa jar edilenden soñ hem bir-iki gije ýananmyş. Respublika yglan edilenden soñ ýanypmy, ýanmanmy, bilýän adam ýok. Käbiri ýanypdy diýýär, käbiri hem ýanmady diýýär.
Şoña görä, geliñ, köçämiziñ adamlaryna gulak goýalyñ. Bir ýaşuly şeýle diýdi:
- Ýadyñyzdamy, arada saýlaw geçirilipdi. Şo gün çyrañ daşyna bir zatlar oraşdyryp, yşyk berýän gaz ýakdylar. Asyl köçämiz köçä meñzäýdi. Şodur-da-şodur, şondan soñ bir gezegem ýananok şu çyra.
Eý Alla! Saña şükür, ine indi bar zat aýdyñ boldy. Adamlar asyl, ýöne ýerden her gün agşam saýlaw geçirilmegini talap etmeýän oguşýan. Dogrymdan gelsem, menem şolarlyk ~ her gün agşam saýlaw geçirilse, kän zatlar düzeljek? Nähili hezillik boljak!
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
Terjime eden: Kemal YKLYMOW.
Satiriki hekaýalar