06:21 Kofe we kitap | |
Selbi Hanmämmedowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Çarşenbe, 24.05.2023 ý. Biz ylmy açyşlary, sanly ulgam bilen baglanşykly edýän işlerimizi, döredijilikli dünýägaraýyşlarymyzy köplenç kitaplardyr, kofäniň üsti bilen amala aşyrýarys. Kitaplar we kofe! Bu ikisiniň täsiri gaty üýtgeşik. Belki- de ynsan koýe içýärkä, kitaba, kitap okaýarka kofä ýakynlaşýandyr. Belki- de olaryň ikisi birlikde bir bitewi göwre bolýandyr? Şony bilýän ýok, ýöne şeýle gudratly iki sany zady biz mydama bir arada saklamak isleýäris. Kofe bilen kitabyň aýrylmaz baglanşygy hakda aýtmaga zat kändir elbetde, nijeme ylmy açyşlar, tebigy tapyndylaryň durýan ýerleri, eýsem-de hat-da ýeriň göbegindäki nebit hem gaz känleriniň ýer-ýatagy gözlenininde kofýä ýüzlenilendir. Eýsem kofäni kimler köp içdikä? Kitap bilen belki-de kitapsyz? Pýotr II iň uly kofekeş bolupdyr, belki-de kitap okanynda. A Ýelizaweta I bolsa, hat-da öz çaşkasyna 4 nahar çemçesi kofe atdyrypdyr, ajylygyny görsene. Wolter filosofiýany kitaplary bilen bile öwreneninde günde 50 bulgur kofýe içipdir. Onore de Balzak nirä gitse, kitaby bilen kofýe gaýnadylýanyny hem alyp gidipdir. Bethowen kitaplary bilen birlikde saz ýazanynda günde 60 sany kofe dänejiklerini içmegi meýilleşdiripdir, özüne. Megerem ýer ýüzünde ýazyjylaryň köpüsi döredijilik otagynynda, suratkeşleriň köpüsi ussahanasynda, kompozitorlaryň köpüsi roýalyň gapdalynda bu iki sany bir-birinden aýrylmaz baglanşygy bolan zatlaryň lezzetini köp gezekler duýandyr. Kofäniň lezzeti bilen kitabyň lezzetinden belki-de dünýäni sarsdyryjy bir täsin duýgulary alandyr, duýandyr, syzandyr. Leonardo Do Winçi “Jokondany” ýazanda bu iki sany döredijiligiň gudratly hazynasynyň dörän lezzetiň üstünden baryp, beýik eserini döredendir. Belki-de Sergeý Ýesenin uzak gyş gijeleri özünden örän uzaklarda ýalňyz otagda, kiçijik panusy ýakyp, öz ogluna garaşýan ene hakda ýazan şygyrlaryny bu iki sany lezzetiň “nikasyndan” ýazandyr. Megerem iň gowy eserler kofe bilen kitabyň, galam bilen kagyzyň gapdalynda dörän bolsa, onda matematikanyň açaryny eline alan alym eýsem, kofäniň gyzgyn howry bilen gyş gijeleriniň sowugynda balkona çykyp, çözülmedik matematik usullaryň nijeme çözgüdini tapan däldir öýdýärmisiňiz? Beýik astronomiýany – ýyldyzlar ylmyny açan alym, ýyldyzly gijeler asmana bakyp, galaktikalaryň syryny eli kofesiz açandyr öýdýärmisiňiz? Kofe bilen kitabyň başynda okyjy öz dünýäsine girip, ýazyjynyň mährini duýup, egnine ýelbegeý atynan penjegini ýa- da zenan bolsa, şarfyny atyp, kitap bilen kofäniň gadyryny bilen däldir öýdýärmisiňiz? Eýsem kompozitor Bah dünýä meşhur, nijeme asyr ýaňlanyp duran “Kofe kontatasyny” eli kofýesiz, ruçkasyz ýazandyr öýdýärmisiňiz? Filosof – ömrüne eli kitaply Fransua Mari Arue günde 50 bulgur kofe içip, 84 ýaşynda dünýeden ötýär, eýsem kofe bilen kitabyň birlikdäki lezzetini şondan gowy syzan ýokdur. Suratkeş Wiktor Gýugo öz iň ajaýyp eserini kofe dänejiklerinden çekmedimi näme? Eýsem şol kartinany çekeninde onuň elinde kofeli bulgur bolan däldir öýdýärmisiňiz? Kompozitor Lýudwig Wan Bethowen 60 däne atylan kofäni hyzmatkärlerine gaýnatdyryp taýýarladanynda elinde galam bilen kagyz, kitap bolan däldir öýdýärmisiňiz? Asla! Diýmek ýazyjynyň hem, okyjynyň hem dosty kitap bilen kofe, diýmek alymyň hem, açyşlary edijiniň hem, suratkeş hem kompozitoryň dosty bu iki lezzetiň nikasy bolýan bolsa, olaryň ikisini bir ara gelip, şol ýerde hem kitaplar dünýäsine çümüp, hem öz dünýäsindäki bolup geçýän duýgulary kofe bilen paýlaşmaga bir pursat gözländir. Kofe hem-de kitap hiç wagt hem bir-birinden aýry däldir. Olaryň ikisi bir-birini doldurýar. Biziň kitap oakaýan ömür wagtymyz kofe bilen gönüden göni baglanşyklydyr. Dürli döredijilik gözlegler we beýleki açyşlar kofe hem-de kitap bilen amala aşyrylýandyr. Selbi HANMÄMMEDOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy. | |
|