14:14 Kömek Kulyýew aradan çykdy... | |
• Şu gün - 5-nji noýabrda ýazyjy Kömek Kulyýew aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris. ◇ Ýazyjy hakynda Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda häzirki Lebap welaýatynyñ Saýat etrabynda doglup, 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar we “Edebiýat we sungat” gazetinde işe başlaýar. Edebiýata başda şahyr hökmünde gelen Kömek Kulyýew soňra öz obasyna, Saýat etrabyna gidip, raýon gazetinde işleýär we aradan üç ýyl çemesi geçensoň, paýtagta prozaçy bolup dolanýar. Ilkibaşda “Akar suw we ýata suw” atly hekaýalar toplumy bilen tanalýar. “Iki sallançak arasy” powesti, “Äşe soldat”, “Aýrylyşmaga alty aý möhlet”, “Çapak” ýaly eserleri gowy garşylandy. Ýazyjynyň eserleri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy, Moskwanyň “Художественная литература” neşirýatynda çap boldy. Döwürdeş ýazyjylarynyň ýazmaklaryna görä, Kömek Kulyýew “Altyn guşak” garaşsyz neşirinde öň çap edilmedik eserleri halka ýetirmäge uly goşant goşdy, belli ýazyjy Wera Panowanyň “Muhammet pygamberiň ömri”, Magtymgulynyň “Bagyşla bizni” ýaly eserleriniň köpçülige ýetmegine ýardam etdi. Onuň taryhy temadan ýazan “Ak öýli” eseri türk dilinde çap edildi. Ýazyjy soňky ýyllarda “Göroglynyň sawçylary”, “Göroglynyň döreýşi“, “Galkynan göwünler”, “Janly gurjaklar” atly sahna eserlerini döretdi, onuň senarileri esasynda döredilen “Sen ýadyma düşseň…”, “Düýeguş”, “Täze ýyl ertekisi” ýaly gysga göwrümli filmler teleýaýlymlarda görkezilýär. K.Kulyýew uzaga çeken düwnük keseli zerarly aradan çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 11 | |||||||
| |||||||