17:16 Kontinentleriñ edebiýat köprüsi | |
KONTINENTLERIÑ EDEBIÝAT KÖPRÜSI
Edebi makalalar
• kitapcy.ru üçin ýörite söhbetdeşlik Käbir ynsanlar adamlaryň arasyny bozmak üçin, kä birleri bolsa, adamlaryň arasyny berkitmek üçin dünýä gelen ýaly, haýran galaýmaly. Aslynda dünýäni diri saklaýan hem köňülleri bir ýere jemlemegi başarýan, ynsanlaryň mätäçliginde öz zerurlygyny görýän adamlar ýaly käwagt şeýle pikire çümýän, göwnüme bolmasa bu şeýle dowam edip duran ýaly. Belki-de başgaçadyr. Ýakup Deliomer bilen tanyşlygymyzyň nijeme ýyllardyr uzak wagtdygyna garamazdan men onuň nijeme galamlaryň garyndaş baglarynda öz aýak yzlaryny basandygyna göz ýetirdim, nijeme ýyllardyr. Bir-birine sepleşip gidýän garyndaş bagly galamlaryň arsy bilen göýäki Gülliweriň leýleputlar ýurduna syýahaty ýaly gidip barmagy onuň gardaş galamlaryň içinde geçip barmasy gözümiň öňünde onuň şahsyýetine hormatymy artdyrýardy. Dogrusy zamananyň ýaň berilen şahsyýeti bolaýmak häzirki zaman edebiýat dünýäsinde-de aňsatdyr öýdemmok,tüweleme ýazýan hem kän, pozýan hem. Ýöne ýazýanlaryň içleri bilen ýazýan galamlaryň çyzgylary bilen bu goja zeminde ädimleriňi gowşatman gidäýmek, hiç wagt ynamyňy ýitirmän nijeme ýyllardyr, şol bir maksat bilen ýöräýmek häzirki zaman tarasyz, howlukmaç adamzat dünýäsinde geň täsin ýaly göwnüme bolmasa. Her bir adam bir maksat bilen gelýändir-dä bu dünýä, megerem Ýakup begiň maksady garyndaş galamlaryň ählisini bir düşege ýygnamakdyr, bilmedim... Beýik medeniýetleri özünde göýäkiderwüşhyrkasy deý daşaýan bu ynsanyň hakydalarda galdyrýan täsiri hakda aýdyp bilmegim üçin maňa onuň ýazan “Gant rowaýaty” atly eseri hem ýetikdi. Emma onuň baglarynda nijeme kül bolan zehinler hakda-da Aly Akbaş hojamyň ýazanlaryny okanymda: “Megerem Ýakup begiň ýazyjylyk haly ,onuň şahyranalygyndna gelip çykýandyr” - diýen netijä geldim.Ol elbetde ýaş ýazyjy-şahyrlary bir ýere jemlemek üçin , ýaş zehinleriň galamlarynyň gelejege açylmagy üçin meniň tanaýan döwürdeşlerimiň içinde iň işjanlysydy. Ýyllar boýy şol maksat bilen ýer ýüzüne aýlanan ýazyjynyň intellekt aýratynlygy juda salyhatly, bir sözi aýdyşy, ýa-da aýdylan sözi diňleýşi, oňa gadyr berişi, bilim ynsanlarynyň içinde ýazyjy-şahyrlaryň içinde uly hormatdan peýdalanmasy ähli usullar babatynda-da çendenaşa medeniýetliliginden gelip çykýardy. Onuň eserlerini terjime etmek hem nesibämde bar eken. “Gant rowaýatynda”- türki dilli halklaryň arasyndaky baglaryň inçejik baglaryny bir- birine seplemäge çalşan ýazyjynyň içki dünýäsinde näzik duýgular höküm sürýär. Käte- käte şeýlebir eserleri okasym gelýär, häki bir goý ol eserde beýik bir waka bolmasyn, goý şol eserde özgeriş ýa-da okyjynyň garaşan wakasy ýüze çykmasyn, ýöne şol eseriň manysy bal bolup ýürege damsyn. Ilkinji gezek “Gant rowaýaty”hekaýasyny okanymda birhili täsinje duýgular bilen garşylaşdym: “Köp garaşan uzak saparyňdan soň öýüňe gelip, dünýäde iň gowy “sapar hem gezelenç hem syýahat hem öz öýüň dynçlygyça ýok eken’ diýip, aýaklaryňy uzadyp bir çaý içersiň-ä” ana edil şolar ýaly duýgylara baglandym. Ondan soň oýlandym: Ynsana başga nämeler gerek? Dogrudan hem näme gerekkä? Ýakup Omer oglunyň hekaýasynda gandyň nämedigini bilmeýän pukara çagalaryň bir mahallar giç öýlän öýlerine gidip bilmän, serişdeleri ýetmän bir kafe ýylynmak üçin girenlerinde menýudaky “gant” sözüni arzan görüp, birniçe oglanjyklar bolup, gant satyn alandyklaryny (Hilli nämekä öýdüp) soňra-da onuň doňdurylan şeker tokgasydygyny görüp, ýylgyrmasy, soň-soňlar başga ýurtlara sapara gideninde her gezek gant tokgasyny göreninde, şol 1 -lira satyn alyp, çaý bilen içen gandy ýadyna düşüpýazan ýatlamasyndan çeşme alan duýgulara gaplanan eseri meniň işi terjime edýärkäm, nijeme gezekler peje çoýunan ýaly etmesi, bu zatlaryň hemmesi şahyranalykdan ýazyjylyga geçen şahsyýetiň içki dünýäsindäki güýçdir meger diýip, oýlandyrdy, meni. Ýakup Omerogly 1966-njy ýylyň 25-nji martynda Türkiýede dünýä iýnýär. Nijeme edebiýat bilen baglanşykly ýokary wezipelerde işlemek bilen birlikde her gezek ýaňzydyşymyz ýaly, türki dünýäsiniň şahyr-ýazyjylarynyň galamlaryny birleşdirmekde uly işler bitiren bir döwürdeşimiz. Onuň döredijiligi hat- da türkmen edebiýatynda hem öwrenilmäge mynasypdyr. Aslynda ynsan kähalatlarda özüne ýabany gelen, hiç ýaraşmaýan pikirleriň şaýady bolýar, men pikirleriň beýle derejesiniň täsin bolmagynda hiç wgat hem ynsanlary günäkärleýärin-de wakanyň özenini seljermäge çalyşýaryn, bilmedim bu maňa edebiýatyň öwreden häsiýetimi ahyrynda, ýa-da meniň kiçilikden mekdep ýyllarymda edebiýat mugallymymyň terbiýesi – gep onda däl, belki-de enem-atamdaky il arasyndaky abraýyň terbiýesidir... Gep şeýle wakalardan baş alyp çykyp bilýän ýazyjylaryň ýa-da teatr tankytçylarynyň, kino öwrenijileriň ýa-da jurnalistleriň öz garaýyş nukdaýnazaryndan şeýle inçe nazary seljermäge howlukmasynda... Kä wagtlar ynsany günälemek ýa-da onuň eden hereketlerinden hasap soramak ýaly işlere juda ezber adamalr hakynda pikir üçburçlygyny döredýärin, özüme... Bu meni täsin intrigalara, edebi pikirlere hem-de hiç wagt goýup bolmajak öz- özüm bilen jedellere alyp barýar. Men beýle pikirleriýakup Omeroglynyň dördijiliginde görýän. Haçanda ýazyjy bir zady okyja ýa-da diňleýjä düşündirmek üçin jan edýän bolsa, onda onuň ýazyjylygy öňe çykýar, eser däl-de. Maksat okyja özüniň “ýazyjydygyny’ subut etmek ahbetin... Ine, şu günki gün modernizasiýalaşdyrylýan dünýä film sungatynda, teatrlarda, edebiýatda iň köp garşylaşýan temam meniň şular. Ýazyjynyň pikirleriniň içi bilen üşäp baran kontinentimden, ýyljak kontinente geçen pursatlarymy ýatlaýaryn. Bir düwür gandyň üsti bilen türki dilli halkalryň ha bir gök çaýa gant basyp iýmesini syzdyrybilýän eser hakda oýlanmak maňa has gyzykly, global temalar baradaky habarlary okanymdan. Dimek ki okyjynyň kalbyna akyp girýän dil degirmeniniň üsti bilen uzaklardan ýetip gelýän sowuk gar akymynyň astynda durup biljek içmekli halyň has ynamly hem-de has durnukly. Her hekaýasynda täze bir kontinente üşdüm, her hekaýada täze bir çopan bilen garşylaşdym,ol maňa nireden nirä suw akýandygyny, nirede gyzyl gömülen küýzäniň bardygyny görkezip, eli çopan taýakly barýardy. Diýmek ki ýolum, çopanyň ýoly, ýolum derwüşleriň ýoly, ýolum elguşlaryň ýoly, ewum bolsa, edebiýat. Ýazyjynyň döredijiliginde eli bir köpüksiz oglanjyk dünýäni, älemleri dolandyrýar kibi gelýär, kä halatlarda. Kä halatlarda hem şol oglanjygyň keşbiniň üsti bilen bir ýerlere gidip abrýarsyň, indiki öwrümde näma sataşjagyň belli däl, ýöne ýoly dowam etdirmelidigiň bolsa, kesgitli... Ýazyjynyň döredijiligi bilen baglanşykly her bir detallaryň gyzykly bolmasy- onuň döredijiligindäki her kiçijik zatlaryň hem eserlerinde wajyp bolmasynda ýer alýar. Entek edebiýatyň bir ujundan girmedik Ýakup Omeroglunyň döredijiligi hakynda meşhur türk ýazyjysyAli Akbaş hojanyň ýazgylarynda onuň ilkinji gezek özüne şygyrlaryny görkezendigi we ol “şygyrlaryň şygyr däldigini aýdyp, tankyt edenigini” ýazmasy meni dördijiligi hem şahsyýetiniň dünýä türki dilli halklaryna juda bagly ýazyjynyň üstünlikleri hakynda hem-de eden işleri hakynda oýlanmagyma täsir etdi. Çünki ilkinji şygyrlarymyň tankydy nazar bilen bakylmasy mende hiç wagt ýeňilmezlige bolan ýol açypdy. Diýmek ki şu güne çenli şol şygyrdan has gowy ýazjakdymy subut etjek bolmamyň aňyrsynda şeýle göreşleriň bardygyna göz ýetirmek ýeterli bolsa gerek. Dünýä edebiaýtynda törden ýer alan eserleriniň iň naýbaşlyaryndan saýlanan birnäçe kitaplarynda hem türki halkalryň medeni, edebi birligini gazanmak üçin eden işlerinden çen tutsaň, ýazyjynyň döredijiliginiň akabasynda ýüzüp gidýärsiň, ýa-da aslynda çümýärsiň, eger oňa bolan hormatyň bar bolsa, edilen işleriň , geçilen ýollaryň juda uzaklygy hem-de manyly bolmagy ýazyjynyň döredijiligindäki iň iri nusag bolmagynda galýar. Ilkinji gezek juwan ýaşynda Türkiýäniň daşynda ýaşaýn türkleriň – ýazyjy türk ýaşlaryň bir ýere jemlenmesinde uly işler bitiren ýazyjy juda ýaş wagtyndan başlap, dünýäniň dörediji ýaşlarynyň arasynda tanalmaga başlaýar. Edebiaýta hossarçylyk gözi bilen garamasyndan gelip çykýan bu häsiýeti baryp-ha birnäçe ýyldan bäri dowam edýär. Çankyry-Şabanözi ilçesinde doglan ýaşajyk ýazyjynyň ilkinji nobatda öz hünärini ele almagy üçin lukmançylyk ylmynda bitiren işleri has-da ýokarydyr. Ol Ankara Uniwersitetiniň weterinar fakultetini gutarandan soň,ylmy gözleglere tarap ýoluny dowam etdirýär.Ylmy dünýägaraýşy bilen doktorlyk derejesini almaga çalyşan gelejekki ýazyjy, jemgyýetdäki müňlerçe ynsanlaryň durmuşynda öz täsirini goýan, dünýäniň müňlerçe ýazyjylaryny , edebiýat birligine çagyran ýazyjynyň döredijiliginden öňürti şahsyýetiniň beýikligi hakda aýtmak isleýärin. Ilkinji gezek ýaşlar gurultaýyny çagyrmak üçin nijeme ýollar geçendigine garamazdan döwürdeşleriniň arasynda iň bir ýaş, juwan görünýän oglanjygyň durmuşy häzirki bu güne çenli diňe galamlaryň garyndaşlygyny gazanmakdygy bolsa, elbetde şeýle şahsyýetleriň edebiýat dünýäsindäki ornunyň aýratynlygyna şübhe goýmaýar. Ýazyjynyň diňe bir türk ýaşlarynyň däl, eýsem beýleki halklaryň hem ýaşlarynyň bir ýere birleşmesinde örän uly täsirini ýetirendigi ikiuçsyzdyr. Çünki onuň durmuşyndaky maksady türki baglaryň ýazyjy-şahyrlarynyň bir galamyň syýasynda ýerleşmegidigi, onuň ýyllar boýy eden işleriniň jemlenmesinde aýdyň subut edilýär. Çünki nijeme grek hem-de pars dilinde ýazýan ýazyjylaryň birnäçesiniň soňraky ýyllarda türk dilinde ýazmaga başladygyny,olaryň arasynda hat- da ýaş şahyr-ýazyjylaryň bolmagy bu hünäri ele alan nijeme adamlar subut etdiler. Döwürdeşleriň bilen özüňi güýçli duýmagyň lezzeti her kese başartmaýar, emma şol lezzeti alyp bilmegi başarýan adamlar hem şol güýçli adamlaryň bir gol- ganatydyr, diýip, pikir edýärin. Çünki türkmen halkynyň “Ýekäniň çaňy çykmaz” diýen setirlerinden ugur alynşy ýaly dostluk- baglaryny ýer ýüzünde uzaltmagy başarýan ýazyjy kibi ynsanlaryň arasynda öz güýjüňi we zehiniňi halkyň ruhy baýlygyna, hazynasyna goşjak goşandyň bilen diri tutmagyň lezzeti başga. Hut şol sebäpden hem ýazyjynyň ýuwaşja ses bilen ykbal öwrümlerine ýüzlenýän hekaýalaryny okanymda- da hut şol netijä geldim. Her gün, her pursat iş başynda bolan ýazyjynyň bir tarapdan nijeme ülkelerden kitaplarynyň çap edilmesi, nijeme ülkeleriň ýaşlarynyň döredijiliginiň dünýä ýaýylmagyna sebäp bolmasynda uly üstünlikler bar. Ýazyjynyň döredijiliginiň ölçegi onuň ýer ýüzüne gelip äden ruhy hem fiziki ädimleri bilen ölçelýändigine göz ýetirmek üçin onuň töwerekleýin kemala gelen portreti hakda aýtmak belki-de kä wagt gerekdir, belki-de hökman hem däl. Çünki ýazyjy özüniň kimdigini subut edip barýar, ol durmaýar ahbetin. Ol durmadan gidip abrýar, kimdir birine ýol görkezip, kimdir birine öz elindäki panusy berip, özi garaňkylykdna ýöräp, ýene-de ýolda özüne ýagtylyk çykjakdygyna, ýene-de bir panus tapjakdygyna ynam bilen gidip barýar. Bu ýollarda gör nijeme suwlar akyp, ýazyjynyň ädimlerinden galandyr, utulyp, gör nijeme howa akymlarynda näzirgäp akyp gelýän şemallar, ýaňagyny tutup otyryberendir, ýazyjynyň yzyndna ýetip bilmejegine gözi ýetip... Gör nijeme nadanlar bir erlerde tozana garylyp gitseler-de onuň yzyndan pitjiň atýandyr, görsene... Görsene... Ol bolsa, entegem eli galam- kagyzly ýolaýyrtda bagjygy üzülen ketasynyň bagjykalryny sypaldan bölek alyp, daňyp ýene-de bir milliorder ýaralynyň ýiten söýgüsi hakyndaky rowaýaty diňläp, öz eserinde ebedileşdirip, bir manat gonarar hem alman milliorderden gidip barýandyr, çünki ol ýazyjydyr,onuň panusyny hem, çyrasyny hem , ýüregini hem Ýaradan özünde gizläp goýandyr, ol diňe “ýöräbermelidir” Ýakup Omerogly hakynda ýazmak üçin ilkinji nobatda onuň döredijiligindäki merjenler hakda gürrüň etmeli, onuň döredijiliginiňem hat-da türki dilli halkalryň birligindäki pikirlere gulak berýändigindedir, belki... Krym tatarlary, Gyrgyzystan, Başgyrdystan, Gazagystan, Çuwaşystan, Azarbeýjan, Özbegistan ýaly ýurtlarda ýşaýan ýaş ýazyjy-şahyrlaryň müňlerçesiniň galamlarynyň dünýä çykmasyny saglamak üçin elinde baryny etdi.Onuň döredijiliginiň bir hatary galamlara gardaşlyk etmek- eýe çykmak we nijeme müň zehinleriň durmuşynda dünýä bitewiligini gazanmak, köňüllleriň birligini gazanmak boldy. 1997-nji ýylda “Tatarlar we Tatarystan”atly kitabynyň çapdan çykmasy, ol ýerde ýaşaýan türki halklaryň durmuşy bilen baglanşykly nijeme ylmy hem-de şahsy garaýyşly çaklamalar hakynda çykyş etdi. Dünýäniň çar künjüne ýaýran türki dilli halklaryň etnobirligi, olaryň ýerleşiş ähmiýeti, soňky ýyllarda bolsa, Aral kölüniň meselelerinden söz açýan pikirler bilen köpçüligiň söýgüsini gazandy.ekologiýa bilen baglanşykly garaýyşlarynda ýazyjy- şahyrlaryň döredijiliginde ýer aljak meselelere çuňňur garamagy onuň ýer ýüzündäki global meseleleri , kontinentleriň arasyndaky özara baglanşygy edebiýatyň, galamyň üstünden geçirmek bilen ýazyjynyň garaýşyndan dünýä meselelerine bakmak ýaly işlerde uly işler etmäge çalyşdy.Ýasawy, Faraby, Biruni, Harezmi, Buhari, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly. Ýusup Has Hajip, Abdylkadyr Megari, Uly Beg, Aly Guşçy, Alişir Nowaýy we Fizuli ýaly beýik şahsyýetleriň döredijiligi bilen baglanşykly nijeme ylmy- edebi işler ýazdy we olar bilen bagly nijeme telewizion gepleşikleri alyp bardy.32 dilde “Medeniýetimi we edebiýatymyz” atly gepleşigiň senariýosyny ýazmak bilen, kontinentleriň, ýurtlaryň , derýalaryň, gury ýerleriň, deňizleriň ýazyjy- şahyrlaryny bir ýere- köňül birligine çagyrdy.Şol sebäpli-de “TRT-Avaz” telewizion vavlymynda “Dost eli” atly nijeme bölümden ybarat bolan gepleşigi özi alyp bardy.Ýazyjynyň edebiýat hem-de medeniýet üçin iň ajaýyp eden işleriniň biri-de onuň “Kökleriň yzynda” atly tanyşdyryş filmler siklidir. 2019-njy ýylda TRT-Avaz televavlymynda tomaşaçylara ýetirildi.Ýüzlerçe ýazyjy- şahyrlaryň durmuşy, olaryň zamanlara we dünýä eden täsirleri, olaryň durmuşynda beýleki adamlaryň nähili başga ýaşaýyşa garyşmaklary, dostlugyň- doganlygyň dünýä uzan elleri hakynda edilen bu gepleşik-filmde ýazyjy baglaryň uzaklara gitmesi bilen birlikde edilen we indi edilmeli işlerden söz açýardy. Ýazyjynyň “Iki çynar” hekaýalar kitabynda ýerleşdirilen azarbeýjan halkynyň meşhur ýazyjysy Perwiniň “Biziň Ýakyp begimiz,Biziň hekaýalarymyz”, ýene-de Nargül atly ýazyjynyň bolsa, “Sessiz hekaýalar” ady bilen ýerleşdirilen sözbaşysy-da ýazyjynyň dürli halklaryň durmuşynda- olaryň edebiýat älemlerinde uly ýer aldy.Ýazyjynyň eserleriniň gyzgalaňly azarbeýjan diline terjime edildi. 2020-nji ýylda bolsa, Gazagystanda berilen medaly gazak halkynyň edebiýatynda görkezen işleri üçindir.Şeýle-de Gyrgyzystanda edebiýat bilen baglanşykly eden işleri üçin Halkara Aýtmatow Akademiýasyn tarapyndan alymlyk derejesine eýe boldy.2022-nji ýylda Bulgarystan türkleri tarapyndan Halkara Türk Akademýasynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Uýgur kongresi baýragynyň, Alişir Nowaýy medalynyň,başga-da birnäçe baýraklaryň eýesi boldy. “...Waheeeý, Merýem enem! Patmany jaýlamsoň birhili boldy, gaýrat geldi.Aglamany goýbolsun edip, maşgalany gaýtadan kuwwatlandyrmaga çalyşýardy.Çüý- çüýi söker diýişleri ýaly, gussany gussa aýrypdy. Ýöne şol günden soň onuň gülenini hiç görmedik diýen ýalydy. Diňe obanyň ýaalllary ýomak atýarkalar biraz ýylgyrardy, unudardy bar zady sähel salym. Hasan dädemiň hem şehit bolandygy baradaky habar gelen hem bolsa, hat ýokdy.Obanyň aýallary kä wagt “Merýem ene Hasan agam Ystambuldamyş, gören barmyş” diýseler, “Çynyňyzmy?” –diýip, sorap, gözleri ýanar eken. Aýallaryň şeýle aýdýandyklaryny bilse –de ýüzüne bagt şuglasy çaýylardy. Bize hem ejedi hem kakady Merýem enem.Oglunyň ýetimelrine seredişi ýaly, gelmedik doganynyň hem çagalaryna seredip, ulaltdy ol hemmämizi. Kakam hakda hiç aýdyp bermezdi. Şol sebäpli kakamyň gulluga giden pursadynyň gymmaty meniň üçin juda gymmatlydy. Maňa jalbar geýdiriň diýşi-de meniň begenşimi gözlerini süzüp synlaýşy-da meniň hiç ýadymdan çykmaýardy. Şu güne çenli ol pursady ýatlasam, özümi güýçli hasap edýärdim.Iň ýadymdan çykmaýan zat bolsa, “Kakam iýmedi diýip, saçakda duran ýumurtga bilen toşaba topulyşym, maňa galdy” diýip, begenişim, häzire çenli hiç ýadymdan çykmaýardy. Merýem enem Ankaradan geleli bäri ne ýumurtga iýdik ne-de bir toşap. Ahyr men ulaldym. Menem olary kakama goýmaga başladym. Şol ýyl hem ondan soňraky ýyllar hem we şu güne çenli bütün saçdaky ýumurtgalary we toşaby kakama goýdum”- eseri terjime edýärkäm, başga bir dünýä düşýärdim, hat-da käte-käte wakany özüm başymdan geçirýän ýaly, hat-da ýazyp oturan ýaly bir äleme girýärdim... Bu meniň ilkinji gezek türk dilinden terjime edişim bolmasa-da dogrusy poeziýa bolmasa terjime etmegi hem kyn gördügim üçin öňümde bir älemleriň kitaby açylýardy. Şeýlelikde ýazyjynyň kagyzlarynyň üsti bilen galamlarymy ýöredip barýan bir kiçijik çaganyň tagaşyksyz çeken suratlarna meňzedip barýardym. Derýalaryň, deňizleriň içi bilen müňýyllyklaryň akabasynda akyp gelýän türki dilli halkalaryň folklorlary, edebiýatlary, proza, poeziýa, epiki eserleriniň giň akabasyna goşulyp, olaryň içinden öz kiçijik piýalam bilen susup alyp, suw içmäge synanyşýardym, bu bolsa, meniň ýüregimde duran, äleme ýaýylan ganatlarym ýalydy. Türki älemleriň ýürekdeş dünýäsi, türki dilli halklaryň dil aýratynlyklary hem-de olaryň tapawutlandyryjy täsirliligi bilen akyp barýardy. Ruhy dünýämizde öz ata-babalarymyzyň ýaşan topraklaryny öwrenmek, öz edebiýatymyzyň akabasyny giňeltmek we has aňyrlardan gelen özboluşly sözleri birlikde gorap saklamak üçindir belki, belki nesillere ýetirmek üçindir, bolup biler?! “Türkistan Ýasawynyň şäheri”, “Iki çynar”, “Tulpar” eserleriniň hemmesinde türki birlikleriň içki gyzgyn duýgysy, oalryň bir- biriniň dallarynda ýapraklaýan kiçijik nahallardan söz açmaga çalyşýarsyň, her gezek hem şeýle bolýar. “Her eserini okanyňda birmeýdan jadyly bir güýje eýe bolmak, belki-de ýazyjynyň jemgyýetçilik işlerinden has okyjylar üçin täsirliligini hem artdyrýandyr” diýip bolar. “ ...Gijä galdylar. Öwrümler hiç gutarmaýardy, aňyrsy-bärsi ýok ýalydy hamana, şol bir ýerde aýlanyp duran ýalydy. Ol ýerden ýene bir ulurak ulag geçse- hä bar onsoň... “Agşam sagat ýedilerde öýde garaşýandygyny”- aýdan Hüseýniň öýüne barmak üçin ýola çykan hem bolsalar,entek dokuzda- da ýoldadylar.Haçan barjaklary belli hem däldi. Çagalary bilen aýaly bildirmejek bolsalar hem birhili rahatsyzlanmaga başladylar. Adamsynyň sözi üçin bir gije galjak ýerlerine entegem ýetmändiler. Dogrusy el telefony hem tutmaýardy içiňi ýakaýyn diýen ýaly. Kä ýerde tutýan ýerinde hem dostundan habar geldi: “Men gitmeli boldum, öýe baryberiň, salgysyny ugradýan”Birden bu adam nähilikä? Öýüne myhman çagyryp, özi hem gaçyp giýän ýaly duýgyny oýarsa- da sanlaşdyrylan dünýäni ýönekeýje jümleleriň üsti bilen düşündirýär we “Ýazyjy näme diýjek bolýarka?- diýip, oturan ýeriňde ýylgyranyňy hem duýman galýarsyň. ”Iki çynar” hekaýalar toplumynyň birnäçe dillerde çap bolmasyna garamazdan 2009-njy ýylyň mart aýynda dünýä edebiýatynyň türki dilli halklarynyň arasynda ýoň bolan, söýlüp okalýan “Kardeş kalemler” jurnalynda çapdan çykdy. Ýazyjynyň bu eseri ilki bilen Azarbeýjan döwletinde çapdan çykmasy hem uly bir işiň başynyň tutulmasyndan, eserdäki ähli ýüzlenilýän temalaryň türki dilli halklaryň bir bagyna düwülmesindendir belki, nijeme şahyr-ýazyjylaryň arasynda täze bir şowhun ýaýaratdy. Azarbeýjan ýazyjylarynyň nijemesi hakynda döredilen gepleşikler sikli, azarbeýjan şahyr-ýazyjylaryna bagyşlap geçirilen halkara konferensiýalar bolsa, azarbeýjan halkynyň ýazyja bolan söýgüsini öňküden hem artdyrdy. Döwürleriň hem-de ynsan gatnaşyklaryň baglarynda öz täsirini goýýan adamlar bolýar, olaryň biri-de ýazyjydyr. Ýazyjynyň döredijiligi bilen onuň ynsanlaryň arasyndaky baglaryň, dogan galamlary birikdirmek maksadynyň güýji dostlary bilen birlikde edilen işlerde hem beýanyny tapýar. Ýazyjy Ali Akbaşyň ýazyjy hakynda ýazan ýatlamalarynda onuň adamzat global temalarynyň iň kiçijik nokadyndan başlap, çözgüt gözelýiş stilini, modern stilini we arho- mode görnüşde ýazylyş äheňini bolmasyny bellemesini kän wagtlar içinde dünýä medeniýetinden susup alan hazynasynyň netijesidir, diýip, düşünmek bolar. Tämiz we akgynly hekaýalar türki dilli halklaryň okyjylary üçin nusgawy bir hala geldi, aslynda bir birlige- dostluga çagyrýan hala gelmesi bilen özara baglanyşyklary ýola goýan kiçijik hekaýalarda uly temalardan gürrüň gidýär.Onuň eserlerinde okyjynyň özi gatnaşýan ýerler, diwarlaryň doly däl ýerini okyjynyň doldurma usullary bilen berilmesi –onuň janly bir hala getirilip görkezilmesi ýazyjynyň edebiýatdaky halynyň dereje ölçegidir. Ýazyjynyň mazmun birligini saklaýan eserlerindäki gözelligi bir tarapa goýup, onuň gahrymanlary bilen birlikde ýola çykýarsyň. Kä halatlarda oalr bilen bile çölüň içinde suwsuzlyga, kä halatlarda tokaýdaky labirintleriň içinden geçýärsiň. Ýöne alyp gidip barýan dünýäň bilen şeýlebir ylalaşýarsyň welin, hakyt ýazyjy olar bilen bile seni hem şol çöllükden aman- sag çykaryp biljek şekilde kelläňi göçürýär. Hamana gahrymanlaryň özi kibisiň, sen! “Dogan galamlar”, “Dil gözlegleri” jurnallarynda çap edilen we bu jurnallarda ýer alan işleri ýazyjynyň edebiýat älemindäki ornuny dünýä ýaýdy we “Penjire”, “Dost eli” programmasynda bolasa edilen işleriň ilkinjileri edebiýata bagyşlanyp,has soňraky eden işleri üstünlikli eden işleri dünýä edebiaýtynyň meýdanynda ýazyjynyň kimdigini görkezdi. Ýazyjynyň biziň döwürdeşimizdigi meni buýsandyrýar. Çünki diňe bir türki dilli halklaryň edebiaýty däl, eýsem dünýä edebiýatynda aýratyn orun alma, hem-de kontinentleriň birliginde dostluk-doganlyk edebiýatynyň birliginde ynsanlary parahatçylyga, ynsanperwerlige çagyrmak üçin henizem şol gidip barýar. Onuň ýoly kä halatlarda Dankonyň ýüregine meňzeýär. Ol ýürek daşyndaky şöhlesi bilen garaňkylygy ýaryp , öňe barýar. Ol ýagtylygyň yzy bilen dünýäniň nijeme ýazyjy-şahyr ýaşlary hem-de gojalary barýar. Işleriňde üstünlik hemraň Bolsun! Ýollaryňy kontinentleriň edebiaýtlaryny birleşdirmek üçin nijeme ýyl ugraşan ýüregiň ýagtyltsyn! | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||