KÖŇÜLLERI KÖKEREN KERWENSARAÝ
Nobat mürzäniň toýy ahyrlaberende, belent sesli jarçylaryň biri depä çykyp:
–Halaýyk, eşitdim –eşitmedim diýmäňler -le, ha –aw! Kimde –kim ,,Depegöz’’ düzündäki jüňňül oýlugynyň bir künjünden, içmäge ýaramly süýji suw tapsa, ýelkesine şa serpaýy ýapyljakdyr –la, ha –aw! Eger öýermäge ýaşy ýeten dogmasy bar bolsa, toýuň bisimyllasyndan tä omynyna çenli ähli harajady merhemetli şanyň hazynasyndandyr –la, ha –aw! -diýip, belent sesli gygyrmagy suhangöý adamlaryň ençemesini aýaga galdyrdy. Bu habaryň ýaýramagyna geň galan Welimyrat aga:
–Şa hezretleri beýle alysdan guýy gazdyryp, o taýdan gyzyna köşk gurdurjakmy –ka diýip, atyny birküç gadam öňden haýdadyp barýan goňşusy Hezretgula garap habar gatdy.
–Şu mahal soltan şa Abbasyň köşgündäki gaznasy galňap, tylla tagtynyň tabyndanam ýokary çykyp, bosagasyndan bosup başlady. Munça baýlygy bir närse gurmaga sarp edaýmese, derýa kimin akyp duran baýlygyň möwjinden, tizara soltanyň tagty ummasyz hazyna gark bolup, özüne –de, köşkde oturmaga ýer galmasa gerek –diýip, Hezretguly atynyň jylawuny çekip, Welmyrat aga biraz garaşyk etdi. Ol ýene sözüni dowam edip:
–A-ho-ow, hemsaýa şu işi ,,Depegözüň’’ düzünden gaçyryp, depesden turajy salsak, ikimiziň ,,aw oljasyny’’ ele saýmagymyzam mümkin dälmidir eýse –diýip, Welimyrat agany bu işe yrmaga synanyşdy. Çünki Welmyrat aga juda suhangöý adamdy. Ol haýsy düýe maýasynyň nä wagt, haýsy mekanlarda botlajagyny ýedaý öňünden, çakyndan azaşdyrman aýdyp bilýärdi. Welmyrat aga ýaş ýigit mahaly ,,Depegöz’’ düzünde uzak wagtlap sarwançylyk edip, mal bakypdy. Ol şu ýaýlanyň her gumaksy gerşine, depesine, goluna, hat –da, otuna –çöpüne bäş barmagy ýaly beletdi. Ol şonuň üçin asla ikirjiňlenjegem bolan:
–Dogryny diýsem, gurbany boldugym şo gözel ýaýla meniň ikinji öýüm. Nowruz zamanynda o taýynyň gözelligini görmäge göz gerek. Saryly –gyzylly çigillem güllerini diýsene! Säheriň adaja şemalyna başlaryny säpjedip, şeýle bir sülmüräp, yraň atýarlar welin, hamala diýersiň bir boýy ýeten nowjuwan gyzyň bar –da! Ýogsa –da, ýeňňeň Bosantäç bilenem, şo taýda nikalaşdym. Ol şo ýaýlada ýaşaýan, özümiz ýaly pukara bir çarwanyň gyzy eken. Ýeňňeni gargy tüýdigiň bokutdagyndan bilbil heňini gaçyryp, bosagadan ätledendiris –diýip, hoşamaý ýylgyrdy.
Indi Hezretgula Welmyrat agany yrmaga bahana –da tapyldy. Ol amady elden bermän: –Bossantäç ýeňňem saňa arkasy aştagta ýaly iki iner ogly peşgeşläp berdi. Indem ynha ikimiz ,,Depegöz’’ düzünden guýy gazyp, süýji suw tapsak. Bal ýaly suwundan şa hezretlerini gandyryp, elýetmez serpaýy gola salalarys. Şeýdip, Appbas şanyň gaznasyna çaňňaly uraga –da, bäş –alty gadak tyllany horjunyň gözüne salsak. Soňam şo tyllalary geträge –de, Bossantäç ýeňňemiň etegine dökseň. Ýeňňem muňa baý begense gerek –diýip, gaýtadan Welimyrat agany bu işe ymyklyja yrmak üçin, ýene onuň gulagny gazalady. Hezretgulynyň teklibi Welimyrat aganyň göwnüne ýarady. Şonuň üçinem ol:
–Guýy gazanyň amalnamasyna, haja gidniňki ýaly sogap ýazylarmyş. Eger, ikimiz bu işiň hötdesinden geläýsek, birtopar guş –gumrylaryň, haýwanlaryň çäksiz sogabyna sezewar boljagymyz hak. Munça bolanna görä indi bu işi tizräk başlamagyň maslahatyny hem beräýsediň –diýip, ol Hezretgulyň özüne sala salyp, oň indiki matlabyny paýhamak isledi. Hezretguly göýä haraz nobaty elden gidip barýan ýaly alňasap gürledi.
– Şundan barşymyza biziňkide düşläli. Sen atyňy agylyňa daň –da, öňüne ot –çöp oklaşdyryp, eglenmän meň ýanyma gel. Oňa çenli men biziň bilen sulhy alyşýan ýigitleriň üstüne oglumy ylgadyp, gujurly ýigitleriň başyny öýede jemläýin -diýip, derrew işe badalga bermekligiň aladasyny edip, goňşysy Welimyrat aga telklibini mälim etdi.
Birzamandan Hezretguly agalayň tamynyň töwereginde daňylgy duran birküç sany atyň ýygy –ýygydan kişňemesi galan goňşularyň hem kalbyna gozgalaň salan bolarly.
,,Hezretguly goňşy! Öýňe myhman baryny üýşürip, näme, dogmaň aýgyny duşaklajak bolýaňmy, ha –aw’’ diýip, her kim bir haýyrly gep oklap, gelýärdi. Şeýdibem, butaýa ýygnanýanlaryň garamy ikindine çenli kiçeňräk bir märekäni ýada salyp başlady. ,,Indi –hä bu taýa ýynanşan märekäniň çeni çakymyza baran bolsa gerek’’ diýip içini hümleden Welmyrat aga ,, esasy meselä geçeými?’’ diýen tezde goňşysy Hezretgulynyň ýüzüne syrly sowal beriji äheňde garady. Muny goňşusynyň ýüzünden derhal aňap ýetiňen Hezretguly ýöne bir baş atyp, yşarat etmek bilen, oňa jogap berdi. Welimyrat aga elindäki içip oturan käsesini ykjamlap, gabat garşysynda goýdy –da, biraz beýleräkde hyşy –wyşy edişip oturanlaryňam ünsini ediljek bolýan maslahata çekmek üçin, gujurlyja ardyndy. Welmyrat aganyň bu häsiýeti obadaşlary üçin ýat däldi. Şonuň üçinem jaýyň içiniň wagyrdysy kiparlap, äpişgäniň öňündäki ýalňyz siňegiň ganat perwazyndan zarynlap çykýan sesden başga, indi hiçzat eşidilenokdy. Şumahal Welmyrat aga dyzyna daýanyp, kaddyny dikledi –de, söze başlady.
–Halaýyk! Bu gün Nobat mürzäniň toýunda çekilen jardan heý, bihabaryňyz barmydyr?! –diýip, töwerek –daşyna bir laý göz aýlady. Hemmeler: ,,Habarly –da, habarly’’ diýşip, jogap gaýtardylar.
–Eýle, bolsa maňa gulak asyň. Biziň bu başlajak bolýan haýyrly işimize halkyň ýardamy gerek –diýip, gozgaljak bolýan meselesiniň hörpini saldarlaýn äheňde azajyk dymdy. Oturanlaryň içinden biri muny derhal syzyp:
–Welimyrat aga: ,,Iliň güýji –siliň güýji’’ diýipdirler. Özümiz –ä bähbidini bilsek Nalajyň gyryny gerdenläp göçürmelem bolsa, gapdaldan garap durjak gümanymyz ýok –diýip, dogumlyja gep urup gürledi. Welmyrat aga halkyňam özüni goldajagyny aňyp, çynlakaý sähbede girişdi.
–,,Depegöz’’ ýaýlasyndan süýji suw tapyp, otaýdan guýy gazmaly. Bu şa hezretleriniň şu günki jar çekdirendäki islegi. Bu habary barçaňyzam eşidipsiňiz. Ýeri, il –gün bolup şu işe hüjüm etsek eýgerersmi?!
–Alla, haýyr iş tutujylaryň ýaranydyr. Aby -zemzem çeşmesini arçanlara ýardam beren Biribar, enşalla, bizem goldar –diýip, oturanlaryň biri has howalanyp gep urdy.
–,,Töwekgeliň işini Taňry oňar’’ diýipdirler, Garaja gardaş mamla, bu işe şu gün girişmegimiz gerek –diýip, gyrkma gara sakgaly ýigit ýoldaşyny goldap, köňlündäkini beýan etdi.
Welmyrat aga obadaşlarynyň ählisine bu iş hakynda öz köňül zaryny aýtmaga mümkinçilik berdi. Ahyram ol:
–Ahun baba, eger, ak pata berseň biz –ä ertir harajadymyzy atyň arkasyna bökderip, eglenmän ýola düşjekdiris –diýip, maslahaty jemledi. Obaň ymamyndan ak pata alan halaýyk ertir ir bilen başlaryny bir ýerik jemläp, ,,Depegöz’’ ýaýlasyna ugramaklygy karar etdiler…
Tüýs ,,Halk bilen edilen iş, halat tapar’’ diýleni. Ençe günläp dynuwsyz gydyrdanmalardan soň Welmyrat aganyň külal käsesi bal ýaly süýji suwa gark boldy. Suw biraz durlanan dessine, gara taňkalar doldurylyp, ojar közüniň üstüne düzüldi. Birsellem, süýji suwuň mazaly çaýyndan teşneligini gandyran guýy örüjiler esasy işe girişdiler. Köpçülige iş çydaýamy. Bir işe bäş bolup ýapyşyp, çaky, ýene ýedi gün diýlende ,,Depegöz’’ düzünde jüňňürdäp duran süýji suwly guýy peýda boldy. …Şähribossanyň günorta derwezesinden atyny gordurip gelýän ýigidiň sesi juda aşgarly hem –de, çakdan aşa belent sesli eşidildi.
–Şähribossanyň adyl hökümdary şa Abbasa dogaýy salam bilen hoş habar getirendiris –le ha –aw!!! Merhemetli şahym, ,,Depegez’’ ýaýlasy bize bal ýaly süýji suw eçildi –le, ha –aw!!! Buşluk paýymy bereniň ekiz ogly bolsyn –la, ho –ow! -diýip, at ýorgaladyp, galanyň içinden üç öwrüm edip, ahyram atyny togtatdy. Bu habaryň dary ýalsynam ýele bermän, köşk hyzmatkärleri derhal hökümdara ýetirdiler. Şa-Abbas ulamalary bilen edip oturan maslahatyny tamamlap:
–Şähribossanyň ýedagaç ýol kyblasyndan ajaýyp bir kerwensaraý gurmak maksadym bardy. Enşalla, ,,Depegöz’’ bize süýji suwyny eçilen bolsa indi o behişdi ýaýlanyň galan işi biziň bilen. Derhal çaparmançylyk edip, bize hoş habar getiren ýigidiň eline ogşuk düýäniň owsaryny tutdyryň –diýip, emeldarlaryna buýruk berdi. Yzyndanam ol:
–Şahribossanyň halkyna meň permanymy ýetirip, salymyny bermän jar çekdiriň. Bize ,,Depegöz’’ ýaýlasynda gysga wagtda kerwensaraý gurmak üçin atarabaçylaryň, agaç ussalaryň, ýonaçylaryň, demirçi ussalaryň, külalçylaryň, hymmyzçy ussalaryň ýardamy gerek. Her bir bu işe gatnaşyjynyň hak –heşdegi günibirin, nagt eline tutdyryljakdyr. Tä kerwensaraý gurlup gutarýança, ençeme aşpezler meň sahawatly golumdan eçilen harajatlarymyň hasabyna halka azyk -owkat bererler –diýip, ol sözüne dyngy berdi. Şu perman ýyldyrm çaltlygynda agyzdan –agza geçip, dessine Şähribossana doldy. Ardan üç gün geçmän ,,Depegöz’’ ýaýlasy butaýa ýygnanan mähelläniň derdinden, misli suw alan garynjanyň sürenne döndi. Güýziň başynda gurlup başlanan kerwensaraý ahyrynda –da tamam boldy. Bu işe Şähribossanyň bilinde kuwwaty bar bolan ýaşaýjylarynyň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşaryna çenlisi agzybir –bir adam ýaly bolup gatnaşdylar. Galan üç ýylyň içinde bu kerwensaraýda gonakmekan, suwy durnanyň gözi ýaly dury anhor, erem bagyna gaýra dur diýdirýän bossanlyk döredildi. Adyl şa Abbas perman berip, Welimyrat aga bilen Hezretgulyny bu kerwensaraýiň dolandyryjysy hem serenjam berijisi edip belledi.
…Gün dik depeden agyp, günbatara garşy gadam uran çagy atyny ýüzin saldyryp gelen çapar: –Ýemenli, täjirleriň kerweni bize golaýlaşyp gelýär. Olary dabaraly garşy almaga taýarlyk görülsin –diýip, kerwensaraýyň hyzmatkärlerine hoş habar getirip, tabşyryk berildi. Herkim öz işine höwesli ulaşup, kerwen güler ýüzli garşy alyndy. Olar gelip dem -dynçlaryny alansoňlar, kerwensaraýyň bossana bürenen baglygyna gezelenje çykdylar. Kerwensarayň içindäki çaklaňja hüjräniň açyk derejesinden myhmanlary synlap oturan Welimyrat aga:
–Hezretguly Araplar adatça garasakally bolýandyr welin, häli şu taýdan geçen goňursakal, gözi äýnekli hem arabystanlymyka –diýip, oslanmadyk soragy orta atdy. Hezretguly elindäki okap oturan, araby golýazmasyny gapdalynda rejeläp goýdy –da:
–Welimyrat aga heý, goňşyň Hezretguly gassapçylyk edende deri deşenini görüpmidiň?
–Ýok gardaş, ýok. Saňa deri soýdursaň, edil ýöne, ýylan gowny taşlan ýaly edäýmäň bar –da seň.
–Onda biraz tagapyl et –diýdi –de, Hezretguly ýodajyga esewan etdi. Şomahalam häki goňursakal yzyna dolanyp gelýärdi. Muny gören Hezretgyly alňasap daşaryk çykaga –da:
–Ýaşuly! Welkome of turkmen -diýip, häki goňur sakalla habar gatdy. Goňursakal goýä gandüşer garyndaşyna nazary düşen ýaly:
–Sankiýu, sankiýu –diýip, gülümsiräp, Hezretgulyň elini gysdy.
Hezretguly gyrra yzyna öwrülip geldi-de:
–Şuň –a göbegenesi arap däl. Onsoňam araplar gürlände sesini sazaga gaýnaýan gara taňkaňky kysmy köwzarlandyryp gürleýärler. Muň gürleýişi birhili, halwadan düwnigeniňki ýaly –la. Megerem, bolubilse, ýewropalydyr –ow bü, diýip, gülümsiredi. Welmyrat aga:
–A –how inim , arada şular ýalyň biri, Gürgenjiň ýerzemindäki diwanhanasina girmek üçin ýedi ýyl bosagasyny ýassanyp, peýlänmiş. Şindem, hökümdaryň ýasawullarynyň biri watynda paýhap, ony at depen ýaly edäýipdir. Bularyň derwüşsiräp ýörüşlerinden gorkaýmaly.
Hezretguly Welmyrat agadan bu habary eşidip, heniz hüjreden daşlaşyp ýetişmedik ýewropalyň yzyndan seredip durşuna:
–Şüýem –ä, serindäki sellesini attezege biten sogan ýaly edip, ynabatly bir işiň başyna barjaga meňzänok –diýip, iňkise gitdi.
Welmyrat aga Hezretguly bilen ylalaşyp:
–Şo, meň ýaňky diýýänimem, hakyt, arap lybasynda tutupmyşynlar. Indem oň hossarlary yzyndan gelip, agramyna barabar tylla töläp almaga kaýylmyşlar. Biziň hökümdarymyz gaýry ýurtlyň bir gadak tylla teňňesine zar däl. Megerem ony zyndanda çürýetseler gerek.
–Welmyrat aga, o nä, o taýdan golýazma zat ogurlajak boldumy –ka -diýip, Hezretguly goňşusyna howsalaly garady. Welmyrat aga:
–Onçasyny –ha bilemok, ýöne ol: ,,Men tebipçilik ugrundan taglym aljak, meni içerik goýberäýiň’’ diýip baý özelenipmiş. Biziň öz halkymyz o taýa haçan girip bolýanlygynyň kada –kanunlaryny bilýär ahyryn. A ol bolsa öz aýbyny özi açyp, gola düşüpmiş. Hat –da ol Lukman hekimiň golýazmasyny ele salmaga kim kömek etse, ummasyz pul peşgeş berjegini ýaňzydypmyş.
Bu habar Hezretgulyň has degnasyna degen bolarly. Ol:
–Wah, Welimyrat aga, şo tetelli gepi özüm eşiden bolsam –a, ,,Beýle baý bolsaň, şo pulňa bajyň başyna bir sere ýapynja satyn alaý’’ diýerdim welin…
–Häý, Hezretgulyň bar bolsun –da, senden gep gaçyp gutulmasa gerek –diýip, Welmyrat aga gepiň hörpini üýtgedip, täze bir teklibi orta atdy.
–Hezretguly! Meň gepime ,,hä’’ diýseň –derhal Hywa çapar ýollap, butaýyk hakynatutma darbaz getireli. Bagşydyr sazandalar bilenem hyzmaty ýola goýmak gerek. Şeýtsek ýolagçy kerwenleriň safyndaky halaýyk,ajaýyp tomaşa maýyl bolup, uzak ýoluň argynlylygyny tiz unudarlar. Ikinjidenem herkim butaýyk tizräk ýetmäge howlugar.
Şundan soň bu kerwensaraýa hem bagşylar hem darbazlar çagyryldy. Soň –soňlar –a bu taýy kerwensaraýmy ýa toýhana ekenliginem saýgarmaklyk hyllalla boldy. Indi bu taýy diňebir Şähribossanlylaryň däl, tutuş türki ýurtlaryň köňlüllerini kökerip, arzylaýan, ajaýyp bir gülgüzar mesgene öwrülip barýardy. Wasda gawun bişen mahaly –ha, bu kerwensaraý ,,butaýda guşuň süýdem tapdyrýa’’ diýlen mesgene öwrülýärdi. Şonuň üçinem, kimdir biri özara söhbetdeşlikde, delje haryt gözläp kösenýändigin ýaňzydaýsa ,,Şo diýýän harydyň –a Şähribossanyň kerwensaraýynda horjun küýsäp durandyr’’ diýmeklik, indi Wasyň ähli künjünde adaty bir gepe öwrülip gidipdi…
Mart, 2018 ý.
Meretgeldi ÖWEZOW.
Taryhy proza