23:16 Köpçülikleýin jezalandyryşyñ sebäbi öwrenilýär | |
KÖPÇÜLIKLEÝIN JEZALANDYRYŞYÑ SEBÄBI ÖWRENILÝÄR
Taryhy makalalar
Gresiýanyñ Afiny şäherinde gadymy eýýamdan galan elleri kelleleriniñ üstüne goýlup dañlan segsene golaý adam ystyhanynyñ üstünden bardylar. Arheologlar ölenleriñ kimdigini we bu ýere nädip getirilendigini häzirlikçe anyklap bolmandygyny aýtdylar. Ystyhanlaryñ (skletleriñ) durşy olaryñ hemmesiniñ birmeñzeş görnüşde öldürilendigini, emma belli bir derejede hormatlanyp jaýlanandygyny görkezýär. Arheolog Stella Krissolaki wepat bolanlaryñ köpüsiniñ ýaş we sagdyn bolandyklaryny aýtdy. DNK seljermeleriniñ we antropologlaryñ geçirjek barlaglarynyñ netijesinde köpçülikleýin ölüm jezasynyñ sebäpleriniñ anyklanmagyna garaşylýar. Ilkinji çaklamalaryñ birine görä, jezalandyrylanlar adaty jenaýatkärlerden ýa-da gullardan däl bolmaly. Bu bolsa ilkinji nobatda şowsuz tamamlanan döwlet agdarlyşygyny amala aşyrmaga synanşanlaryñ bolaýma ähtimallygyny döredýär. Umumy mazarda jaýlananlaryñ b.e.öñki VIII ýa-da V asyrlardan galandygy çak edilýär. Stella Krissolaki şol döwürler Afinynyñ juda bulam-bujar we gowgaly döwri başdan geçirendigini, aristokratlaryñ we begzadalaryñ öz aralarynda yzygiderli häkimiýet göreşlerine girendiklerini aýdýar. Köpçülikleýin jezalandyryş boýunça iñ ynamly çaklama öldürilenleriñ Kaýlonyñ tarapdarlarydygy baradaky öñe sürlen pikirdir. Afinyly begzada we Olimpiýa oýunlarynyñ çempiony Kaýlon b.e.öñ 632-nji ýylda atalygy Megaranyñ goldawy bilen döwlet agdarlyşygyny amala aşyrmaga synanyşýar. Emma agdarlyşyk şowsuz tamamlanypdyr. Kaýlon bir ybadathanada gizlenipdir. Ol gaçyp sypanam bolsa, tarapdarlarynyñ köpüsi ele salnyp, öldürlipdir. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |