23:55 Kör garga hem kempir | |
KÖR GARGA HEM KEMPIR
Edebi makalalar
Halk döredijiligi gadymylygyň ygtybarly çeşmesi. Ol asyrlaryň dowamynda halkyň aňyna, ruhuna siňen düşünjelerden, däp-dessurlardan, çeper obrazlardan kök alyp gaýdýar. Halkyň milli özboluşlylyklaryny-da, halkyň adamzat siwilizasiýasy bilen bagly umumylyklaryny-da halk döredijiliginiň üsti bilen ýüze çykarsa bolýar. Umumylygy agtarmak üçin hökman etniki taýdan golaý halklara ýüzlenmeli diýlen zat ýok, ony has daşda duran halklaryň döredijiliginiň mysalyndanam tapmak mümkin. Şu pikiri subut etmekden ötri, geliň, rus hem türkmen ertekile- rindäki käbir alamatlara gysgaça degip geçeliň. Moskwada bolanymda rus folkloryny öwreniji Nataliýa Malahowskaýanyň 1995-nji ýylda Awstriýanyň Zalsburg şäherindäki uniwersitetde “Naslediýe Baby-ýagy” diýen temadan goran dissertasiýasynyň golýazmasy elime düşdi. Ylmy-barlag jähtden çuňňur professional derejede ýazlan işde ady dünýä belli Wladimir Propp, Rihard Bekker, H.Abendrot ýaly alymlaryň pikirlerine salgylanmalar bar. Öňi bilen rus ertekilerindäki Baba-ýaga atly gahrymanyň türkmenlere tanyşdygyny aýtmak gerek. Biz çagalykdan rus sowet filmlerindäki bu bedroý kempire tomaşa edip gelýäris. Ol maňa hemişe “Görogly” eposymyzdaky al salyp, Gyraty alyp gaçan kempiri ýatladýar. Ogurlyk Baba-ýaganyň hem halar pişesi. Ol köplenç çagalary ogurlamagyň aladasynda, başarsa olary diňe ogurlap hem goýjak däl, gowrup iýjek, emma ogurlanan çagalar gaçmagy başarýarlar. Belli alym W.Propp Baba-ýaga obrazyna matriarhal jemgyýetden galan häsiýetli alamat hökmünde garaýar. Patriarhal jemgyýetiň başlanmagy bilen, aýallaryň häkimligi erkeklere geçýär. Şonuň bilen baglylykda miflerde-de üýtgeşmeler ýüz berýär. Aýal enelik roluny ýitirýär, onuň hasabynda diňe eneligiň käbir atributy galýar, hemem haýwanlaryň üstünden aralygyny saklaýar, sebäbi awçylaryň durmuşy haýwanlara bagly, diýmek adamlaryň diriligine we ölümine aýal täsir edip bilýär. Ilkidurmuşda Aýal hudaýyna-da şu gudrat mahsus diýen ynanç bolupdyr. Zanny şondan gaýdýan Baba-ýaga bedroý, rehimsiz bolsa-da, onuň gahrymanlara serpaý ýapýan, beladan sypmagy salgy berýän halaty-da bar. Diýmek, eneligi hem unutmandyr. Rus ertekisindäki gargada-da Baba-ýaganyň häsiýetleri bar. Miflerde haýwanlar aýalyň häkimligine boýun egýär diýýdik. Şu aýdylan häsiýetli alamatlar türkmen ertekilerine-de mahsus. Türkmen döredijiliginde kempir betbagtlygyň simwoly hemem pajygaly pursatda çykalga salgy berýän rehimdar aýal. “Akpamyk” ertekisinde döwüň elinden ölen ýedi doganyny direltmek üçin urunýan Akpamyga Akmaýanyň süýdüni salgy beren kempir dälmi? “Galan- dar soltan”ertekide hile bilen kiçi uýalarynyň başyna ýeten iki gyzyň soň, ondan galan ogul-gyzy hem ýok etmek üçin tagallany kempir amala aşyrýar. Kempir diriligiň, ölümiň ýoluny salgy berýär. Beýik Aýal hudaýda-da diriligiň, ölümiň erki bar diýipdik. H.Abendrotyň pikiriçe, matriarhatda ölüm düşünjesi ýok bolmagy aňlatmandyr, ol bir durkdan başga bir durka geçmek. Dogrudanam, ölen direlip bilýär, muňa Akpamygyň ýedi doganynyň direlişi-de mysal. “Kör garga” ertekisine üns bereliň. Öňünçä dünýä miflerinde garga barada ynançlar hakynda söz. Garga ertekileriň simwoly. Ol gowy habar getirmeýär, şol sebäpli Nuh pygamber onuň gara reňkli bolmagyny buýrupdyr. Dowzahyň, şeýtanyň bir nyşany. Yryma görä, ekişde garganyň peýda bolmagy hasylsyzlygy, asmanda iki garganyň duşuşygy urşy aňladýar. Garganyň ökde käri ogurlyk. Kempir ýaly betnyşan. Emma garganyň gowy häsiýetine-de gabat gelse bolýar, Baba-ýaga ýaly, ýa-da ertekilerdäki kempir ýaly kyn ýagdaýa düşeni halas bolmagyň ýoluna düşürip bilýär. “Kör garga” ertekisi garybyň gurduny ogurlan kör garganyň ele düşüşi hem onuň garyba hezzetli nygmatlary bol eçilýän jadyly saçagy berişi bilen başlaýar. Beýle gudratly garganyň turşy gurt ogurlap ýörmesi nämäkä diýseňem boljak. Nätjek, ertekiler hemişe geňliklerden doly. Baba-ýaga-da ogurlyk etmegi halaýar, onuňam bir gözi kör. Ogry garga soňra garyba ýagşylyk baryny edýär. Umuman, ertekiniň gahrymanlaryna haýwanlaryň kömek etmesi ähli halkyň ertekisine häsiýetli alamat. “Kör gargada” garyba hemaýat berýän ýene bir haýwan bar-eşek. Ol altyn tezekleýär. “Garamergen”, ”Garyp goja hem ak ýylan” ertekilerde ýylan kömek edýär. Garaz, häsiýetli alamat türkmen ertekilerine-de degişli diýip aýtmaga esas bar. N.Malahowskaýanyň ylmy işinde kömege ýetişýän haýwanlaryň parhlydygy bellenilýär. Şol haýwanlaryň köplenç totem derejsinde bolup, etiniň iýilmeýändigi aýdylýar. Garganyň, eşegiň, ýylanyň etini türkmenleriň iýmeýändigini bilýäris, ýöne bu haýwanlar türkmenlerde totem derejesine göterilmändir. Eger bizde totem hasap edilýän haýwanlar hakynda aýtmaly bolsa, türkmenler olaryň-da etini iýenoklar. Rus ertekilerindäki ýene bir aýratynlygy agzap geçeliň. Olarda hereket edýän üç uýanyň kiçisi hemişe owadan, akylly, ugurtapyjy. Şazadalar, batyrlar oňa aşyk bolýarlar. Uly uýalar kiçini ýigrenýärler onuň başyna bela getirmek üçin islendik gabahatlykdan gaýdanoklar. Barybir ahyrda olaryň hilesi başa baranok, paş edilýärler. Bu sýužet matriarhat eýýäminiň düzgünlerinden kök alýar. Ol jemgyýetde miras gyzlara degişli bolupdyr, onuň uly bölegini iň kiçi uýa alypdyr. Patriarhatyň üstün çykmagy bilen miras erkeklere geçýär. Biziň ertekilerimiz esasan şu zamany beýan edýär, diýse bolar. Doganlaryň arasynda hemişe kiçisine sarpa goýulýar, mirasam, häkimligem diňe şoňa nesip etmeli. Mysal hökmünde “Mämmetjan”, “Garaja batyr” diýen ertekileriň adyny tutmagam ýeterlik bolsa gerek. Ine, gysgaça beýan edilen ýokarky bellikler hem türkmenleriň halk döredijiliginiň kökleriniň adamzat siwilizasiýasyndan aýry däldigini subut edýär. Bu mesele bilen bagly giň hem düýpli ylmy derňewler alyp barsa boljak. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |