20:30 Köşeşdir meni | |
KÖŞEŞDIR MENI
Goşgular
Köşeşdir sen meni! P. Sepak. Unut bar işiňi, unut sen bu gün, Gel, otur gaşymda, daşa gitme sen. Çözläýin, kalbymda galmasyn düwün, Ýöne öte geçsem, gahar etme sen. Gaýta, maňlaýymda goý-da eliňi, Köşeşdir, ezizim, köşeşdir meni. Durmuş-da, nämeler bolmaýar onda, Käte bar islegiň çykýar tersine. Asuda günleri gözlärdim men-de... Arman, gohdan, aladadan, görsene, Sypyp bilmän geçirýärin kä güni, Köşeşdir, ezizim, köşeşdir meni. Käte gowluk isläp äden ädimiň Paşmaýar, üstüňe kirşenin seçýär. Düýn egninden çeken käbir adamyň Bu gün senden ýüzün sowýar-da geçýär. Wah, nämüçin, ýatlaýarkam men muny, Köşeşdir, ezizim, köşeşdir meni. Bilýärin, özümem däl men perişde... O bolsa kimedir bulap guýrugyn, Geçdi-de, häkimlik satyp ýör işde Hemem dynman ýagdyryp ýör buýrugyn... ...Gahar edip, otlamankam ýorgany, Köşeşdir, ezizim, köşeşdir meni. Şygyram görkezdi tomaşa baryn, Kä ýygryldym, käte ganat gerdim men. Seň bilen-geçmeli gijämiň ýaryn Her gün birje bende bölüp berdim men. Hasaba alma-da görlen görgüni, Köşeşdir, ezizim, köşeşdir meni. Dur!... Gapy. kakylýar!.. Gelen ýaz ýaly. Şo bolsa gapyny aç, läläm, durman. Çünki seň ýylgyrşyň hem oň jemaly Meň teşne ýüregme dermandyr, derman. Çekeýin baharyň hem seň näziňi, Köşeşdir, ezizim, köşeşdir meni. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |