20:22 Kripto... | |
KRIPTO...
Publisistika
Osmanlylar Wizantiýanyñ-Konstantinopolyñ üstüne ýörişe başlady. Wizantiýa ömrüni uzatmak üçin Ýewropa ýurtlaryna ilçiler ugratdy. Ýewropanyñ jogaby kesgitli boldy: - Size ýardam bermegimiz üçin prawoslawlygy taşlap, katoliklige geçiñ we Rim papasyna boýun sunuñ! Wizantiýantñ prawoslawlary ikiarada galdy: ýa katolikligi saýlamaly, ýa-da türk(men)leri! Aglabasy katolik ynançly Ýewropadan başga ýagdaýda kömek alyp bilmejeklerini bilensoñlañ, "Katoliklige geçeliñ we türk(men)lerden bir halas bolalyñ, soñuny soñ görübereris" diýdiler. Prawoslawlar katolikligi kabul edensiräp, kripto (gizlin prawoslaw) bolup gezmegi makul bildiler, Aýasofýada katolikler bilen bile dini däp-dessurlary berjaý etdiler. Janyny halas etmek üçin mezhebini gizlemedik-kripto bolmaga yrzalaşmadyk bir kişi olara garşy çykdy: Gennadiý Sholariý… Ikiýüzli durmuşy-katolikligi ret etdi: Pantokrator monastyryna çekildi. Gapysyna-da “Katoliklige geçmek iñ uly dowzahy kabul etmekdir” diýen ýazgyny asdy… Netijede, Ýewropadan bir topbak badyhowa we hakynatutma esger ugradyldy. Emma bu ne-hä kripto durmuşy, ne-de Fatih Soltan Mämmediñ Stambuly eýelemegine päsgel bolup bildi. Kripto durmuşy ret eden we şol bir wagtyñ özünde filosofiýa mugallymy Gennadiý Sholariý osmanly agalygyndaky ilkinji patriarh boldy. Ol on ýyllap Rum prawoslaw buthanalarynyñ patriarhy boldy. Wizantiýa ýykyldy, emma prawoslawlyk ýitip-ýok bolup gitmedi. Sözümiñ başynda taryhdan getiren bu mysalymyñ sebäbi Aýasofýa çekişmesini dowam etdirmek däl… Size žurnalistlik durmuşynda ikiýüzli görünmegi ret eden bir žurnalist barada aýtmak isleýärin: ■ AÇLYGA BENTLEMEK Aýtunç Erkin… Siz ony makalalaryndan, kitaplaryndan we telewizion gepleşiklerindäki çykyşlaryndan gaty gowy tanaýansyñyz. Menden bir nesil soñky "Aydınlık" mekdebini tamamlady. Özem bu žurnalistlik mekdebiniñ uçurymlaryny ikä bölýärin: - Žurnalistlik ýolundan gyşarman gidenler… - Syýasatda galmagy makul bilenler… Aýtunç Erkinem meniñ ýaly hiç wagt partiýa tarapdarlygyny etmedi, žurnalistlik ýolundan gyşarmady, hakykat kyblasyndan ýüz öwürmedi, wagta ýeñilmedi we hemişe görünişe esaslanýan žurnalistlik etdi. Geçip giden demikdiriji petiş günlerde halka ýetip gelýän howpy duýdurmak üçin "Fethullah Güleniñ kodlary" atly kitap ýazdy. "SABAH" gazetinde işleýärkä "Ergenekon bir hiledir" diýeni üçin üç ýyllap işsiz gaody. Boýnuna "ergenekonçy ýarlygy" ýelmeneni üçin merkezi metbugat gapylary onuñ ýüzüne uruldy. Bu operesiýany amala aşyran gürrüñsiz bir salgy bardy: FETÖ. Açlyga bentlenip goýlan Aýtunç Erkin şol agyr günlerde Sadetdin Tantanyñ goldawyny aldy. Yzyndanam ýedi ýyllap erkin žurnalistlik edip biljek "SÖZCÜ" gazetine geldi. FETÖ hakynda aýdyñlaşdyryjy habarlary taýýarlamagy dowam etdi: "FENERBAHÇE" futbol klubyna garşy gurnalan pyssy-pyjurçylykly dildüwşügiñ ähli jikme-jikliklerini aýan edýän "Sary-mawy gaharly adam Eziz Ýyldyrym" (“Sarı Lacivert Öfkeli Adam Aziz Yıldırım”) kitabyny ýazdy. Yzyndanam "Gardan adam" (“Kardan Adam”) "Daýynyñ jansyzlary" (“Dayının Casusları”) kitaplary bilen FETÖ-nyñ CIA-Gladio meýilnamasydygyny subut etdi. Şol ikiarada Genri Barkeý ýaly geçmişi garañky hapa adamlaryñ gözüne düşdi. Aýtunç Erkiniñ ýigrimi üç ýyllyk žurnalistlik durmuşy FETÖ garşy göreş bilen geçdi. FETÖ-nyñ häzirki didiwanyna mündüren žurnalistleriniñ başynda Aýtunç Erkin bar. Üns beriñ, Aýtunç Erkiniñ başyna öññin nämeler geldi: ■ HAKYKATY KIRLETMEK FETÖ-nyñ ýörgünli taktikasy bolan “anonim habar berme hatlary" ("isimsiz ihbar mektupları”) tolkuny ýene möwç alyp başlady… Manisanyñ žandarmeriýasyna Aýtunç Erkin barada şular ýaly anonim hat gelip gowuşdy. Hatyñ gozgaýan meselesi Aýtunç Erkiniñ geçiren bir interwýusydy… Otstawkadaky harby prokuror Ahmet Zeki Üçok beren interwýusynda, sud edaralarynda häzirem iki müñ segsen üç FETÖ-çynyñ işleýändigini aýtdy. Ynha... Haty ýazan näbelli kişi bu sözlerden biynjalyk bolupdyr, ol žurnalist Erkiniñ jogapkärçilige çekilmegini isleýärdi! Žandarmeriýa bu anonim haty Manisanyñ içerki howpsuzlyk müdirligine ugratdy. Polisiýa ýazylanlary çynlakaý kabul edip "Türklügi peseltmegiñ" alamatlary bar hasaplady we anonim haty Manisa prokuraturasyna ugratdy. Prokuratura bolsa iş bukjasyny "Türklügi peseltmekden" çykaryp "Kanuny peseltmäge synanşyk" donuna bürendirdi we Erkini günäkär hasaplady. Özem bular ýaly derñew işlerinde hökmany suratda Adalat ministrliginiñ ýörite rugsady gerek, emma prokuratura näme üçin muña zerurlyk duýmady? Näme üçin? Prokuraturanyñ FETÖ bilen ilteşikli sudýa-prokurorlar baradaky derñew işlerinden habary ýokmudy? Iñ soñky gezek şondan bir hepde öñ FETÖ bilen gatnaşyk saklaýandygy anyklanyp, ýigrimi alty sany sudýadyr prokuror wezipesinden pyzylmadymy? Otstawkadaky harby prokuror Üçogyñ we žurnalist Erkiniñ FETÖ-nyñ hukuk goraýjy edaralaryndaky şahasyna garşy göreşinden prokuratura bihabar bolup bilermi? Bu anonim haty nädip çynlakaý kabul edip bilýärkäler? Manisada nämeler bolup geçýär? Işiñ özeninde: Bu iş bukjasynyñ içiniñ Baryş Pehliwandyr Müýesser Kylyçyñ nyşana alynmasyndan hiç hili tapawudy ýok. Kim bu “merkez?” Şuny gowy bilsinler: Geçmişden şu güne çenli FETÖ garşy göreşen bir goşawuç žurnalist dostlarymyz Gennadiý Sholariý ýaly ynanjyndan asla dänmezler. Gerek bolsa hemmesi galamyny döwerler we "monastyra" çekilerler. Hiç kim olary kriptolar ýalydyr öýtmesin! Biz hiç kimiñ hakykaty hapalamagyna ýol bermeris. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |