15:20 Kuddusy üýtgeden iki serkerde: Şirkuh ibn Şady we Selaheddin Eýýuby | |
KUDDUSDA ÝAGDAÝY ÜÝTGEDEN IKI SERKERDE: ŞIRKUH IBN ŞADY we SELAHEDDIN EÝÝUBY
Taryhy makalalar
Beýik türkmen begi Nureddin Mahmyt Zeññiniñ tagta geçmegi bilen sebitdäki üýtgeşmeler musulmanlaryñ peýdasyna üýtgäp başlady, emma şindizem strategiki nokatlar bolan Müsür fatimileriñ, Ierusalim haçparazlaryñ elindedi. Üstesine musulmanlaryñ goşun birikmeleri o diýen jebis däldi. Haçparazlaryñ Müsüre eýelik eden ýagdaýynda Zeññiniñ birnäçe musulman ýaranynyñ haçparazlar bilen dil düwşüp, gozgalañ etmegi ahmaldy. Müsür meselesi diñe Zeññiniñ kellesini agyrdýardy. Gaharjañ häsiýetiniñ bardygyna garamazdan gaýduwsyzlygy bilen Zeññiniñ söýgüsini gazanan gysga boýly, bir gözi kör kürt serkerdesi Müsüri eýelemegiñ pikiri bilen ýatyp-turýardy. Zeññiden Müsüre ediljek ýöriş üçin dowamly goldawa we rugsada garaşýardy. Zeññi bolsa beýle ýörişiñ fatimiler bilen haçparazlaryñ Ierusalim korollygyny biri-birine golaýlaşdyrjagy ýaly Şirkuh ýaly gerekli serkerdesini ölüme ýollamak bilen beýle tabşyryga ýollamagyñ tarapdary däldi. Zeññiniñ razylygyny aljak üýtgeşme bolsa fatimileriñ wezipeden gyrakladylan weziri Şaweriñ özüne sygynmagy boldy. Şawer Müsüre ediljek ýöriş bilen öñki wezipesine oturyp biljekdigini we Zeññi bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdyp, türkmen hökümdarynyñ razylygyny almagy başarypdyr. Nureddin Zeññi Zeññi hem bu towakgany, hem Şirkuhyñ yzy üzülmeýän haýyşyny kanagatlandyrmak üçin Müsüre ýöriş üçin rugsat beripdir. Ol Müsüre iki müñ adamlyk çäkli goşun beripdir we başyna kürt serkerdesi Şirkuhy belläpdir. Meşhur taryhçy Ibn Esir Şirkuhyñ bu dyzmaç ýörişini şu sözler bilen beýan edýär: "Bu - taryha giren täsin wakalaryñ biri boldy, çünki iki müñ urşujy Müsüri we kenarda garaşyp oturan haçparazlary kül-peýekun edipdi". Ýañy ýigdekçe ýaşdaky ýaş Selaheddin agasy Şirkuhyñ Müsür ýörişine çagyryşyny şu sözler bilen gürrüñ beripdir: "Agam Şirkuh maña ýüzlenip: "Ýusup, paty-putyñy ýygna, gidýäris". Men bu buýrugy eşdenimde, ýüregime pyçak sünjülen ýaly boldy we şeýle jogap berdim: "Walla, maña tutuş Müsüri berselerem gitmezdim". • Şirkuh otly halka - Palestinadan geçýär! Şirkuhyñ Kaire baryp ýetmegi üçin palestin topraklarynyñ üstünden geçmegi gerekdi. Palestina bolsa şol wagtlar haçparazlaryñ golastyndady. Şirkuhyñ bary-ýogy iki müñ adamlyk goşunynyñ Kaire ýetmänkä ýok edilme ähtimallygy daşda däldi, emma 1164-nji ýylda başlan ýörişe goldaw bermek maksady bilen Zeññi demirgazykdan palestin topraklaryna operasiýa gurnady. Şirkuhyñ heýkeli Bu hüjümiñ ýeke-täk maksady Şirkuhyñ goşuny Palestinanyñ üstünden geçende haçparazlaryñ ünsüni demirgazykdaky serhet çaknyşyklaryna sowmakdy. Hernä, Zeññiniñ pirimi başa barýar, Şirkuh ýeke adamyny hem ýitirmän Kairiñ alkymyna çenli gelmegi başarypdyr. Şirkuhyñ operasiýasy ugruna bolýar we Şaweriñ goldawçylarynyñan kömegi bilen Kaire girilýär. Gyrakladylan wezir Şawer ýene öñki wezipesine bellenip, Şirkuhyñ üstu bilen fatimileriñ weziri bolýar. Şaweriñ birinji eden işi Şirkuha hyýanat edip, ondan fatimileriñ ýerinden çykmagy talap etmek boldy. Hyýanata uçran Şirkuh eli-goly bagly Kairden çykmaly boldy. Bu bigaýratlyk Şirkuhyñ Müsüre bolan öjüni hasam güýçlendiripdir. Şeýle-de bolsa, Zeññi ikinji ýörişe rugsat berýänça ýurtdan çykmaga mejbur bolupdyr. Şirkuh ibn Şady Şirkuh gutarnykly ýeñiş we ar alyş üçin bäş ýyl garaşmaly boldy. • Şirkuh gaýdyp gelýär Ýagdaýdan habarly edilen Zeññi esasy serkerkesi Şirkuhyñ sag-salamat ýanyna dolanyp gelmegi üçin demirgazykdan gaýtadan pereñlileriñ üstüne çozupdyr we Şirkuhyñ ýoluny howpsuz ýagdaýa getiripdir. Üç ýyla golaý wagt geçenden soñ Zeññi Şirkuha Müsüriñ üstüne täze ýörişe gitmek üçin rugsat beripdir. Şirkuh pähim-paýhasy we gahrymançylygy bilen ýygy-ýygydan öwülýän inisi Selaheddini-de ýanyna alyp, Palestinanyñ üstünden Müsüre täze ýörişe çykdy. Fatimiler Şirkuh we onuñ inisi Selaheddine garşy Ierusalimiñ koroly Amalrik I bilen ýaranlyk ylalaşygyny baglaşdy. Şawer Şirkuhyñ taktikasyny ulanmak bilen, haçparazlardan we fatimilerden düzülen güýçli goşuny Kairiñ gala diwarlarynyñ öñünde ýerleşdirýär, emma dyzmaç kürt serkerdesi Şirkuh gije ýarymdan soñ goşun bölümlerini Niliñ añyrky kenaryna geçiripdir we duşmanynyñ arkasyndan aýlanyp çozuş edipdir. Bu ýörişde Şirkuh Müsüriñ iñ uly şäheri Aleksandriýany eýelemegi başarypdyr, emma Kair eýelenmänsoñ, ýöriş doly tamamlanmandyr. Selaheddin Eýýuby Şirkuhyñ göçme goşun birlikleri Müsürse ýörişden ýörişe geçip, ýeñiş barsyny gazanýardylar. Selaheddin agasy Şirkuhyñ harby pähim-paýhasyny ýakyndan synlap, tejribesini artdyrypdyr. Beýleki bir ýandan Şirkuhyñ ähli janykmalaryna garamazdan, Kairiñ eýelenip gidibermezligi işleri kynlaşdyrýardy. Şirkuhyñ Müsürde kyn ýagdaýda durandygynyñ habaryny alan Zeññi serkerdesini sebitden howpsuz çykarmak üçin demirgazykda haçparazlaryñ üstüne uly ýöriş etdi. Ierusalimiñ koroly Amalrik I Zeññiniñ çäklerine çozandygyny eşiden badyna Müsürden yza çekilip Ierusalime gaýtdy. Selaheddin Eýýuby Şirkuh ýerleşen ýeriniñ howpsuz ýagdaýa getirilmegi üçin gaýtadan hökümdary Zeññiniñ ýanyna dolandy. Şirkuh möhüm ýeñişler gazananam bolsa, Kairi eýeläp bilmändi. Şol sebäpli Zeññiniñ ol Zeññiden täze ýörişe rugsat bermegini sorady. • Gutarnykly ýeñişe sary Ýewropadan gelen täze birlikler bilen fatimileriñ ýerini eýeläp, ymykly ýeñiş gazanmak maksady bilen Ierusalimiñ koroly Amalrik I täze ýöriş geçirdi. Ierusalimiñ korollygy Müsüre eýelik etse, Zeññi iki oduñ arasynda gysylyp galmalydy. Demirgazykda Wizaniþa, günortada Ierusalim korollygynyñ Zeññä garşy bileleşmegi gutulgysyz ýagdaýdy. Şonuñ üçin Zeññi Müsürdäki uruşyñ netijesine garaşmagyñ ýerine ganygyzgyn serkerdesi Şirkuhy täze ýörişe ugratmagy müwessa bildi. Uzak wagtlap Zeññiden ýöriş üçjn rugsada garaşyp duran Şirkuha bu mümkinçiliguñ berilmegini Ibn Esir Selaheddiniñ dilinden şu sözler bilen gürrüñ berýär: "El-Aziziñ çakylygy gelende Nureddin meniñ çagyedy we bolan zatlary habar berdi. Soñra ol maña şeýle diýdi: "Git, Hymsda agañ Şirkuhy gör we oña bärik tiz gaýdyp geler ýaly basyş et, çünki bu işiñ soñuna çenli garaşmaga takaty ýok. Halapdan çykdym we şähere bir mil daşlukda, hut şu waka sebäpli gaýdyp gelýän agama gabat geldim. Nureddin oña Müsüre gitmäge taýýarlanmagy buýurdy". Ierusalim korollygy Selaheddin Eýýuby soñ-soñlar Müsüre edilen üçünji ýörişi öz islegiñ bilen ölüme gitmek operasiýasy hökmünde baha beripdi. Hatda türkmen hökümdary Zeññiniñ özem bu operasiýanyñ öz-özüñi heläklemekdigini bilýändigi üçin gelejegine umyt bilen garalýan Selaheddiniñ ýanynda galdyrylmagyny Şirkuhdan haýyş edipdir, emma Şirkuh inisini öz ýanyna alyp gitmek üçin eñek diräp duransoñ, Zeññi onuñ bilen ylalaşypdyr. Korol Amalrik I bilen Şirkuhyñ arasyndaky boljak söweşde Şirkuhyñ hiç bir tarapdan ýeñmek mümkinçiligi bolmasa-da, garaşylman durka başga bir üýtgeşme bolup geçipdir. Ýewropadan täze gelen haçparaz goşun birlikleri regional dinamikalary hasaba almazdan gorkunç gandöküşliklere girişipdir. Kair halkynyñ we haçparazlaryñ iñ uly ýarany wezir Şaweriñ özem bu gandöküşlikleriñ garşysynda howsala düşüpdir. Bu üýtgeşmelerden soñ ölüme bakan at salan Şirkuh we Selaheddin dem salymda Kairiñ ýeke-täk umydyna öwrüldi. Şirkuhyñ dem salymda bagty çüwüpdir we ýeke damja gan dökmezden Kairi eýeläpdir. Amalrik I Korol Amalrigiñ Şirkuh bilen bileleşen Kaire garşy söweşmäge ýagdaýy ýokdy. Şeýle-de ol, Kairiñ alkymyndaka Zeññiniñ Ierusalime çozaýmagy-da daşda däldi. Haçparazlar Kair gabawyny taşlap yza çekilýär. 1169-njy ýylda Şirkuh Kairiñ agalygyny doly öz eline alýar. Birinji ýörişde Şirkuha hyýanat edip Kairiñ alynmagyny gijikdiren Şawer bolsa gaçmagy başarypdy, emma ýaş Selaheddin onuñ yzyna düşüp, dönügi ele saldy. Zeññiniñ rugsady bilen Selaheddin Eýýuby fatimileriñ güýçli weziri Şaweriñ kellesini aldy. • Müsürde täze döwür Şawer Selaheddin tarapyndan öldürilenden soñ fatimileriñ täze weziri Zeññiniñ gaýduwsyz serkerdesi Şirkuh boldy. Şirkuh hiç kimsäniñ aklyna-oýuna gelmänkä-de Müsüri eýelemegiñ arzuwy bilen ýatyp-turýardy. Ol ahyrsoñunda arzuwyna ýetipdi we Müsüriñ iş ýüzündäki hökümdary bolupdy. Emma ykbal öz täze-täze ýoluny ýañy arçaýardy. Şirkuh iñ uly arzuwy Müsüre gowuşandan soñ bary-ýogy bir aý geçende aradan çykdy. Ierusalim korollygy Zeññini iki oduñ arasyna gyshak bolyp durka, bu dyzmaç serkerde sebäpli iki oduñ arasynda galypdy. Şirkuhyñ ölüminden soñ fatimi emeldarlary häkimiýeti täzeden eýelemek üçin ýaş we tejribesiz serkerde Selaheddin Ýusubyñ täze wezir edip bellenmegi üçin fatimi halyfyna basyş edip başlaýarlar. Ibn Esir fatimi köşgünde gurlan duzagy şeýle gürrüñ beripdir: “Şirkuh ölüminden soñ el-Aziziñ geñeşdarlary oña täze wezir edip Ýusuby bellemegi maslahat beripdir, çünki ol entek ýaşdy we goşundaky emirleriñ iñ tejribesizi we iñ gowşagy hasaplanýardy" Selaheddin Ýusuby fatımiler gowşak serkerde hasaplaýandyklary üçin wezirlige belläpdiler. Şeýle düşünýän diñe fatimiler däldi, wizantiýalylar we Ierusalim korollygy-da Müsüri basyp almak üçin herekete geçipdir. Selaheddini äsgermezçilik etmeýän we onuñ nämeleriñ hötdesinden gelip biljegini bilýän ýeke-täk hökümdar Nureddin Mahmyt Zeññidi. Selaheddin Ýusup özünden garaşylmadyk liderlik görkezdi. Ol ilki Müsürdäki ähli fatimi emeldarlary wezipeden kowdy. Kaire çozmak üçin gaýdan Ierusalim korollygyny guryýerden, Müsüriñ üstünde deñizden gaýdan wizantiýa güýçlerini-de Zeññiniñ goldawy bilen Dimýatyñ golaýlarynda çym-pytrak etdi. 1171-nji ýylda fatimileriñ Müsürdäki halyflygyny soñlandyran Selaheddin abbasy halyfynyñ adyna hutba okadyp, Müsürde bir döwrüñ soñuna resmi taýdan nokat goýdy. Müsürde eýýäm kämillik ýaşyna ýetendigini subut eden ýaş Selaheddiniñ ýüreginde agasy Şirkuhyñ kalbyndaky müsür ody ýaly wulkan partlapdy. Ýaş Selaheddiniñ akyl-huşy we kalby Ierusalimi eýelemegiñ arzuwy bilen dolup-daşýardy. Selaheddin agasyndan harby strategiýanyñ ähli inçeliklerini öwrenipdi. Şirkuhdan tapawutlanýan Selaheddin Ýusup juda sabyrly we ünsli adamdy. Yslam dünýäsiniñ düşen ýagdaýyny üns bilen synlap duran Selaheddin Ýusup Eýýubynyñ hekaýaty indi başlaýardy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 15.05.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |