15:02 Kuranda Ad kowmy | |
KURANDA AD KOWMY
Geň-taňsy wakalar
Ad (kowmuna) doganlary Hudy (iberdik). (Hud): "Eý kowmum, Hudaýa gulluk ediñ, size Ondan başga hudaý ýok. Siz häzirem gorkañzokmy, çekineñzokmy?" diýdi. Kowmunyñ kethudalaryndan hak ýoly inkär edenleri şeýle diýdi: "Hakykatda biz seni kemakyl hasaplaýarys we dogrusy seni ýalançydyr öýdýäris." (Hud): "Eý kowmum, men kemakyl däl, emma men hakykatdanam älemleriñ Rebbiniñ ugradan ilçisidirin. Size Rebbimiñ rysalyýetini teblig edýärin. Men siziñ üçin ynamdar ündewçidirin. Hak ýoly ýatlatmak üçin arañyzdan saýlanyp alnan bir adamyñ üsti bilen Rebbiñizden size bir zikiriñ gelenine geñ galýarsyñyzmy? (Allanyñ) Nuh kowmundan soñ sizi oruntutar edendigini we siziñ ýaradylyşda ösüşiñizi artdyranyny ýada salyñ. Şoñ üçinem Allanyñ beren nygmatlaryny ýatlap, halas boluñ" diýdi. Diýdiler: "Sen bize diñe Hudaýa gul etmek we ata-babalarymyzyñ gulluk eden zatlaryndan el çekdirmek üçin geldiñmi? Eger señ aýdýanyñ hak bolsa, bize aýdýan zadyñy (azabyñy) getirsene." (Hud) diýdi: "Gümansyz siziñ üstüñize, Rebbiñizden utandyryjy azap we gazap gerekli kylyndy. Allanyñ özleri hakynda hiç bir delil indermedik we sizim atalaryñyzyñ atlandyran (toslap tapan) birtopar (ýasama hudaýlaryñ we düzgünleriñ) hatyrasyna meniñ garşyma çykýarsyñyzmy? Onda, garaşyñ! Gürrüñsiz, menem siziñ ýaly garaşýanlaryñ biri." Şeýlelikde ony we onuñ ýanyndakylary gatymyzdan inen rahmet bilen halas etdik. Aýatlarymyzy ýalan sanyp, ynanmaýanlaryñ köküni guratdyk. ["Araf"(7)/65-72] (Hud) diýdi: Ad (kowmuna-da) öz doganlary Hudy (iberdik). "Eý kowmum, Hudaýa gul boluñ, siziñ üçin Ondan başga hudaý ýok. Gümansyz, siz töhmetkärlersiñiz. Eý kowmum, men sizden hiç hili pul talap edemok. Maña kesiljek nyrh meni ýaradandan başgasyna degişli bolup bilmez. Şuña aklyñyz ýetenokmy? Eý kowmum, Rebbiñizden bagyşlanma diläñ, soñra Oña dolanyp baryñ. Üstüñize asmandan ýagyş-ýagmyr ýagdyrsyn we güýjüñize güýç goşsun. Günäkärler (müjrimler) ýaly ýüz döndermäñ." Diýdiler: "Eý Hud! Sen bize görnetin delil (mugjyza) bilen geleñok we bizem señ sözüñe ynanyp hudaýlarymyzy terk edip biljek däl. Saña iman hem edip bilmeris. "Käbir hudaýlarymyz seni erbet urupdyr" diýmekden başga diýjek zadymyz ýok." (Hud) diýdi: "Alla şaýatdyr, size şaýat boluñ: men hakykatdanam siziñ goşýan şirkleriñizden daşdadyryn. (Alladan) bidin siz maña üýşüp duzak guruñ, soñam maña möhlet bermäñ. Men hakykatdanam Rebbime, siziñem Rebbiñiz bolan Allaha töwekgelçilik etdim. Onuñ dik mañlaýyndan ebşitläp-tutmadyk ýeke janly-jemendesi ýok. Şübhesiz, meniñ Rebbim gös-göni ýoldadyr. Siz näçe ýüz dönderseñizem (bilip goýuñ) men size ýollanylan zady teblig etdim. (Şonuñ üçinem) Rebbim siziñ ýeriñize başga bir kowmy goýmak isleýär. Siz (Hudaýa) hiç hili zyýan ýetirip bilmersiñiz. Dogrusy, meniñ Rebbim barçany görüp-bilijidir we goraýjydyr." Emrimiz gelen wagtynda rahmetimiz bilen Hudy we onuñ ýanyndaky iman edenleriñ barsyny halas etdik. Olary elem beriji azapdan halas etdik. Şeýdibem Ad (kowmy) Rebleriniñ aýatlaryny inkär etdiler. Allanyñ ilçilerine garşy gitdiler we her öñýeten diýdimzoryñ aýdan-diýenini edip yzyna düşdüler. Hem bu dünýäde, hem kyýamat gününde lagnata sezewar boldular. Üns beriñ! Ad (kowmy) Reblerini örtdüler. Üns beriñ! Hud kowmy Ad (Allanyñ rahmetinden) daşlaşdy. ["Hud"(11)/50-60] Sizden öñküleriñ, Nuh kowmunyñ, Ad we Semud bilen olardan soñky gelenleriñ habary size gelmedimi? Olary Alladan başgasy bilmez. Ilçileri olara görnetin deliller bilen gelenlerinde, ellerini agyzlaryna ýetirip (dergazap bolup dişlediler) we diýdiler: "Biz siziñ bilen bile ýollanan zatlary inkär etdik we bizi çagyrýan zadyñdan şübhelenmek bilen hakykatdanam ynanmazçylyk edýäris." ["Ybraýym"(14)/9] Ad (kowmy) hem gönderilen ilçileri ýalanlady. Ýogsam bolmasa doganlary Hud olara: "Saklanyñ ahyryn! Şu hakykat: men size iberilen ygtybarly ilçidirin. Indi Alladan gorkup (saklanyñ) we maña ytagat ediñ. Munuñ öwezine men sizden pul talap edemok. Meniñ nyrhym diñe Älemleriñ Rebbine degişlidir. Siz her depä bir bina-ymarat gurup, özüñizi güýmeýärsiñizmi? Beýik we ykjam binalar gurup müdimilik galarys öýdýärsiñizmi? Tutup saklan wagtyñyzam diýdimzorlar kimin saklaýarsyñyzmy? Indi Alladan gorkup (saklanyñ) we maña ytagat ediñ. Bilýän zatlaryñyz bilen size kömek edenden gorkup (saklanyñ). Size mal, nebere, bag-bakja, çeşme (berip) kömek etdi. Dogrusy men, siziñ üçin (geljek) beýik günüñ azabyndan gorkýaryn" diýipdi. Diýdiler: "Öwüt berseñem, bermeseñem - bize bildirýän ýeri ýok. Çünki bulam owalkylaryñ toslap tapan zatlaryndan başgasy däl. Hem biz azabam görmejegimizi bilýäris." Şeýdibem oña ynanmadylar. Bizem olary weýrançylyga uçratdyk. Hakykatdanam munda bir aýat bar, ýöne olaryñ köpüsi iman etmediler." ["Şuara"(26)/123-139] (Eý Muhammet), eger olar ýüz dönderseler diýginiñ: "Men sizi Adyñ we Semudyñ ýere pylçalyp urluşyndan mysal alyp ýatladýaryn." Olara "Diñe Allaha gul boluñ!" diýip, öñlerinden we yzlaryndan ilçiler gelende şeýle diýdiler: "Eger Rebbimiz islese, perişdeleri ugradardy. Şondan ötri biz siziñ özüñiz bilen ugradylan zady örtenlerdendiris." Ad (kowmy) barada aýdanda bolsa, olar ýer ýüzünde gereksiz ýere tekepbirlik etdiler we diýdiler: "Güýç-kuwwat babatda bizden has güýçli kim barmyşyn?" Olar görmedilermi, gümansyz, Allatagala olary ýaratdy. Ol güýç-kuwwat babatda bulardan has güýçlüdir. A olar bolsa Biziñ aýatlarymyzy (bilgeşleýin) inkär etdiler. Şol sebäpli, Bizem olara dünýä durmuşynda masgaralanma azabyny dadyrmak üçin şol ugursyz (heläkçiliklerden doly) günlerde üstüne doñduryjy (ýakyp-ýandyryjy) ýel ugratdyk. Ahyret azaby has (uly) masgaralanmadyr we olara hiç hili kömek edilmez. ["Fussilet"(41)/13-16] Adyñ doganyny ýatla, onuñ öñünden we yzyndan nijeme ýatladyjylar gelip-geçipdi. Şol wagt kowmuny "Alladan başgasyna gul bolmañ, men hakykatdanam siziñ üçin uly günüñ azabyndan gorkýaryn" diýip Ahkafyñ üsti bilen ýatladypdy. Diýdiler: "Sen hudaýlarymyzdan ýüz öwürtmek üçin aramyza geldiñmi? Eger dogry aýdýan bolsañ, geler diýip gorkuzýan zadyñy getirsene bize!" Diýdi: "Onuñ ylmy diñe Allanyñ öz gatyndadyr. Men size ugradylan zady teblig edýärin. Emma sizi jahyllyk edýän kowum hökmünde görýärin." Şeýle diýip durkalar, aýdylan azaby jülgeleriniñ üstüne abanyp gelen bulut ýagdaýynda görüp: "Bu bize ýagyş ýagdyrjak bulutdyr" diýdiler. Ýok, ol gelmegine gyssanyp garaşan zadyñyzdyr. Elem beriji azap bolan ýeldir. Rebbiñ emri bilen hemme zat ýok boldy. Mesgenlerinden başga hiç zat göze görünmedi. Ine, Biz günäkär (müjrim) kowmy şeýdip jezalandyrýarys. Gümansyz, Biz olara siziñ berip bilmejek güýç-kuwwatyñyzy berdik. Olara eşitme, görme duýgusyny, köñülleri bagş etdik. Olaryñ eşidýänligem, görýänligem, köñüllerem hiç zada ýaramady. Aýatlarymyzy inkär etdiler. Ýañsylan zatlary olara hak boldy. ["Ahkah"(46)/21-26] Ad (kowmunyñ-da) emer-damaryny kesen ýel ugratdyk. Öwsen ýerinde hiç zat goýman, hemme zady ýakyp-ýandyryp küle öwrüp taşlaýardy. ["Zariýat"(51)/41-42] "Şira (ýyldyzy)nyñ Rebbi Şoldyr. Şübhesiz, Ol (Alla) öñ gelen Ad (kowmuny) weýrançylyga uçratdy. ["Nejm"(53)/49-50] Ad (kowmy-da) ýalanlady. Şu ýagdaýda Meniñ azabym we ýatlatmam nähili eken? Biz ümür-dumana gaplanan günde üstlerine doñduryjy (ýakyp-ýandyryjy) ýel ugratdyk. Adamlary hurma töññeleri deý kökünden sogrup taşlaýardy. Meniñ azabym nähili eken? ["Kamar"(54)/18-21] Ad (kowmy) barada aýdanda bolsa, olar "doñduryjy" (ýakyp-ýandyryjy) ýelde heläk boldular. (Alla) gaý-tupany ýedi gije-sekiz gündizläp kowmuñ düýp-teýkaryny sogrup taşlajak bela-musallat edip, dyngysyz depelerinden inderdi. Agzalan kowmuñ şol ýerde göýä içi boş hurma töññeleri ýaly diñarkan ýere ýykylyp ýatandyklarynu görersiñ. Şindi, heý, olardan üýtgemän hemişelik galan zada gözüñ ilýärmi? ["Hakka"(69)/6-8] Rebbiñ Ad (kowmuna) we belent sütünleriñ eýesi Ereme näme edendigini görmediñmi? Özem şäherleriñ içinde oña taý geljegi-de ýokdy. ["Fejr"(89)/6-8] Terjime eden: Has TÜRKMEN. Anons: Indiki makala "Ad kowmunyñ we Ubar şäheriniñ tapylyşy". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |