14:30 Kylyçdarogly ýalñyşlygynyñ şejeresi | |
KYLYÇDAROGLY ÝALÑYŞLYGYNYÑ ŞEJERESI
Publisistika
Diñe pikiri ýok adamlar hapa sögünýär. Saýlawdan öñ Kylyçdaroglyny öwüp arşa çykaranlar saýlawdan soñ oña sögünip başlady. Haýp. Hem aýyp. Äsgermezlik, biedeplik, gödeklik, sögünç iñ erbet ýalñyşlykdyr. Myş-myş, gybat, töhmet, myjabat tankyt bolup bilmez. Ikitaraplaýyn çekişme diñe maglumat alyp-berişi esasynda bolmaly. Gürrüñsiz, Kylyçdarogly kandidaturasyny goýmak bilen birlikde kän-kän ýalñyşlyklary goýberdi. Gürrüñsiz, Kylyçdarogly partiýasyny, on ýyl bäri ýalñyş syýasy pereuloga çekdi. Eýýäm bir aýa golaý wagt bäri elime galam alamok. Şuny pikir etdim: Kylyçdaroglyna şeýlekin syýasy ýalñyşlyklary goýberen sebäpler näme? Düýplerde näme bar? Kylyçdarogly häzir 74 ýaşynda... 1971-1999-njy ýyllarda döwletiñ ierarhiki edaralarynda işledi. Döwlet dissiplinasy astynda aýlyga ýaşaýan hyzmat memurlygyny (gullukçylygyny) etdi. "Memur" (işgär, gullukçy) sözi türk diline arap dilinden geçdi. "Emr" sözünden gelip, emir berilen, emir astynda işleýän kişi manysyny berýär. Şahsy däl kada-kanunlara we iş prinsiplerine laýyklykda işleýän döwlet sistemasy "döredijiligi" ösdürip bilermi? Şu kesgitlemäni ýazmaly bolýaryn: Ýanyçarlygyñ ýatyrylmagy bilen Osmanlyda býorokratiýa (stol hojaýynlary) we gullukçylyk mazaly täsirli orna geldi. Tanzimat ("Üýtgedip gurmak") umuman alanda býrokratlaryñ döwri hökmünde tanaldy. Halkdan üzñe şeýle "kelle" Osmanlyny çöküşlige äkitdi. Sowet Soýuzynyñ dargamagynyñ sebäbi-de býurokratizm (býurokratiýada dürli jogapkärli wezipeleri eýelän partiýanyñ agzasy) nomenklatura dälmidi? Jikme-jikliklere girip durjak däl, meselämiz bu däl... * * * Otuz ýyllap döwlet ierarhiýasynda emir astynda işlän gullukçy pensiýa ýaşynda syýasata girse, özem partiýanyñ başlygy bolsa, munuñ syýasata berjek effekti nähili bolar öýdýärsiñiz? Gürrüñsiz, bilýän zatlaryny, iş tejribesini, ukyp-başarnygyny partiýasyna berer. Eýsem ençeme ýyllap ierarhiýa astynda işländigi üçin partiýasyny "döwlet edarasyna" öwrüp bilermi? Saýlaw esasynda däl-de, buýruk bilen bellenen ýolbaşçylar üýşmegini emele getirermi? Partiýada ýeke-täk ahyrky maksadyñ wezipe-dereje eýelemek bolmagynyñ we gözboýagçylygyñ, daşky görnüşe üns bermegiñ, haýal-ýagallygyñ, ölçegsizligiñ, geleñsizligiñ, köpçülikleýin gatlaklardan we real dünýäden üzñeligiñ sebäbi şeýle býurokratik düşünje dälmi näme? Munuñ özi döwlet gurluşynyñ kellesi... Munuñ özi köpçüligiñ saýlap däl-de, buýruk bilen wezipä bellenenleriñ emele getiren býurokratik oligarhiýa kellesidir... Düýpde şular ýaly zatlar ýatyr. Partiýa agalyk edýän býurokratiýa demokratik pikirlileriñ ganym duşmanydyr. Halkyñ gatnaşygynyñ öñüni bentläp, çagşaýyşlygy getiren könelşen güýjem şudur. JHP-de ýaranjañlyk edibem, oña-muña ýallaklabam, daş-töweregiñe awuly diliñi pürkeniñ bilenem bulary dogry-dürs ara alyp maslahatlaşyp bolmaz. Indi şeýle döwrüñ soñlanmagy gerek... Mesele diñe Kylyçdaroglynda däl, JHP çöküp barýar. Meselem döwre görä aýak basmagy maksat edinen partiýa häzir etno-şowinizm ýaly neoliberal dogmalara tarap togarlanýar... * * * Sözümiñ başyna dolanyp geler bolsam: Kylyçdaroglynyñ "gullukçy kellesi" partiýada hiç hili öñe gidişlik döredip bilmedi. Partiýa emir-memur (başlyk-işgär) ierarhiýasyna bogulyp galdy. Her tapawutly ses boguldy, düşünje baýlygy göýdükleşdirildi. Içerki düzgünnama partiýanyñ taryhyndan hiç mahalam häzirkisi ýaly güýçli bolmandy. Nämüçin şeýle boldy? Kylyçdaroglynyñ gullukçylyk eden 70-nji, 80-nji, 90-njy ýyllaryñ Türkiýesini gözüñiziñ öñüne getiriñ! - Ynamsyzlygyñ höküm süren döwrüdi... - "Çöküşligiñ dermany" diýip görkezilen neoliberalizmiñ "ýoñ bolan" döwrüdi... - Çepçileriñ harby döwlet agdarlyşyklary bilen agdarylyp, güýjüni ýitiren döwrüdi... Şular ýaly uly ideologik öwrülişigi başdan geçiren, teoretiki tejribesi gowşak, syýasy tejribeden binesip Kylyçdaroglynyñ partiýany şular ýaly derejede sag tarapa çekmegine düşünmek kyn däl gerek? Meselem, köpçülikleýin gatlaklaryñ syýasatdan kowlan döwründe "ýetişen" Kylyçdarogly buhgalterlik bilen syýasy inženerlik eden bolmagy geñ galdyryjymy? Soraglary köpeldibermeli. Dünýäde neoliberalizmiñ soltanlygy ýykylýar. Bu döwrüñ syýasatçylary-da ýekän-ýekän taryhyñ çañly sahypasyna gömülýär. Iñ soñky gezek Gresiýada geçirilen saýlawlar muny görkezdi. Gatlaklaryñ umyt bilen göz dikip oturany Çipras neoliberalizme boýun egip, çepden daşlaşyp, ýok boldy gitdi. Gezek sözde "sosialist" Makrona ýetdi. "Halkçy" Kylyçdaroglynyñam döwri geçdi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |