09:37 Kylyçdaroglynyñ haýbaty | |
KYLYÇDAROGLYNYÑ HAÝBATY
Publisistika
Saýlawyñ yzysüresidi. Beýoglunda oturýan oppozisioner lukman tanşym şeýle diýdi: "Otuz ýyl bäri saýlawlarda üstünlik gazanyp gelse-de, biziñ köçämizde bular ýaly şatlyk görmändim. Polisiýa işgärleri gelip adamlary zordan öýlerine gaýtardy". Diñe Stambulda şeýle bolan däl bolaýmasa. Türkiýäniñ çar künjünde häkimiýetdäki partiýanyñ tarapdarlary köçelerde şeýle şatlykly pursaty başdan geçirdi... Hakykatda AKP-niñ şonça saýlawlarda üstün çykandygy garamazdan, indi muña öwrenişibermelikä, bu soñky saýlawyñ netijesi häkimiýetdäki partiýanyñ millionlarça tarapdaryny nämüçin şular ýaly derejede köçelere dökdi? Şatlykdan ýaña ýadadylar. Begençden ýaña agladylar. 2018-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda-da bular ýaly şatlyk-şagalaña şaýat bolunmandy. Eger şonuñ ýaly bolsa, bu saýlawyñ netijesiniñ şeýlekin dereje şatlyga öwrülmeginiñ sebäbini gözlemeli bolmazmy? Sorag möhüm, çünki bu sorag oppozisiýanyñ saýlaw döwründe nirde ýalñyş goýberendigini-de ýüze çykarar. Oppozisioner lukmana şeýle diýdim: - Oppozisiýa saýlaw döwründe näme edenmiş, adamlar saýlawlaryñ netijesini beýle joşgunly bellär ýaly? - Yzyndan sözümiñ üstüni ýetirdim: - Çünki bijaý gorkuzyldylar! * * * Halk köpçüliginiñ arasynda gorky döretmek esasan sagçy (we faşistik) partiýalaryñ propoganda tilsimi. Meselem, nasist German Gering syýasy basyş edip gorkuzmagyñ ussadydy. Galyberse-de 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda bolup geçen terrorçylykly aktlar yzyndan gorky tolkunyny emele getirdi. Türkiýede syýasy gural hökmünde "gorky medeniýeti" döredenler köplenç sagçy partiýalar (we harby döwlet agdarlyşyklary) boldy. Kommunizm gorkusy ýaly... Ýa-da AKP-niñ 2015-nji ýylyñ 1-nji noýabryndaky saýlawyñ öñüsyrasy "haos gorkusy" propagandasy ýaly… (Onsoñam şu soñky saýlawda "Kandil häkimiýet başyna geler" sözi-de ýerine düşdi). Emma. Gürrüñimiz sagçy partiýalaryñ gorkuzyp ses gazanma tilsimi däl. Gürrüñimiz Respublikan Halk partiýasynyñ-Kylyçdaroglynyñ näme edenmiş-de, sagçy saýlawçylaryñ gorkup, ýene häkimiýeti goldanlygy hakda. Ýagny: Nyrhlaryñ çakdanaşa galmagy bilen birlikde Erdogandan daşlaşan gatlaklara näme edildi-de, ýene Erdoganyñ eteginden aslyşar ýaly edildi? Kylyçdaroglunyñ kandidaturasyna "üstünlik gazanmasy kyn" diýip garşy çykanymda, geñeşçileriniñ biri "töññäni goýsagam saýlanar" diýip jogap beripdi! Saýlawdan bir ýyl öñ syýasy atmosfera şeýle bolsa, soñky müddetde nämeler boldy? Awtoritarlyk, bahalaryñ gymmatlamagy we gaýry sebäpler bilen häkimiýete gahary gelenler saýlaw sandyklarynyñ başynda nämüçin ýene Erdogana ses berdi? Saýlawdan soñ bolup geçen aşa şatlykly pursatlar jogabyny berýär: * * * Iki ýyllap dowam eden "yrzalaşma" ritorikasy saýlaw döwründe "hasap sorarys" haýbatyndan yza galdy. - Korrupsiýa kim bulaşan bolsa, arkasy kime daýanýan bolsa daýansyn, birinji ýüz günlükde ýaýdanman hasap sorarys... - Döwletiñ gaznasyna el uzadanlardan hasap sorarys... - Garybyñ hakyny iýenlerden hasap sorarys... Gürrüñimiziñ ugry sözleriñ dogrulygy-nädogrulygy däl. Gürrüñimiz bu sözleriñ nähili kabul edilendigi! Gatlagy Kylyçdaroglynyñ bu haýbat atyjylykly sözlerinden hoşaldy. Oppozision teleýaýlymlarda "Paty-putylaryny çöpleýärler, emma gaçmaga deşik tapmazlar, hemmesi türmä girer" diýen ýaly meçew beriji gepleşikler berildi. Hawa, "yrzalaşmak" isleýän Kylyçdarogly saýlaw döwründe gatlagyny konsoliderlejek bolup "haýbat" baryny atanda, garşydaş mähelläni gorkuzýandygyny özem bilenokdy... AKP häkimiýeti döwründe diñe ummasyz baýlyga ýetenler däl, awtoulagdyr öý edinen orta gatlakdaky synpam bu haýbaty özüne çekdi: "toplanjalarym elden gidäýjekmikä?" we ş.m. Gorky hakym iýler howsalasyny döretdi. "Hakym iýler" gorkusy garşydaş tarapy jebisleşdirdi. Şonsuzam Kylyçdarogluna bolan nämälimligiñ höküm süren mähellesindäki bu gorky saýlaw sandyklaryna RHP-li geñeşçileriniñ eden çakyndan başgaça täsir etdi! Çünki adam gorkudan goranmak üçin häkimiýet döredýär! AKP-dan geljekde kösenmekden, horlanmakdan gorkup RHP-na gelenleri käbir köpbilmişler özleri-de bilmän gorka itekledi. Ine... Şol şolar ýaly çäksiz şatlykly pursatlaryñ sebäbi-de, häkimiýetdäki partiýanyñ tarapdarlarynyñ gorka garşy gazanan ýeñşidi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 20.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||