10:34 Kyssa ýugrulan ömür | |
KYSSA ÝUGRULAN ÖMÜR
Edebi makalalar
Her bir döredijilik adamsynyň edebiýat, sungat älemine aralaşyşynyň öz aýratynlygy bolýar. Bu ýol şol döredijilik adamsyna başga biriňkä meňzemedik ykbaly peşgeş berýär. Onsoň şol adam ýaşy birçene baryberende döreden eserleriniň agramlylygyny ýene bir gezek akyl eleginden geçirip görýär. Onuň il-gün tarapyndan gyzgyn garşylanylan şol eserleri bolsa halkyň medeni mirasyna öwrülýär. Elbetde, seniň şol adamyň döredijiligine belet bolan halatyňda muňa aýdyň göz ýetirmek, onuň döredijiligi barada beletlik bilen gürrüň bermek mümkin. Şeýle adamlaryň biri ýazyjy Goçy Annasähedow bolup, onuň hem ýazyjylyk babatynda özüniň geçen ýoly-ýodasy bar. Dogrusyny aýtsam, Goçynyň ady edebiýat äleminde mundan kyrk ýyl ozal göze görnüp ugrapdy. “Türkmen uniwersiteti“ gazetiniň 1972-nji ýylda "Täze ýyl agşamy" ady bilen çap edilen ýumoreskasy, "Näbelli soldatyň ýadygärligine" atly goşgusy we başga-da birentek gazet sahypalarynda çap edilen goşgulary, hekaýalary eýýäm baryp talyp ýyllarynda onuň döredijiliginiň şineläp ugrandygyndan habar berýärdi. Ýyl geçdigiçe onuň eserleri san hem-de göwrüm taýdan artyp gitdi. Şol wagtky çagalar üçin neşir edilýän "Mydam taýýar" gazetidir "Pioner" žurnaly hem onuň ýakyn gatnaşyk saklaýan neşirlerine öwrülipdi. Aslynda Goçy Annasähedowyň kakasy Annasähet Goçyýew hem gadymy Könekesir obasynda gözel Sumbar jülgesiniň Magtymguly şahyryň adyny göterýän etrabynyň iň bir hormatlanýan, diňe ýagşylykda, gowulykda ýatlanylýan adamlarynyň biri bolup, bütin ömrüni obadaşlarynyň çagalaryna bilim-terbiýe bermäge bagyşlan adamdy. Annasähet aganyň özi-de şahandaz adamdy, dutar çalmagyň we aýdym aýtmagyň ölemen aşygydy. Kim onuň öýüne myhman bolup barsa, dutarda saz çalyp, aýdym aýdyp, hezil bererdi. 1975-nji ýylyň güýzüdi. Biz Annasähet mugallymymyzyňka görme-görşe baranymyzda, şol wagt Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünärini tamamlap gelen ogly Goçy Annasähedow on ýyllap bilim we terbiýe alan ýerinde, Magtymguly etrabynyň 5-nji orta mekdebinde taryh mugallymy bolup işleýär eken. Şonda Annasähet mugallym bizi oglunyň ýaşaýan otagyna alyp bardy hem-de oglunyň köňlünde beslän arzuwyndan söz açyp, ol bize şygyr görnüşinde ýazylyp, iri harplar bilen görnükli ýerde asylgy duran şygaryny görkezdi. Onda şeýle setirler bardy: “Ilk-ä galamgärlik, soňra ýazyjy, Bu meň durmuşymyň ýörgünli täji” Ine, ýaşlykda öz öňünde maksat edip goýan şol arzuw-islegini durmuşa geçirmek üçin hem Goçy Annasähedow turuwbaşdan janaýaman, irginsiz zähmet çekdi, döretdi hem döredýär. Tebigy berlen zehin onuň ömrüniň hemişelik bezegine öwrüldi. Onuň 1977-nji ýylda "Biz näme üçin galyňa garşy göreşmeli“, 1985-nji ýylda "Däp-dessur hakynda söhbet" atly ylmy işleri lektorlar üçin material hökmünde Türkmenistanyň "Bilim" jemgyýeti tarapyndan ýörite kitapça edilip ýaýradyldy. Ýazyjynyň publisistik, usuly makalalary hem döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edilip gelýär. G.Annasähedowa ýazyjy-şahyrlardan H.Durdyýew, H.Diwangulyýew, A.Paýtyk, S.Ýazowa, T.Sadykow, G.Şamyýew R.Durdyýew, Ş.Çaryýew, O.Ödäýew, T.Taganowa, Ý.Pirgulyýew, N.Baýramow, S.Öräýew, O.Gurdow, M.Haladow, G.Daşgynow, H.Şirow ýaly birentek ýazyjy-şahyrlaryň uly topary bilen dürli redaksiýalarda işlemek miýesser etdi. Ol özüniň ýazyjy Anna Paýtygyň döredijiligine köpräk ýykgyn edendigini, onuň aýratynam “Ýurt eýesi” powestini okanyndan soň, uly göwrümli eserler ýazmaga girişendigini belleýär. Şu ýerde bir zat hakda söz açasym gelýär. Biz ýazyjy-şahyrlaryň her birimiziň döredijiligimiz barada azda-kände döwürleýin metbugatda ýazylandygyny nygtamak isleýärin. Ýöne Goçy Annasähedowyň 1988-nji ýylda „Ilkinji ädim“ tapgyry bilen neşir edilen „Ýylan zäheri“ atly kitapçasyna ýaş tankytçy S.Hydyrowyň synynyň çap edilendigini agzamasaň, onuň eserleriniň metbugatda öwrenilen ýa-da olara baha berlen gezegi bolmandy. Hakyna seredeniňde, ýazyjy Goçy Annasähedowyň döredijiliginde öwrenilmäge, gürrüňi edilmäge zatlar diýseň kän. Şu ýerde kärdeşimiz merhum ýazyjy Ýagmyr Pirgulyýewiň baryp 1994-nji ýylda Goçy Annasähedowyň döredijiligine beren bahasyny ýatlasak artykmaçlyk etmese gerek. Ol, ine, şeýle belläpdi: “Men zehinli ýazyjy Goçy Annasähedowyň döredijiligine aýratyn sarpa goýýaryn. Onuň “Garagum” žurnalynda çap edilen “Dertli baş” romany hakynda birki agyz söz aýdasym gelýär. Pensiýamyň daşyndan žurnalyň materiallaryny korrektirlemek wezipesinde işlämsoň, men bu romany dolulygyna okadym. Okanyma-da ökünmedim. Dili çeper hem ýeňil okalýar. Men ondan ýandepderçäme ýüze golaý derdiň emini belläp aldym. Men şunça emi tapmak üçin gör näçe tebipleriň kitaplaryny agdarmaly bolardym. Bu baradaky sagbolsunymy onuň özüne-de aýtdym. Romanyň mazmunynda Nurmyrat Saryhanowyň meşhur eseri bolan “Şükür bagşy” powesti bilen meňzeşlik duýdum. Aslynda tebipçilik hem sungat ahyryn. Şükür bagşy öz sungaty - dutary bilen gaýry ýurtda bendilikden doganyny azat etse, Annasähedowyň “Dertli baş” romanynda hem şol ýurduň baýynyň çakylygy bilen baran tebip onuň demini sanap ýatan ýalňyz perzendini ölümden halas edýär. Baý bolsa onuň tebipliginiň öňünde baş egip, munuň üçin özüniň boýy ýeten gyzyny alaşanyň yzyna mündürip, olara ak pata berip goýberýär. Romanyň wakalarynyň aktuallygy, onuň çeperçiligi mende uly täsir galdyrdy”. Bu pikiriň üstüni ýetirip merhum ýazyjy Anna Paýtyk 1998-nji ýylda şeýle belläpdi: “Goçy Annasähedowyň “Dertli baş” romany “Garagum” žurnalynyň 1994-nji ýylyň soňky sanlarynda çap edildi. Ozal şu žurnalda onuň hekaýalary bilen “Oba daňy” atly çaklaňrajyk powestiniň çap edilendigini agzamasaň, bu onuň ilkinji uly göwrümli eseridi. Dogrusy, žurnalyň kyssa bölüminiň müdiri hem-de halypa hökmünde onuň bu romany çap edilmänkä käbir bellikler hem edipdim, maslahatlar hem beripdim. Ýöne onuň ikinji, uly göwrümli eseri bolan “Ýazgyt” romanynyň golýazmasyny onuň haýyşy bilen 1998-nji ýylda, “Türkmenistan” gazetinde işleýärkäm okap berdim. Şonda men bu eserden juda täsirlenemsoň: “Goçy, bu eseri seniň özüň ýazdyňmaý?” diýip soranymy özüm hem duýman galypdyryn. Mahlasy, ol “Ýazgyt” romanyny ýazmak bilen özüniň şägirtlikden saýlanyp, zehinli ýazyjylaryň hataryna, halypalyga ýetendigini iş ýüzünde doly subut etdi”. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Ýazgyt” romanyny okap, “Bu roman, megerem, Goçy Annasähedowyň döredijiligini äleme ýaýsa gerek. Şeýle eseri ýazyp bilen adam edebiýat äleminde döşüni gaýşardyp gezip biler” diýip eseriň tarypyny edipdi. Goçy Annasähedowyň dürli ýyllarda ýazan çeper eserleri hem “Ýaraly ýürekler“, "Ile gülki paýlaýan" ady bilen özbaşyna kitap bolup çykdy. Şeýle hem ol "Dertli baş“, "Ýazgyt", "Keremli şanyň ýaşlygy" atly romanlaryň, "Jenaýatkär, ýaragly", “Oba daňy“, „Humaý“, „ "Daýylarymkyda", "Gudalar", “Ykbalyň oýny“ atly powestleriň we onlarça hekaýalardyr ertekileriň awtorydyr. Goçy Annasähedowyň zehin siňdirien eserleri bolan "Dertli baş", "Ýazgyt“, "Keremli şanyň ýaşlygy“ romanlary ýazyjynyň Garaşsyzlyk döwründe döreden uly göwrümli eserleridir.Olarda türkmeniň geçmiş taryhy, däp-dessury, tebipçilik sungaty, aýry-aýry gerçekleriň ykbaly, ynsan söýgüsi, döwrüň keşbi, bagtly geljek baradaky oýlanmalar çeper hem gyzykly beýan edilýär. Ýazyjynyň ähli eserlerine mahsus bolşy ýaly, onuň bu eserleri-de ýeňil hem akgynly okalýar. Olarda millilik we oba durmuşy, adamlaryň aýratyn gylyk-häsiýetleri açylyp görkezilýär. Ýazyjy saýlap alan her bir temasyna beletlik bilen çemeleşýär. Ony ýazyjy hökmünde uly ile tanadan, ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylanylan “Humaý“ powestinde gabanjaňlyk zerarly ilkinji söýgüsinden jyda düşen ýigidiň ykbaly yzarlanylsa, „Jenaýatkär, ýaragly!“, “Ykbalyň oýny“, "Oba daňy“ powestlerinde we onlarça hekaýalarynda hereket edýän gahrymanlar, durmuşy wakalar, adam häsiýetleri, Watana, ata-enä, dostluk-doganlyga söýgi hem ynam duýgulary bolup, bularyň bary uzak wagtlap ýadyňda galýar. Goçy Annasähedowyň ýazyjy Petdi Magsymow bilen bilelikde ýazan “Çüýşe döwügindäki gan” atly powesti hem döwürleýin metbugatda çap edilip, okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Goçy Annasähedow ýurdumyzda çagalaryň hem söýgüli ýazyjysy hökmünde tanalýar. Onuň "Ýylan zäheri“, "Bir düýp agaç“ atly powestdir hekaýalar ýygyndylary ýörite çagalara niýetlenendir. Ýazyjy ertekiler dünýäsinde-de uly meşhurlyga eýe boldy. Ol belli ertekiçi Ogulnur ejäniň agtygydyr. Goçy Annasähedow indi birnäçe ýyl bäri türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny özüçe hereket etdirmekde, erteki esasynda erteki döretmekde şowly synanyşyklar edip gelýär. Muňa ýazyjynyň türkmen halk ertekileri äheňinde döreden "Üç öküz", "Bagt guşy", "Ýoldaky teňňeler" atly özbaşyna çap edilen ertekili kitapçalary hem güwä geçýär. Onuň ertekileri çagalarda ejizlige, gorkaklyga, namartlyga, ikiýüzlülige, ýaranjaňlyga we nebisjeňlige bolan ýigrenç duýgusyny döredýär, olardaky gahrymanlar çagalary agzybirlige, mertlige, gaýduwsyzlyga, mert gahryman ynsan bolup ýetişmäge çagyrýar. Ýazyjynyň “Türkmen halk ertekileri” ady bilen çapa taýýarlan ýygyndysy bolsa 2004-nji ýylda mekdep kitaphanalaryna ýetirildi. Häzirki wagtda olar çagalaryň söýüp okaýan eserlerine öwrüldi. Goçy Annasähedow her ýyl yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşigine yzygiderli gatnaşmak bilen döwürleýin gazet-žurnallarda yglan edilen bäsleşiklere-de öz sesini goşup gelýär. Onuň 2006-njy ýylda "Edebiýat we sungat“ gazetinde yglan edilen "Degişmeler we şorta sözler“ atly yglan edilen bäsleşikde "Ile gülki paýlaýan“ atly gülküli kyssalar kitaby baýrakly orna mynasyp boldy. 2007-nji ýylda yglan edilen "Edebiýat we sungat“ gazetiniň "Jahana ýazlar geler eneleň göwni bilen“ atly bäsleşiginde "Ene göwni“, 2008-nji ýylda "Türkmenistan“ gazetiniň Halkyň saýlany, hormatly Prezidentimiz – kalbymyzyň buýsanjy, dilimiziň senasy“ atly bäsleşiginde "Bagt guşy" hekaýalary baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýazyjy öz zehinini terjimeçilik işinde hem synap gördi. Netijede, Korneý Çukowskiniň “Wawilon diňi“, "Suleýmanyň sudy“, "Azaşan ogul“, "Öňden görüji Iona“, “Dawudyň ýaşlygy“, “Adam we How“ rowaýatlary, Ýuriý Perowyň "Gök gözli Ýefrosinýa“ hekaýasy ýazyjy tarapyndan türkmen diline terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Goçy Annasähedowyň irki wagtlarda goşgy ýazmak bilen meşgullanan mahallary hem bolupdy. Onuň “Nämüçin, aýdaý nämüçin” atly goşgusy aýdyma hem öwrülip gitdi. Ilkinji bolup bu aýdymy “Mawy ekranda” onuň nowbahar ogly Aýdogdy Annasähedow ýerine ýetirdi. Goçy Annasähedow 1980-nji ýylda Türkmenistan Žurnalistler, 1992-nji ýylda bolsa Türkmenistan Ýazyjylar birleşigine kabul edildi. Ol 1985-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat Haty bilen sylaglanyldy. 2009-njy ýylda bolsa oňa “Zähmet weterany” diýen hormatly at berildi. Ol 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Hawa, ýazyjy G.Annasähedowyň kyssa ýugrulan manyly ömri bar. Ol ýaşaýar, işleýär, döredýär. Onuň geljekde hem ýaş nesli Halka, Watana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly ýaşlar edip ýetişdirmekde köp işleri etjekdigine, ulus-ili özüniň täze-täze eserleri bilen begendirip durjakdygyna ynanýarys.Sözümiziň ahyrynda bolsa şu günler özüniň altmyş ýaş toýuny toýlaýan ýazyjy Goçy Annasähedowyň ýaş toýuny tüýs ýürekden gutlamak bilen oňa berk jan saglygyny, işinde üstünlik, maşgalasynda abadanlyk, döredijilik äleminde bolsa rowaçlyklar arzuw edýäris. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |