KYÝAMAT KASASY
"Şeýdip guduz it deý däliräpdir ol,
Öz etini iýip ölşün gördüm oň".
Nobatguly.
Bir mahal biz ilde bir deýýus ýaşan,
Ile-güne ot ýakdyrman, gün bermän.
Kime «kulak» diýip,
Kime-de «işan»,
Gümün çekdirenmiş elinde perman.
Pis keselli ýaly ýaşap ýörüpdir,
Goturlan deý her görenne süýkenip.
Zorlapdyr, horlapdyr, ezýet beripdir,
Ýok etdirip baş göterer öýdenin.
Uly agalaryna arkasyn diräp,
Ýigrenjin gazanyp il-u- halkynyň,
Ýetim çagalaryn gezipdir horlap,
Bir dili dogaly işan-magtymyň.
Edil gara tüweleý deý towlanyp,
Iliň-günüň depesinde dabyrap.
Taýagyň iki ujam degen aýlanyp,
Deýýus arçyn ölenmişin däliräp.
Ryswa bolup, ile-güne masgara,
Däliräpdir,
Öwrülipdir zyr-jynla.
- Aýagyn tutsana,
- Elin tutsana,
Saklapdyrlar gol-aýagyn zynjyrlap.
- Men eşek, men eşek, men eşek, - diýip,
Hatap ýaly giňden açyp agzyny.
- Şeýtanlary kowjak, dişlejek diýip,
Agyz urup, gemirýärmiş omzuny.
Agzy ýetmesin diýp iki omzuna,
Eşek küçenini geýdiripdirler.
Hiç ýamanlyk etme adam ogluna,
Diýip ozaldan aýdylypdyr-la.
10 maý 2005.
Sylapberdi MUHAMOW.
Goşgular