01:04 Leýli bilen Mejnun taryhy şahslarmy? | |
LEÝLI BILEN MEJNUN TARYHY ŞAHSLARMY?
Edebi makalalar
Bu sowala «hawa» ýa-da «ýok» diýip jogap bermezden ötri, dessan hakda käbir zatlary aýdalyň. Dünýä alymlary «Leýli-Mejnun» dessanyna meşhurlykda taý geljek gadymy bir eseriň ýokdugyny aýdýarlar. Beýik Nyzamynyň şu temada döreden ilkinji ajaýyp poemasyndan (1188 ý.) bäri geçen döwürde Gündogar halklarynyň on altysynda «Leýli-Mejnunyň» 130-a golaýy döredilipdir. Ýöne bu sanyň ahyrky san däldigini aýtmalydyrys. Ürç edilip öwrenilse, bu sanyň ýene-de köpeljekdigi şübhesizdir. Leýli we Mejnunyň hasratly söýgüsi hakdaky aýry-aýry rowaýatlaryň söň – XI-XII asyrlaryň sepgitlerinde birigip, bir gutarnykly esere öwrülmeginde Nyzamynyň hyzmaty uludyr. Ol bu eserini dört aýda ýazandygyny, eger-de käbir zatlar päsgel bermedik bolsa, onda muny on dört gijede tamamlamak mümkindiginiň bolandygyny aýdyp geçipdir. Belli türkmen alymy professor Nazar Gullaýewiň ýazmagyna görä, bu sýužetiň baýlaşmagyna, timarlanmagyna hem Gündogar ýurtlaryna giňden ýaýramagyna nezireçilik täriniň-de uly ähmiýeti bolupdyr. Mysal üçin, Mekdebi, Söwdaýy, Hakyry, Fizuly, Nurmuhammet Andalyp, Bitlisi, Andalyp Garajadagy, Nazyr, Nakam ýaly onlarça şahyrlar tutuş «Hamsa» düzmedik-de bolsalar, ençeme «hamsalaryň» aýry-aýry bölümlerine, ozaly bilen hem «Leýli-Mejnunlara» özboluşly nezireler ýazypdyrlar. «Leýli-Mejnun» sýužetindäki eserler şol temany işlän şahyrlaryň aglabasynyň döredijiliginde esasy orny eýeläpdir. Ol degişli halkynyň edebiýat taryhynda-da görnükli ýerde durýar. Munuň üçin diňe Nyzamynyň, Nowaýynyň, Fizulynyň, Nurmuhammet Andalybyň döredijiligini göz öňüne getirmek hem ýeterlikdir. Baryp-ha 1896-njy ýylda «Leýli-Mejnun» Tähranda sahnada goýlan ilkinji opera eseridir. Agaýy Muhammet Jawat Türbegi tarapyndan librettosy, Ysmaýyl Mihrtaş tarapyndan-da sazy ýazylypdyr. «Leýli-Mejnun» operasy şu günki günem türkmen operasynyň bezegi bolmagynda galýar. Eýsem-de bolsa, Leýli we Mejnun real taryhy şahslar bolupmy?! Biziň oňa «Hawa» diýip jogap beresimiz gelýär. Şeýle jogap bermäge aşakda getirjek delillerimiz hem güwä geçýär. Mejnunyň hakyky ady Kaýys ibn al-Mülewwahdyr. Onuň ýaşap öten wagty VI asyryň ikinji ýarymyna degişli edilýär. Mejnun onuň lakamydyr. Ol 700-nji ýylda ýogalypdyr diýip çaklaýarlar. Kaýys ibn al-Mülewwah irki orta asyrlar arap edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň biri bolupdyr. Onuň döwürdeşleri Al-Ahtal, Al-Farazdak, Jaryr, Omar ibn abu-Rabiýa we beýlekiler irki orta asyrlar arap edebiýatynyň taryhynda ajaýyp goşgulary bilen yz galdyran şahyrlardyr. Bu şahyrlaryň ýaşan döwürleri yslamyň ýaňy ornaşyp ýören döwürleridir. Arap medeni merkezleri halyflaryň köşgüne golaý getirilipdir. Al-Ahtal, Al-Farazdak, Jaryr ýaly şahyrlar, köplenç, öz taýpalarynyň artykmaçlygyny, batyrlygyny, söweşjeňligini taryplasa, Omar ibn abu-Rabiýa döwürdeş aýal-gyzlarynyň daşky keşbini, olaryň owadanlygyny wasp edipdir. Kasyda, kytga ýazmak bilen birlikde, şahyrlar şygryýetiň ýaňy döräp ugran gazal görnüşinde hem önjeýli işläpdirler. Aýratynam uzraly şahyrlar gam-gussa ýugrulan goşgulary ýazmaga ökde bolupdyrlar. Bu goşgularda maksadyna ýetip bilmedik aşyk-magşuklaryň hasraty beýan edilipdir. Hiç hili çykalga tapman, takdyra ten bermek goşgularyň esasy özeni bolupdyr. Şeýle goşgulary ýazan şahyrlaryň ykbaly öz söýýän gyzlary bilen berk baglanyşyklydyr. Mejnun lakamly (Mejnun – däli diwana, telbe) Kaýys ibn al-Mülewwah bilen onuň magşugy Leýliniň ykbaly hem şeýledir. Olaryň Gündogarda meşhurlygy Ýewropada Tristina we Izoldanyň ýa-da Romeo we Žulettanyň meşhurlygyndan birjik-de pes däldir. Mejnunyň şygyrlary, kasydalary Leýli hakynda. Leýliniň ata-enesi tarapyndan başga bir baý adama satylmagy Mejnuny lerzana getirýär. Goşgularyň özeninde özleriniň keç ykbalyndan zeýrenmek, nagra çekmek bar. Elbetde, bu başga hili bolup-da biljek däldi. Mejnunyň taýpasyndan bolan (beni-amr) Leýli Abdylla ar-Rahhalyň gyzydyr. Leýli hem görnükli arap şahyrydyr. Onuň doly ady Leýli bint Abdylla ar-Rahhal al-Ahýaliýadyr. Mejnunyň söýgüsiniň hem şol arap şahyrynyň bolmagynyň ähtimaldygy hakda professor N. Gullaýew nygtapdy. Çünki Leýli-de Mejnunyň öz tiresinden. Leýliniň öz ýazan goşgularynda-da keç ykbaldan zeýrenmek güýçli. Ol hem öz söýgülisinden aýra düşüpdir. Leýliniň goşgularynda ady agzalýan Töwbäniň zary çekilýär. «Töwbe» ady Mejnuna öz aralarynda belleşilip dakylan lakam bolmagy-da gaty ynandyryjydyr. Töwbäniň-de, Mejnunyň-da beni-amr taýpasyndan bolmagy biziň bu ynanjymyzy has-da berkidýär. Bagry girýan, gözi ýaşly Mejnun şahyr bu ahwalaty öz goşgularynda şeýle beýan edýär: Göwün sen diýip aglaýar, Leýli, agla halyma, Daglar, daşlar lerzan boldy meniň çeken zaryma. Sen betbagt, men betbagt bir-birekden jyda biz, Gam laýyna batyp munda, gam-gussaýa pida biz. Yşk ataşdan telbe boldum, ýakdy-ýandyrdy meni, Leýli ýarym, agla birdem, gözýaş gandyrdy meni. Men agladym, senem agla, bir-biregiň halyna, Seniň döken gözýaşyňdan aram tapaýyn janyma. Söwer ýaryny elden aldyran şahyr indiden soň ýaşamakda hiç hili many görmeýär, has takygy, onuň üçin durmuş öz manysyny ýitirýär. Ol çykalgany diňe gözýaş dökmekde görýär. Bu ideýanyň elbetde, şol döwrüň poeziýasyna mahsus bolandygyny ýaňy ýaňzydypdyk. Mejnun, ine, şeýle ýazýar: Amyrly gözeli, sakyfly baýa Satdylar gözeli atdylar laýa. Kerwen Nahl sary ýola şaýlandy, Düýelerem yza garap boýlandy. Atasynyň gözi gitdi puluna, Leýli gyzy atdy baýyň duluna. Elimdem aldyryp Leýli ýarymy, Ýetireýin niçik ýürek zarymy. Baraý diýsem, ýörän ýollarym ýapyk, Göreý diýsem, indi gözlerim gapyk. Şu ýerde beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň aşakdaky setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Şahyryň söýgülisi Meňlini hem ata-enesi bir baýa satyp goýberýärler: Illeri bar diňli-diňli, Sowuk suwly, ter öleňli, Ili – gökleň, ady – Meňli, Näzli dildardan aýryldym. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda Leýli-Mejnuna telim gezek ýüzlenipdir: Nejt dagynda gezen Mejnun yşkynda, Ýanar otly Leýli bolup galyp men. Aslynda, gündogarly şahyrlaryň içinde Leýli bilen Mejnunyň adyny agzamadyk şahyr ýokmuka-da diýdirýär. Bu hakykatdanam şeýledir. Türkmen edebiýatynda Leýli-Mejnun temasyny ilkinji bolup işlän Nurmuhammet Andalypdyr. Onuň «Leýli-Mejnun» dessany Leýli-Mejnunlaryň arasynda her bir jähetden ýokary bolmasa, gowşak däldi. Muňa onuň halkymyz tarapyndan biragyzdan ykrar edilmesi hem doly güwä geçýär. Ýeri gelende aýtsak, onuň köptaraply döredijiligi Andalybyň biçak zehinli bolandygy, onuň dünýä edebiýatyndan hem habarly bolandygy hakda pikir ýöretmäge esas berýär. Andalybyň pars-täjik dilinden türkmen diline geçiren eserlerinden XI-XII asyrlarda ýaşap geçen we suwizmiň iň görnükli wekillerinden biri bolan Abu Nasr Ahmet ibn Abdylhasan Jamynyň «Gahar peri» ady bilen meşhur bolan dessanynda gabat gelýän liriki şygyrlaryny hem-de Abdyrahman Jamy hakda ýazylan «Mürze Hemdem» atly anonim dessanyny-da görkezmek bolar. Gündogar edebiýatynda Leýli-Mejnun bilen baglanyşykly sýužetiň ýaýramadyk ýeri ýok. Has takygy, onuň gündogar edebiýatynda 130-dan gowrak görnüşi bar. Dürli döwürlerde dürli şahyrlardyr ýazyjylar bu sýužeti özleriçe işläp, halka hödürläpdirler. Bu eserleriň köpüsiniň awtorlary belli bolsa-da, birnäçesiniň awtorlary näbelli bolup galandygyny hem aýtmak gerek. Her niçik bolanda-da, dünýä möçberinde şeýle meşhurlyk gazanan sýužeti ilki bolup kimiň döredenligi hakda pikir öwürýäris. Şonda VI asyryň ikinji ýarymynda ýaşan hem-de dünýäden öten arap şahyry Mejnun lakamly Kaýys ibn al-Müllewwahyň Leýli hakyndaky goşgulary ýadyňa düşýär. Ol goşgular paşmadyk söýgi hakynda. Eýsem-de bolsa ilkinji sýužetiň hem hut Kaýsyň döwet galamynyň astyndan çykyp biljekdigi hem tebigydyr. Edebiýatyň taryhynda muňa mysal az däl. «Türkmen dili» gazeti, 29.12.2010. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |