10:18 Liwanda fransuz täsiri we iki ýanda-da ýakymsyzlyk | |
LIWANDA FRANSUZ TÄSIRI WE IKI ÝANDA-DA ÝAKYMSYZLYK
Publisistika
Parižiñ köçeleri gözelligiñ şäheri ýa-da medeni arhitekturanyñ enesi Beýrutyñ köçelerine meñzeýär Biziñ günlerimizde her bir liwanlynyñ Fransiýa bolan gatnaşygy çagalykdan başlaýar. Fransuz dilinde bilim hökmany. Okadylýan taryh fransuz taryhy. Edebiýat - fransuz edebiýaty. Ýagny, liwanlylar fransuz medeniýeti bilen eriş-argaç bolup kemala gelýär, käbirleri özlerini bu medeniýet bilen bitewileşdirýär. Köp ýagdaýda öýlerde fransuz dilinde gürlenerdi. Üstesine resmi ekzamenleriñ dilem fransuz dilinde. Pariž çagalygyñ we ýaşlygyñ elýetmez şäheridi. Syýahat etmek arzuw edilýän ilkinji şäher Pariž. Oña baryp görmediklerem şäheriñ köçeleriniñ, metro duralgalarynyñ, kino ýyldyzlarynyñ adyny bilýär, fransuz goşgularyny ýatdan aýdýar. Ulalansoñ bilip galdyk, has dogrusy, Şarl de Gollyñ arkasyndan öwrendik, Fransiýa bilen fransuzlaryñ arasynda ullakan tapawut bar eken. Edil Liwan bilen liwanlylaryñ arasynda bolşy ýaly. Bu düşnüksiz tapawut hemmeler üçin beýle däl. Meselem, nemesler täsin ýagdaýda Germaniýa meñzeýär. Olar ýaponlar ýaly konserwatiw, agras we işeññir. Ýaponlar ýaltalyga sebäp bolýar diýip dynç almakdan ýüz öwürýärler. Ine, şonuñ üçinem fransuz sazy we fransuz teatry bar, emma nemesleriñ ýadyna aýdym aýtmak düşse, ilki bilen harby gimnleri we "Germaniýa hemme zatdan ýokardadyr" aýdymy bolar. Şygyrda ulanylýan söz düzümleri-de harbydyr, onda ne aýyñ ýagtysy bar, ne agaçly ýoda. Pariž eýýäm birnäçe hepde bäri ýanýar. Adamlar köçä döküldi. Zibil, urha-urluk, goh-galmagal, gykylyk, ahy-nala... Ýeri näme sebäpli? Sebäbi döwlet pensiýa ýaşyny 62-den 64-e çykartjak bolýar. Ýene iki ýyl işlemelimi?!. Işlemek jähennemiñ teýine gitsin. Biz öýümizde arkaýyn oturyp aýlyk alasymyz gelýär. Elimizde-de süýtli kofe. Kafede oturanymyzda adamlar, hökümet, oppozisiýa hakdaky pikir alşyp, tankydy çekişmeleri gurasymyz gelýär. A muña döwletiñ maddy mümkinçiligi barmy? Ol eýýäm aýry gürrüñ. Biz Ibn Mukaffanyñ fransuz wersiýasy mosýe La Fonteniñ basnýalaryndaoy awgust mör-möjejigi bilen bile aýdyma zowladasymyz gelýär. Parižiñ köçeleri gözelligiñ şäheri ýa-da medeni arhitekturanyñ enesi Beýrutyñ köçelerine meñzeýär. Üstesine zir-zibiller üýşüp, onda-munda çukurlar hoñkaryp ýatyr Adamlar aýak üstünde - köçelerde. Emma liwanly döwletden bir döwüm çörek we ogurlanan pulundan paý talap edip, iñ bolmanda ogrularyñ keýpini bozmak üçin aç-hor köçä çykýar. Hernäçe Bertran Rasseliñ ýazan iñ gowy kitaby "Bikärlige öwgi" bolsa-da, bikärlik gylyklaryñ iñ ýaramazydyr. Şol sanda bu çaklañja ýazgymyñ maksady hijem ýaltalygy öwmek däl, ele alan zadym - sindikal zähmet tejribeleridir. Korona ýokanjynyñ boýnumyza dakan "köçä çykma gadagançylygy" dünýäniñ zähmet ülñülerini we görnüşlerini çepbesine çöwrüp taşlady. Şol bir işi öýüñ eýwanynda oturyp edip bolýarka, dañ bilen turup, ýarym oýa-ýarym ukuly halda nämüçin metro duralgasyna tarap haýdamaly? Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 01.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |