LUKMAN
Men iş wagtymy soňlap öýe gaýtjak bolup durkam, ilkinji perzendini dünýä inderip bilmän urnup-urnup ysgyn-mydary gaçan gelni hassahana getirdiler. Gelniň öňem bir derdi bar bolmaga çemeli onuň gymyldamaga-da mejaly bolman sus bolup ýatyrdy. Oňa tyg çekmäge-de dözer ýaly däldi. Çaga uludy. Ony çalam – çaş bolup ýatan enäniň göwresinden çykarmak aňsat däldi. Haýal-ýagallyga salsaň ikisi üçinem howplydy. Baş lukman ony halas etmegi maňa tabşyrdy. Men ýaýdandym. Her gezek iň agyr operasiýalary etmek meniň paýyma düşýärdi. Ýöne men onuň üçin ýaýdanamokdym.
Şu gün adamym gelýärdi. Ol uzaga uçansoň, bir gitse, iki-üç günläp öýe dolanmaýardy. Gelende alnynda bolmasaň ol halamaýardy. Gaýynenemiň nahar-şor bilen işi ýokdy. Ýöne iýmäni welin, halaýardy. Oňa dürli-dümen bişirip bermelidi. Nahar bişirmani kyn görmeýärdim, maşgalanyň iýjek naharyny irden turup hem taýýarlaýardym. Kä gün işe ýetişmän iýmän-içmän ylgap gidýärdim. Işden gelibem maý tapsam, stoluň başyna geçýärdim. Okap öwrenmeli zatlarym gaty köpdi. Bu ýagdaýlar işlemän, öýde oturmagymy talap edýän gaýyneneme ýaramaýardy. «Bu öý-ojagy bilen däl, muňa senem derkar däl, menem. Küýi-pikiri şol hassahanada. Bal ýalap, ýüpek geýýär. Şunuň eklenjine mätäç däl biz, mes-dä – diýip, gaýnenem otursa-tursa oglunyň gylagyny gazaýardy, onsoň men adamymyň öýde wagtlary işden gijä galmajak bolýardym. Häzir men muny baş lukmana nädip düşündireýin. Gelniň bolup ýatyşyna-da ýüregim awaýar.
Göwnümi bire baglap, operasiýa başladym. Çagany enäniň göwresinden aýyrýançam, gorkyma gan basyşym ýokarlanyp, özümde-de ysgyn-deramat galmady. Özüm dograndan beter horlandym. Bir gujak gara galpaklyja, akja bäbegi gujagyma gysanymda özüm hem dünýä täzeden inendirin oý etdim. Balajygyny gujagyna beremde, gelin zordan gözüni açdy. Begençlerine biri-birini gutlap, ylgaşýan hossarlary üstüme alkyş ýagdyranda ýadowlykdan, gorkudan bedenimde düşnigem galman, begenjime öýmüze guş bolup, uçup gitdim. Bu bagtly pursatlaryň şatlygyny adamym bilen paýlaşmalydym.
Adamym gelen eken. Gaýnenem ony doýran bolmaga çemeli, onuň öňem agras ýüzi çytykdy. Salamyma zordan jogap berdi. Gelşime naharhana girdim. Ir bilen taýynlan naharymy, şor suw bardy onam ýylatdym. Onýança baldyzym geldi. Ol gelse, ýüküm ýeňleýärdi. Ol elim-aýagymdy. Iki bolup, nahary derrew stola äberdik.
Biz edil urşup-aýrylyşan ýaly bolşup, gepleşmän diýen ýaly nahar edindik. Meniň welin, pikirim-hyýalym hassahanadady. Gelin özüne gelse-de, entek onuň ýagdaýy öwerlik däldi. Goýberýän ganymyzy onuň bedeni kabul etmejek bolup durdy.
Telefon jyňňyrdady. Ony galdyrdym. Hassahanadandy, meni çagyrýardylar.
Men adamymyň ýüzüne seretdim. Ol sözsüz düşündi-de:
— Işiň bilen bol, ýary gije hassahanada işiň ýok – diýdi. Dili gijäp duran gaýnenem:
— Sözüňi zaýalap oturma, äre gulak asylýan bolsa, ýaňy dälmi, işden geleni, gider ýene. Biziň-ä günde günümiz şu – diýdi.
Adamym sesini çykarman stoluň başyndan turdy. Men hassahana gitmän biljek däldim. Elbet-de, nobatçy lukman bardy. Ýöne men gözüm bilen gören zadyma ynanýardym. Onsaňam geliniň ýagdaýy gowlaşan bolsa, maňa til kakmaly däldiler.
Ýene telefon jyňňyrdady. Ony adamym aldy-da, trupkany galdyryp jogap bermän, ýerinde goýdy. Men gaty erbet boldum. Bu adamçylyga sygýan zat däldi. Geýnip sesimi-üýnümi çykarman gapa ýöneldim. Adamym gygyrdy:
— Edil häzir gapydan çyksaň, yzyňa dolanmarsyň?
Kelläme biri ýekedaban inderendir oý etdim. Bedenim gowşap, sakga aýak çekdim. Bu iň soňky söz ahyryn. Bir erbet bolup bialaç ýagdaýda, onuň ýüzüne seretdim. Ol menden ýüzüni sowdy.
Beýder ýaly ýazygym näme? Adam janyndan eziz zat barmy? Men aýgyda geldim-de gapynyň tutawajyna ýapyşdym. Onuň nädip ýanyma geleninem duýmandyryn. Ýagyrnyma ýapyşan güýçli penje meni gapydan beýläk zyňyp goýberdi. Kelläm diwara degip sarsgyna erbet güwledi. Onýança, içki jaýdan baldyzym dazlap çykdy. Doganynyň entek beýle derejä ýetenini görmändensoň, bir erbet bolup onuň öňüni gabalady:
— Güýjüňe baýrynýarmyň? Mertebesini depeläp, soň ýüzüne seretmäge utanjakdälmiň? Beýdiberer ýaly, ýazygy barmy onuň? Bolduň meň başyma pälwan.
Baldyzym goltugymdan tutup meni diwana geçirdi. Adamymyň özem bir erbet bolup içki jaýa girip gitdi.
— Oňa geregi şol, goşulma sen. «Aýaly başdan, çagany ýaşdan» diýipdirler. Gözi gorkmasa, öýe-de geljek däl, utançsyz.
— Meni gepletmesene eje, şu gykylygyň baş sebäpkäri özüň. Gije-gündiz ogluň-gelniň gulagyny gazap otyrsyň. Käşkä bir bahana bolsa – diýip, baldyzym ejesiniňem öňünden çykdy.
Gahary gelende adamyň tüýsüniň üýtgeýänine ilkinji gezek akyl ýetirdim. Bir ýyl bäri ýaşaşyp ýörüp, heniz ýüzüme gelmedik adamymyň alnymda şu derejede pese gaçanyna gynanyp dünýä sygmajak boldum. Ol maňa el galdyrar diýip ýatsam-tursam hyýalyma-da getirmändim. Käşkä çigidiň gabygy ýaljak günäm bolsa. Ýöne şu ýagdaýdan soň, ýene bir pursat gelende, ýürekdeş adamymyň göwnüme degip biljekdigine ikirjiňlenmedim. Mydama ätiýaçly bolmalydygyma düşündim. Bu weli, maňa örän ýokuş degdi. Adamym bilen aramyzdaky iň bir gymmatly zady ýitiren ýaly boldum. Arzuwymda-da ýetip bilmedik bagtymdan, uly umyt bilen ätlän döwletli ojagymdan, onda-da iň ýakyn adamym kowar öýdüp ýatsam-tursam pikir etmändim. Akylly adamlar jyda degnasyna degmese beýdip ýaralap bilmeli däl.
Az-kem köşeşenimden soň, men ýüregimi bire baglap, ýene gapa ýöneldim. «Alagada çykyp gitsem, bu ojagy terk etmeli bolarmykam» diýen pikir kelläme geldi. Ýöne bir adamyň jany howp astyndaka, oňa ýardam etmesem, ynsabym ýykar meni. Wah ýazyksyzkam mähriban ojagyňy terk edip giden ýalam agyr jeza bolarmy? Çekerin. Sebäbi ony mejbur edýärler. Emma ynsabymdan gaçyp gutylyp bilmerin.
Baldyzym gykylykdan gorkup, meni goýbermejek boldy.
— Men ýaralandym, indi mundan beter bolmaz – diýdim.
Gelniň gapdalynda onuň gan basyşyny barlap oturan baş lukman gapydan girenimden ýüzümi aldy:
— Indi seniň işiň bu ýerde işiň ýok. Arzaňy ýaz-da gidiber. Ýüzüme urylan ýaly boldum.
— Men gaýdanymda gelniň gan basyşy ýokarlanan eken. Şepagat uýasy gaty gorkupdyr. Bir ýerde lukman bolsa örüzipdir.
Men palatadan çykyp, zalyň ugryndaky oturgyja özümi goýberdim. Ol ýerde bu dünýäniň adamsy däl ýaly bolup ne girýäni ne çykýany saýgardym. Arza ýazyp öwrenenje ýerimden işden çykyp oturybersem nähili bolar. Ýazmasam, onda binamys adam bolaryn. Ikinji gezek aýtsalar namys ederin. Nätsemkäm, ýüregimi açyp syrymy paýlaşmaly adamymam meni öýden kowdy. Durmuş meni öňde soňda läliksiretmedi. Men bu derejelere nädip ýetdim.
— Eý Hudaý men bularyň haýsysyna arza ýazarkam. Hiç zat bolmadyk ýaly binamyslyga salyp öýe barsam, goýbermeseler onda ol gapy meniň üçin hemişelik ýapylar. Kelläme gelýän pikirleri ol ojakda dünýä taý görýän adamym ýaşap ýör ahyryn.
Şepagat uýalarynyň biri ýanyma geldi-de palata çagyrdy. Baş lukman çykyp giden eken. Men ýaş gelne öz ýazyp giden emlerimiň edileni ýa edilmänini bilen gyzyklanyp, ýazgylaryma seretdim, sanjymlara çenli edilen eken. Soň men gelniň gapdaljygyna baryp oturdym. Ysgynsyz ellerini elime alyp, ýuwaşja gysdym. Ol çalaja gözüni açdy-da, ýüzüme seretdi. Bir hili ysgynsyz ýylgyrdy. Maňa nämedir bir zatlar diýesi geldi başarmady. Depämden gara bulut aýrylan ýaly boldum. Ol ýylgyryş maňa gurp berdi.
Agşamky sanjymlarymam özüm edip, birneme ynjalyp ýüregime daş baglap öýe ugradym.
Gaýnenem howluda eken. Ol meni öýe goýbermedi, köýüp ýatan ary galan ýaly gygyrdy:
— Sekme, gapydan aýagyňy, niräň gowy bolsa gidiber.
Bu urga ýüregim durandyr oý etdim. Başym sämäp öňe ýörejegimem, yza ýörejegimem bilmän duryn hallan atyp. Ahyr yzyma dolandym. Aýaklarym ädilmejek boldy.
Wagt geçdi, nätsemkäm. Ejemjan uzakda. Barmaga gapym ýok däldi. Nämede bolsa men entek adamymyň özi bilen ýüzbe – ýüz bolamok. Göwnüm galsa-da geçirimlilik menden bolsun. Onuň halamajak zadyny etmäýin. Uzak oýlanyp durman gijem bolsa, Gandym agalara gitdim.
Işden çykardylar. Eý Hudaý, durmuşdan bir şarpyk däl, iki şarpygy birden datdym. Kärim uçar ganatym, maksadym. Dünýä bilen adamlar bilen örküm, baglanyşygym. Adamym daýanjym, hossarym ýüregimiň kuwwaty. Bularsyz nädip ýaşaryn. Ol meniň diriligim.
Wah, men bu eşrete nägünlikler bilen ýetipdim.
* * *
Uruşdan soň esli wagt geçenem bolsa, biziň maşgalamyzyň ezenegi galyberenokdy. Kakam fronta gidip dolanyp gelmänsoň ejem pahyr üç çagasyny agyr gyşdan zordan alyp çykypdy. Ejem bizi täzeje geýdirip aýnatmasa-da, iýgi-içgiden hor etmejek bolup dert azardady. Ýöne duýdansyz başymyzdan inen bela ejem jany haly burup ýykdy.
Körpeje jigimi saraltma alyp gitdi. Ese – boýa gelen çagajygyny gara ýere berip, ejem näçe mertlige salsa-da, hiç özüni alyp bilmedi. Men ejemi ýalňyz goýmazlyk üçin toý – şagalaňlarda-da joralarym bilen ýaýnap gezip bilmedim.
Orta mekdebi tamamladym. Bir gün deň-duş gyzlarymyň biri gelip, lukmançylyk institutyna gitmek isleýändigini aýdyp öwündi.
Ejem onuň ýüzüne çiňerildi:
— Haçan gidýäň?
Gyz ýene birküç günden kakasy özüni alyp gitmekçidigini aýtdy.
Ejem;
— Kakaňa aýt, onda meniňem gyzymy alyp gitsin – diýdi.
Men haýran galyp ejemiň ýüzüne seretdim.
— Eje, mümkin zady aýtsana, ol saňa ynanar-a – diýdim.
Ejem:
— Meniň çynym – diýdi.
— Seni şu ýagdaýda taşlap gidibilmen-ä.
— Ejeňe hiç zadam bolmaz.
Ejem fermada sygyr sagýardy. Ol gijelerine mekdepde pol ýuwmagam gürleşipdir.
Ejem bir zady göwnüne düwse, onuň bilen jedelleşip durmak peýdasyzdy. Onda-da ýola düşýänçäm, ejemiň etjek bolýan işine hiç akyl ýetirip bilmedim. Ejemiň meni okatmaga düýbünden ýagdaýy ýokdy.
Ol enemiň özüne sowgat eden bilezigini, saçlygyny, mamamyň eden çekeligini satdy. Öten ýyl bileje dokan halymyzam satdy. Ol barja baýlygyny toplap elime tutdyrdy-da meni gepletmän, synpdaşym bilen Aşgabada tarap ýola saldy. Ejemiň beýle töwekgelligi kelläme sygmady. Ol weli meniň başarnygyma, zehinime bil baglaýardy.
Durmuş meni gün-günden synagdan geçirip başlady.
Lukmançylyk institutyna juda kynlyk bilen okuwa girdim. Bahalarymyň biri üçlük bolansoň, stipendiýadan tamamy üzüpdim. Wagtynda deprenmänim üçin institutyň umumy ýaşaýyş jaýyndan ýaşamaga orun-da wada bermediler. Birinji ädimlerden maňlaýym daşa degip başlady. Giriş ekzamenlerden soň, wagtlaýyn berlen jaýdan çykardylar. Ömrümde ilkinji gezek özbaşymy çarap özbaşdak ýaşamagyň nämedigine akyl ýetirdim.
Maňa yzyma ýol ýokdy. Egnimi gysyp barsam käbäm günämi ötmez.
Barja goşum çemodanjygym. Ýola çykdym-da, ulag duralgasyndaky oturgyja çökdüm. Ýagdaýym jaýdan däl-de, dünýäden kowlana meňzeýärdi. Nätsemkäm? Okuw başlanýança öýe gitsem ejem janyň toplan maýasynyň eslijesi ýola gitmekdi. Birden käbämiň; «Gyssansaň Dursun ejeňlere baraýgyn, zyýany degmez» diýeni ýadyma düşdi. Men Dursun ejemi bary-ýogy, enemlere baranda ýekeje gezek görüpdim. Şonda sesine bat berip, madyr-madyr edip gürleýän geplemsek aýaly halamandym. Ýogsam ol daýow, saryýagyzdan juda owadan aýaldy. Meniň olara hiç aýagym çekmedi. Nätjek, çemodanymy süýräp, Dursun ejemlere ugradym. Maňa başga ýol galmady. Ejemiň ýazyp beren salgysy bilen olaryň öýlerini sorap-idäp, zordan tapdym. Ynha indem olaryň gapysynda diňşirgenip durun. Howlularyna guş bolup uçaýmasaň, girer ýaly däl. Demirden haşamlanyp bejerilen derwezesi bulutlaryň bäri ýanyny sermäp ýör. Men derwezäniň jaňjagazyny basdym. Howlyny bir haýukdan soň edil ýumurtga ýaljak ak ýüzlüje gyz açdy.
— Kim gerek?
— Dursun ejem.
Ol bag-bakja basyrnyp oturan giň howlynyň içi bilen meni onuň töründäki köşk ýaly lowurdap duran jaýa tarap alyp gitdi. Jaýa aňalyp tas büdüräp, ýykylypdym.
Gyz daşardan;
— Eje, aý eje, seni bir gyz soraýar – diýip gygyrdy. Dursun ejem meni tanady. Onuň atlandyrşy ýaly, Aýna meni eýwana saldy-da, düşege geçirmän, stoluň başyna geçirdi. Bular stoluň başynda iýip-içýän bolmaga çemeliler. Töweregime duýdurman stoluň üstündäki zatlara göz gezdirdim. Onuň üstünde biziň saçagymyzda är ömründe myhman bolmadyk zatlaram bardy. Men garşyma gelip çöken Dursun ejeme ýaýdana-ýaýdana ýagdaýymy aýtdym.
Ol bada;
— Jaý bereýin, ýöne galan hajadyňy özüň gör! – diýdi. Soňam üstüne goşdy: – Özüňem bir-ä yzyňa çem geleni tirkäp gelme, hemem howluda ýatan çöpi galdyranyňy görmäýin. Ýüzüme urlan ýaly boldum. Nätjek-dä men açlykdan syrnuganam bolsam, Aýnanyň demläp gelen çaýyndan ýartyja käse çaý içdim. Howla giräýen ýeriňde, sag gapdalda bir jaýjagaz bar eken. Dursun ejem meni bada oňa eltdi-de, baglaryň arasynda ýer depip ýören adamyň adyny tutup gygyrdy:
— Gandym, işiňi goý-da, şu jaýy boşatsana – diýdi. Men şu taýda ýaşamaly boljakdygyma düşündim. Birneme göwrümim giňedi. Häzir bir sümelge tapsam, özümi köşükde ýaşan ýaly görjekdim.
Gandym aga jaýy boşatdy. Dursun ejem maňa gerejik goşlary berdi.
Bagban maňa jaýy arassalamaga kömekleşdi. Ýöne ol gije şol ýerde ýatmanymy kem görmedi. Jaýdan yzgaryň ysy gelýärdi. Ol meni öýlerine alyp gitmekçil boldy, unamadym. Ol bir hili duýgudaşlyk bilen ýüzüme seretdi-de, sesini çykarman, howludan çykyp gitdi. Soň bir ýigdekçe bilen geldi-de, jaýyň ýeňsesindäki kiçeňräk tapçany göterip gapyda, jaýa diräp goýdy. Men begendim. Gije şol ýerde ýatmalydygyma düşündim.
— Çagalary gaty gowudyr, zeruruň bolsa olara-da maňa-da ýüzlenäýgin, — diýip Gandym aga maňa tabşyrdy. Ol agşamlyk öýlerine gaýdýan eken. Ir bilen bilbiliň sesine oýandym. Ol edil başujymdaky bagda şeýle bir saýraýardy welin heý goýaý. Men böküp düşegimden galdym. Bilbiliň sesine ýüregim atygsap, seslendim:
— Bilbil, sesiňe döneýin, gel ikimiz dostlaşaly. Howluda bagyň içindäki guşlar biri-birine sesini goşup şeýle bir owaz edýärdi weli, men ýalňyzlykda ähli zatlary unudyp olara sesimi goşup aýdym aýdasym geldi. Gandym aga irden howlynyň içinden tapyp, maňa köne sowutgyjam getirip berdi.
Şol gün Gandym aganyň kömegi bilen jaýjagazymy aklap, reňkledimem.
— Öz tünekleri itseň ýykyljakdyr weli, şähere gelýärler-de her kim hondan bärisi bolaýýar. Ýaşaber-dä, reňk nämesine gerek, artybyň ysyndan nirä girjegimizi bilemizok – diýip, Dursun ejem girse-çyksa hüňürdedi. Näme diýse-de, entän günüm ol meniň maňlaýymdan diredi ahyryn. Men onuň gözüne görünmejek boldum. Dynç alyş güni tikin-çatyn etmek üçin bazardan ýüpek-sapak alyp geldim.
Okuw başlanýança ýaka bejerip, söwda – satyg bilen meşgullanýan goňşymyza satdyryp, az-kem pul topladym. Dursun ejeme iki sany ýaka bejerip berdim. Ýakalara onuň gaty göwni ýetdi. Ol maňa özüne dar bolýan, ýöne iki adam sygjak täzeje gymmat baha köýnegini berdi. Aşgabada gaýdan synpdaşlarymyň birinden ejem jan maňa az-owlak pul iberen eken. Onam sowman ýygnap goýdum. Sebäbi gerekli kitaplarymam almalydym. Aýna bilen öwrenşdim. Ol mugallymçylyk institutynda, ýekeje erkek dogany Kawkazda, Awiasiýa institutynda okaýan eken. Ejesi bilen kakalary kazyýetde işleýän ekenler. Gandym aga bagban hem gündizlerine howluda garawul bolup, gijelerine öýlerine gaýdýan eken. Ine, bu belent howlynyň ýaşaýjylary şulardy.
Şeýlelik bilen, menem olara goşulyp okap başladym.
Men birinji ýylymy kän horlanman tamamladym. Ikinjinem. Üçünjide ýene stipendiýa ýetişmedim. Muny ejemden gizledim. Ýarym ýylym geçdi.
Emma ikinji ýarymym ýükli geçdi. Okuw agyrdy. Daşyndan işlemäge mümkinçilik ýokdy. Uzynly gün ýetde-tut bolup surnygyp zordan özümi jaýjagazyma atýardym. Iň soňky köpüjeklerimem sowdum. Bir gün aç surnugyp hem ýadap okuwdan geldim. Eşigimem çalyşman krowada süýndim.
Howlyda bal akýardy. Aýnalar daşarda çişlik bişirişip garabaşlaryna gaýdy. Çişligiň ýakymly ysy howlyny tutupdy. Açlykdan essim aýylmasa-da ýüregim syrylyp mejalym gaçypdy. «Mert bol, Näzik» diýip men öz-özüme göwünlik bersemem ertekilerdäki ýaly bir gudrat peýda bolaýmasa, ertirki günümiň nähili boljagy belli däldi. Aç okuwa ýararynmy?
Ejemiň meni bu ýagdaýda goýmajagyny bilýärdim. Ýöne näçe gün garaşmaly bolarkam. Ol meniň stipendiýa ýetişmedigimi bilenok ahyryn. Birden gulagyma daýzamyň sesi geldi:
— Niräk, nirä barýarsyň, gaýt yzyňa, daşap ýaman öwretme!
Başymy galdyryp aýnadan daşaryk seretdim. Aýna eli jamly ýetip gelýär. Böküp krowatdan düşdüm. Gapymy içinden ildirdim. Nahary alyp galmaga namys etdim. Alyp galmasam naharyň ýüzüne uran ýaly boljakdym, hem Aýna gaty görjekdi.
Aýna gapyny kakyp-kakyp yzyna gitdi.
Giç agşam Gandym aga geldi. Gapyny açyp ýüzüne seredip durupdyryn. Goş haltasyndan bir tegelek nan çykaryp maňa uzatdy. Men bir hili utandym, çöregi aljagymy, almajagymy bilmän ýaýdandym. «Men seniň nahar bişirip duranyňy göremok gyzym, ýetişiksiz gara günde sen» diýip, ol ep-esli gowurmanam elime tutdyrdy. Bagçoýunlaryny soýanmyşlar. Eziz adamlar, sizsiz men nädip ýaşardym, içimi gepledip, Gandym aga çykandan, çörek iýmäge oturdym. Gözümiň ýaşlary weli, düwme-düwme bolup ýaňagymdan syrygýardy. Ýagşy adamlaryň bu eden baýlygyny men eslije güne ýetirdim. Üç – dört ýylyň dowamynda Gandym aga, meni alyp gidip maşgalasy bilen tanyşdyrdy, öwrenişdirdi. Aýna weli, iki günüň birinde ýanymdady. Ol instituty tamamlap, golaýjagymyzdaky mekdepleriň birinde işläp başlady. Ýunusam okuwyny gutaryp gelip, işe başlady. Onuň bilen gatnaşygym salamdan aňry geçenokdy. Pete-pet gelse, başyny galdyryp «Gurgunmysyň» diýip geçip gidiberýärdi. Onuň inçesagat, syratly göwresini uçarmanyň eşigi has ýaraşykly görkezýärdi. Boýnuma aljak, men ony guwanyp synlaýardym. Her gezek duşanymda bir hili ýakymly duýgyny başdan geçirýärdim. Ýöne men öz ornumy bilýärdim.
Aslynda-da, ol akýagyzdan görmegeýdi. Agraslygyna garamazdan, ol ýylgyranda ýüzi has nurlanýardy. Bir-ä men onuň gygyryp gürlänini eşitmedim, birem hahahaýlap gülenini görmedim.
Dördünji kursy tamamlanymdan soň, men okuwymyň daşyndan gijelerine hassahanalaryň birinde işledim.
Agyr ýyllary arka atyp, indi men ejeme-de kömek berip başladym.
Indi obamyza baryp käbämiň egninden galdyrjak pursatlarym golaýlaýardy.
Dursun ejem sähedini bellemeselerem, Ýunusy öz garyndaşlarynyň biriniň gyzyna öýerjek bolup ýördi. Ol ýygy – ýygydan bulara gelýärdi. Onuň öz maşyny bardy. Bir gezek – bu bahar aýynyň ajaýyp günleriniň biridi. Aýna meni ugruma goýman, Aşgabady hol alyslardan etekläp oturan baýyrlara gitmäge yrdy.
Biz Aýna bilen, hem ýene bir ýigit Ýunusyň gelinliginiň maşynyna mündik. Ýene birki sany gyz bilen bir oglan Ýunusyň maşynyna mündiler.
Biz gaty gözel ýere bardyk. Goşlarymyzy baýryň üstünde goýduk. Men baýryň depesinden ýazylyp ýatan gülälekli meýdanlary, uzakdan, salgymlap görünýän daglary doýman synladym.
Alyn saçlarymy sypap, galgytýan tämiz şemala gursagymy gerip, näçe duranym ýadyma düşenok, meni gyzlar ertirlik edinmäge çagyrdylar. Gyzlara kömekleşmedigime utandym. Olar eýýäm düşekleri ýazyp, saçagyň üstüni dürli-dümen zatlardan doldurypdyrlar. Biz tegelenşip oturdyk. Aýna edil gapdaljygym-da gondy. Meni ýadyrgaýandyryn öýdüp dert azara galdy. Töweregindäkiler bilen tanyşdyrdy. Gyzlaram, oglanlaram biri-birine ýomak atyşyp ala ýaz bolşup otyrlar. Göwnüm göterilip, olar bilen goşulyşyp gitdim. Edil garşymda Ýunus oturdy. Ol özüne degseler gürlemeýärdi-de ýöne ýylgyraýýardy. Ol ýylgyranda ýüzüne nur çaýylyp, töweregine bir hili üýtgeşik mähir paýlaýan ýalydy. Şol mähir menem çoýup, jadylaýardy. Haýsy tarapa seretsem, nazarym ony görýärdi.
Ýunusyň gapdalynda onuň gelinligi otyrdy. Ol diýseň şadyýandy. Gülüp-degip, ne töweregine, ne-de Ýunusa ýazgynlyk berýärdi. Häli-şindi gülüp Ýunusyň omzuna napladyp kakýardy. Gyz owadandy. Onuň tegelekden ak ýüzi garamyk ýaly gözleri, göni burny, oýmak ýaly agzy ony töweregindäkilerden has tapawutlanýardy. Saçlary buýra-buýra bolup egnine düşüp durdy. Ol şol görküne buýsanýardy. Aýratynam ol Ýunus ýaly ýigidiň özüne hyrydarlygyna buýsanýardy. Ony ilden gizläbem duranokdy. Gyzyň bolşy özüni töweregindäkileriň hemmesinden artykmaç saýýan ýalydy. Ýöne agras Ýunusyň gyzyň hereketlerini halaman daş-töwereginden utanyp oturşy bada ünsümi çekdi. Sebäbi onuň hereketleri maňa-da ýaramady. Men bir hili duýgudaşlyk bildirýän ýaly, Ýunusyň ýüzüne seredipdirin. Birdenem onuň nazary meniň nazarym bilen çaknyşyp, ol çymgyzyl bolup ýere bakdy. Beýlekilerden öň saçagyň başyndan turaýypdyryn.
Agyr günleri, kynçylyklary egnimden aşyryp, şu gün ilkinji gezek, tebigatyňam iň gözel ýerinde, bagtyýarlykdan göwnüm pel-pelläp al asmana çykdy. Ak bulutlaryň arasynda uçup ýörün. Arassa asmanam, gül-gülälekli meýdanlaram gyzyl kürteli gelne meňzäp, ýadap surnugan bedenime guryp berdi. Ýaşyl ýapynjaly baýyrlar göwnümi göterdi. Men hyýalymda tebigat bilen birleşdim. Onuň gujagynda ýaýnap süýji arzuwlaryma çümdüm. Uzaklara seredip durşuma, hyýalymda hol alysdan goltugy gül desseli bir goç ýigit maňa tarap ýöräp gelýär. Meniň bolsa şonsuzam uzyn, tanap ýaly saçlarym ýere degip durmuş. Uzyn-uzyn kirpiklerim gözlerime kölege bolup, ony günden gorap dur.
Bugdaý reňkden tegelek, näzijek ýüzümi, salkynjak şemal goç ýigidiň aýalary bolup sypaýar. Aýnanyň gülküsi aşakdan, baýyrlygyň günbatar tarapyndaky baglaryň arasyndan gelýär. Men bolsa gözümi aýyrman, gözýetimi doýman şol synladym durdum. Birden hyýalym hakykata öwrüldi.
— Näzik! Men ýalt edip gapdalyma seredipdirin. Ýunus. Ýüregim gopdy:
— Sen näme üçin bize goşulaňok. Ol gepleýär. Ýöne ýüzüme seredenok.
— Goşulýaryn – diýdim. Onýança ady Jemal bolsa, gerek ylgap geldi. Ol edil men ýok ýaly, ýigidiň goşaryndan tutdy-da, ony ugruna goýman ylgaşlap süýräp diýen ýaly alyp gitdi. Erkinligi çäklendirilen ýigit muny ýokuş gördi. Biz baýyryň üstünde edil çagalar ýaly bolup pişik-syçan oýnadyk. Barymyza çalt-çaltdan gezek ýetýärdi. Barymyzyňam keýpimiz kökdi. Howa-da salkyndy. «Gaç-da, kow» bolşup gykylygymyz al-asmana göterilýärdi.
Allajan, dünýäde adam hem tebigat ýaly ýürege ýakyn gudrat barmyka. Töweregimdäkileriň bary nätanyş-tanyşlara öwrüldi. Olar bilen öwrenişip gitdim. Aýratynam aramyzda inedördül bir oglan bardy. Ol has-has edep ylgap bilmänsoň, gaýta-gaýta eşekçi bolýardy. Sebäbi nämedir bir zada büdüräp, gaýta-gaýta ýykylýardy. Barymyz oňa gülüp-gülüp heziller edinýärdik. Ynha birdenem gaçyp ýetişmedim-de tutuldym. Ýunus meni kowalap başlady. Men ýeňiljek bolamsoň sap atyp ýetdirmän gaçýardym. Hiç kimiň öňünde durman Ýunusy gowja ýadatdym. Ahyrda gaçyp barşyma iki ýana hallan atyp bir öňüme bir yzyma düşýän saçym onuň eline ildi. Men sakga aýak çekdim:
— Saçdan tutmaly däl. Gülüşdik.
— Dagy ýetdirýärmiň?
Biz gün ýaşanda gaýtdyk. Barymyzyň keýpimiz kökdi. Jemal edil eňegine jaň dakylan ýaly sakyrdaýardy.
Dynç alyş güni Gandym agalar toý etdi. Aýna ikimiz ir bilen kömekleşmäge gitdik. Günortanyň öň ýanynda gelnalyjy ugramak üçin, olaryň giň gapysyna ýygnandyk. Meniň gelnalyjy gitme hyýalym ýokdy. Sebäbi Gandym agalara kömekçi näçe diýseň gerekdi. Emma Aýna ugruma goýmady. Iş eşigimde elimden tutup, asylyşyp ýatanyma garaman, süýräp diýen ýaly alyp gitdi. Hem täzeje bir ak maşynyň öňünde oturtdy. Özem yzyna geçdi. Men onuň ýaly owadan maşyny heniz görmändim. Aýnany çagyrdylar. Ol maşynyň daşyna çykandan peýdalanyp yzky oturgujyna geçdim. Maşyna Gandym aganyň körpe ogly bilen gyz jigisi gelip mündi. Gelnalyjy ala gykylyk bolup, ýola düşdi.
— Ýunus hiç äwmez – diýip Aýna darykdy. Ýöne oňa maşynda orun ýokdy. Men Aýnanyň ýüzüne seretdim. Onýança Ýunus geldi. Men maşyn onuňkydyr öýtmedim.
Ýunus saçaklary alyp, olary ýükläp eglenipdir. Ak maşyn ak guw ýaly bolup, ýoly külterläp ugrady. Ýunus maşynyň radiosynyň nurbatyny towlady. Şirin mukamyň sesi diňe bir maşynyň içinde däl, göwnüme dünýäde ýaňlanyp duran ýaly boldy. Saza goşulyp Aýna ýuwaşja hiňlenip başlady.
Töweregimde özüme iň ýakyn adamlar otyrdy. Gandym aganyň çagala-ra edil öz bir-birimiz ýalydy. Ýunus bilenem öwrenişip başladym. Ol sesini çykarman oturşyna maşynyň içki aýnasyndan käýarym ýüzüme seredip goýberýärdi. Men bada utanyp ýüzümi sowýardym. Men häzir biri bagtly bolsa bagtlydym. Ýeter-ýetmez günleri başyndan geçiren, bu gün erte okuwyny tamamlajak bolup duran gyz, eý görýän adamlarymam ýanymda, eýsem bu bagtyň gadryny bilmenmi? Atgulaklaryny pasyrdadyp biri-biriniň yzyndan barýan maşynlar bütin şähere gelşik berýärdi. Men bu gözelligi doýman synlap oturşyma käýarym Ýunusa nazarymy aýlaýardym. Men Aýnanyň eý görýän adamlaryny şu maşyna ýygnanyna akyl ýetirdim. Gandym aganyň körpe ogly Aýnanyň aşygydy. Olam maşynyň içindedi.
Şol gidişimize uly şowhun bolup gelni getirdik. Aýna ikimiz toý mekanyna kömekleşmäge gitdik, Aýnanyň aşygam biz bilen gitdi. Onuň hyrydar nazary Aýnany sypdyrasy gelenokdy.
Sypynyp bilmän diňe märeke azalansoň tans meýdançasyna bardyk. Ýunus meni tansa çagyrdy. Ýunus tansa gaty ökde eken. Onuň ykjam bedeni edil sünksiz ýalydy. Men oňa aňalyp hem guwanyp, onuň çalysyn hereketlerine „Emelsiz” jogap berýärdim. Toýdan giç gaýytdyk.
* * *
Men hemmesi bilen hoşlaşdym. Ýöne Aşgabatdan gaýdanymda Ýunus şäherde ýokdy. Onuň bilen hoşlaşman gaýdanyma şeýle bir gynandym weli, ol şäherde uzakda bolsa-da göwnüme tä otla münýänçäm, ýylgyryp alnymdan çykaýjak ýaly boldy durdy. Men mähriban obamyza barýanam bolsam, özümi ýarpy göwrämi Aşgabatda goýup gaýdan ýaly duýdum. Eziz obam, obadaşlarym gözüme öňküdenem yssy göründi.
Uly hyjuw bilen etrapda işe başladym.
Bir gün işden gelsem, öňümde Dursun ejem bilen Ýunusyň kakasy otyr. Men gözlerime ynanmadym. Dursun ejemiň gapdaljygynda oturdym-da Aýnany, Ýunusy, Gandym agalary Jemaly, hatda haçan toý tutýanlaryna çenli soraşdyryp çykdym. Dursun ejem soraglara jogap berip, ýüzüme bir hili köp manyly garady-da, morta bir zady aýdyp goýberdi:
— Näzik jan meni size Ýunus jan ýollady.
— Gowu-da ýollasa, ýogsam siz geljekmi?
— Biz-ä saňa gudaçylyga geldik.
Men durkum bilen sorag alamatyna öwrülip, Dursun ejemiň ýüzüne seretdim:
— Kim üçin!
— Ýunus jan üçin.
— Oýun etmesene, Dursun eje. Birden Jemal eşidäýse...
Dursun ejem gepletmedi.
— Jemala Ýunus göwnemedi.
Men sesimi-üýnümi çykarman, ýerimden galdym.
Alla jan, men dünýä gelip, beýle uly bagtyýarlygyň bosagasyndan ätlemändim. Bu bagta diňe hyýalymda ýetip biljekdim.
Ine, bu gün Ýunusdan jyda düşdüm.
* * *
Aýna yzyna dolanmady goýberen däldirler. Bu meniň üçin agyr urgy boldy. Içimde gopýan harasaty daşyma çykarmajak bolup, mertlige salyp sary ýüplüge döndüm.
Iş gözläp barmadyk gapym galmady. Ahyrda ömri uzak bolsun, Gandym aga şäheriň çetindäki obalaryň birinden iş tapyp ýerleşdirdi. Birneme ýüküm ýeňledi kowlan ojagymdan ätlemesemem, ile goşuldym. Adamlaryň derdine dep edip başladym. Gaýgysyz – gamsyzja eýjejik bäbijikleriň her gün näçesini gujagyma gysdym, näçe adamlardan alkyş aldym.
Göwnüme degse-de, meni işsiz entemäge mejbur etse-de, men Ýunusy küýseýärdim. Geň görmeli zat Gandym aga olaryň maşgalasy bilen bagly, ýanymda hiç wagt gürrüň açmady. Elbetde men Ýunussyz ýaşap bilmen, diýip aýdyp biljek däl. Hudaýa şükür, ýaşap ýörün. Dünýä bir adamdan durmaýan eken. Agyr günde Ýunusyň ornuny tutmasa-da söýget bolup biljek adamlar bar eken. Ýalňyz ýaşasamam, ýalňyz däldim. Uzakdaky, ýakyndaky ýagşy adamlaryň mähri meni çoýýardy. Kä halatlarda «Eziz adamlar, sizsiz maňa ýaşaýyş bolmazdy» diýip gygyrybesim gelýärdi.
Bir gün işden gelsem, Gandym agalaryň gapysynda Ýunusyň maşyny dur. Men nähili duýgyny başdan geçirenimi aýdyp biljek däl. Ýöne bedenim goram-gowşak bolup, jaýa girmäge ýaýdandym. Ondan gaty göwnüm galan eken. Ol edil häzir «ýör» diýse, yzyna düşmäge namys etjekdim. Men özümi bigünä zyňylan adam ýaly duýupdym. Durmuş-da büý, süýjiniň gapdalynda ajam bar-da.
Ýunus Gandym aganyň ýanynda eken. Men ol jaýa girmedim, soň çagyrdylar. Gandym aga bir hili ardynjyrap:
— Gyzym, seni Ýunus jan alyp gitmäge gelipdir – diýdi.
Men sesimi çykarmadym.
— Adamçylyk-da, öýke-kine-de bolman durmaz. Bu ýerde ikiňiziňem geçilmesiz hataňyz ýok. Düşünişiň men asyl seni özüm eltip gaýtjak gyzym – diýdi.
Ýunusam geplemän ýüzüni aşak salyp oturdy, menem.
— Sen bir zat diýjekmi? – diýip, Gandym aga dymyşlygy bozup, Ýunusa ýüzlendi. Ýunus
Başyny galdyrdy:
—Näme diýeýin. Mende günä ýok däl. Näzigiň namysjaňlygynam bilýän. Onda-da ýazygymy geçip, şol gün yzyna dolanar öýütdüm. Garaşdym, soňam garaşdym. Muny barara gapy tapman etmedigine-de düşündim. Ýöne özüm idäp gelmedik bolsam Näzik yzyna dolanjak dälmidikä? Bolmanda il-günden utanaýjak ýaly. Şu ýagdaý weli Näzigi tanamsoň kelläme sygmady – diýdi.
— Hawa, men ýazykly hem binamys, üstümden näçe daşyň bolsa togalaber. Ýöne men şol gün aýagym çekmese-de bardym. Ejeň öýe salmady. Onuň göwnüniň henizem Jemaldadygyny bilýärin. Ýöne onuň üçin diňe men günäkär däl ahyryn. Özi bardy gapymyzdan.
Ýunus bir hili boldy:
— Ony näme üçin maňa aýtmadyň?
— Ejeň ony senden gizländir öýdemok. Ýunus şuny soň-soňlaram ahmyr etdi ýördi.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar