08:12 Lukmanda danalygyñ we kämilligiñ ýüze çykyşy hakynda hekaýat | |
Lukmanda danalygyñ hem kämilligiñ ýüze çykyşy hakynda hekaýat
Goşgular
Gulunyñ üýtgeşik zatlarny duýýan Hojaýyn Lukmany ýanyndan goýman, Hemişe tirkeşip, bileje gezdi, Şol bolmasa, hatda iýip-içmezdi. Çynlakaý iş ýüze çyksa eger-de, Baryna Lukmanyñ nepi degerdi. Käte tagamlañam iñ gowy ýerni Özi iýmän, ilki Lukmana berdi. Gulunyñ ýok wagty tutýan dek ýasy, Iýip-içip, bolmazdy oñ mazasy. Bir gezek ol gawun iýmekçi boldy, Gulunam çagyrdyp, derrew äkeldi. Gawuny tizara dilimleşdirdi, Ondan Lukmana-da birini berdi. Iýip gutarmanka bir dilimini, Gawundan doldurdy onuñ öñüni. Haky köýüp barýan bir husyt deýin, Diýdi: "Hany, menem dadyp göreýin Işdämen iýşiñi synlañda seniñ, Ýaman däl ýaly-ha tagamy munuñ". Diýdi-de, gawuna agyz urdy ol, Ondan lezzet däl-de, ezýet gördi ol. Diliniñ üstüni gabarçak tutup, Ýatdy ol bir sagat özünden gidip. Soñ nepesin dürsäp, diýdi guluna: "Äkitjek bu gawun dogry ölüme. Öt ýaly ajy bu, belki, awuly, Nädip iýip bildiñ munça gawuny? Ne ýüzüñi çytdyñ, ne ajy diýdiñ, Bu zakguny nädip bildirmän iýdiñ? Duşmanyñ edäýjek işi edeniñ, Düşünip bilemok bolşuña seniñ". Lukman diýdi: "Maña dostdugñy bilýän, Goldap ýörsüñ meni gözüñden salman. Göwnüme ýaransoñ edim-gylymyñ Hem-de maña eden kän ýagşylygyñ, Seniñ ýaly päk adamyñ hödürlän Ajy tagamy-da meñ üçin derman. Señ eliñden berlen herki tagamy Ýüzün çytman iýse, guluñ ne gamy? Gudrat misden altyn döredip biler, Hasratam köp zady öwredip biler. Dünýede edilýän herki ýagşylyk Şypa berýär köp dertlere em bolup. Ugrun tapsañ, sirke öwrülýär meýe, Tikeniñ awusyn duýanok düýe. Ölüme buýrulan günäkär bende Hoş bolar jelladyñ rehmi inende. Ýagşylyk nur saçsa yşyk dek bolup, Gündizlige döner tüm garañkylyk. Käte şerdir öýdüp hasap edeniñ Haýra dönüp, göwnüñ göterýär seniñ. Ýok bolsa kalbyñda haýryñ tohumy, Ýazyñ gyşa döner, bilip goý şuny. Ýüreginde haýryñ tohumy barlar Özlerini hökümdar hasap edýärler. Şer - başagaýlykdyr, bilip goý şuny, Bilimdedir haýyr işleñ tohumy". Jelaleddin Rumy | |
|
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Kytgalar / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |