MADRITOWYÑ JEZA BERIJI OTRÝADY
Günbatar türkmenleriniñ 1916-njy ýyldaky gozgalañynyñ taryhyndan
Mergen arçynyñ baştutanlygynda leşger toplanyp başlanýar. Leşgeriñ sany gün-günden köpelýär. Üç müñe golaýlaşýar. Mergen arçynyñ kömekçileri Derýa, Nurberdi, Morjuk, Katyr ýaly goçaklar bolýar.
Süzüş dagynyñ, Marawa depäniñ töwereginde Esen han ýerleşýär. Kömekçileri Göki arçyn, Nazjan Geldi.
Kümmethowuzda ýygnalan leşgere Babagylyç baý baştutanlyk edýär, kömekçileri ganýokmazlardan Durdy han, düýejilerden Şyhy han.
"Rus razwedkasynyñ maglumatyna görä, Marawa depäniñ golaýynda üç müñe ýakyn täze otrýad düzülipdir. Baştutany Şyhy han".
(Zakaspi oblastynyñ naçalnigine komissar Mihaýlowyñ iberen telegrammasyndan. 11-nji noýabr, 1916-njy ýyl).
Serkerdeler il-güni, dogduk diýaryny talañçylardan halas etmek üçin janlaryny gaýgyrman araçäk goşununyñ jeza beriji otrýadynyñ garşysyna göreşýärler. Birnäçe gezek ýeñiş gazanýarlar.
"Düýn gozgalañçylaryñ uly otrýady Donesk posýologyna çozdy. Mallary sürdüler. Kreşensk, Saratowsk posýoloklaryna çozmaklaryna garaşylýar. Oba aksakaly Gara keri Çatyñ töwereginde ýerleşýän gozgalañçylara goşmaça gelýän goşunlaryñ, ýaraglaryñ sanyny, gizlin syrlary habar beripdir".
(Polkownik Mihaýlowyñ general Wolkownikowa iberen telegrammasyndan).
Polkownik Mihaýlow Lawrowyñ ýerine Kümmethowuzda araçäk goşunynyñ komissary edilip bellenilýär.
"Gozgalañçylar 28-nji oktýabrda Astrabat, Garasuw aralygyndaky postlara çozdular. Olar köpsanly pulomýotyñ okuna tutuldy. Yza serpikdirildi. Saratowsk posýologyny goramak üçin Astrabatdan esgerler iberildi. Galan esgerler iki smenalyk goraga ýetenok. Astrabady goramaga mümkinçilik ýok. Gozgalañçylar otuzynjy oktýabrda Hojanepese geldiler. Olaryñ sany üç müñe golaý. Olara deñiz ýakasyndaky tireler-de goşuldy. Kümüşdepäni, Garasuwy, Hojanepesi eýelediler. Polkownik Gabaýewiñ (Astrabadyñ araçäk goşunynyñ naçalnigi) maglumatyny nazarda tutup, Çekişler otrýadyna goşun ibermegi zerur diýip hasaplaýaryn".
(Daşkentdäki goşun komamduýuşisine general Wolkownikowyñ telegrammasyndan).
Çekişleriñ pristawy, öñki kanselýariýa gullukçysy, uruş döwründe başga adam tapylman pristawlyga goýlan Zolotarýow edýän işine añly-başly düşünmän, paýhassyz hereketi bilen bütin bir bir urşa sebäp bolýar.
Çarwa ýomutlarynyñ maşgalalary bilen bile mallaryny sürüp, demir ýoluñ boýundan Etrek derýasynyñ aýaklarynda ýerleşen Çekişlerde oturan Zolotarýow göýä "Ýomutlaryñ barynyñ gozgalaña galandygy" hakda uezd häkimlerine habar berýär. Soñra öz esgerlerini ýygnap, göýä gozgalañyñ başlanandygyna serhet gullugyny ynandyryp, Etrekde çarwa ilatyny ok bilen garşylaýar. Beýikbaş obasyny oka tutýar.
Ýaragly hüjümiñ sebäbine düşünmän, tyl işlerine adam alynýandygy hakda hiç zat eşitmedik obanyñ ilaty çöle gaçýar. Otrýadyñ yzarlap, oka tutup gelýändigini görüp, onuñ bilen atyşyp başlaýarlar. Goñşy obalar kömege gelýärler. Şeýlelikde, Etregiñ serhet zolagynyñ boýunda söweş tutaşýar. Bu waka 1916-njy ýylyñ 15-nji awgustynda bolýar.
Bu harby hereketleri ýomutlaryñ arasynda köp ýyl işlän, ilatyñ arasynda abraýly bolan, türkmen dilini bilýän rotmistr Požarskiý ýaly akylly-başly naçalnikler-de saklap bilmeýär.
Indi giçdi. Zorlugy, talañçylygy, nähak ýere gan dökýänleri gözi bilen gören ýomutlar garadan gaýdar ýaly däldi. Diýar üçin, il-gün üçin söweş meýdanynda baş goýmaga taýýardylar. Edilýän haýbatlardan-da çekinmeýärdiler.
Gozgalañy güýç bilen ýatyrmak iñ soñky umytdy. Orsyýet imperiýasynyñ harby ministri A.I.Guçkow 1916-njy ýylda Syrderýa oblastynyñ harby gubernatory general-leýtenant A.S.Madritowy Kuropatkiniñ garamagyna iberýär. (Madritow ganhorlukda ýakasyny tanadan adam. Ol Gökdepe söweşinde-de elini gana boýan ganojak. Şol söweşde zalymyñ maýor çini bar eken). Alekseý Iwanowiç Kuropatkon ony jeza beriji otrýada naçalnik edip, gozgalañyñ möwç urýan ýeri bolan Türkmensähra ýollaýar. Etrek, Gürgen ýakalaryndaky araçäk goşunlary, Aşgabatdaky otrýadyñ naçalnikleri, garnizonyñ naçalnigi general Narbut Madritowa tabyn edilýär. Türküstanyñ general-gubernatory 1916-nky ýylyñ 2-nji dekabrynda 3564-nji gizlin instruksiýasyny Madritowa iberýär:
1. Eger uruşda ölmeseler, gozgalañçylaryñ baştutanlaryny ele salmaly. Babagylyjy konwoý bilen Daşkende ibermeli.
2. Hemme ýaraglary ýygnamaly.
3. Hemme tohum atlary alyp, döwlet atçylyk zawodyna ibermeli.
4. Goşmaça iýmit üçin ownuk mallaryñ ýarysyny, ýaşamak üçin türkmen öýleriniñ ýarysyny almaly.
5. Öñki buýrugymda bellenilen sana görä, tyl işine işçi ýygnamaly.
6. Etrek, Gürgen derýalaryny Orsyýet patyşalygynyñ koloniýasyna öwürmek maksady bilen, Eýranyñ içine çuñ aralaşmaly. Günorta tarapyndan araçäk goşunlarynyñ postlaryny gurmaly.
Täze düzülen jeza beriji otrýadyñ öñünde, esasan, iki wezipe goýulýardy. Ilki gozgalañy ýatyrmaly. Çekilen zyýanyñ öwezini dolmaly. Soñra günorta tarapa süýşmeli, Eýran welaýatyna çuñ aralaşmaly. Madritow uly hukukdan artykmajy bilen peýdalanyp, dekabr aýynyñ başlarynda Kümmethowza barýar. Gürgen otrýadynyñ başlygy polkownik Straželowskini, Astrabat otrýadynyñ başlygy polkownik Gabaýewi, general Wolkownikowy, general Narbudy, Kümmethowzuñ komissary polkownik Mihaýlowy ýanyna çagyrýar. Olary gizlin instruksiýa bilen tanyş edýär. Ony ýerine ýetirmegiñ ýollaryny salgy berýär:
"Jenap ofiserler, generallar! Men soldatlaryñ durmuşy bilen tanyş boldum. Olaryñ ýaşaýyş şertleri gowy däl. Et, galla ýetmezçilik edýär. Gozgalañçylaryñ ownukly-irili mallary süri-süri. Ýetirilen zyýanyñ öwezini doldurmak üçin, olary alyp, etini soldatlara gaýgyrman bermeli. Garşylyk görkezenleri ýeke oka tabşyrmaly. Gyşyñ añzakly günleri ýetip geldi. Gozgalañçylaryñ taşlap giden öýlerini ýygnamaly. Öýleri özlerine tutdurmaly. Içersindäki däneleri almaly. Goý, soldatlar mes ýaşasyn! Kazaklardan düzülen wzwodlary urguna kowmaly. Olar hemme zadyñ hötdesinden gelerler.
Razwedkanyñ habaryna görä, düýeji hany Şyhy, garrawy hany Esen Süzüş dagynyñ deresinde ýerleşýär. Leşger sany 3.000 töweregi, Çat bilen Ýaglyolumyn arasyndan gozgalañçylaryñ çozmagyna garaşylýar. Ýedi-sekiz müñe golaý leşger Akgalada mesgen tutup ýatyr. Baştutanlary Babagylyç, Mergen arçyn, Astrabatda-da ýagdaý öwerlikli däl. Indi diñe aldym-berdimli söweşe garaşybermeli. Şu gezek gozgalañçylar bar güýjüni jemleýärler. Mälim bolan howly ýagdaýlary göz öñüne getirip, buýurýaryn.
1. Polkownik Stražalowskiniñ otrýady şol ýerdäki gozgalañçylary dargatmak üçin Çat, Ýaglyolum sebitine geçmeli. Garamygna iki sany top, dört sany pulomýot bermeli. Göze görnen mallary ýygnap, Kümmethowuzdaky mal mazasyna tabşyrmaly.
2. Noýabr aýynyñ birinji ýarymyndan bäri, günbatardaky ýomutlar Astrabat sebitlerinde, deñiz ýakalarynda güýç toplaýarlar. Japarbaýlaryñ köpüsi şolaryñ tarapyna geçdiler. Şol raýonda 4-nji, 10-njy noýabr aralygynda Tanazowyñ balyk promyseline ençe gezek çozdular. Top okuna tutulyp, yza serpikdirildi. Ýene-de şol ýerde toparlanyşyk güýçlenýär. Güýçler esasan üç topara bölünip, Akgalada, Marawada, Çatda ýerleşýär. Akgala tarap meniñ otrýadym gider. Ilki Astrabat tarapyny arassalarys. Soñ Kümmethowuz tarapa öwrüm ederis. Şoña çenli siziñ otrýadyñyz beýleki ýerlerdäki gozgalañçylar bilen birýüzli bolmaly bolar.
3. Polkownik Mihaýlowyñ ýolbaşçylygyndaky otrýad Marawa Süzüş tarapyndan hüjüme geçer. Kümmethowzuñ töweregini gorar. Garamagyna dört sany dag hem meýdan topy, 8 sany pulomýot berler. Söweşiñ gidişi barasynda her gün maña telegraf üsti bilen hasabat bermeli. Söweşiñ gidişine görä beriljek buýruklary wagtynda ýerine ýetirmeli.
4. Üpjünçilik: her topa 150 snarýad, bir tüpeñe 400 ok, el granaty. (1914-nji ýylyñ nusgasy). Astrabat otrýadyna 320, Gürgen otrýadyna 260, galan üç otrýadyn hersine 500 sany granat bermeli.
5. Goşunlary azyk bilen üpjün etmegi general-maýor Wolkownikowa tabşyrmaly.
6. Harby ekspedisiýanyñ umumy hereket ediş plany.
Watanymyz garaşsyzlygyny almazyndan ozal sowet imperiýasynyñ, ondan öñki döwürde - patyşa zamanynda bolsa Russiýa imperiýasynyñ düzüminde bolupdy. Türkmen ili Zakaspi oblasti diýip atlandyrylýardy, ol bolsa Türküstan harby okrugynyñ düzümine girýärdi. Zakaspi oblasty hem ençeme uýezdlere bölünýärdi:
1. Ashabad uýezdi. Merkezi Gökdepe. (Başlygy Karpinskiý).
2. Merw uýezdi. (Başlygy Pereswet-Soltan).
3. Krasnowodsk uýezdi. (Başlygy polkownik Şalaşnikow).
4. Tejen uýezdi. (Başlygy polkownik Belýanowiç) we ş.m.
Uýezdler pristawlara bölünip, wolostnoý, arçynlar pristawlaryñ başlyklaryna boýun bolupdyr.
General-gubernatorlardan başlap, tä wolostnoýlara çenli harby çinliler bolupdyrlar. Olarda arçynlar halk tarapyndan saýlanypdyr. Olarda harby çin bolmandyr.
Birinji jahan urşy başlanandan soñ oblast, uýezd, pristaw başlyklary ilatdan aşa köp salgytlary ýygnap başlaýarlar. Halkyñ arasynda olaryñ abraýlary dökülýär. Ynamdan gaçýarlar.
Frontuñ tyl işlerine (garym gazmak, odun taýýarlamak, soldatlary naharlamak üçin) işçiler gerek bolýar.
1916-njy ýylyñ 25-nji iýunynda rus patyşasy tyl işine işçi almak üçin ýörite perman çykarýar. Şol perman boýunça Türküstan harby okrugyndan tyl işine 25.000 adam almak bellenilýär. Jemi 15.000 adam alynmaly bolupdyr. Bu perman wagtynda işlemeýär. Halkyñ arasynda düşündiriş işi geçirilmeýär. Perman oba arçynlarydyr kethudalaryna-da bir aýlap ýetirilmeýär. Soñra bolsa gyssaga düşülýär. Güýje daýanylýar. Il arasynda bolsa "Tyl işine däl-de, urşa iberiljek. Aldaga saljak bolýarlar" diýen gürrüñ ýaýraýar. Ynamdan gaçanlaryñ gepi ýer kertmeýär.
Gürrüñimizi Madritowyñ jeza beriji otrýadyna syrykdyrhak bolanymyz üçin, günbatar türkmenleriniñ başyna inen jebri-jepalary, gyrgynçylygy, talañçylygy ýatlamaly bolýarys. Adam sanyny uýezdlere, pristawlara, obalara bölüp, spisok düzmek tabşyrylýar. Esasy iş arçynlaryñ gerdenine düşýär. Spisok düzmek, tyl işine adam toplamak arçynlaryñ borjy hasaplanýar. Ilatyñ agramly bölegi oba ýerleride ýaşap, daýhançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanýardy. Şäherde ýaşaýan türkmenler örän azdy. Aşgabatda bary-ýogy 158 türkmen maşgalasy ýaşaýardy.
Krasnowodsk uýezdiniñ garamagynda iki sany pristaw bolup, biri Çekişlerde, beýlekisi Garrygaladady. Demir ýol ugrundaky stansiýalardyr şäherlerde harby çinliler hojaýynlyk edýärdiler. Araçäk goşunlarynyñ komissarlary Kümmethowuzda we Astrabatda höküm sürýärdiler.
Kümmethowzuñ komissary 1913-nji ýylda bellenen Lawrow bolup, Astrabadyñ komissary polkownik Gabaýewdim
Oba arçynlaryna tyla ugradylmaly işçileriñ sany berlip, spisok düzmek tabşyrylýar. Il arasynda muny "päleçilik" diýip atlandyrýarlar.
Çekişler obasyndan - 34 adam,
Esengulydan - 104 adam,
Atabaýlardan - 42 adam,
Japarbaýlardan - 31 adam,
Gysga aklardan - 83 adam,
Uzyn aklardan - 50 adam,
Ýaralylardan - 51 adam,
Nuralylardan - 60 adam,
Kemlerden, körlerden - 51 adam.
Umumy alanyñda, Çekişler pristawyndan 506 adama narýad berilýär. Garryfala pristawyndan hem şonçarak adamy tyl işine ibermeli diýip bellenilýär. Bendesenden 224 öýlüden - 37 adamyñ, Hojagaladan 154 öýlüden - 37 adamyñ, Jejirsden 101 öýlüden - 17 adamyñ ady ýazylyp, spisogy düzülýär. Il arasynda düşündiriş işi geçirilmändigi sebäpli başga ýerlerde spisok düzülmeýär. Garrygala pristawynyñ başlygy Şubin, Çekişler pristawynyñ başlygy Zolotarýow işiñ ugra barmaýanlygy, käbir hanlaryñ, aksakallaryñ toparynyñ Eýrana gaça-göç etjek bolýanlygy barasynda Krasnowodsk uýezdiniñ başlygy Şalaşnikowa yzly-yzyna jañ edýärler, telegramma iberýärler. Şalaşnikow bolsa Zakaspi oblastynyñ başlygy Kalmakowa telegramma ýollaýar:
"Pristawlaryñ habar bermegine görä, pristawyñ çäginden daşky raýonlardaky çarwalaryñ gaça-göç edýändigi göze ilýär, onuñ üçin Çekişlere, Garrygala, Gazanjyga her haýsyna 50 atly, ondan başga-da Çekişlere, Garrygala, Gazanjyga, Krasnowodskä her birine rota otrýadlaryny ibermegiñ zerurdygyny belleýärin. "Gyzyl akabanyñ" miraby Orazmämmet Seýitguly hany gorap tertipde tusaag edip, sorag etmegi maslahat berýärin, şonuñ ýaly-da daz taýpasynyñ aksakaly barada barlag geçirmäge, ol baradaky habarlar dogry bolsa, ýerinde tussag etmäge rugsat soraýaryn. Siziñ sözde beren ylalaşygyñyza esaslanyp, 14-nji awgustda Gyzylarbatda, Çekişlerde; Krasnowodskide işçileri ýygnaýyş punktuny açmagy göz öñünde tutýaryn.
Polkownik ŞALAŞNIKOW.
16-njy iýul, 1916-njy ýyl".
Jogap telegrammasyndan:
"Eger meýletin işçi bermeseler, häkimiýetiñ görkezmelerine garşy gitseler, onda işçileriñ güýç bilen alynjagyny ilata düşündirmeli. Ilat arasynda howsala döredýän myş-myşlary, gybatlary ýaýradýanlara rehimsiz jeza bermeli.
General KALMAKOW.
21-nji iýul, 1916-njy ýyl".
Goşmaça berlen telegrammadan:
"Zakaspi oblast naçalniginiñ buýrugy.
Ýerli ilat rus häkimiýetine boýun bolmaly. Ofiserlere, çinowniklere ýerinden turup, baş egip, salam bermeli.
General KALMAKOW.
23-nji iýul, 1916-njy ýyl".
Gowgaly günler golaýlaşýardy. Garrygaladan, Esengulydan, Etrek boýunda gaça-göç edýänleriñ sany barha artýardy. Ýerli ilatyñ tyl işine adam ibermejekdigi aç-açan ýüze çykyp başlady. Munuñ şeýledigi 1916-njy ýylyñ 8-nji iýulynda Çekişler pristawynyñ başlygy Zolotarýowyñ Krasnowodsk uýezdiniñ başlygyna iberen telegrammasynda anyk duýulýar:
"Meniñ çagyryşym boýunça gelen aksakallar, wekiller tylda işlemek üçin ugradylmaly adamlaryñ spisogyny düzmek barada kesgitli zat aýdyp bilmediler. Ilat bilen gutarnykly gepleşmek üçin bir gün pursat soradylar. Ikinji güni, ýagny, 7-nji iýulda irden olar ýanyma geldiler. Olaryñ aýtmaklaryna görä, türkmenler: "Her zat etmeli weli, bir adam-da bermeli däl. Hat-da uruşmakdan-da gaýtmaly däl" diýip, kesgitli karara gelipdirler, ýagdaýdan görnüşi ýaly, ilat öz ygtyýaryna adam bermek islemeýär. Diñe güýç bilen adam almaly boljak.
ZOLOTARÝOW.
8-nji iýul, 1916-njy ýyl."
Garşylykly taraplar güýç toplap başlaýarlar. Käbir maglumatlara görä, Etrekdir Sumbar ýakasyndaky ilat arçyndyr hanlarynyñ ýolbaşçylygynda Eýrandan ýarag satyn alýar.
"Iñlis maglumatlaryna görä, türkmenler türküstanly musulmanlardan soldatlyga adam ýygnaýan rus hökümetine gaýtawul bermek üçin Puli-hatumdan köp sanly ýarag satyn alýarlar.
Tähran,
Kapitan RIKS.
26-njy iýul, 1916-njy ýyl."
Çekişler pristawynyñ başlygy Zolotarýow kethudalary ýanyna çagyrýar. Olara:
"Men permany amal etmek üçin Kükürçege tarap gitjek, ýolda Ajyýaba-da kakmaly. Tyl işine ibermeli adamlaryñ spisogyny düzeris. Ilat garşylyk görkezmesin. Biziñ üçin Kükürçekde üç sany öý dikiñ!
Samarkantlylar goşunyñ tyl işine adam bermejek bolup gozgalañ edipdirler. Gozgalañçy daýhanlaryñ müñlerçesi atylypdyr. General-gubernatoryñ ýörite permany boýunça biz halka düşündirmeli. Bardy-geldi bizde-de gozgalañ edilse, şolar ýaly oka tutuljagy hakdyr" diýip aýdýar.
Zolotarýow Kükürçege barýar. Görse, ýeke öý tutulypdyr. Adamlaryñ ýüzi sowuk. Gozgalañyñ çeti görnüp ugraýar. Ol spisok düzmekden el çekip, Gurbangazy postuna ugraýar. Ýolda oka tutulýar. Gurgangazy otýady kömege gelýär. Gysga wagt bolan çaknyşykda ýitgiler, ýaralylar bolýar. 1916-njy ýylyñ 16-njy awgustynda bolan çaknyşyk Çekişler pristawynyñ Kükürçek obasynyñ adyny Daşkende ýetirýär. Şol gün günbatar türkmenleriniñ gozgalañynyñ başlangyç senesi bolup, taryha girýär. Zolotarýow barsa; obada janly-jemende ýok. Şalaşnikowa telegramma berýär:
"Gurbangazyda adam ýok. Goşlary, öýleri näme efmeli?"
Ol tiz wagtdan jogap alýar:
"Öý goşlaryny konfiskasiýa etmeli. Gelen türkmenleri tutmaly".
Gurbangazynyñ golaýyndaky Siñirdepede köp sanly gozgalañçylar ýygnanýar. Olar öý goşlaryny talamaga ýol bermeýärler. Çaknyşykda adam ýitgisi bolýar. Habar Daşkende ýetýär.
"16-20 awgustda, goşun bilen gozgalañçylaryñ arasyndaky çaknyşykda ajyýaply, çaloýukly, gurbangazyly türkmenler tarapyndan üç araçäkçi, üç sany esger öldürildi. Iki araçäkçi ýaralandy. Şeýle gandöküşik edenleri üçin türkmenleriñ öý goşlaryny talap, öýlerini otlamaga rugsat bermegiñizi soraýaryn. Köp türkmenler Pars welaýatyna gaçyp geçdi. Gozgalañy ýarag ulanyp basyp ýatyrmak üçin Çekişlere, Etrek boýuna gelen goşunlary meniñ tabynlygyma bermegiñizi haýyş edýärin".
(Polkownik Iwanowyñ Daşkende iberen telegrammasyndan).
Çaknyşyklar Etrek, Gürgen ýakalarynda-da bolýar. Zolotarýow general-gubernator Kalmakowa gozgalañ edýänleriñ baştutany bilen gepleşik geçirmelidigini sorap, gyssagly telegramma iberýär. Gepleşikler netije bermeýär, Türküstan okrugynyñ general-gubernatory Kuropatkin günbatar türkmenleriniñ arasynda ýagdaýyñ ýitileşendigine anyk göz ýetirenden soñ, general Wolkownikowyñ baştutanlygynda jeza beriji otrýady Etrek Gürgen ýakalaryna ugradýar. Talañçylyk barha güýjeýär. Goşun üçin dänedir un, süri-düri dowar zorluk bilen alynýar. Gaça-göç eden ilat Akjada, Akgalada ýerleşýär.
"Otrýadlar gozgalañçylary Etrek, Gürgen ýakalarynda gabamak maksady bilen üç tarapdan hereket etmeli. Ilki demirgazykdan, günortadan, soñra günbatardan. Gozgalañçylar bada-bat aýgytly herekete geçerler. Ol hereketleriñ badyny almaly. Pulomýot okuny köpräk sepelemeli. Toplary netijeli peýdalanmaly. Gozgalañçylar şol bada ýeñse berip, günbatara gaçmaga mejbur bolarlar. Astrabat otrýady olary ok bilen garşylar. Netijede, gündogara gaçar ýaly etmeli. Ikibaka göçe-göçlük, gaça-gaçlyk hemme zatdan geçirer. Janlaryny gutarsalar, razy bolarlar. Ediljek jebri-jepalara, ar-namysa çydamazlar. "Soñky demimize çenli söweşmeli" diýen bolup, öñe çozarlar. Şo bilen soñlaryna taýak atdyrlarlar. Olaryñ öý goşlaryny, haly-palaslaryny, gelin-gyzlaryñ bezeg şaýlaryny taşlap gaçjaklary ikuçsyzdyr. Hemme zatlary ýygnap almaly. Öý esbaplarynyñ agyr keçeleriji otlamaly, öýüñ agaçlaryny odun edip ýakmaly."
Şeýle buýrukdan soñ ilat görlüp-eşidilmedik rehimsizlik bilen gyrgynçylyga sezewar edilýär. Şeýle zalymçylyk 1938-nji ýylda çap edilen "1916-njy ýylda türkmenleriñ gozgalañy (Dokumentler we materiallar)" diýen kitapda, pajygaly ýyllaryñ diri şaýady Garaşhan ogly Ýomudskiniñ "Türkmenler we rewolýusiýa" ("Туркменоведение" žurnalynyñ 1928-29-njy ýyllarda çykan sanlaryna seret) atly giñ göwrümli makalasynda jikme-jik beýan edilýär.
Madritowyñ zalymlygy Daşkende ýetýär.
"Aşa gazaplylyga ýol bermeli däl. Günäkärleri berk jogapkärçilige çekmeli. Aýallar we çagalar bilen söweşmän, diñe erkekler bilen söweşmeleri. Zatlary, ylaýta-da, öýi, agyr keçeleri ýakmaga ýol bermeli däl. Esasan ýomut tohum atlaryny ýygnap, gorap saklamaly. Krasnowodsk uýezdiniñ gyrgyzlaryny çopançylyga maly. Işçilige alnanlary agyr işlere ugratmaly. Olar ynama geçýänçä, tussag hökmünde ibermeli. On adama - bir kazak. Eşelonyñ baştutanlygynda iki ofiser bolmaly. Terjimeçi, ýazuwçy, molla eşelonda saklanmaly".
(Kuropatkiniñ Madritowa ýazan görkezmesinden).
Jeza beriji otrýadyñ güýçleri üç bölege bölünýär. Akgalanyñ günbatar-demirgazygynda, Astrabatda, Kümmethowuzyñ ilersinde ýük ýazdyrýarlar. Goşunyn sany ummasyz, ýer gurtlan ýaly. Akgala iki tarapdan hüjüme geçmäge Madritow ýörite perman berýär.
Mergendir Babajanyñ leşgerleri Akgalada, Şyhy hanyñ, Esen hanyñ leşgerleri Süzüş, Gökje dagyñ jülgelerinde. Garşylykly taraplar söweşe taýyn. Iki tarapyñ-da harby güýçleri jemlendi. Madritowyñ 18 topy, 7 pulomýoty, 8.000 soldart bardy. Mundan başga-da, ýedi müñe golaý adamly araçäk goşunlary-da Madritowyñ garamagyndady. Watanyny goraýjylaryñ sany 10.000 töweregidi.
Şyhy handyr Esen hanyñ leşgerleri Çatda, Ýaglyolumda polkownik Stražalowskiniñ otrýadynyñ üstüne gije çozýar. Onuñ goşunyna uly zyýan ýetirýär. Söweş üç güne çekýär. Topdur pulomýotly otrýad hanlaryñ leşgerlerini ýeñlişe sezewar edýär. Leşgerler Süzüş dagyna süýşýärler.
Şyhy handyr Esen hanyñ leşgerleri Çatyñ töweregindäki postlara, Babagylyç Kümmethowza, Mergen arçyn Akgalanyñ töweregine, Derýadyr Nurberdi Astrabada çozýarlar. Ýöne güýçli çaknyşykda köp pidalar çekip, ýeñlişe sezewar bolýarlar. Obalary, posýoloklary, galalary, şäherleri elden giderýärler. Öñki gepleşilen ýere - Süzüş, Gökje dagynyñ töweregine ýygnanýarlar. Bu daglaryñ arasyndan Etrek derýasynyñ akabasynyñ ugrundaky jeññellikde diýaryny goraýjylaryñ ýedi ýüzüsiniñ jesedi galýar. Bu iñ soñky söweş bolýar. Arakdan ýüküni tutan Madritow 1917-nji ýylyñ 1-nji ýanwarynda ýeñiş toýuny toýlaýar. Şondan soñ talañçylyk başlanýar.
1916-njy ýylyñ aýagynda maldarlaryñ, daýhanlaryñ gozgalañy ýarag güýji bilen basylyp ýatyryldy. Günbatar türkmen topragy gana boýaldy. Madritow birinji tabşyrygy ýerine ýetirdi. Ikinji hökümi ýerine ýetirmäge - ýomut, gökleñ ilini wagşylarça talamaga girişýär. Dört sany talañçy komissiýa döredilýär. Komissiýanyñ baştutanlary polkownik Stražalowskiý, polkownik Mihaýlow, polkownik Zaýsew, podpolkownik Derfeldin dagylardy. Talañcy komissiýalaryñ dördüsi-de general-maýor Wolkownikowyñ buýrugyna boýun sunmalydy. Ol Madritowyñ buýrugy esasynda 6-njy ýanwara çenli talañçylyk planyny düzýär. Madritow plany tassyklaýar.
"Iki hepdede türkmenleriñ duş gelen düýelerini, arabalaryny ýygnap, Kawkaza ugratmak üçin Kümmethowzyñ komendaturasyna tabşyrmaly".
(Jeza beriji otrýadyñ başlygy general-maýor Madritowyñ buýrugyndan).
Buýrukda 20-nji ýanwara çenli hemme galan-gaçan arpalary öýlerden syryp-süpürip almak, otrýadyñ garamagyna tabşyrmak bellenilýär.
Jeza beriji otrýadyñ soldatlary bölek-bölek gidip, dagy, derýa ýakasyny, baýyry, düzi goýman müñläp-müñläp düýedir gylýallary, sygyrdyr gatyrlary, süri-süri goýunlary öñlerine salyp getirýärler. Kümmethowzuñ töwerek-daşy hyñ berýär. Mäleşýän goýunlaryñ, enesinden azaşan owlak-guzularyñ, bozlaşýan köşekdir düýeleriñ sesinden durar ýaly bolmaýar. Düýeleri sanap bilseler-de, giden meýdany tutup ýatan boz goýunlaryñ hasabyny alyp başarmaýarlar. Janly-jemendesiz galan mekan, ýandyrylan obadyr şäher mazarçylyga çalym edýär... Soñudagydyr, Süzüşiñ, Gökje dagynyñ, Hazary ýakalap oturan daglaryñ, Gürgen ýakalarynyñ, Gyzylbaýyrdyr Türkmensähranyñ üstünden döwran ötýär. Ýygnalan mallary bakmak üçin gozgalaña gatnaşmadyk obalardan 200-e golaý çopan ýygnaýarlar. Olara ýeter-ýetmez iýmit berýärler. Aç-ýalañaçlykdan iki çopan hata bolýar. Çopanlaryñ 100-e golaýy gaçýar.
Iberilen otrýadlaryñ soldatlary bir günde 60-70 müñ goýun, müñläp düýe talap alýarlar. 22-nji ýanwar gijesine çenli ýene 10.000 goýun, 800 düýe, 120 ýylky ele salynýar. Ýygnalan düýeleriñ 1560-syndan alty sany kerwen düzülýär. Kawkaza geçirmek üçin Esenguluda 60.000 goýun, köp sanly köşekli düýe, gylýal taýynlanýar. Birinji harasatly kerwen ýola düşýär. Ikinji tapgyryna taýýarlyk görülýär. Bu tapgyra goşmak üçin Babagylyç baýyñ malyny talap almak, özüni tussag edip, Daşkende ibermek barada Madritow buýruk berýär. Buýruk ýerine ýetirilýär. 200-den gowrak çopan başga ýerden getirilýär. Ikinji kerwen bilen köp sanly arabalara ýüklenen haly-palaslar, keçeler, gymmat bahaly şaý-sepler hasaby tutulman iberilýär.
Marawa çenli 500 agaç getirdilip, gije-gündizläp telegraf agaçkary dikilýär. Ikinji tapgyrda daşy goragly 14.000 goýun, 635 öküz, 165 gatyr Esengula ugradylýar. Madritow Mergen arçyna Aba haja, Geldi Nazjan garrawa Kawkazda söweş edýän Kakwaz harby okrugynyñ komanduýuşisi Manegonyñ goşuny üçin 1-nji aprele çenli 3.120 düýäni Gazanjyga ýetirmegi buýurýar.
Madritow 26-njy ýanwarda irden Akgala we Astrabada tarap ugraýar. Ol ýerdäki ilatyñ Babagylyja, Mergen arçyna kömek edendikleri üçin hemme mallaryny basyp almagy buýurýar. Buýruk ýerine ýetirilýär. 150 pyýada, 15 atlt razwedkanyñ goragynda 14.976 sany goýny, gara mallaryñ 346-syny özünde jemlän üçünji kerwen Esengulynyñ üsti bilen Kawkaza iberilýär.
(Polkownik Mihaýlowyñ 1917-nji ýylyñ ýanwar aýyndaky gündeliginden).
Demir ýol ýakasyndaky gozgalaña gatnaşmadyk, parahat oturan ilaty-da talamak dowam edýär. Madritowyñ rugsat etmeginde general-maýor Marçaniýanyñ buýrugy esasynda, kapitan Garişan talañçylaryñ ýolbaşçysy edilip, Gazanjyga iberilýär. Ol demir ýol ýakasyndaky ilaty kemsiz talaýar.
Wolkownikowyñ ýolbaşçylygyndaky talañçy komissiýa düzülmezinden öñinçä talanyp alnan mallar Kümmethowuzda araçäk goşunyñ komissary polkownik Mihaýlowa tabşyrylýar. Talanan mallaryñ sany 85.000 goýun, 4.900 düýe, 2.130 iri mal. Wolkownikowyñ talañçy komissiýasy tarapyndan az wagtda 75.000 goýun, 4.800 düýe, 780 gylýal, 2.500 iri mal, 106 gäwmiş, 3.200 tüpeñ talanyp alynýar. Şol mallardan örän köp sanlysy açlykdan, sowukdan ölýär.
Iñ soñky gezek Esengulynyñ üsti bilen Kawkaza 8.896 goýun, 2.346 gara mal, 635 öküz, 160 gatyr, 120 eşek, 1.560 düýe geçirilýär. Galan mallar jeza beriji otrýada, araçäk goşunlaryna huruşlyk berilýär. Birnäçe müñüsi Gyzylarbatda arzan baha bilen satylýar. Bu barada Garaşhan ogly Ýomudskiý özüniñ "Türkmenler we rewolýusiýa" diýen eserinde şeýle ýazýar:
"Käbir agentler şu aşakdaky ýaly bildiriş çap etmekdenem utanmandyrlar. "Aсхабад" gazeti, 1917-nji ýyl, aprel: "Ýomutlardan alnan goýun sürüsi örän arzan bahadan satylýar. Pylanyny soramaly".
General Madritow 2-nji fewralda Daşkende gidýär. Ýerine wagtlaýynça general Narbut bellenilýär. Kazaklar talañçylykdan boşadylan türkmenleriñ gapysynda galan iki-ýeke malyny-da çöpleýärler. Halkyñ ýagdaýy halys pese düşýär.
"Talañçylykdan boşadylanmy, boşadylmadykmy, tapawudy ýok, diñe işanyñ obasyndan başga ýerde ýomutlaryñ hemme ulaglary, eşekleri alyndy. Iñ soñky höküm ilatyñ ömür tanapyny kesjek. Ýerlerini sürmäge hiç hili maly ýok. Açlyk howpy aşa artjak. Şoña görä, Türküstan ülkesiniñ naçalniginden iş ulaglarydyr eşekleri gaýtaryp eýelerine bermegini soramagyñyzy haýyş edýärin".
(Komissar Mihaýlowyñ Zakaspi oblast başlygyna 1917-nji ýylyñ 6-njy fewralynda ýazan raportyndan).
Talanyp alnan ownuk mallaryñ, dünýä belli nepis halydyr-palaslaryñ, gelin-gyzlaryñ sünnälenip ýasalan şaý-sepleriniñ dogry hasaby alynmandyr. Saga-sola gadagansyz sowrulypdyr. Diñe Madritowyñ Železnowodskä - öz öýüne wagonlap iberen halydyr-palasy, gülälekli meýdana çalym edýän keçeler, şaý-sepler, bir günläp araba bilen çekilipdir. Garaşhan ogly Ýomudskiniñ pikirine görä, "Tyl işine işçi almak, atuwlar, jeza beriji ekspedisiýalar bilen baglanyşykly wakalar Türküstanyñ ýerli ilatynyñ añyna güýçli täsir etdi, olara patyşa režiminiñ koloniýany dolandyrmak boýunça alyp barýan işiniñ asyl manysyna dogry baha bermäge mümkinçilik döretdi. "Ak patyşanyñ" abraýyny gutarnykly syndyrdy. Özbaşdaklygyñ zerurdygy hakda pikir döretdi. Umuman, olaryñ gözüni açdy".
(Garaşhan ogly Ýomudskiý.
Iýul, 1927-nji ýyl. Moskwa).
Öz hakyky, dogruçyl taryhymyzy döretmekde taryhçylarymyzyñ öñünde uly wezipeler dur. Türkmen taryhçylarynyñ bu wezipäni amal etjegi ikuçsyzdyr. Ýazyjylarymyzyñ-da gaýra durmajagy belli. Öñki üstünden ätlenip geçilen wakalar hakynda täze taryhy, edebi eserler gerek. Okalgalardaky, kitaphanalardaky sowet döwrüni wasp edýän romanlaryñ, powestlerjñ birnäçesini hasapdan çykarmaly bolmagy mümkin. Eger şeýle bolmaly bolsa, ýerini dolmak zerur bolar.
Türkmen halky taryhda özüne kim dost kim duşman boldy - bularyñ barsyny bilmeli. Ganybir gardaşlarymyz, beýleki türki halklar bilen dostlaşmaly, olar bilen dogan ýaly gatnaşmaly, uruş-sögüşiñ garşysyna el-el berip birleşmeli, berk durmaly. Diñe şeýdenimizde bir bitewi halk hökmünde uzak-uzak menzillere göz ýetirip, geljege nazar aýlap bileris. Biz taryhy, geçmişiñ hasratly wakalaryny hiç haçan ýatdan çykarmaly däl, taryhy hakykatlardan ders almaly. Ýagty geljegiñ hatyrasyna añly-düşünjeli, sowatly, taryhyny bilýän, watansöýüji nesli terbiýeläp ýetişdirmeli.
Wagt geler. Biziñem Watanymyz dünýäde iñ kuwwatly döwletleriñ birine öwrüler. Şol günlere Hudaý ýetirsin!
Tatar ÜÝŞMEKOW.
# "Balkan" gazeti, 1994 ý.
Taryhy makalalar