13:17 Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” goşgusynyň ylmy beýany | |
MAGTYMGULYNYÑ "TURGUL DIÝDILER" GOŞGUSYNYÑ YLMY BEÝANY
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly şahyr hökmünde haçan şygyr ýazyp başlapdyr, onuň ilkinji şygry haýsy goşgy?! Magtymgulyny öwrenijileriň köpüsini bu sowal gyzyklandyrypdyr. Meşhur gündogarşynas Ý.Bertels “Magtymgulynyň çeper döredijiligi” atly makalasynda beýik akyldarymyzyň “Turgul diýdiler” goşgusynyň halk gürrüňlerine görä, şahyryň ilkinji şygry hasaplanýandygyny belläpdir. Alym Romanguly Mustakow häzir Kiprde ýaşaýan magtymgulyşynas alym Ýusup Azmuna salgylanyp, şeýle maglumat berýär: “Gara işanyň gürrüň bermegine görä, bir gezek şahyr dokuz ýaşlarynda wagty, onuň maşgalasy pata gidende, Magtymgulyny öýde goýup gidipdirler. Ol uklap ýatan wagty bir halta däne onuň üstüne gaçypdyr. Ol oýananda agzy köpürjikläp turupdyr. Bu agzalan waka goşguda getirilýär: Turup, Magtymguly gözün açypdyr, Serine ne köýler gelip geçipdir, Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr, “Oglan, Alla ýaryň, bargyl” diýdiler” Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda beýan edilen wakanyň köýünde bolup geçendigini tekrarlap, turanda agzyndan ak köpük saçandygyny tassyklaýar. Ýöne onuň “Turgul diýdiler” goşgusynda Gara işanyň Magtymgulynyň bu goşgusyny dokuz ýaşynda ýazdy diýýän maglumatyny tassyklaýan ýekeje delilem ýok. Alym R. Mustakow goşguda “oglan” sözüniň köp gaýtalanandygyna salgylanyp, beýik akyldaryň bu goşgyny entek ýaşka, oglanka düzendigini öňe sürýär. Pyragy “Turgul diýdiler” goşgusynda “Oglan” sözüni bäş ýerde ulanyp, bu sözi özi manysynda getirýär: «Durma, oglan, onda bargyl!» diýdiler. «Oglan − maňa − ara girgil!» diýdiler. «Bu oglana pata beriň – diýdi – sap – Resulalla aýdy: «Eshaplar, ýörüň, Oglany uzadyň, bir pata beriň», «Oglan, Alla ýaryň, bargyl!» diýdiler. Görnüşi ýaly, Magtymguly Muhammet pygamberiň baştutanlygynda meşhur pirleriň geçirýän meýlisine gatnaşýar. Ine, şol ýerde olar Magtymgula “Oglan” diýip ýüzlenýärler. Emma “Turgul diýdiler” goşgusynda oňa “Oglan” diýip ýüzleninendigi üçin Magtymguly bu goşgyny dokuz ýaşynda döredipdir diýip, netije çykarmak mümkin däl. Elbetde, Magtymgulynyň çagalykdan aşa zehinli bolandygyna garamazdan, bu goşgudaky pikir dokuz ýaşly oglanyň-a däl, käbir adamlaryň bütin ömrüne hem düşünmejek meselesidir. Munuň şeýledigini “Turgul diýdiler” goşgyny öwrenýän alymlaryň şol bir şygra iki hili düşünmegem subut edýän bolsa gerek. Şeýlelikde, Magtymgulynyň ilkinji ýazan şygry “Turgul diýdiler” goşgusy bolupdyr diýilmeginiň hiç bir ylmy esasy ýokdur. Beýik akyldar bu şygryny, bolmanda, ýigrimi ýaşlarynda ýazan bolmaly. Bu goşguda Muhammet pygamberiň we beýleki welileriň Magtymgula “oglan” diýip ýüzlenmekleriniň sebäbi beýik akyldaryň durmuşda entek akyl ýetiren zady ýok, ol Muhammet pygamberiň hem onuň yzyny ýöredijiler bolan welileriň ýanynda edil çaga ýaly-oglan. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusyny döredende, şahyryň maksady ylym dünýäsinde oglanlykdan saplanyp, hakdan ylym alandygyny, goşgyny öz kalbyndan däl-de, hakyň islegi bilen döredýändigini subut etmek bolup durýardy. Şahyr bu pikirini döredijiliginde gizlejegem bolmandyr, ol: Ylham etdi Möwlam maňa, Nazar düşdi senden ýaňa, Ýok bolar kast eden saňa, Gaýdyp dol Gürgene, gökleň. Sözi agzyma Hak salar, Bir nepes aýdylan bolar, Ýamanlyk eýleýen geler, «Nurbat!» diýp, amana, gökleň. diýip, özüniň döredijilik ylhamynyň Ýaradandandygyny nygtap, hatda goşgy setirleriniň sözlerini agzyna Hakyň salýandygyny, şonuň üçin özüniň aýdýan zatlarynyň bolmalydygyny hem öňe sürýär. Biziň garaýşymyzça, Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” şygrynda alan “Hak ylhamyny” şahyr “Gökleň” goşgusynda hem tassyklaýar. Umuman, halkymyzyň arasynda hem Magtymguly keramatly, hakdan ylham alan şahyr hökmünde tanalýar. Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” goşgusyna dolansak, bu goşgy many-mazmun jähetden hem örän kämil şygyrdyr. Şonuň üçin beýik akyldaryň bu goşgusy onuň galamynyň kämilleşen döwrüne degişlidigine şek-şübhe goýmaýar. Ýöne alym Romanguly Mustakow: “Magtymgulynyň köp diwanlarynyň başynda onuň “Turgul diýdiler” atly meşhur goşgusy getirilýär. Bu goşgy Magtymgulynyň döredijiliginde belli bir derejede açar diýsek hem ýalňyş bolmasa gerek” diýende mamladyr. Sebäbi islendik adamyň beýik akyldaryň “Turgul diýdiler” goşgusyna bolan garaýşy Magtymgulynyň tutuş döredijiligine düşünişine täsir edýär. Şol sebäpli Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” goşgusynyň üstünde ýörite ylmy derňew etmegi makul bildik. “Turgul diýdiler” goşgusyny meşhur rus gündogarşynas alym Ý.E.Bertels Magtymgulynyň şu goşgusynda “Hak tarapyndan şahyrlyk zehininiň berlişi hakyndaky” pelsepäni beýän edýändigini öňe sürýär. Alym Muhammetnazar Annamuhammedow bolsa Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” “Boldum girýana”, “Oýan diýdiler”, “Uçdum ýaranlar” goşgularynda şahyrlyk zehiniň berlişi hakynda gürrüň gitmän, Alla akyl ýetiriş barada gürrüň gidýändigini öňe sürýär. Bu iki pikiri aýry-aýrylykda goldaýan alymlar hem az däl, emma şol bir goşgynyň iki hili hakykaty aňlatmagy mümkin däl. “Turgul diýdiler” goşgusynyň iki hili düşündirişiniň haýsy dogruka?! Şony ylmy esasda seljermäge çalşalyň: Beýik akyldar Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda asla Alla akyl ýetirmek barasynda kelam agyz aýdanok. Bu goşgy şeýle başlanýar: Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir dört atly gelip: «Turgul» diýdiler. «Habarmyz bar saňa pursat jaýynda, Şol ýerde ärler bar, görgül» diýdiler. Soňra şol dört atlyny görüp, Magtymgulynyň kalby joşa gelip, başyna gowga inýär, ine, bir ýerdenem iki diwana gelip, Magtymgulyny duran ýerinden alyp gidýär, bu ýerde Magtymguly diwana sözüni däli manysynda ulananok, umuman, tä giçki orta asyra çenli Hudaýyň yşkynda hem gözleginde bolup, sözüň doly manysynda şu dünýäniň lezzetinden, hatda ogul-gyzyndan geçen adama diwana diýipdirler, ýöne bu diwana sözünde hiç bir erbet many ýokdur. Magtymguly: Şol iki diwana tutdy golumdan, Alyban gitdiler duran ýerimden, Bir yşarat boldy şol wagt ýanymdan: «Saýramda boluban durgul!» diýdiler diýip, özüniň şol atlylar bilen Saýrama gelşini beýan edýär. Eýsem näme üçin Magtymguly Saýrama gelmegi saýlap alýar. Munuň sebäbini beýik akyldaryň “Haýrandadyr-haýranda” atly goşgusynyň şu bendini okanymyzda, bilip galýarys: Kyldy oňa Hak rehmet, Nury-tejelli gudrat, Hyrka geýen Hoja Ahmet, Saýramdadyr-Saýramda. Saýram şäheri Hoja Ahmet Ýasawynyň mekany, Magtymgulynyň Saýram şäherini saýlap almagy tötänden däldir. Çünki beýik akyldar Hoja Ahmet Ýasawyny ilkinji nobatda özüniň ruhy halypasy hasaplaýar. Türki halklarynyň arasynda “Medinede Muhammet, Türkistanda Hoja Ahmet” diýen aýtgy meşhur bolupdyr. Magtymguly Pyragy hem Muhammet pygamberi din pederi atlandyryp, Hoja Ahmediň Türkistanda iň meşhur pirdigini ykrar edip, “Jana ýagydyr” diýen goşgusynda şeýle ýazýar: Hany, din pederi, geçdi Muhammet, Türküstan öwlady ötdi Hoja Ahmet, Bilmenem, bu pelek neýledi niýet, «Kasasyla» hem Gurhana ýagydyr. Şeýlelikde, Magtymgulynyň hak ylhamyna ak pata bermek üçin, Muhammet pygamber, onuň egindeşleri, meşhur pir-ulamalar Saýramda Hoja Ahmediň mekanynda düşleýärler we şahyra şol ýerde ak pata berýärler. Magtymgulynyň Saýramda ak pata almagy onuň Hoja Ahmede aşa hormat goýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusyny ýazandan soň, özüniň hak ylhamyna eýe bolan döredijiliginiň özeninde Hak buýrugynyň ýatandygyny ýazýar: Sözi agzyma Hak salar, Bir nepes aýdylan bolar.. Görnüşi ýaly, Magtymguly ylhamynyň hakdan bolup, aýdýan zatlarynyň hökman boljakdygyny “Gökleň” ýaly şygyrlarynda hem beýan edipdir. Ýöne Magtymguly şygyrlarynda aýdan şözleriniň ak pata almazdan, beýle ynandyryjy bolmajagyna gaty gowy düşünipdir. Gündogar edebiýatynda şahyr bolup, özüňi beýik pirler bilen gaýybana duşuşykda ykrar etdirmek däbi orta asyrlardan gözbaş alyp gaýdýar. Magtymgulam özüňi ykrar etdirmek däbini öz döwrüne, türkmen däbine görä dowam etdirip, “Turgul diýdiler” şygryny ýazypdyr. Şeýlelikde, Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” goşgusynda öňe süren baş maksady özüniň döredijilik çeşmesiniň hak ylhamyndan gözbaş alyp gaýdýandygyny subut etmekdir. Beýik akyldar ylhamynyň hakdan berlendigini subut etmek üçin hak ylhamyna eýe bolan adamlaryň mejlisinden ak pata alandygyny esaslandyrýar. Magtymgula ak pata bermegi Muhammet pygamberiň özi şägirtlerine tabşyrýar. Muhammet pygamber Magtymgula ilki hak ylhamy bilen näme maksat tutan bolsa bermegi tabşyrýar: Resulalla aýdy: «Ýa, Şahymerdan, Eý-ä, Eslim hoja, ýa, Baba Selman, Abu Bekr Syddyk, ýa, Omar, Osman, Bu guluň maksadyn bergil!» diýdiler. Eslim, Baba Selman buýurdy merde, Pyýalany tutup, saldylar derde, Gitdi akyl-huşum, ýatdym şol ýerde, «Arşda-ferşde ne bar, görgül!» diýdiler. Magtymguly ilki bilen hak ylhamy boýunça ylma eýe bolup, “Arşda-ferşde” näme bar bolsa ylmy taýdan akyl ýetirmek ylhamyna eýe bolýar. Şonuň üçin bu goşgyny Alla akyl ýetirmegiň beýany diýilmegi ylmy taýdan nädogrudyr. Geçiren ylmy derňewlerimize esaslanyp aýtsak, Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusyny” bolmanda ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlarynda, döredijiliginiň kämilleşen döwründe ýazypdyr. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda tassyklamagyna görä: Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna, Nazarym tokundy Arşyň kemerne, «Jebrut äleminde Jelil syryna – Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler Näge hyýal etsem, ele getirdim, Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim, Bu hal ile men parahat ýatyrdym, Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler. diýip, Muhammet pygamberiň ak pata bermeginde älem-jahana akyl ýetirmek paýhasyna eýe bolýar. Has dogrusy, şahyr “Turgul diýdiler” goşgusynda şol döwürdäki halk ynanjyna görä, hakdan ylham alan şahyrdygyny subut edýär. Magtymguly “Turgul diýdiler” şygrynda özüniň şahyrçylygynyň hak ylhamydygyny il-gününe ykrar etdirýär. Şol sebäpli bu goşguda şahyr Alla akyl ýetirmek pelsepesini asla öňe sürmändir. Magtymguly “Turgul diýdiler” şygrynyň üsti bilen halka özüniň ylhamynyň Hak buýrugydygyny ykrar etdirmek isläpdir, şol maksadyna ýetipdirem. Magtymgula döredijiliginiň Hak ylhamydygyny subut etmek nämä gerek bolupdyr?! Magtymguynyň zamanasynda jemgyýetçilik gatnaşyklary şerigat kanuna tabyn ekeni. Şerugat kanunynda şahyrlara garaýyş gowy bolmandyr. Çeper sözüň, şahyrlaryň çeperleşdirilen şygyrlarynyň hakykatyň duşmanydygy bellenipdir. Diňe hak ylhamyna eýe bolan şahyrlar halk içinde ykrar edilipdir. Magtymguly hem şahyrçylyk meselesindäki bu hakykata düşünendigi üçin, onuň “Turgul diýdiler” ýaly birnäçe şygry dünýä inipdir. Pyragy “Gökleň” şygrynda öz iline berýän nesihatynyň hak buýrugydygyny açyk ýazýar. Şonuň üçin owalbaşdan şahyryň öz gökleň ili onuň ylhamynyň “Hak ylhamydygyny” ykrar edipdir. Soňra Magtymgulynyň şahyrçylygynyň hak ylhamydygyny tutuş türkmen halky ykrar edipdir. Şol sebäplem şahyr tutuş türkmeniň ilkinji hak ylhamyna eýe bolan şahyrdygygyny ykrar etdirmegi bilen , ol türkmeniň ilkinji milli şahyry boldy. Şeýlelikde, “Turgul diýdiler” şygry barasyndaky sözümizi jemlesek, bu şygyr şahyryň ilkinji ýazan goşgusy däldir. Ol goşgy şahyryň özüniň hak ylhamyna eýe bolup, hakykaty dabaralandyrmaga özüne ynam edenden soňra, ýazan ilkinji goşgusy diýse bolar. “Turgul diýdiler” goşgusyndan soň, Magtymguly şahyrçylygy ykbaly hökmünde kabul edipdir. Bu goşgy şahyryň kämil ýazan şygyrlarynyň ilkinjileriniň biri diýip aýdyp bileris. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|