04:45 Magnit | |
MAGNIT
Goşgular
![]() Birmahallar magnit bolup birigip, Bir tomus däl, ençe gyşy ötürdik. Aramyza dil sygmadyk mahaly, Magnit bolup bir-birimiz iterdik. Şondan bäri hyýallara gark bolup, Parhsyz atyrýarys her gelen dañy. Men ýarama spirt çalyp ýaşaýan, A sen aý-günleri edipsiñ dañy. Köwüşlermiz bir-birne baglardyk, Bu gun bagjyklarmyz özün baglap dur. Geliñ bizden nusga alaýyñ diýip, Seret, ýatlamalar ýene aglap dur. Bir-birege düşünýärkäk dilmaçsyz, Özgä dil öwretmek bize takdyrmy? Şeýdip kowup ýörsek binamys bagty, A soñ ol tarapa bizi bakdy:rmy? Özgä gülüp, pyçak urýas her sapar, Bilýäris-ä, gözlerimiz gynam däl. Ýöne şu bolşumyz, gözümiz dagalp... Bagyşlamak şu gezişden kynam däl. Bir-birege ýeñse öwrüp gaharda, Ýürege ýaş baglap pyzyp yörüs biz. Emma, ykballarmyz bir-birin çekip, Heniz magnit güýjün syzyp ýörüs biz. Ahmet ARAZOW | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||