23:25 Magtymgulynama -5/ dowamy | |
* * * Magtymguludan bary-ýogy on ýaş töweregi uly bolsa-da Ahmediň görmedigi görde galypdy. Ynha, Magtymguly ýedi derýanyň suwuny içen, ýylana awy beren şeýle tejribeli adamyň huzuryna barýar. Ahmet Nediriň hyzmatyndaka ruslar bilenem iş salşan bolmagy mümkindir, rus diplomatiýasy, syýasatçylary şol döwürler Eýrana aýratyn üns berýärdiler, ilçihana derejesindäki gatnaşyklar bilen birlikde söwda hem ösýärdi. Nedir şa rus aýal patyşasyna aşyk bolup, gudaçylyga sawçy iberipdir diýen maglumatam bar. Nedir şada oýun kän. Ahmet iňlis adamlaryndan hem köp zat öwrenipdir, sebäbi iňlis Jon Elton Nediriň gämi gurmak babatda ýakyn maslahatçysy ekeni. Fransuz Bazen bilen bolsa Ahmet köp tirkeşendir. Bazen 1741-nji ýyldan 1747-nji ýyla çenli Nediriň şahsy tebibi bolup, köp-köp ýörişlere gatnaşypdyr. Ahmet üçin has ähmiýetli wakalaryň biri hem halypasy Nediriň din babatdaky dürli ädimlerini ýakyndan synlamak boldy. Nedir yslama üýtgeşiklik salmakçy bolýar. Munuň ähli jikme-jikligini bu taýda aýdyp oturasy hajat ýok, ýöne onuň kitaply dinleriň hersiniň kitabynyň terjimesini okap, dinleriň süňňi birligine ynanyp, dinleri birleşdirip, bir din döretmeli diýen netijä gelenligini aýdastm gwlýär. Üstesine Nedir: «Menem Muhammetden, Alydan kem däldirin» diýýär. Nediriň bu oýlanyşyksyz sözüniň dindarlaryň gulagyny demir tiken bilen gazalandygyny köp hileli Ahmet ýeserlik bilen duýupdy. Şoňa görä ol din babatda neneňsi syýasat ýöretse, özüne bähbitli boljagyny ýagşy seljerýärdi. Ynha Magtymguly ruhy taýdan taplanan şeýle syýasatçynyň huzuryna barýar. Galyberse-de, 1747-de owgan döwletini döredip bu wagta çenli, Eýrana bir ýola azy urup, şowsuzlyga uçransoň, Ahmet şa beletje ýurduny eýýäm iki gezek talap uly olljany aňyrsyna geçiripdi. Ol Hindistany ilkinji gezek 1738-1739-njy ýylyň sepgidinde Nedir şanyň yzyna düşüp talapdy hem-de şonda bu ýurduň talamaga amatlydygyny gözi bilen gorüp gaýdypdy. Ynha, Magtymguly şeýle ýeser şanyň huzuryna barýar. Ahmet şa hakda ýokarky maglumatlardan onuň habary barmyka? Ol kim bilen iş salyşýanyna doly göz ýetirdimikä? Muňa «Hawa» ýa «ýok» diýip, çürt-kesik jogap bermek kyn. Magtymguly Ahmet şaha bagyş eden goşgusyny hem ýany bilen alyp barýar ahyryn. Şol goşgudan bir bendi okap görüň: Pyragy diýr, rowaç biýr sen, sen dini, Şalaryň şalary, yslamyň zeýňi, Emriňe mutyg et Eýran zemini Rub-u şeb nalyşym budur hudaýa. Görşüňiz ýaly, bu goşguda Magtymgulynyň maksady hem Ahmet şanyň güýjüni Eýrana gönükdirmek. Ýöne ýeser Ahmet şu türkmenleriň näme niýet bilen gelenini olar Gandagara gelip düşen güni duýan bolsa gerek. Sebäbi ynha, onda, şeýle häsiýetem bar ekeni:«Şeýle hem Ahmet şa köp-köp gizlin şugulçylary arkaly döwlet işleriniň ählisine gözegçilik edýärdi» (Mir Gulam Muhammet Gubar “Ahmet şah osnowatel afganskogo gosudarstwa” M.1959ý.197 sah) Emma Magtymguly gyzylbaşlara garşy gepleşik geçirmäge baranda şo döwürde eýýäm Ahmet şanyň gyzylbaşlardan düzülen hakynatutma goşunynyň barlygyny duýmadymyka? Hawa, «Arşy aglaýa» Magtymgulynyň ilkinji odasy diýdik. Magtymgulynyň hana, şaha bagyşlanan odasyna soňra sataşarysmy? Ony şahyryň ömrüniň yzarlanmasy aýan eder. Şeýlelik bilen, Magtymguly dagynyň kerweni Gandaharda düşläp, uly topar Ahmet şanyň huzuryna barypdyr, gadymkylaryň aýdyşyna meňzedip aýtsak, olara Aly Hezretlerinin nazaryna duçar bolmak bagty miýesser etdi. Ahmet şanyň olary neneňsi kabul edenligi hakda ýazgy galmadyk hem bolsa, elbetde, türkmenlere Ahmet şa ýüregini açandyr diýip çaklamak ýerliksizdir. Magtymguly arzuwly şany görenine begenip, özüni bagtyýar duýýardy, hatda atasynyň: “Arzuwlama hany, begi, soltany” diýen pendi hem ýadyndan çykypdy. Ahmet şa Magtymgulynyň ilkinji gören şasy. Ol Ahmet şany hernäçe öwse-de, özüni peseltmän saklapdyr, şahyryň ruhy şanyň ruhundan hiç pes däl. Bu belent ruh, ynsany başydiklik bütin ömri oňa hemra bolar. Magtymguly öz ömründe ýene näçe şa, soltan bilen duşuşar? Bu hakda şahyr häzir pikirem etmeýärdi. Ahmet şanyň mährem kabul edişligi, türkmenleriň Eýran babatdaky pikirlerini goldamagy ýeke bir Magtymgulyny, Çowdury däl, eýsem topardaky beýleki türkmenleriň hem gözüne şöhrat tozanyny örtdi. Asyrlar boýy gan ýuwutdyryp gelýän gyzylbaşlardan, parslardan ar alynjakdygyna, olara öz süreninden çykmaz ýaly jeza berip boljakdygyna ynam döredi, köp zatlary unutmaga mejbur etdi. «Ahyry,dilegimiz duş boljag-ow» diýen umyt olaryň hem kalbyna kürsäp giren bolsa gerek. Arzuwçyl, göwni ganatly Magtymgulyda bolsa, “Ajap eýýam” hakdaky göwün ýüwürtmeleriň çeşmesi şu taýda, şu pursatda göz açyp başlady. Ajap eýýäm- şeýle owadan, şeýle şirin hem aldaýjy söz. Bu söz diňe bir Magtymgulyny däl, eýsem onuň töweregindäkileriň hem köpüsini, kuwwatly ner kimin yzyna düşürip, ýokary çekip ugrady, bu söz bilen köpler jadylandy. Parahatlyk beýleki halklar bilen gatnaşykda zerur bolşy ýaly, türkmeniň boýnyýogyn tireleriniň arasynda-da zerurdy. Ajap eýýam şony-da göz öňünde tutýardy. Türkmen halkynyň gözi uruşdan açylman, şo-ol kowha-kowluk, şo-ol gaçha-gaçlyk ony halys surnukdyrypdy. Şoňa görä XVIII asyr türkmenleri ýeke bir aňy bilen däl, eýsem gany bilenem uruşdan bizar bolupdyrlar. Şu taýda başga-da bir gyzykly fakty Size oýlanmaga hödürläsim gelýär. Soňky asyrlarda türkmeniň özünde döwlet bolmanlygynyň sebäpleriniň biri, belki, türkmeniň şol söweşjeňligi bolaýmasyn?! Hut onuň agzyny birleşdirmedik hem şol söweşjeňlik, özüne göwniýetijilik bolaýmasyn?! Özünde döwlet bolmadyk halatynda başga döwlete baş bolmaga onda ukyp bar ekeni. Muňa mysal köp: Nedir şa, Eýranda, Baýram han, Muhammet şa Hindistanda we şuňa kybapdaşlar. XIII asyryň beýik italýan syýahatçysy Marko Polo şeýle sözleri bize ýadygär goýup gidipdir: «Dünýäde iň nepis, iň owadan halylar hem, biler bolsaňyz, şu ýerde dokalýar». Magtymguly öz halkynyň taryhyna beletdi, o taryha buýsanýardy. Hut şo buýsanç Ahmet şa bilen deň derejede saklanmaga oňa kuwwat berdi. Ahmet şa bilen gepleşiklerde göwni kuwwat tapan türkmenler hoş habary buşlamaga howlugýardylar. Çowdur geljekki ýeňişli söweşleri göz öňüne getirýärdi, pida çekiljegini hem ýagşy bilýardy. Ahmet şa bolsa türkmen myhmanlary bilen hoşlaşanda: «Heý-eý, sadaja türkmen, entejik saňa görkezjek oýunlaryma bak» diýen bolsa gerek. Mert gepleşige bil baglan türkmenleriň mertlige garaşýanlygyny, ynanjaňlygyny we gyzylbaşlardan halys surnugyp gelendiklerini Ahmet şa unutmandyr. Ol halkyň sada häsiýetini öz peýdasyna ulanmakçy bolýar. Hywa, Buhara häkimleri bu waka gaty gabanjaň bakypdyrlar. Gyzylbaşlaram özüne garşy gepleşik geçirilenini duýup hereket edipdirler. Ýeri gelende aýtsak, türkmen tireleriniň birleşmek howpy türkmenleriň töweregindäki ýurtlaryň häkimlerini ähli zamanda biynjalyk edipdi. On sekizinji asyryň ortasynda bu meselä has hem köp üns berlipdir. Emma türkmen tireleri muňa göz ýetirendir diýip bolmaz. Türkmeniň Döwletmämmet molla ýaly okuwly-düşünjeli ogullary bu betbagtlyga öňräkden bäri ýanyp- köýüpdirler. Şoňa görä Gandagardan gaýdan kerwen ýagşy umytda bolsa-da öňde uly müşgillikler direnip durdy. Ahyry arzuwly kerwen Watana geldi. Döwletmämmet molla Owganystana giden kerweniň garakçy-galtamana duçar bolman aman-sag dolananyna begenýärdi, ýöne olaryň Ahmet şa hakda şeýle göwünjeň edýän gürrüňlerine welin ynanyp bilmeýärdi. Sebäbi onuň pikir edişi bu gürrüňlere ynanardan güýçlüdi. Döwletmämmet molla henizem öz içinden: “Arzuwlama hany, begi, soltany” diýip gaýtalaýardy. Mollanyň bu pendini halaýyg-a tutmaýardy welin, uly umytly ogly Magtymguly hem ýatlamaýardy. Gaýta, Owganystandan geleňi bäri ol Ahmet şany şöhratlandyryjy ýadawsyz wagyzça öwrüldi. Ýaşlyk yňdarmalygy hem muňa meçew berýärdi. Magtymguly indi türkmeniň maňlaýyndan direjek ýeke-täk Ahmet şa, türkmeni ajap eýýama getirjek hem ýeke-täk Ahmet Şa diýip ynanýardy. Owganystandan gelen uçurlart Magtymguly Ahmet şaha içki söýünjini goşga gaplan hem bolsa ol goşgular henize çenli bize gowuşanok. Gökleňler Ahmet şa bilen güýç birikdirip Eýrana garşy söweşmäge taýýarlanyp başlapdyr. Döwletaly han, Öwezgeldi ýaly edermenler bu işe baş bolupdyrlar. Kuwwaty bedeninde dyňzap duran Çowdur ýaly ýigitlerem muňa göwünjeň goşulypdyrlar. On alty, on ýedi ýaşa çenli döwürde Magtymgulynyň gan görmändigini aýtsa bolar. Muny goşgularyň ruhy, içki rahatlygy tassyklap dur. Ýöne onuň gan görmegi üçin pursat uzakdamydy? Oňa çenli näme? Oňa çenli durmuş Magtymgulyny süýji oýny bilen güýmedi. Ýadyňyzda bolsa, Magtymguly dagy Owgantstana baka obadan çykyp ugranynda tärimiň aňyrsyndan jyklan gyzlaryň biri boýur-boýur ýaş döküpdi, gözýaşyny tötänden üzülen monjuk düzümi ýaly seçeläpdi. O gyz, näme, ýönelige aglapmydy?! Ýönelige göz ýaşlary bilen topragy suwlapmydy?! O gözeliň Magtymgula yhlasy bar ekeni. Ynha, onsoň Magtymguly Owganystandan dolanansoň, o gözler balkyldaý-balkyldaý Magtymgulynyň şeýle buýsançly, şeýle tez, şeýle kuwwatly ýüregini eredip ugrady. Şonda Magtymguly durmuşyň beýle lezzetini, gadyryny ilkinji ýola duýan bolsa gerek. «Yşk meni ýandyryp, ýakyp baradyr». Bu lezzetiň özge her bir lezzetden, şol sanda syýasata ulaşyp alýan lezzetindenem rüstemligini Magtymguly öz ýüreginde synagdan geçirip gördi. Asyl, bireýýäm ýetişip, bişişip, köňlünde dykyn alyp duran yşkyň bendi böwsülse nädersiň?! Indi bu daglar öňküden beýgelen ýaly, derýanyň akyşy çuslanan ýaly, öwüsýän şemalyňam täsiri başga, dag başyndan kürsäp inýän ýelleriň badyna baglaryň hellewleşişi hem başga. Şo-ol gadymy çeşme, çaga döwri eşegiň syrtyndan synlap, ýokardan dik aşaklygyna akýan derýa diýip düşünen çeşmesiniňem şildirdisi başga. Indi adamlaram oňa başgaça bakýar, Magtymgulam adamlara başgaça garaýar. Sähelçe günüň içinde, Magtymgulynyň özi hem duýmazdan, Meňli oňa mukaddes görnüp ugrady. Ol Meňlini öňem görýärdi, öňem gepleşip-sözleşýärdi, ol Magtymgulularyň garyndaşydy ahyry. Ynha, indi ähli zat üýtgedi duruberdi. Onsoň «Arşy aglaýa» ýaly syýasy äheňli goşgy ýazan beýni erksizlikde hem-de tükenmez yhlas bilen yşky goşgulary çogduryp çykaryp başlady. Onsoň ähli pikir derýasy, ylham çeşmesi Meňli gyza baka akyp başlady. Magtymgulynyň gözleri bilen baksaň, Meňli gyzy söýmän durmak mümkin däl. Ol Meňliniň mertebesini şeýle bir asmana göterýär, onuň durkuny, hasiýetini şeýle bir söýgüli suratlandyrýar welin, okyjy bu söýgä daşyndan bendi bolýar. O söýgi şeýle päk, şeýle joşgunly, şeýle sada hem şeýle gorawsyz. Magtymgulynyň Meňlä yşgyny synlan okyjyda şirin duýgular oýanýar. Muňa näme täsir edýänini aýdyp bolmasa-da o goşgularda bir geňsi syrly gudrat barlygy aýan. Ol «Köňül gözgüsine ýaryň adyny hekkaklyk eýleýip gazmaly bolýar», üstesine-de: «Yşk aldy köňlüni, tile söz berdi». Onsoň Magtymguly sözleriň dürüni saýlap Meňliniň gözel keşbini çekip başlaýar, «bakyban mahrinden doýsam, bagy-bostan istemen» diýýär. Bir dilbere duş geldim, gamzasy ok, gaşy ýaý, Gün haýrandyr görkünden, hyjalatda dolgan Aý. Ýöne aşyk Magtymguly bu sözleri «taraşlap şaglatsa-da» ynjalyk tapanok, kanagaty tükenip, ol ýene-de Meňlini arşa götermäge, onuň mukaddesligini has mahabatlandyrmaga dyzaýar. Ol bu ýolda hiç bir pellede durmaýar. Ykbalym, dinim-imanym. Kylam hormat boýlaryňa ýa-da Musulmanyň din-imany, Ymmatdyr gara gözleriň. Şeýle goşgulary ýazdyran yşky kuwwat hakda oýlanypmydyňyz? O kuwwaty dag bilen, ýa sil bilen deňäp bilersiňizmi? Belki, ol tümlükde ýyldyrym çakandanam güýçlüräkdir. Sebäbi hiç bir ýyldyrym hem Meňliniň köňül gapysyny iki ýana serpip bilmejekdi. Diňe Magtymguly, diňe onuň Perhat ýaly beýik aşyga-da kyrk ýyllap yşk sapagyny berip biljek kuwwaty hötde geldi. Türkmenler Magtymgulynyň Meňlä yşgy ýaly beýik gudrata öňde soňda sataşmadyk bolsa gerek. Ýöne diňe türkmenlermikä beri?! Gündogarda gadymdan bäri yşk aýdymyny aýdyp gelýän «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Şasenem--Garyp», «Şirin-Perhat», «Gül-Bilbil» ýaly dessanlaryň ýarym realistik, ýarym hyýaly gahrymanlarynyň ykbalyny hakyky durmuşda on esse ýüz esse külpetli gaýtalan Magtymguly bilen Meňli bolsa ýerek. Bu iki juwanyň hem söýgi taryhy şirin pursatlardan başlandy. Magtymgulynyň öýlenýänçä we öýlenensoň söýgi hijranyna uçraýança ýazan goşgulary ýa bize doly gelip ýetmändir, ýa-da şeýle bir köp däl. «Boýlaryňa», «Gaşy ýaý», «Gara gözleriň», «Gülgüzar oýiaşar», «Bu gün», «Gözel sen», «Uýat eýleýir» «Näzli dildar», «Meňzär hökümli» we şuňa meňzeşler. O eserleriň çürbaşy bolsa: “Dogdy asmanyň Zöhresi, Çyn aşyga döwran bu gün.”diýip başlanýan, «Bu gün» atly goşgudyr. Özem muny Magtymguly Meňlä öýlenen günleri ýazandyr diýip çaklaýarys. Şeýle göwni giňlik, rahatlyk bilen, maksada ýeten adamyň töwerekde diňe ýagşylygy, gül-gülzary görýän edähedi bilen, yşkyň joşgunyna çydaman ýazylan goşgy. Türkmen topragynda baharyň tiz sowluşy ýaly, türkmen juwanlary hem söýüşýänine tiz gowuşmaga ymtylypdyrlar. Başgaça aýtsak, toýa çenli ӓşyklyk döwri, köplenç, uzak dowam etmeýän ekeni. Munuň sebäplerini türkmenleriň ýaşaýyş şertlerinden gözlemek gerek. Tä nika gyýylýança är-aýallyk işine milt etmezlik, her bir maşgalada çagalaryň ýygy dogulmagy, ulusy öýlenmese, durmuşa çykmasa, kiçisine gezek berilmezligi, alaman-galtaman howpunyň elmydama depäňden sallanyp durmagy, gazaply durmuş zerarly ömür gysgalyk we şonuň bilen baglylykda ömür pursatlarynyň tebigy, özakymlaýyn sazlaşygy hem-de şuňa meňzeş başga-da müň sebäp bar. Magtymguly Meňliniň yşkyna köýüp başlanda näçe ýaşyndady? Muňa şahyryň özi soň-soň garrap haldan düşende jogap beripdir. On ýediden geçen soň, şöhrat öýüne girdim, Aldym bir näzeninni, zowk ile sapa sürdüm, Bu gunçaýy-gülzaryň elwan gülüni tirdim. Diýmek, Magtymguly on ýediden geçensoň on sekiz ýaş içinde öýlenipdir. Ýaşlar yşk derýasynda ýüzýän nursatynda, Döwletmämmet molla kitabynyň ahyrky babyny ýazýardy. Uly ogullary Mämmetsapadyr Abdylla bolsa öň öýlenip, maşgala ýüküne werziş bolýardylar. Indi birmahalky gugaryp oturan oýüň töwereginden, kömelegiň höwri ýaly, täze öýler dikildi. Döwletmämmet mollanyň maşgalasynda Magtymgulynyň aýratyn orny barlygy üçin doganlary oňa özleriniňkiden has peşeneli öý dikdiler. Döwletmämmet molla bezirgenlerden ullakan sandyk alyp Magtymgula berdi. Bu şo döwrüň özboluşly kitap tekjesi ýaly bir zatdy. Gymmatly kitaplar, kagyzlar, golýazmalar, syýa, galam hem şol sandykda gün görmän örän elinje saklanýardy. Bu günler Magtymguly şygyr bilen içgin däldi, sebäbi şondan kem bolmadyk başga bir diri poeziýa onuň öýünden sülmüräp girip çykýardy, Magtymgula müň kereşme näz bilen bakýardy, çig gaýmagyň akyşy ýaly barmaklar Magtymgulynyň gür gara saçlaryny emaý bilen daraklap-daraklap, gyzgyn aýasy bilen sypap--sypap goýberýärdi. Magtymguly yşgyny, sähelçe--de bolsa, egismese ynjalyk tapjak däldi. Ähli zada aşa bilesigeliji bakýan Magtymguly tebigatyň bu gudratyna geň galyp aňyrsyna çykyp bilenokdy. Öňki syr alyşýan dostlary, döşi gapak ýaly Çowduram gelmesini seýrekletdi. Ýa bular Magtymguly syrdaş tapynansoň özlerini çeke saklaýarmykalar? Ýok, düýbünden başga sebäpler bardy. Gelen-gidenleriň, geçegçileriň ýalan-çyn gürrüňleri oňki howsalany has artdyrýardy. Owganystandan gelýän habarlarda tizlikde Eýrana ýöriş ediljekdigi hakda aýdylýardy. Owganlar bilen dil birikdirenleri üçin türkmenlerden öç alynjakdygy hakda bolsa Eýrandan şum habarlar eşidilýärdi. Bu gürrüňler Magtymgulynyň gözel keýpini bozýardy. Dewletmämmet mollanyň dana başy bu gowgalaryň entek-entekler tükenmejegini duýýardy, emma çäresizlikden kösenýärdi. Ol eýranlylara, gyzylbaşlara ynanyp bilmeýşi ýaly, owganlaryň hem ýagşylyk etjegine hiç ynanmaýardy. Eger owganlar ýagşylyk ädäýende-de onuň aňyrsynda haýsydyr bir şertleriň, hiläniň we öz bähbidini aramaklygyň ýatanyny güman edýärdi. Ol Ahmet şanyň syýasatyna häzir göz ýetirmese-de, umuman, şalaryň neneňsi, syýasat ýöredýänligini ýagşy bilýärdi. Şoňa görä Ahmet şa hakda bir öýde dörän iki pikiriň (Magtymguly Ahmet şadan ýagşylyga umydygär, atasy bolsa muny öküzden süýt sagmak bilen deň hasap edýär) uzaga çekmän biriniň puç boljagyny molla anyk bilýär. Özem oglunyň umydynyň başa barmajaklygyna ynanýar. Ana, şonda Magtymgulynyň bu hakykaty neneňsi kabul etjegini, soňra neneňsi hereket etjegini oýlanýar. Häzirlikçe bolsa, her kim öz pikirinde galybersin. Ýöne Owganystan bile gepleşikleriň ýomutlaryň hem gökleňleriň agyz birikdirmegine, ruhy ýakynlaşmasyna gowy täsir edendigini Döwletmämmet molla ýakymly synlaýardy. Beýleki tireleriň bu waka çekinjeň hem howatyrly garaýyşlaryny, şoňa görä-de tirebaşylarynyň öz meýlini gizlin saklaýyşlaryny hem synlaýardy. 1752-nji ýylda Ahmet şa Nişapury gabanmyş diýen habar ýaýranda Ahmet şadan umytly türkmenleriň ählisi muňa begendiler. «Ahyry, Eýrana göz görkezjek şa tapyldy. Ahmet şa Eýrany kül-peýekun eder». Ahmet şa öz döwletini döreden pursatyndan başlap o hakda diňe sarpaly gürrüňler ýaýraýardy, baýa-garyba deň gözleýän, öz iline dür paýlaýan şa hökmünde, batyrlykda, söweşjeňlikde onuň goşunyna taý ýok hökmünde gürrüň edýärdiler. Üstesine-de, Nedir şanyň Hindistandan alyp gaýdan «Nur dagy» hem-de «Tawus tagt» diýen dünýä meşhur dürleri hem Ahmet Dürranydady. Ýadyňyzda bolsa, özlerini Nedir ölensoň, ölümden goraiy üçin Nediriň aýallary o daşlary Ahmet Dürrana sowgat beripdirler. «Nur dagy» hem «Tawus tagt» kimde bolsa şoňa Bagt, Rowaçlyk gol berýär» diýen ynanç şo döwürler giň ýaýran eken. Ähli zamanda bolşy ýaly, şol döwürde-de ile ýaýraýan gürrüňde uly güýç, uly täsir basyrylgydy. Bu gürrüňler, çynlygyna-ýalanlygyna göz ýetirilýänçä, eýýäm il içinde Ahmet şanyň abraý-hatyrasyny gümansyz ýokary göterýärdi. Bu taýda haýsy gürrüňiň ilkinji ýaýraýanlygy uly ähmiýete eýe. Nişapuryň gabalyşyna ýörite çagyryş hatynyň iberilenligini tassyklaýan ýa inkär edýän delil bolmasa-da Ahmet şanyň bu ýörişine türkmenleriň, aýratyn hem, gökleňleriň, ýomutlaryň biperwaý bakmandygy gümansyzdyr. Belki, olar bu sapar guramaçylykly, ýörite ýardam bermedik bolsalar hem türkmenleriň üzlem-saplam kömek berendigini aýtmak gerek. Emma Nişapur bu sapar Ahmet şaha gol bermeýär, şanyň özi hem Eýran tarapa känbir dyzap baranok. Nedir şa döwründe Eýranyň juda agyr talaňçylyga düşendigini, indi Eýrandan garyp-pukaranyň açlykdan ýaňa kakap galan süňküni ýygnaýmasaň, başga olja ýoklugyna Ahmet şa aňry ýany bilen göz ýetiripdir. Ýöne «Ahmet şa Nişapury alyp bilmändir» diýen gürrüň onuň bähbidine däldi. Hemem Nişapury, Maşady boýun egdirip owgan döwletiniň günbatar araçäkleriniň howpsuzlygyny berkarar etmek maksady bilen 1753-nji ýylda Ahmet şa ýaňadan Nişapura, Maşada goşun çekip ugraýar. Şol pursatdan peýdalanyp hem gökleňlere iki hat ýollaýar, dogrusy, Ahmet şanyň türkmenlere näçe hat ýazany belli bolmasa-da, agzalan hatlar ylmy dolanyşyga girdi. Ahmet şa Dürri-Dürrany birinji permany 1167-nji hijriniň baýram aýynyň 16-njy güni ýazdy. (1754-nji ýylyň 6-njy awgusty). Ikinji permany 1168-nji hijriniň juma aýynyň 14-nji güni ýazdy. (1755-nji ýylyň 28-marty). Bu hatlarda Ahmet şanyň türkmenleriň sünnülik duýgularyny ýene oýnasy gelýändigi okyja bassyr-bussursyz aýandyr. Ahmet şanyň Nişapura, Maşada goşun çekýän habaryny eşidende hem-de onuň ýörite gökleňlere ýazan iki hatyny okanda juwan Magtymgulynyň göwni derýa kimin joşdy. Onuň başyna ozaly bilen gelen zat: Ahmet şaha bagyşlan ilkinji odasyndaky: «Emriňe mutyg et Eýran zemini». diýen sözler boldy. Şo arzuw hasyl bolup barýan ýaly göründi. Ol bu arzuwyň, hasyl bolaýanda-da, neneňsi hereketler arkaly, neneňsi pidalar arkaly hasyl boljagyny göz öňüne getirip bilmeýärdi. Magtymguly diňe ýeňşiň dabarasyna garaşýardy. Sebäbi Ahmet şanyň bu oýunlaryna düşünerden, akyl ýetirerden we onuň geljekki hereketlerini dogry çaklardan Magtymguly juda ýaşdy, juda tejribesizdi. Şoňa görä gury hyýalbentlikden ýaňa başy dumanly şahyr (eýforiýa halynda) goşgular ýazyp başlady. Meňli bilen durmuş guransoň Magtymgulynyň kalbynda uka giden syýasy yşk, ýagny syýasata söýgi bu günlerde ýene oýanyp ugraýar. Türkmeňiň gözgyny takdyry ýene onuň kalbyna ot salyp başlaýar. Ahmet şanyň hereketleri oňa teselli berse-de, onuň hyruçly ýüregi meseläniň tiz çözülerini isleýär, özem diňe bir gyzylbaşlary agyzdyryklamak däl, bütin Eýrany boýun egdirmek hyýaly bar. Şol duýgular ösüp, sepleşip, durmuşyň anyk wakalaryndan täsirlenip «Gökleň» hem ««Öňi-ardy bilinmez» goşgulary dünýä inderdi. «Biz Magtymguly ilkinji goşgyny öz taýpadaşlary gökleňler ýygyn jemläp ýola düşen wagty, ikinji goşgyny bolsa olaryň ýomutlar bilen birleşip hereket edip ugran döwürleri ýazypdyr diýip pikir edýäris» (A.Bekmyradow.Magtymguly we Ahmet Dürrany.”Sowet edebiýaty” jurnaly.1988ý.11-nji sany) «Gökleň» atly goşgu-da: Beýik dergaha ýüz sürtüp, Islärin — döwletiň artyp, Pyragy diýr, goşun tartyp, Barar sen Tährana, gökleň! diýip, Magtymgulynyň göwni bir ýörişde türkmenleri birleşdirip, bir ýörişde Eýrany boýun egdirip ajap eýýamy tiz getirmekçi. Emma durmuş wakalary bolsa öz ýolundan gidiberdi. Ol ýoluň ugry gözel göwnüň maksady bilen ugurdaşmy-dälmi muny şahyryň ömrüniň indiki sahypalary aýan eder. Horasanyň tabyn edilişi uzaga çekse-de, ahyry, ýeňişli tamamlanýar. Bu kampaniýa başdan-aýaga näçe türkmen gatnaşanlygy, näçe türkmeniň şo taýda pida bolanlygy hakda anyk maglumatlar heniz tapylanok. Şeýle-de bolsa ol ýeňşiň türkmenler üçin agyr düşenligini aýtmak bolar. Magtymgulynyň «Aly siziňdir» diýen goşgusy onuň şo döwürki ahwalyny gowy tassyklaýar: Parsa çöken döwlet size öwrüler, Indi bu dünýäniň meýli siziňdir. Horasan boýun egdi. Ýeri onsoň, näme? Indiki ädim näme bolmaly? Türkmenler jogap üçin garaşmaly bolmady. Ahmet şa näme etdi? Ol etjegini bilýärdi we Nedir şanyň gözi oýulan agtygy Şahruhy (Şahruh 1748-nji ýyldan bäri Maşadyň üýtgewsiz häkimi) ýene öňki ornunda oturtdy-da özi goşuny bilen yzyna dolanaýdy. Onuň bar yhlasy — Owganystanyň içki bütewiligini saklamak hem-de Hindistany talamak. Nirä gitse-de, nirä baksa-da Ahmet şanyň bir gözi hökman Hindistana baka garap dur. Ahmet Dürranynyň Nedir şa döwründe Hindistana baranyny hasap etmänimizde-de, gürrüňi edilýän döwre çenli ol eýýäm üç gezek-1748-nji, 1750-nji, 1752-nji ýyllarda Hindistana ýöriş edipdi. Şeýlelikde, türkmenler düşnüksiz halda galyberipdirler. Ol uruşda başy aman galan türkmenleriň badykeş bolup gaýdyp gelendikleri belli. Magtymgulynyň özüniň, agalary Mämmetsapanyň, Abdyllanyň bu söweşe gatnaşany-gatnaşmany belli däl. Çowduryň welin muňa gatnaşanyna güman etmese bolar. Çowdur ýaglygyndan ýag damýan, gylyjyndan gan damýan, basan ýerinden ot çykýan gerçek bolup ýetişiberipdir. Magtymguly bilen duşuşyklarynda öňki göwün ýüwürtmeler şol öňküligine galmady. Horasan söweşi onuň synagdan geçen ilkinji uly söweşi boldy. Söweş bolsa, mälim bolşy ýaly, ähli tejribeden, ähli sapakdan hem güýçli täsir edip, adamy tiz goýazylaşdyrýar. Elbetde, ähli wakalary ýüreginde süzýän, näzik duýgulara baý Magtymgulynyň, wagt geçdigi saýy, birahatlygy artyp başlady hem-de göwnüniň çuňunda bir müýn döräp ugrady. Ol müýn Döwletmämmet mollanyň alnynda hasam artýardy. Mollanyň gözleri henizem «Arzuwlama hany, begi, soltany» diýýärdi. Özi bolsa halkynyň hem söwer oglunyň düşen düşnüksiz ýagdaýyna, oňa hiç bir kömek edip bilmeýänine gynanýardy. «Takdyrymyz şeýledir-dä». Hawa, Döwletmämmet molla alan terbiýesine laýyklykda oýlanýardy. Magtymgulynyň özi näme pikir edýärdi? Onda Ahmet şaha bolan ynam beýlekilere garanda güýçlüdi. Ol Ahmet şany ýönekeý adam bolup däl-de, duýgulary-pikirleri has aktiw, emosiýalara baý şahyr bolup synlaýardy ahyry. Ol bolan ýagdaýy aňynda her näçe tasa getirjek bolsa-da uç çykarybilmän kösendi. Şol ejirli pikir çaknyşygynda, özi hem duýmazdan, Ahmet şanyň işine müňkürlik döredi. Ahmet şa türkmenleri aldap ýören bolmasyn?! Bu duýdansyz dörän pikir onuň kellesini gyzdyryp, gulaklaryny şaňladyp gitdi. Ajap eýýam hakda göwnündäkini ýatlady. Ahmet şa bagyşlan odalarynyň sözlerini ýaňadan birme-bir çigitledi. «Be-e, Ahmet şa beýle adam bolup çykaýdymyka? Jogabam ýok, rahatlygam ýok. Şo pursatdan başlap ýene bir pikir iki bölunip bir-birege garşy leşger tartyp başlady. Onsoň bu ejirleri ýeke çekmegiň hupbaty hem Magtymgula agyr degdi. Döwletmämmet molla bilen beýle içgin gepleşerden, pikirlerine erkinlik bererden Magtymguly özüni ýaş hasaplady, üstesine-de Magtymguly atasynyň pendini alman, Ahmet şany kalbyna myhman edindi ahyry. Meňlä-de syýasat gürrüňini aýdyp, onuň dury başyny garjaşdyrjak bolmady. Ýöne Meňli öz belent gözelligi, paýhaslylygy, menikli hereketleri arkaly Magtymgula arkadag bolýardy. Mämmetsapa, Abdylla dagy hem daýhanlaç pikirleri bilen juda çuň söhbete girişip bilmeýärdiler. Olarda ykbala-takdyra kaýyllyk meýilleri has rüstem. Çowdur näme? Ol gylyjyna guwanýar. «Türkmen elmydama-da uruşly-dawaly ýaşapdyr, elmydama-da şeýle ýaşar» diýip, ol özge çykalga gözlänok. «Kim güýçli bolsa, kim rüstem bolsa, şoňky dogry bolýar». Magtymguly ony içgin synlap: «Çowdur öz alnynda biajal ölümiň direnip duranyna känbir pitiwa etmeýär öýdýän. Ýa öz ömrüne gadyr goýmaýarmyka?» diýip oýlanýar. Magtymgulyda hem batyrlyk bar, ýöne bu heniz synagdan geçmedik häsiýet-dä. Her bir adam: «Men batyr, men edermen» diýip biler, emma durmuş synagy onuň bu häsiýetiniň barlygyna-ýoklugyna, güýçlüligine-ejizligine ahyrky bahany berýär. Şoňa görä ownuk çaknyşyklarda taplanyp, Maşat kampaniýasynda bişişen Çowduryň käbir garaýyşlarynyň Magtymgula ýetdirmezligi bolup biläýjek hakykat. Magtymguly Ahmet şanyň şahyr ýüreginiň iki dilliligine ynanyp bilmän otyrka, Çowdur muňa berk ynandy. «Şa tagtynda otyrka ol doly bahaly şahyr bolup bilmez» diýip Çowdur dürs pikir ýöredýär. Wezipe elmydama şahyrlygyň ganymy. Her näçe ykjam dursa-da, her näçe özüni çete çekse-de, her näçe özüni gorajak bolsa-da wezipeli şahyr birde bolmasa birde wezipäniň müň bir hilesiniň birine düşýär, şeýdibem özüne ikilik edýär. Bu köne hakykat üýtgewsizdir. Bu hakykaty Magtymguly hem bilýär, ýöne Ahmet şany öz gözi bilen görüp, ýüzbe-ýüz gepleşensoň, muňa bir geňsi ynanmajak bolýar. Şeýlelikde, «Iru-giç Ahmet şa Eýrana ýöriş eder diýen inçe umyt onuň kalbyndan aýrylmaýar. Ýagşylyga teşne, ýagşylyk habaryna ynanasy gelip duran halkyňam köp bölegi şu umyt bilen gün geçirip başladylar. ' Magtymguly bu günlerde kümüşçilik bilen köp meşgullandy. Magtymgulynyň ýasan we Meňlä sowgat beren ýüzügi häzir muzeyde saklanýar. Häzir Magtymgulyny kümüşçilik bilen yzygiderli meşgullanmaga goýmadylar. Eýranlylar Maşat, Nişapur söweşlerine gatnaşanlygy üçin türkmenlerden, ozaly bilen bolsa gökleňlerden ganly öç almaga başladylar. Olar Ahmet şa babatda gökleňleriň ilgezikligine gowy göz ýetirýärdiler, üstesine Ahmet şany kimiň wagyz edýänine çenli bilýärdiler. Munuň üstesine, Magtymgulynyň Ahmet şa bagyşlan «Arşy aglaýa», «Siziňdir» atly goşgulary duşman goluna düşendir. Şondan soň olar Döwletmämmet mollanyň maşgalasyny aýratyn, jikme-jik öwrenip, oba içinden belediň biri dönük edilip satyn alyndy. Sebäbi goşgularyň yzarlanmasy bu pikire getirýär. Kime degilse bu maşgalanyň köp awunjakdygyny duşmanlar ýalňyşman kesgitläpdirler. Onsoň Meňliniň başyna gara tupan abanyp başlaýar. Muny ilki bilen Magtymguly duýýar. Bu hyýanatyň nähili görnüşde ýüze çykanlygyny häzir kesgitlemek kyn. Emma janyna degmese hem-de anyk göz ýetirmese Magtymguly: Her görenler hyrydardyr, şah-u geda hem guly, Merdi, namart hem-de näkes söz ýetirer ýaryma. ýa-da: Diri gitmez gaşlarymdan degen namys-aryma. diýmejegi bellidir. Gyzylbaşlar ýygy-ýygydan çozup başlapdyr, gola düşen türkmen zenanlaryny gyrnak edip, ýigitleri gul edip dagdan aşyrypdyrlar. Onsoň türkmenlerem jogap urgusyny urupdyrlar, üstesine özleri-de alamana topar-topar bolup gidipdirler, bularam, gul-gyrnak getiripdirler. Türkmenleriň öz gapysynda gul, gyrnak saklamak däbiniň kän güýçli däldigi sebäpli, o biçäreleri Hywanyň, Buharanyň, Hyradyň gul bazarlaryna eltip satypdyrlar. Şeýdip, birek-biregi parçalamagyň has öçli, täze zamany başlanypdyr. Onsoň bu günler Magtymgulynyň nähili ruhy ejirler çekýändigini, Meňlini, beýleki naçarlary gara güýçden goramagyň neneňsi agyrlygyny göz öňüne bir getirip görüň. Her demde, her adimde başyndan gylyç injek bolup duran ýagdaý-da. Üstesine-de şol urha-çaplygyň güýçlenmegi bilen gökleňleriň, ýomutlaryň araky agyz birikdirmesi hem gowşapdyr. Köne heňler ýene ýüze galkyp, bir-birege göwniýetmezlik, bir-birekden günä-kemçilik gözlemek güýçlenipdir. Öri üçin, suw üçin hemişe ýüze çykyp duran dawalaram munuň üstesine urna bolupdyr. Bela müň deşikden gelermiş diýleni çynyrgaberipdir. Nämälimlik hem-de mese-mälim howp abanyp duranlygy dartylan damarlary üzülere getiripdir. Beýlekiler bilen birlikde Magtymgulularyň maşgalasy hem uklanda bir gözüni açyp ýatmaly bolupdyrlar. «Ähli bela Magtymgulynyň juda owadan gyza öýlenmegindendir. Meňli gelin däl-de başa gelen apat» diýip, owadan gelin hakda rowaýatlary diňläp, adaty oýlananlaram az bolmandyr. Sebäbi gündogaryň öwüt-ündewli edebiýatynyň tas ählisinde diýen ýaly öýlenmek hakda aýdylanda juda owadan gyza öýlenmek maslahat berilmändir. Bir mysal: Unsur-al-Mealy Keý-Kowsuň «Kowusnamasynda» şeýle sözler bar: «Hetden aşa owadan aýal almagyn...» Ýöne, bu, köplenç, adama bagly däl-de, onuň ýüregini eýelän yşga bagly ahyry. Meňliniň owadanlygyny bütin il ykrar edýän pursatynda onuň aşyk Magtymgulynyň gözlerine neneňsi görünýändigini göz öňüne getirmek hem hyllalla. Wakalar gyzyşyp-gyzyşyp, ahyry, günleriň birinde Magtymgulynyň ahmallygyny elden aldy-da Meňlini, ýelek uçuran ýaly edip, gözden ýitirdi oturyberdi. Meňliniň neneňsi ýol bilen elden gidenligi nämälim bolsa-da, onuň duýdansyz bolandygy hakdyr. Magtymgulynyň başyna ilkinji betbagtlyk indi. Bu betbagtlyk Döwletmämmet mollanyň şu çaka çenli başbitin oturan ordasynyň üstüne gelip başlan betbagtlyklaryň hem öňbaşçysy boldy. Kowgy, gözleg netije bermedi, gördüm-bildim diýenleriň bary dagdan aňryny-Eýrany salgy berdiler. Gözi ýaşly Meňli hanym Ýüregim içre nar kyldy. ýa-da: Goldan aldyň kararymny, Gelip sen nägehan pyrak. Göterdiň Meňli ýarymny, Goýup janda arman, pyrak. Meňliniň süýrelendigini Magtymgula Zübeýda aýdýan ýaly ýa-da tersine bolmagy hem mümkin, ýöne ol şu ajy pursatda Zübeýda uýasyna köp ýüzlenýär: Zübeýda, naçarym, diňle! Kalbymda armanym galdy. ýa-da: Zübeýdäm, ýaşlasaň gözüň, Harytsyz dükanym galdy. ýa-da: Çykdy Zübeýda alnymdan, ah, neýleý, bagtym gara. Türkmeniň şol döwürki däplerine görä, aýalyňy elden aldyrmaklyk, goý, ol her neneňsi wakalar bilen bagly bolsa-da, erkek üçin namys hasaplanypdyr, erkegi dili kelte edipdir, onuň mertlik sypatlaryny güman astyna salypdyr. Şeýle-de bolsa ýangynly Magtymguly Meňliden aýrylanyny ikuçsuz aýdýar. Illeri bar diňli-diňli, Sowuk suwly, ter öleňli, Ili-gökleň, ady-Meňli, Näzli dildardan aýryldym. Meňlisiz galan günleri ýazan goşgularynda ömrüniň ýowuz günlerini başdan geçirýändigini Magtymguly aňrybaş duýguly beýan edipdir. Magtymgulynyň Meňlä söýgüsiniň her bir aşygyň soýgüsinden, hat-da näçe asyr bäri halkyň dilinden düşmän gelýän söýgi dessanlaryndakydan hem belentdigine, kuwwatlydygyna gümansyz göz ýetirip bolýar. Okyjy Meňliden aýrylyp zarynlaýan bilbildigini, yşk bazarynyň sowulandygyny, hijran hanjarynyň urlandygyny, dükanynyň harytsyz galandygyny, ýagny kalbynyň boşap galandygyny, hatda jesedinden giden janyň göre baryp girendigini şeýle täsirli aýdýar. Magtymgula Meňlisiz ýaşamak juda agyr degýär. Gözläbem tapyp bilenok. Ol düýşünde, huşunda Meňli bilen gaýybana söhbetdeş bolýar. «Başky gün sen oda saldyň men parahat bendäni. ýa-da: Sen garyp sen, men pakyr men, sende, mende çäre ýok, Söwdügim, takdyry-hakdyr aýyrgan bizden seni. ýa-da: Saklasyn taňry penahynda ýaman gözden seni. Emma Meňliniň tapylmaýanyna Meňliniň özi günäkär ýaly ahwallar hem Magtymgulynyň kalbyna gonýar, sebäbi başyna ýüz müň pikir gelip-geçende onuň içinde şeýle aldawlylary hem bolýar. Ana, şonda Magtymguly Meňlä gahar edýär: Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdur wepaň, Biwepalar hup sowutmyşlar, sonam, bizden seni. Emma Magtymgulynyň başynyň gyzgyny sowuldygy ol ýene-de Meňlä maýyl, ýene Meňlini küýseýär, Meňlä ýürekden ýalbarýar. Jan joşguna geldi, ýandym, ýaryldym, Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla! Sangysyz söýüşdim, öýsüz aýryldym, Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla! ýa-da: Imdi, leýken, aýyrdylar zor bile, Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla! ýa-da: Ol anda ah çeker, men munda zary, Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, alla. Magtymguly Meňlini goldan gidirende ýigrimi ýaşyndady. Üns beriň: Ýigrimi ýaş ötdi menden, Hezl etmedim, dünýä, senden ýa-da: Ýigrimiýe ýetende, pelek jebrini gördüm, Pelek aldy ýarymy, ejel gamhana geldim. Biz Magtymguly on sekiz ýaşyndan ýigrimi ýaşy-na çenli Meňli bilen ömür sürdi diýip, gümansyz pikir edýäris. Bar bolan rowaýatlary, käbir adamlaryň beren maglumatlaryny Magtymgulynyň goşgularyndaky hakykatdan ýokarda goýup bolmaz. Goşgular gödeklik bilen bir ýana süýşurilende-de pikirleri XVIII asyryň durmuşyna deňeşdirip görüň ýelmeşermikä, sepleşermikä, sazlaşarmyka? Özüňiz oýlanyberiň! Okyjylaryň bir böleginde Magtymgula Meňlini bermändirler, Meňlini başga birine durmuşa çykarypdyrlar diýen pikir bar. Hamana, bu şeýle ekeni diýeli. Onsoň Magtymguly hasyl bolmadyk söýgüsini ile ýaýradar ýörermikä? Bu türkmen däplerine gaty çapraz gelýär. Meňliniň hatyrasyny gaçyrýar. Meňli başga biriniň duluna geçensoň, Magtymguly kişi maşgalasyny - Meňlini agzap goşgy ýazyp bilmez. Ol-a on sekizinji asyrmyş, biziň günlerimizde-de beýle hereketiň soňy gowulyk bilen gutarmaz. Ol asyrlarda beýle wakalardan gan ysy gelýärdi. Şuny berk bellemeli. O döwürler söýginiň pynhandan pynhandygyny hem ýatlalyň. Merhum tankytçymyz Saýlaw Myradowyň «Asyrlaryň jümmüşinden» diýen kitabynda Magtymguly-Meňli meselesine giň analiz berlip, degerli deliller getirilýär. Magtymgulynyň Meňli bilen ýaşaşandygyna şu kitabyň soňraky sahypalaryny okan okyjy hem anyk göz ýetirer diýen tamamyz bar, sebäbi şahyryň ömrüniň ýigrimi ýaşdan soňky döwrüni seljermek hem-de şo ýaşdan soňky goşgularyň setirleri bize uly tutaryk bolýar. Meňliniň süýrelmegi hem-de Magtymgulynyň zar-zelil bolup ýörmesi Mämmetsapany, Abdyllany, Zübeýdany we ondan kiçileri uly gamda goýdy. Döwletmämmet molla üçin bolsa bu juda uly urgy boldy. Oňa Magtymgulynyň Meňlini küýsäp, gan aglap ýazan goşgularyny okamaga berenlerinde gojalýan göwün her gezek bozuldy, göz ýaşyny saklap bilmän golýazmalary ezdi. Ol bu betbagtlygy hudaý iberendir diýip oýlanýardy. «Eý, Allam! Kim günäkär bolsa, jebriňi şoňa ber. Bigünä balamy beýdip köseme». «Näme etsekkäk?» Takdyra kaýyllykdan başga jogap tapmaýardy. «Huda işimizi asan etsin» diýip mynajat okamasyny köpeltdi. Hudaý ýoluna sadaka berdi. Ýöne munuň bilen dert ýeňlemedi: Meňli tapylmady, Magtymguly hem barha ýanyp-ýarylyp başlady. Hut şu günlerde gamly oýlanmalar Ahmet şa babatda öňküje umydyny hem güýdüp başlady. Sebäbi soňky wagtlar gyzylbaşlar barha öçli çozup başladylar, olarda öňki gorky-çekinmek diýen zatlar bir gyra zyňylana meňzeýärdi. Bir ýerden ýardam-goldaw bolmasa, ýa tireler güýç birikdirmeseler, ýa-da goşuňy göterip bu etrapy taşlap gidibermeseň, başga çykalga görünmeýärdi. Ahmet şa köp-köp türkmene öçüp barýan yşyk bolup görnüp ugrady. O-ol öňki okuwa-ýazuwa güýmenilen günler ýat boldy. Döwletmämmet molla bireýýäm tamamlan kitabyny ogluna sowgat beribilmedi. Kitap şo durşuna duldaky sandyga baryp düşdi. Gola galam almaga höwes ýokdy. Bütin öý bolup gije-gündiz Magtymgulyny göz astyndan yzarlaýardylar: namysa çydaman, gaharyna bäs gelmän, özüne kast edäýmesin, ýa ilden-ýurtdan çykyp gidibermesin diýip uly howatyrda ýaşaýardylar. Gelenden-gidenden, bezirgen-argyşçydan Meňlini soraglaýardylar, emma gördüm-bildim diýene duşmaýardylar Hakykatda-da Magtymguly janyndan irgin dem alýardy. Bu dünýäniň höwesi öçdi, bahar bolup gelen ýigitligiň gyzygy gaçdy. Eger ol Meňliniň jan berendigini görse, eglenmän ölmäge taýýardy. Ony häzir şu dünýäde saklap duran ýeke-täk köken Meňliniň dumanly takdyrydy. Şonda-da Magtymgulydan şygyr daşlaşmady, gamgyn-hesretli bolsa-da, Meňlini küýseýän goşgular akyp çykýardy. Meňliniň ýörän ýollary, Meňliniň göteren küýzesi, başyna degiren kümüş şanasy, zerli-keşdeli kürtesi-ähli zat Meňlini ýatladyp dur, diňşirgedigi gulagyna Meňli pyşyrdap dur. Onsoň ýürek neneň takat tapsyn?! Hälem içki ejir goşgy bolup çykyp, onuň derdini sähel ýeňledýärdi. Ýöne bir salymdan şol goşgyny okasa-da ýene ýürek lerzan urup, çyrpynyp-çabalanýar. Ne iş kylsam, habar bilem men ol Meňli ýarymdan. ýaly, Ýanar otly Magtymguly, ot lybasyn sen geýip, Pany jahan otlaýyp sen, dilde bolgan naryňdan. Ýaly, Andalybyn aldyran şol bagty gara gül menem ýaly, Magtymguly, bolduň harap, Istäp tapman ýary sorap, Oturyşyň ýola garap, Ýol tapmadyk köre meňzär. Meňlini gözlän ilkinji ýylynda Magtymgulynyň ýazan goşgulary bize gelip ýeteninden has köpdür diýip pikir edýäris. Onuň gözleýiş yhlasy, wakalary kalba ornaşdyryşy, yşkynyň kuwwaty, hiç--hiç egsilerli däl, şoňa görä o duýgular goşga geçmän bilmez. Belki, heniz tapylmadyk goşgularda Meňli hakda has köp maglumat bardyr, has üýtgeşik duýguly pursatlary beýan edendir. Näme etmeli? Näme etmelidigi belli bolmasa-da, haýal etmän bir çykalga tapylmasa, gökleňiň köki-damary bilen gyrlyp tükenjekdigi hemmelere aýandy. Ynha, şeýle çylşyrymly pursatda, häzirlikçe bize belli bolmadyk ýagdaýda Magtymgulynyň ilki Abdylla dogany, soň Mämmetsapa oňa kömek bermäge bir ýaňa gidýär. Näme maksat bilen gidenleri Magtymgulynyň şu waka bagyşlanan iki goşgusyndan duýup bolanok. Darydy bir doly, ýolukdy baran, Birin ýurdy bile eýledi weýran, Birisiniň ýary yzynda haýran, Gözleri ýoldadyr, bular gelmedi. Eger hakykata barýan ýollaryň biri çaklamadan başlanýan bolsa, onda şolary seljerip göreliň. Magtymgulyny öwrenijileriň bir topary Abdylla bilen Mämmetsapa Ahmet şadan habar almaga Owganystana gidende, ýagny gyzylbaşa garşy bile göreşeris diýen wadadan wepa gözläp gidenlerinde ýolda dereksiz ýitendirler, sebäbi gyzylbaşlar Owganystana barýan ýollary peýläp ýatandyrlar diýip pikir edýärler. Mümkin. Ikinji pikir: Iki dogan hajy boljak bolup, ýüzüni Käbä tarap tutup gidipdir. Näme bolsa-da, nämä ýolugan bolsalar hem Abdylla bilen Mämmetsapa Käbe ýolunda gurban bolandyr. Dürli milletleriň, dürli ýurtlaryň üstünden aşyp geçmeli uzak ýollugy üçin gidişin, ýa gaýdyşyn wepat bolandyrlar. Mümkin. Ýöne «Bular gelmedi» goşgusynda: Göçi-gony birle gitdi Abdylla, Hemme giden geldi, bular gelmedi. Mämmetsapa gitdi kömek bermäge, Uzadanlar geldi, bular gelmedi. diýmek bilen, ikisiniň bir wagtda gitmändigini açyk aýdýar, üstesine Abdylla üçin neneňsi kömek gerek bolandygy hem bize dumanlylygyna galýar. Biz ëkapky çaklamalaryň bolup biljek wakalardygyny gözden salman, täze bir çaklamany okyjy dykgatyna hödürlemekçi. Biziň pikirimizçe, Abdylla býlen Mämmetsapa Kaspi deňziniň üsti bilen ýa azerbaýjanlylara ýa-da Astrahandaky türkmenler arkaly rus döwletine gepleşik geçirmäge giden topar bilen giden bolsalar gerek. Ýa-da sen düşdüňmi düýpsüz ummana? ýaly, Öter bolsaň ol ummandan, Meger, goldar Nuhy nebi. ýaly setirlerde umman sözüne üns beriň. Hatda ol Nuh pygambere hem ýüzlenýär. Bu ýönelige däl bolsa gerek. Nuh pygamber gämi, suw bilen bagly. Üstesine bu syýahat-saparyň gizlindigini hem güman etse bolar. Magtymgulynyň nämedir bir zatlary aýtman goýandygy aňylýar. Owganystana gidilendäki açyklykdan görülýän jebirler olara uly sapak bolandyr. Elbetde, Döwletmämmet molla bu saparam garşylygyny syzdyrandyr, emma uly iliň meýliniň garşysyna giden däl bolsa gerek. Her ne ahwal bolanam bolsa, wagtynda dolanmadyk Abdylla bilen Mämmetsapany ahyrda gözlemeli bolandyklary aýan. Aýlar, ýyllar geldi, bular gelmedi. Döwletmemmet mollanyň ýuka ýüregi Meňliniň ýitenine ezilip ýörkä, iki oglunyň-maşgalanyň uly diregleriniň ýitmegi bilen halys tapdan düşüp başlady, bu dünýe oňa dar göründi, öýdäki zenanlaryň ahy-nalasy oňa dowzahy ýatlatdy. Meňli, Abdylla, Mämmetsapa hakda hiç ýerden hiç bir habar alyp bilmän ýören halyna, her täze gün ýakymsyz habarlar getirdi, eýmenç wakalary barha köp başa inderip başlady. Düýn diňe gyzylbaşlar bilen gylyç salyşmakçy bolan bolsalar, bu gün ýomutlar, hywalylar arkadan çozup başladylar. Ertirki günden ýagşylyga garaşmak ýatdan çykdy gitdi. Ähli wakalary ýürekden kabul edýän, duýgulary hiç bir pursatda irkilmezek Magtymguly üçin bu wakalaryň berýän ejiriniň neneňsidigini oýlanyberiň. Beýlekiler ýaly, Hudaýa ynansa-da onda takdyra kaýyllyk ýokdy, her bir gelýän ejiri gullarça kabul edip bilmeýärdi. Ýüreginiň bir ýerinden äpet garşylyk gomlar ýaly eňterilip-eňterilip gelýärdi. Magtymgulynyň Meňlili derdi hem bir başa ýük bolup durka, iki doganynyň hem ýitirim bolmagy onuň ýigitlik paslyny gyşa ýetirdi. Onuň indi birmahallar arzuw çeken Ajap eýýamy hakda oýlanmaga-da puryja ýok. Bu gam, bu hesret, bu hijran-aýralyk ony tiz kämilleşdirýärdi, türkmeniň ykbaly hakda, umuman, durmuş hakda adamzat ýaşaýşy hakda oýlanmaga iterýärdi. Ol dünýäniň depesinden garap-synlamak üçin arşa barýan müşgil basganjaklardan ýokarlygyna dyrmaşyp başlady. Her basgançak tukeniksiz pikirlerdi, galyň-galyň kitaplardy, atasynyň göwünlik bermek maksady bilen aýdyp berýän dürli söhbetleridi. Dünýäden zeýrençli goşgular hem hut şu wagtlardan başlap döräp ugrady. Emma dünýä aladasy bilen başbitin gidişmäge häzir puryja ýokdy. Gün-günden güýçlenýän aýralyk dagy ony ýene öz girdabyna dolap alýardy. Bir gözi bilen Meňlini gözlese, bir gözi gardaşlaryny agtarýardy. Uklanda-da bir gözi açykdy. Her geçen günüň Meňliden hem gardaşlaryndan daşlaşdyrýan, umyt üzdürýän gündügine Magttmguly barha ýüregiň çuňundan düşünýärdi. Onsoň ýene ot alyp başlaýardy. Magtymguly, derdi goýmaz ýatmaga, Ugrun bilmen soraý-soraý gitmäge, Ýerden jogap çykmaz habar tutmaga, Gören-bilen barmy, bular gelmedi. Meňli hakda ýangynly setirlerem gözýaş ýaly seçilýärdi. Gorkaram, ýar bizi çykarar ýatdan, Aýry ýerde mesgen tutdy, ýurt oldy. Gül ýüzüňe perwana men, gaýry reýhan istemen. Gözlerimden uçdy ruhy, geýä ki ýaz ýagmyry. Magtymgulynyň bu ýyllardaky ýalňyzlygyny, başa gonan hesretini diňe Çowdur han hem-de Döwletmämmet molla deň bölüşip bilýärdi. Magtymgulynyň bu wakalara gaty çuň berilýän ýüregini olaryň ýakynlygy halas edýärdi. Käwagtlar Çowdur birküç günläp ýere giren ýaly bolýardy, birden görünýärdi-de alamana, çapawullyga gidişiniň jikme-jikliklerini joşup gürrüň berýärdi, bu hereketlerini ýeňiş hökmünde görýärdi. Muny Magtymguly duýýardy, ýöne garşylykly ýeke sözem aýtmaýardy. Eýrany basyp almak, Tährana girmek ýaly birmahalky meýlinden, çagyryşyndan el göterip ugrapdy, gaýta bu çapha-çaplygyň soňunyň nirelere baryp ýetjegini oýlanýardy. Ol indi bu wakalaryň ne sebäpden döreýänliginiň köklerine aralaşmaga synanyşýardy. Meňli nirä düşdükä, kimiň golunda gyrnak bolduka, jany sagmyka, ahwallary neneňkä, meni ýatlaýarmyka, ýa o geçen günleri bireýýäm unudyp, rakyplara gol berdimikä, ýat ýerde ýeke-ýalňyz neneň karar edýärkä, ýa zuluma çydaman özüne kast edäýdimikä, aslynda, dirimikä beri, tapylarmyka, gözleri Meňlini görermikä? Şeýle sowallar leşger gurap Magtymgulynyň üstüne günde müň ýola sürünýär, müň ýola onuň başyny dowzah oduna atyp-çykarýar. Emma, ahyrda, öňküsi ýaly, dumanda-gümanda bialaç galyberýär. Halys surnugyp, oňurgasy omurlan deý burlup başlanda, başga bir leşger hanjarlaryny gezäp gelýär. Abdylladan, Mämmetsapadan habar-hatyr bolmady-la, barjak ýerine bardymykalar, ýa ýolda gul edilip uzak ýurda satyldymyka, ikisi bir ýerdemikä, başlary amanmyka, ýa deňizde gämisi gark bolup, balyklara şam boldumykalar, diri bolsa watanyny, ata-enesini ýatlap, gelenden-geçenden habar ibermezmi, bir çykalga tapyp gaçyp gaýtmazlarmy? Ol maşgalanyň başyna bu külpet dökülmesini pelegin ýörite işi diýip düşündi. Ol pelek sözüne gaty giň, gaty çuň many berdi, ähli pikir çeýeligini ulanyp o sözüň bütin çylşyrymly syryny aýan etdi. Gözüniň alnynda atasynyň şeýle tiz garrap barşyny ýüregi gyýym-gyýym bolup synlaýardy, Döwletmämmet mollanyň öňki dury gözlerine perde çekileň ýalydy, bili bükülip, egni çöküşipdi. Sähel wagt mundan öň özüne laýyk geýimleri indi amanat geýen ýaly, sallanyp durdy. Öňem köp hereketde bolmadyk molla bireýýämden bäri okuwçy okatmakdanam galypdy. Gije-gündizini alla ýalbarmakda geçirýärdi, özgelere-de muny towakga edýärdi. Ýek-tük goşgy ýazýan wagtlary hem bolýardy, ýöne bu seýrekden seýrekdi. Onuň ruhy goşgy-şygyrdan bütinleý daşlaşypdy, sähel zada göwňi bozulyp, uzyn kirpiklerini ezer oturardy. Onsoň uly maşgalanyň günemmasyny Magtymguly öz boýnunda göterýärdi. Gündizlerine, köplenç, ussahanasynda işleýärdi, agşamlaryna şem yşygynda kitap göçürýärdi, öz goşgularyny bir kitaba jemleýärdi, öňräk ýazan goşgularyny ýaňadan okap sünnäleýärdi, kähalatda göwniýetmedik goşgularyny gaharyna ýyrtyp-ýyrtyp, ortadaky ojaga atyp goýberýärdi. Magtymgulynyň özüne zalymlygy on iki-on üç ýaşlaryndan bäri endige öwrülipdi. Her niçik bolsa-da, ýitigleriň awusy hiç-hiç gowşaşmaýardy. Ýöne wagt öz hökümini öňi-soňy, ýöredýärdi. Ýürek hernäçe elense-de, hernäçe körese-de doňbagyr durmuşy erederden ejizdi, onsoň iru-giç bent tutaýmalydy. Bu ahwala Magtymgulynyň özi hem haýran galýardy, özüni namartlykda, biwepalykda aýplap görýärdi, emma üýtgeýän zat ýokdy, üýtgese-de başga tarapa, Magtymgulynyň köňül isleginiň tersine üýtgeýärdi. Kähalatlarda bolsa onuň ahwaly bütinleý başga hala düşýär. Hut şu mahal, ýas-ýaňyja Meňli göterilip giden ýaly ýagdaý döreýär. Onsoň şo döwürdäki ejir-ezýetler müň esse güýç bilen ýaňadan çogup başlaýar, edil uzak wagtlap güýç toplap, gyza--gyza, gaýnaý-gaýnaý, ahyry, asmana atylan wulkanlar ýaly. Şeýle pursatlarda Magtymguly ýüzüniň öwrülen ugruna baş alyp gidiberesi gelýär, daglar--daşlar bilen hemra bolup, şir-peleňler bilen söhbetleşip, däli-diwana bolup gezenini kem görenok, şeýtse derdi ýeňlejek ýaly duýgy oýanýar. Ynha, Magtymgulynyň ýurda-dünýä sygman elenmesiniň bir alamaty. Säher turup, doga kyl, «Ämin!» diýsin perişde, Ne bardyr gapyl ýatyp, bihuda oturyşda, Mülki-jahan tutdurmaz eýleseň müň serişde, Abdal jindesin geýip, git diwana garyşda, Ýogsa galar sen tenha sergişte-ýu gamgeşde, Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan, köňlüm. ýa-da: Magtymguly, Mejnun bolup Gitsem gerek çöl biläni. Emma Magtymgulynyň alan berk terbiýesi, atasynyň durnukly göreldesi ony durmuşa, maşgala, il-gününe pugta kökenläpdi. Jebirden gaçyp sergezdanlyk edýänler öz derdini ýeňletse-de, yzynda galýanlaryň ählisini jebre berip gidýänligini dürs pikir edýän Magtymguly tiz duýdy. Özgä ejir geljegini bilse, o ejiri özi çekenini, özi pida bolanyny müň paý gowy gördi. Ol ýarawsiz atasyny hiç mahal ýalňyz goýup bilmejekdi, täzeräk öýlenen inisiniň, birnäçe naçaryň, aýratynam Zübeýda uýasynyň göwnüni ýykyp bilmejekdi. Onsoň durmuşsöýerlik yhlasy sergezdanlyk duýgularyndan rüstem geldi. Bu häzirlikçemi, mydamalykmy, ony geljekki durmuş görkezmeli. Şol günleriň birinde ýene bir uly apat maşgalanyň başyna döküldi. Ýa ýokanç kesel sebäplimi, ýa tebigy betbagtlykmy, ýa gyzylbaşlaryň gan çaýkamalarymy-şuňa meňzeş bir bela sebäpli Döwletmämmet mollanyň gyzy Hanmeňli, ogly Janesen, onuň gelni Baýram bir günde jan berýär. Beýle pidany çekmäge näçe kuwwat gerek?! Öleniň agysyny aglamaga näçe gözýaş gerek?! Maşgala gyrlyp gutaraýmazmy?! Döwletmämmet molla: «Meniň günälerim üçin bütin maşgalam pida bolup tükenip barýar» diýip uly howatyra düşdi. «Meniň günälerime derek meni al, Allam!». Magtymguly garaşylmadyk ölümlere näderini bilmedi. «Hi-de bir maşgala şunça ölüm, munça hijran ýollamak bolarmy? Eger öldürjekdir, dünýä inderip näme etjekkä? Aslynda, adamy näme üçin döretdikä? Adamsyzam bu dünýä ýekesirejege meňzänok.». Muňa onuň akly haýran bolup galdy. Öz pikirlerinden birbada eýmense-de, kem-kem öwrenişdi. Çowdura içini açanda ol känbir oýlanybam durman nagt jogap berdi: «Hudaýjanyň özi gowy bilýändir». Şol günleriň birinde deň-duşlary Döwletmämwet molla bir maslahat berýärler: maşgalany depeläp duran matamy toý bilen kowsaň nädýä? Meňli tapylasy ýok, tapylanda-da ol indi maşgala bolup bilmez. Gowusy, Magtymgulyny öýer. Belki, soňy toýçulyga ýazsyn-da. Bu maslahat oňa ýarady, onuň dogan okaşany Selim magtym hem muny goldady. Emma Magtymgulyny göwnetmegiň kyn düşjegini molla deslapdan duýdy. «Nesilem gyrlyp tükenip barýar, muňa Magtymguly düşünmeli ahyry». Onsoň matlabyny Magtymgula aýtmagyň ebeteýini tapman, onuň: «Meňli, Meňli» diýip ýazýan zaryn goşgularynyň täsirine ýüregi ezilip gezdi. Uzak eglense gijä galjagyny, hol beýle-de ajalyň gözüni jüýjerdip oturanyny Döwletmämmet molla hiç-hiç unutmady. Özi ölmänkä Magtymgulynyň öýli-işikli bolanyny görse, Hudaýdan razy. Şol niýeti ýüregine baglap ýörkä, Döwletmämmet molla bir gün Magtymgulynyň açylyşyp, göwnündäki gamy unudyp, gözleriniň sähel gülenini gördi. Şonda töwekgellik edip niýetini aýtmakçy boldy-da Magtymgulyny öz ýanyna çagyrdy. Öýüň güneşinde ýazylan keçede ikiçäk oturyşlaryna molla bu sapar känbir gep süýndürip oturmady. -Indi sen şeýdip gezjek ýörjekmi? -Näme edeýin, atam? -Ömür baky dälligini, ataň hem bu dünýäden gitjegini oýlanmaýamyň? -Ölüme garaşma, atam. -Adam akly ýetenden ölümi unutsa, ömri bihuda geçer. Ajal bizden üç paý artyk aldy, ýas günümiz sowulmady. Ol Hudanyň emridir. Ýasy toý bilen ýuwmak däbi-de bardyr. —Toýa-da sebäp gerek. — Öleniň yzynda ölüp bolanok. Menden artyk aklyň barka, meni köseme, oglum, giden gelmek üçin giden däldir. Döwletmämmet mollanyň sesi bozuldy, gözleri nemlenip başlady. Magtymguly kalbynyň gamly joşgunyna çydaman, hiç jogap bermän turşuna, öýüne girip gitdi. Meňli ýiteli bäri boşap galan sowuk jaýa sygman elendi. «Meňliniň tapylmadygy boldumy?! Indi gaýdyp ony gözlerim görmezmi, hindi hally ýüzüne ýüzüm düşmezmi?! Perde tartyp ýüzlerime, Raýyş berip sözlerime, Magtymguly, gözlerime Eke Meňli han görüner. Magtymgulynyň ejirli duýgy-pikirleri soňra goşgy galypyna guýlup çykyp başlady. Pelek, seniň bu döwletli gerdanyň, Biziň sary öwrülmezmi, dönmezmi?! Läşin ýere saldyň niçe merdanyň, Zemin ynsap eýlemezmi, dolmazmy?! Magtymguly şu çaka çenli Meňliden özgäni hyýalyna-da getirmänsoň, özge biri bilen ýaşaşyp biljegini göz öňüne getiribem bilmedi, özge gelin almak pikirini şobada kowdy. Onsoň Magtymguly ene atasynyň sözüni ýykmaly boldy. -Atam, edepsizligimi geçireweri. Gynansamam, gamlansamam göwnümi jylawlap bilmesem nädeýin?! Entek garrap barmandyryn, Meňli tapylmasa, müjerret geçmek hyýalym ýok, ýene az wagt garaşmaga puryja ber, atam. Sowaşdygym seň diýeniň bilen bolaýyn. -Üstümize hijran ody sepildi, oglum. Nesil tükenmänkä öwlat öndürmek gerekligini oýlandyňmy? -Ähli zat oýumda. -Adamdan hiç mahal çiglik gitmezmiş. Puryjaň barka ýagşy oýlanyp-bişirgin. Onda Nyýazguly ahunyňka okuw werzişiňi kämilleşdirmäge gitseň ne boldy? Idris babanyň gudraty güýçlüdir, göwnüň açylar, gamdan saplanarsyň. Belki, şo taýda ýazgydyňdaky alnyňdan çykar. Dewletmämmet molla Magtymgulyny bu jelegaýlaryň urha-çaplygyndan goramak maksady bilen bu teklibi aýtdy. Halaç etraplary, her niçigem bolsa, gyzylbaşlaryň alkymynda oturyp, ilkinji zarbany alan ýaly däl. Onsoňam özi Magtymgula ylym öwreden bolsa-da, muny ýeterlik hasaplamady, onuň gijä goýman ylmynyň üstüni ýetirmelidigini Döwletmemmet molla ýagşy bilýärdi. Magtymguly ýol şaýyny jemläp, bir kerwene goşulyp gitdi. Ol obadan çykanda, Owganystana gidendäki ýaly, gözenekden jyklan bolmady. Gozenekden jyklap bakan gyz, häzir, kim bilsin, nirededi, onuň ölüdigini-diridigini hem bilýän ýokdy. Magtymguly-da Owganystana gidilendäki ýaly, göterilip-uçup barýan ruh bireýýäm ýom-ýok bolupdy.. Hany, at syrtynda agasynyň guşagyndan ýapyşyp oturşyna täze dünýäni synlan günleri, hany, dagdan daş togarlanda daglaryň gümmürdisi?! Hany Meňliniň yşgyna çoýunan günleri, şygyr aýdyp, uzyn saçlaryny çöşlän günleri?! Bary göz açyp-ýumasy salymda düýş bolup geçipdir. Öňde hiç bir ýagşylyga umytsyz duýgular Magtymgula baka sürünýär! Ne zowk-u sapalar ýigitlik bilen Bahar bolup geçdi, bizden daş galdy. Gamly gözlerinde ýüz müň arman bardy, gamgyn göwnünde ýüz müň ahmyr gaýnaýardy. Ýaradar gaplaň kimin yzalydy, şoňa görä dymanyny kem görenokdy. Ol kyn göre-göre obadan çykyp gaýtdy, ho-ol beýledäki depä çykanlarynda yza garap goýberdi weli, ýukajyk mawy perdäniň astyndan görünen oba, uly gara tuduň beýle ýanynda Meňlileriň öýi ýüregini dilim-dilim etdi. Ol möňňürip aglaberesi geldi, diňe erkeklik ejaby oňa kuwwat berdi. Bagtyňam şu obadan tapdyň, betbagtlygam şu obadan tapdyň. Sen gelýänçäň bu obanyň takdyrynda nämeler bardyr?! Magtymgulyny obadan çykýança ugratmaga gaýdan Çowdur hem dymyp gelýär. Ahyry, hoşlaşmaly bolanda ol Magtymgulynyň elini has berk gysdy. «Yzyňy gaýgy etme, arkaýyn oka. Ýigitleriň başy dik bolsa, birimizem ynjamarys». Iki dost hoşlaşyp durka sowuk ýaz şemaly kürsäp urup, Magtymgulynyň we beýle ýanda duranlaryň donunyň synyny galgadyp, silkme telpekleriň buýrasyny bir ýana ýatyryp, atlaryň ýalyny, guýrugyny seçelendirip geçdi. Magtymguly atyna merdem mündi. Jeýhunyň boýundan geçmeli kerwene goşulyp gözden gaýyp boldy. Duýguçyl, her bir owunjak wakany hem ýüregi bilen synlagyç, geçen-geçdi diýip bilmeýän, öz pikir-duýgularynyň hataryny bozman, ýük görmän, başynda baky göterip ýören Magtymguly gitse-de ýarawsyz atasyndan, öýden dynman gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |