8. Şerap teswiri
Taryhyň ilkibaşky döwürlerinde adamzat dürli keramatly şahslaryň keşbini döredip, olar bilen hatda hyýaly hyzmatdaşlyk hem edipdir. Şu hili pikir ýöretme täri çeper edebiýata geçip, täsin çeperçilik hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Şeýle täsinlikleriň biri-de şahyrlaryň düýşde erenlerden pata almagy we şerap içmegidir.
Şeýle ýordumly şygyrlar Magtymguluda-da az däl. Bu¬laryň düýp manysyny doly hem çuňňur teswirlemek üçin, mege¬rem, has köp meselelere degmelidir. Munda dürli ugurlaryň — psihoanaliziň, parapsihologiýanyň, döredijilik serhalynyň we başga-da köp ylymlaryň başyny agyrtmaly. Bu biziň öň¬de goýan maksadymyzyň çäklerinden çykýar. Şonuň üçinem Magtymgulynyň durmuşy-pelsepewi taglymaty bilen bagla¬nyşyklylykda meseläniň bir ujuna degip görmekçi ¬bol¬ýaryn.
Magtymgulynyň düýş baradaky goşgularynyň içinde Bahaweddin Nagyşbendiniň şahsyýetini şekillendirýän iki goşgy bar. Bir gije şahyr ýatyrka, eli gülgün şeraply Bahaweddin gel¬ýär:
Oýandym ukudan, galdym düýşümden,
Haýran galdym diwananyň işinden,
Badasyn noş eýläp gitdim huşumdan,
Gam dideden eşki-girýan getirdi.
Şu goşgynyň bütin dowamynda düýşüň alasarmyklygy sak¬lanýar. Şahyr ukudan oýanyp, diwananyň badasyny içýär. Şobada-da gözlerinden ýaş paýrap gaýdýar. Ol gözýaşyň gam-hasrat bilen baglanyşygy bar. Dünýä pelsepesinde dur-muşyň manysyna akyl ýetirmek, düşünmek gam-hasrat hök¬münde köp getirilýär. «Beýik adamlar uly hasratda bolmalydyrlar» diýip, akyldarlar aýdypdyrlar. Munuň iki jäheti bar. Birinjiden, adam özüne ozal näbelli bolan hakykatyň birden açylmagyndan birhili hasrata düşýär hem gözüne ýaş aýlaýar. Munuň özi täsin duýgudyr. Ikinjiden bolsa, ömrüň gysgalygyna, dünýäniň pursatlygyna düşünmek, elbetde, hasrat duýgusyny döredýär. Emma bu göwnüçökgünlik däldir. Bu howalalylyga ýugrulan ajap hem lezzetli duýgudyr. Ol adam kalbyna möwç berýär. Ýaşamaga hem pikir etmäge itergi berýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu adam kalbyny gözelleşdirýän we adam durmuşyny hem şahsyýetini ruh¬laşdyrýan ruhy duýgudyr. Beýik Magtymgulynyň her bir setiriniň, sözüniň howaly hem ruhlulyga ýugrulan bolmagy şonuň üçindir:
Jan hyruja geldi gaýnap joşmadan,
Ýüregim möwç urdy dolup-daşmadan,
Bir yşarat boldy aňa duşmadan,
Pähm etmedim, jana arman getirdi.
Şu şygyr adam düýşüniň täsirini bütin terliginde hem de gyzgyny bilen saklaýan goşgudyr. Şonuň üçinem munda beýan edilýän waka şahyryň döredijilik toslamasynyň önümi däldir. Şahyr, hakykatdanam, gören düýşüni beýan edýär. Düýş görüp turanyňdan soňky başdan geçiren duýgularyňyzy, kalbyňyzyň edil şol pursatdaky halyny soň ýada salyp görüň. Düşnüksizlik, alasarmyklyk, birhili syrlylyk, şol bir wagtda-da kalbyňy awadýan, birhili, aýralyk hem ýekelik. Magtymgulynyň kalbynyň beýany edil şu pursady özünde sak¬laýar. Adam düýşünde gören ahwalatyna hemişe bir yşarat, alamat hökmünde garaýar. Näme üçin? Sebäbi, bir tarapdan, düýşüň öz dili bar, ol dil syrlylyga, göçme manylylyga ýugrulandyr. Ýene bir tarapdan bolsa, düýşüň özboluşly gözelligi diýen ýaly bir zat bar. Onda terlik bar. Z.Freýd düýş adamyň serhalynyň (psihologiýasynyň) gündizki ýüklerden boşamagydyr diýen bir pikiri aýdýar. Dogrudanam, düýş gören adamda tebigy kanagatlanma bolýar. Şu iki aýratynlyk adamyň kalbyna täsir edip, onuň göwnüni joşdurýar:
Magtymguly, turdum towap etmäge,
Til perman bermedi jowap etmäge,
Yşk ähliniň halyn harap etmäge
Aklym alyp, mesti-haýran getirdi.
Bu düýşüň aňyrsynda, megerem, şahyryň okan kitabynyň täsiri ýatyr. Özem, elbetde, ol Bahaweddiniň kitaby ýa ol barada ýazylan bir kitap bolmaly. Näme üçin? Düýş gönüden göni durmuş wakasynyň täsiri astynda görlende onda durmuş anyk durmuşy ahwalatyň alamatlary da köp bolýar. Bu ýerde bolsa piriň gamaşyk birhili keşbi diýäýmeseň, başga zat ýok. Düýş suraty giň däl, öwüşginlere garyp, wakanyň däl-de, pikiriň döreden düýşi diýmek boljak — durmuşdan däl, kitapdan alnan düýş diýen ýaly. Biziň üçin bu taýda degerli bir delil — Magtymgulynyň Nagyşbendiniň elinden şerap içmegidir.
Şerap içmek — döretmäge hukugyny hem-de döredijilik kämilligini tassyklamak.
Şerap içirmek — ak pata bermek bolýar.
Şonuň üçinem türkmenler çyn sungaty döredijä Hakdan içen diýip aýdýarlar. Eger meselä taryhy-pelsepewi nukdaýnazardan seredeniňde, onda milletiň taryhy döredijilige ukyply bolmagy üçin onuň Hakdan içen bolmagy zerurdyr. Munuň özi taryhy ruhubelentligi döredýän içki ynamlylyk.
Ine, şahyryň «Diwana geldi» diýen goşgusy welin, kitabyň däl-de, durmuşyň, özem janly türkmen milli dur¬muşynyň täsirini özünde saklaýar. Munda ilkinji aň etmeli zat — diwana diýen sözdür. Diwana kim?! Yslam akymlarynyň içki inçeliklerini, özboluşlylyklaryny saýgaryp bilýän adam diwananyň pir hem däl, işan hem däl, hatda galandar ýa da derwüş hem däldigini bilendir. Diwana hem-de porhan yslama uýgunlaşdyrylan, emma yslamdan ozalky ynançlary bilen bagly bir şahsyýetler bolmaly. Muny, hatda sözüň asly-da görkezýär, ol «diw «(döw)» diýen parfýan (par) sözündendir, döwler bolsa juda gadymy ynançlardaky keramatly şahsyýetlerdir, diýmek, diwana döwler bilen aragatnaşyk sakla¬ýan adam bolmaly.
Türkmen halk döredijiliginde diwananyň keşbi giňdir hem-de çuňňurdyr, halk ynançlarynda diwana eziz bir şahsyýetdir. Magtymguly, ine, şol diwananyň gelmegi bilen başlanan wakany beýan edýär:
Birniçesi ýar-u-ýaran — durdular,
Mejlisler uzandy, halka gurdular.
Nagralar çekdiler, semag urdular,
Sedalar düzüldi, «jan-jan-a» geldi.
Gowga gopdy, rahmet boýandy düzler,
Saçyldy gan ýaşlar, açyldy gözler.
Ýygyldy derwüşler, dökdi feýzler,
Göýä diýr sen: ahyrzamana geldi.
Bu näme? Bu türkmen durmuşynyň iň häsiýetli keşbi. Munda küştdepdi resimi beýan edilýär. Halka, mejlis, döwre — küşt depýän diwanalaryň edýän aýlawydyr. Olar nagra çekip, gygyryşyp, «jan-jan» diýşip, küşt depýärler. Sanalýan şygyrlar aýaklaryň hereketi bilen sazlaşdyrylyp aýdylýar. Dünýäniň panylygy, ömrüň çäklidigi barada aýdylýan ol goşgular, üýtgeşik terkidünýä äheňdäki owaz adam kalbyna güýçli täsir edýär, kalby elendirýär. Derwüşleriň agysy, «ow ha, ow-ha, ow-ha» sesleri, dogrudanam, ahyrzaman gopdy-ow diýdirýär.
Süňňi türkmen, gany türkmen, kalby türkmen adama beýle sahna güýçli täsir edýär. Jemgyýetçilik durmuşynda hem jemgyýetçilik aňyndan ýüzlerçe ýyl ozal ýiten, emma süňňünde saklanyp galan duýgulary oýarýar. Sen olardan ruhlanýarsyň, kalbyň pürepürlenýär we Magtymgulynyň yzy bilen gaýtalaýarsyň:
Magtymguly aýdar, Gurhana uýdum,
Gybaty taşladym, haramy goýdum.
Şeýlelikde, Magtymguly taglymaty ruh babatda şu sapagy-da berýär. Tebigatdaky güýjüň saklanmak hem öwrülmek kanuny ýaly, ruhuň hem saklanmak we öwrülmek kanuny bar. Ruh hiç mahal hiç ýerik ýitip, ýok bolup gitmeýär. Ol hökman saklanýar. Huş bolmasa, düýşde saklanýar. Saklanýar, saklanýar, bir günem bir ýerlerden urup çykýar.
Ruhuň beýik gymmatlyklary halkyň içinden çykan, onuň aňyndaky we hatda aňastyndaky aňlanylmaýan hyýal¬laryny özünde göterýän beýik şahsyýetleriň durmuşynda we işlerinde, pikirlerinde we sözlerinde ýaşaýar.
Osman ÖDE
Magtymgulyny öwreniş